10:44 Çyn söýgi toýdan soň eken | |
ÇYN SÖÝGI TOÝDAN SOŇ EKEN
Goşgular
(Ýarym degişme) Käteler nägile bolýaň, «Maňa goşgy ýazmadyň» diýp. Ne beýle alada galýaň, Goşgusyzam bor-a söýüp. Gyz bar, onuň özi goşgy, Goşga goşgy nämä derkar. Beýle gyzy söýmek üçin, Goşgudan möhüm ýürek bar diýsemem, «Gyzlaň birine, Aýdym dagam ýazdyň» diýip. Soňam syrlyja ýylgyrýaň: «Şoň bilen-ä sazdyň» diýip. Sazam bolsa, ýazam bolsa, Elim elne degen däldir. Çünki söýginiň bezegi, Ýagşy niýet, ýagşy päldir. Şolaryň bolan ýerinde, Çyzykdan çykylmaz eken. Birek-birege ynamlar, Asyl-ha ýykylmaz eken. Ýöne welin görenimsoň, Menem aýdaýyn bilýänim. Ýürekleri duşurardan, Goşgynyň ejiz gelýänin. Şoň üçin saňa duşamda, Sadaja dilde sözledim. Çyn söýgini şygyrdan däl, Sada sözlerden gözledim. Şeýdip tapan çyn söýgimi, Ýürek bilen söýüp ýörün. Otuz bäş ýyl bile ýaşap, Bagtdan eşik geýip ýörün... Saňa goşgy ýazmanymsoň, Diýme: «Ýüregiň doň eken». Gör-ä bu gün bilip ýörüs, Çyn söýgi toýdan soň eken. Noýabr, 2019 ý. | |
|
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |