09:53 Dünýä baýlygynyñ ýarsyndan gowragy bäş-on sany adamyñ elinde | |
DÜNÝÄ BAÝLYGYNYÑ ÝARSYNDAN GOWRAGY BÄŞ-ON SANY ADAMYÑ ELINDE
Maliýe we ykdysadyýet
"- Eger musulmanlaryñ ýaşaýan şäherinde garyp görseñiz, onda şol şäheriñ ýolbaşçylarynyñ halkyñ emlägini ogurlaýandygyny biliñ..." - Bir garyp aç bolsa, munuñ sebäbi baýlaryñ keýpi-sapa içre ýaşamagydyr... Nirede elpe-şelpelik görsem, onuñ ýanynda hökman... kişi hakynyñ iýilýändigini görýärin". Hezreti Aly (r.a.) "Oksfam" baýlaryñ we garyplaryñ arasyndaky aratapawut artdygyça birinji trillioneriñ öñümizdäki on ýylyñ dowamynda orta çykjakdygyny aýdýar Dünýä ilatyñ iñ baý 1%-i aksiýa kagyzlarynyñ we obligasiýalarynyñ ýany bilen hususy firmalardaky aksiýalar bilen bir hatarda ähli global maliýe gorlarynyñ 59%-ni elinde saklaýar. Birleşen Korollykda ilatyñ iñ baý 1%-lik gatlagy 1,8 trillion sterlinge (2,2 trillion dollar) barabar ähli maliýe baýlyklarynyñ 36,5%-ni elinde saklaýar. Dünýäniñ iñ baý bäş adamy 2020-nji ýyldan bäri baýlyklaryny iki essedenem köp artdyryp 681,5 milliard sterlinge (867,9 milliard dollar) ýetirdi. Dünýämiñ iñ garyp 60%-lik gatlagy (5 milliarda golaý adam) bolsa gaty köp pul ýitirdi. Dünýäniñ iñ baý adamlary Bütindünýä Ykdysady forumynyñ syýasy liderlerden, kompaniýalaryñ başlyklaryndan we superbaýlardan ybarat ýyllyk ýygnanşygyna gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyñ 15-nji ýanwarynda Şweýsariýanyñ Dawos şäherine jemlenişmegi meýilleşdirilip ýörkä, şeýle maglumatlar "Oksfam" tarapyndan çap edilen habarnamada berildi. Habarnamada baýlaryñ we garyplaryñ arasyndaky aratapawudyñ artjakdygy we munuñ birinji trillioneriñ öñümizdäki on ýylyñ dowamynda orta çykmagyna sebäp boljakdygy barada aýdylýar. Şol bir wagtyñ özünde häzirki ýagdaýlaryñ dowam eden ýagdaýynda global garyplygy ýene 229 ýyllap aradan aýryp bolmajakdygy duýdurylýar. • Milliarderler 3,3 trillion dollar has baý Deñsizlikde kowid ýokanjyndan bäri düýpli artyşlaryñ bolup geçendigine ünsi çeken "Oksfam" dünýädäki milliarderleriñ 2020-nji ýyla garanda 2,6 trillion sterling (3,3 trillion) has baýandygyny we baýlyklarynyñ inflýasiýa derejesinden üç essedenem köp çalt artandygyny aýdýar. "Kompaniýalaryñ arasyndaky deñsizlik" atly habarnama dünýä derejesinde millionlarça işçiniñ ýaşaýyş-durmuş ülñüleriniñ pese düşendigine garamazdan, dünýäniñ iñ baý 10 kompaniýasyndan ýedisinde direktor ýa-da esasy aksioner hökmünde bir milliarderdiñ bardygyny orta goýdy. Habarnamanyñ görkezijileri "WealthX" barlaglar firmasynyñ maglumatlaryna salgylanyp taýýarlandy. "Tesla"-nyñ direktory Ilon Mask, "Louis Vuitton" toparynyñ düýbüni tutujy başlygy Bernard Arnault, Amazon.com-yñ başlygy Jeff Bezos, "Oracle" şereketiniñ düýbüni tutujy başlygy Larri Ellison, "Meta" kompajiýasynyñ direktory Mark Zukerberg ýaly dünýäniñ iñ baý bäş adamynyñ umumy baýlygynyñ 464 milliard dollar, ýagny 114% artdy. Dünýä ilatynyñ 60%-ni düzýän iñ garyp 4,77 milliard adamyñ umumy baýlygy bolsa 0,2% pese düşdi. Habarnamada "Dünýäniñ hemme ýerinde adamlar köplenç tehniki howpsuzlyk düzgünleriniñ ýola goýulmadyk goragsyz we ygtybarsyz işlerinde gereginden artyk we has köp sagatlap işledilýär" diýilþär. 