17:33 Golliwud we “Gorkak batyr” | |
GOLLIWUD we "GORKAK BATYR"
Teatr we kino sungaty
Golliwudly kinobiznesmenler tomaşaçylaň kinoteatrda ýatyp turmagy üçin iň başyndan bäri kinoň elementlerniň üstünde oýnap başlapdyrlar. Nädip has köp klient tapmaly, olaryň filmi 4-5 gezek gaýtalap görmegi üçin nämeler etmeli, nähili hekaýa düzmeli, nädip gürrüň bermeli? Şu soraglaň üstünde kän kelle döwüpdirler. Edebiýatçylardan tut, inženerlere çenli her dürli hünärmeni kino biznesine sokup, “Bä, nädip edýärleraý?” diýip soradýan naýap tilsimleri kemala getiripdirler. Köpümiz dah-dahly kinolar döretseň, bir-iki Anjelina ýetişdirseň Golliwudyň derejesine çykyp bolar diýip pikir edýändiris. Ýöne seredip otursaň orslar etdi şolar ýaly atyşmaly-kakyşmaly filmleri. Hindilerem edip gördi, türklerem synanşyk etdi. Ýöne Golliwud bolup bildilermi, ýok. Onsoň, ýene oýlanyp oturýaň welin Golliwud diňe boýewik film öndürenok. Dramadan başlap komediýa çenli hemme kinolarynda bir sazlaşyk, gyzyk bar. Diýmek, diňe Anjelina bilen mesele çözülenok. Ine şeýdip özümçe pikir kakyşdyryp ýörşüme Golliwudyň jadysynyň sebäpçisi diýip boljak tilsimiň üstünden bardym. Ol tilsim hekaýa sistemasy. Üns berseňiz filmleň köpüsiniň başlanyşy, dowam edişi we gutaryşy bir-birine meňzeýändir. Şol meňzeşlik hekaýalaň ädimme-ädim bir sistemada düzülýäni sebäpli ýüze çykýar. Kinoçylar meşhur kyssalary gözden geçirip tomaşaçyny haçan haýran galdyrmaly, haçan gynandyrmaly, begendirmeli gowy öwrenipdirler. Şeýdip hekaýany ädimlere bölüp, kinoň ünsli görülmegi üçin sistema oýlap tapypdyrlar. 80-nji ýyllardan bäri öndürilen filmleň aglabasy şol sistemaň esasynda döredildi. Ýagny jady hekaýaň düzüminde. * * * “Gorkak-batyr” kinofilmini bilýäňiz. Saçyna ak düşen ata-enelerden başlap Ruhnamadan ruhlanan altyn nesle çenli köpüň söýgüli filmlerinden biri. Kinoň hekaýasyny gözöňüňe getirseň aslynda ýönekeýdigini aňýaň: Gorkak bir oglanyň çöle gidip atasyna kömek edişi. Gulaga gaty içgysgynç eşidilýär gerek?! Ýöne teleýaýlymdan näçe gezek gaýtalap berse-de bytnamanjyk görendiris köpümiz. Onda munuň meşhurlygy nämede? Ýaňy-ýakynda filmi gaýtalap görenimde wakalaryň yzygiderligi we bir-birinden aýrylşy gaty ünsümi çekdi. Görüp otursak, munuň hekaýasy ýedi ölçäp bir kesilip sekiz ädime bölünipdir. Hut şol hekaýasynyň düzüliş stili sebäplem içgysgynç hekaýa gyzykly filme öwrülipdir. Hekaýaň iň bir mekirlik edilen tarapy bolsa birinji bölegi. Filmiň ilkinji sekizinji minudynda Çamanyň bigaýratlygy, deň-duşlary tarapyndan masgaralanyşy görkezilýär. Kakasy Çamanyň gorkaklygyny görende utanjyndan näme etjeginem bilmeýär. Ýedi sany gyz doganynyň ýanynda erkekligini ýatdan çykaryp gyza öwrülip barýan baş gahrymanyň özüni alyp barşy diňe kakasyny däl, tomaşaçynam birahat edýär. Kinoň galan ýedi bölegi ähli zarýadyny ine şu sekizinji minutdan alýar. Sebäbi gorkagyň batyrlaşmagyny hut tomaşaçyň özi isleýär. Şol sebäplem filmiň galan böleginde Çamanyň başdan geçirmelerini ünslije yzarlamaga başlaýarys. Adatça filmlerde baş gahrymanyň bir maksady bolýa. Adamlar, maksadyna ýetmek üçin gahrymanyň başyndan geçenlere tomaşa edýär. “Gorkak-batyrda” bolsa Çamanyň maksady ýok, maksat tomaşaça degişli. Kino şu tarapy bilenem tapawutlanýar. Biz, iň başynda Çamanyň bolşuny görüp ýüzümiz gyzaransoň adam bolmagyny isleýäs. Şonuň üçin oň çöldäki her bir hereketine dem alman tomaşa edýäs. “Kino ilkinji sekiz minudyndan zarýad alýar” diýmegimiň sebäbi şol. Gepi jemlemeli bolsak, Golliwud we “Gorkak-batyr” mysallaryndan görşümiz ýaly sistema möhüm. Hekaýa mäkäm dizaýn edilmese, Wandam hem kömek edip bilenok filme. Beýleki bir tarapdan şeýle mekir sistemanyň öz ýurdumyzda hem döredilendigini görmek begendirýär. Halypalaryň açyp giden ýollarynyň idegsizlikden ýitip gitmegi bolsa gynandyrýar. Çeper filmiñ temasy: Erkek terbiýesi. Beýleki atlary: "Gorkak-batyr" / "Мужское воспитание" / "The Education of a Man" Çeper filmiñ çykarylan ýyly 1982, ýurdy Türkmenistan (SSSR). Režissýory: Osman Saparow, Ýazgeldi Seýidow. Senariniñ awtorlary: Osman Saparow, Çary Ýapan. Baş rollarda: Begenç Gurbandurdyýew, Ata Döwletow. Kompozitory Nury Halmämmedow. @ Ortanjy, Wordpress, 15.02.2016 ý. # Internetden alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |