18:57 Goblin näme diýmek? Goblin näme? | |
GOBLIN NÄME DIÝMEK? GOBLIN NÄME?
Mistika we fantastika
Goblinler Günbatar terminologiýasynda erbet ruhly, häsiýetsiz, zyýanly, bularyñ käbirlerinde brownä meñzeş girdenek ýaramaz jandarlar hökmünde suratlandyrylýar. “The Concise Oxford Dictionary of Current English”-de “goblin” sözüniñ anglo-fransuz "gobelin" sözüne esaslanýandygy aýdylýar. Bu sözüñ köki “Gobel” sözünden gelip çykan bolmaly. Munuñ bilen birlikde “goblin” sözüniñ birnäçe dürli ýazylyşy bar: gobblin, gobeline, gobling, goblyn, gobelinus. "Menninkäinen", "kallikantzaroi" sözleri iñlis diline köplenç goblin görnüşinde terjime edilýär. "Erlking" we "Billy Blind" hem wagtal-wagtal "goblin" görnüşinde suratlandyrylýarlar. Iñlis dilinde "goblin" haýsydyr bir başyña bela kiçijik jandary şekillendirmek üçin ulanylýan adalgadyr. Käbir ýörelgelere görä, “goblin” sözi Gob ýa-da Ghob-dan gelýär. “Gob” (Ghob) - jynlaryñ patyşasydyr. Gobyñ golastyndaky bu jandarlara gobjuklar manysynda goblinler diýlipdir (-ling - iñlis dilinde kiçeltme goşulmasydyr we sözleriñ soñuna goşulýar. Goblings -> Gob ling (-cuk) s (-lar) = Gob-juk-lar). Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||