52 ýurtda 800 milliona golaý işçiniñ hak-heşdegi pese düşdi. Jemi alanda bu işçiler soñky iki ýylda 1,5 trillion dollar ýitirdi, bulam her işçi başyna 25 günlük hak-heşdek ýitgisine deñ bolýar. • 148 kompaniýa 1,8 trillion dollar girdeji gazandy Habarnamada aýratynam, ýaşaýyşyñ gymmatlygy krizisiniñ ortasynda maşgalalaryñ üstündäki basyşlara garamazdan söwda girdejileriniñ görnetin artandygy aýdylýar. Munuñ bilen bilen birlikde dünýäniñ iñ uly kompaniýalarynyñ 148-niñ 2023-nji ýylyñ iýun aýyna çenli jemi 1,8 trillion dollar nagt girdeji gazanandygyny we munuñ 2018-2021-nji ýyllardaky ortaça nagt girdeji bilen deñeşdirilende 52%-lik artyşyñ bolandygyny añladýandygy aýdyldy. Işçileriñ, kompaniýalaryñ başlyklarynyñ we superbaýlaryñ arasyndaky deñeçerligi saklamak üçin baýlyk salgydynyñ ýola goýulmagyna çagyrýan habarnamada iñlis millionerlerine we milliarderlerine gönükdirilen beýle salgydyñ 10 million sterlingden (12,7 million dollar) geçýän nagt baýlyk üçin 1-2% derejesinde ýerine ýetirilen ýagdaýynda býužete her ýyl 22 milliard sterling (28 milliard $) girjekdigi aýdylýar. Emläk salgydy üçin kampaniýa ýöredýän, partizan däl iñlis millioner topary bolan Birleşen Korollygyñ Döwlet Millionerler toparynyñ maýa goýumçysy we düýbüni tutujy agzasy Ýuliýa Dewis "The Guardian" gazetine habarnamanyñ netijeleri boýunça beren düşündirişinde baýlykdan alynýan salgytlatyñ işden gazanylýan girdejilerden alynýan salgytlar bilen deñeşdirilende "minimum" derejededigini aýdýar. Dewis "Jemgyýetçilik işlerine we infrastrultura çykarylýan 22 milliard sterlingiñ (28 milliard dollar) nämä deñ boljakdygyny göz öñüne getiriñ" diýip, sözüniñ üstüni ýetirýär. Britaniýada ýaşaýan hemmeleriñ durmuşynyñ gowulandyrylmagy we garrylara, ýaşlara we howandarlyga mätäç adamlara mätäçlik duýýan we mynasyp esewanynyñ hem-de hemaýatynyñ ýola goýulmagyna çagyrdy. • Global girdeji deñsizligi Oksfam deñsizligi soñky Jini koeffisiýenti görkezijileriniñ global girdeji deñsizliginiñ indi dünýädäki iñ ýokary deñsizlik ýagdaýyna eýe ýurt bolan Günorta Afrikadaka meñzeşdigini ýüze çykarandygyny aýdýar. "Oksfamyñ" wagtlaýyn başlygy Alima Şiwji "Bu öte geçmeleri täze norma hökmünde hasaplap bolmaz, sebäp dünýä ýene bir on ýyla bu aratapawudy göterip bilmese gerek. Iñ garyp ýurtlardaky garyplyk pandemiýadan öñki döwüre garanda has ýokary. Emma az sanly superbaýlar öñümizdäki on ýylyñ dowamynda dünýäniñ birinji trillioneri bolmak üçin bäsleşýär" diýýär. Şeýle-de, "Baýlar bilen ilatyñ yza galan böleginiñ arazyndaky bu çuñalýan aratapawut tötänlik bolmaýşy ýaly, gutulgysyz hem däl. Ýüz millionlarça adam garyplykda ýaşap ýörkä, dünýäniñ çar künjündäki hökümetler baýlygyñ bular ýaly adalatsyz bölünişigini añsatlaşdyrýan we gylawlandyrýan bilkastlaýyn syýasy saýlawlary geçirýär" sözlerine ýer berdi. • Jemleme ýerine Sözüniñ soñunda ol: "Has adalatly ykdysady düzgüni ýola goýubam bolýar. Munuñ özi hemmämiziñ peýdasyna işleýän ykdysadyýet bilen mümkin. Munuñ üçinem amatsyz şertliler üçin däl, hemmeler üçin has adalatly has goldaýjy görkezijileri ýola goýýan koordinirlenen syýasatlara mätäçlik duýulýar" diýdi. Taýýarlan Guwanç MÄMILIÝEW. Sişenbe, 16.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |