16:52 Gurhandaky şahslaryň taryhy yzlary | |
GURHANDAKY ŞAHSLARYŇ TARYHY YZLARY
Gurhan pygamberleriň alyp baran göreşlerini, kowumlaryň ösüş we dargaýyş hekaýatlaryny, nusga alarlyk wakalar bilen biziň dykgatymyza ýetirýär. Her aýat adamzat taryhynyň çuňluklaryna uzaýan gaýybana syýahat, her kyssa wagtyň synagyň geçen duýduryşdyr. Bu hekaýatlar diňe magnawy ýolgörkeziji däl, şol bir wagtyň özünde taryhy yzlary bilenem biziň günlerimizi ýagtylandyrýar. Arheologiki açyşlar, gadymy şäherleriň galyndyary we bu aýatlarda gürrüňi edilen wakalaryň yzlary Gurhanyň aýdýan hakykatlarynyň taryhy çuňluklaryny aýdyň subut edýär. Biz häzir pygamberleriň başdan geçirenlerine we heläk bolan kowumlaryň hikmetden pürepür ýok boluşlaryna hem-ä ylahy duýduryşlar hem-de taryhyň yzlary bilen birlikde seredip geçeliň. Bu makala ylahy hikmetlere esaslanyp, taryhyň iň möhüm pursatlarynyň üstünde durup geçip, ýatdan çykaran sapaklarymyzy täzeden ýadymyza salmaga synanyşýar. • Ybraýym pygamberiň kowmy we astral üçlük hakykaty... Gurhanyň "Engam" süresiniň 76-79-njy aýatlarynda Ybraýym pygamberiň kowmunyň Güne, Aýa we üçünji bir asman jisimine çokunýandygyny habar berilýär. Soňky döwürlerde geçirilen arheologiki barlaglaryň netijesinde şu sebitdäki adamlaryň hakykatanam Günden, Aýdan we Wenera planetasyndan ybarat astral üçlüge çokunandyklaryny anyklandy. Bu baradaky maglumat müňlerçe ýyl öň ýitipdi. Emma XX asyrda gaýtadan üsti açyldy. Şundan ugur alynanda Gurhanyň awtorynyň şeýle maglumaty elinde saklamagy mümkinmikä beri? Ybraýym pygamber hakyndaky ýeke-täk çeşme häzirki “Mukaddes kitaba” goldanýan hekaýat bolup biler. Ýöne “Mukaddes kitapda” bular ýaly jikme-jik detallar babatda hiç zat agzalmaýar. Diňe olaryň başga hudaýlara çokunýandygy aýdylýar. Netijede Gurhanyň taryhyň dürli wagtlarynda we dürli ýerlerde ýaşap geçen halklar boýunça üns bererlikli garaýşa eýedigini görüp bilýäris. Gaýypdan bilmek adam oglunyň däl-de, ylahy güýjüň başarnygydyr. Şoňa göz ýetirmegimiz gerek. • Ierogliflerde ýüze çykan hakykat... Mundan bir müň dört ýyl öň hiç kim müsür ierogliflerini bilenokdy. Müsür ieroglifleri V asyrda pagan ybadathanalarynyň doly ýapylmagy bilen bu ýazgylar sumat boldy. Hernäçe synanyşylsa-da, bu ýazgynyyň syry orta asyrlarda we ondan soňky döwürlerde çözülmän galdy. Ieroglif ýazgysynyň çözülmegi XVIII asyrda rozetta daşynyň tapylmagy bilen bu ýazgyda näme ýazylandygy anyklandy. Müsürlileriň ölen faraonlary üçin ýas tutandyklary belli boldy. Piramida tekstinde şeýle diýilýär: “Asman aglaýar, ýyldyzlar titreýär. Ölen faraon üçin asman aglaýar”. Muny ýakyn wagtda bilip galdylar. Emma bir müň dört ýüz ýyl öň Gurhanda aýdylypdy. “Olar üçin asmanam aglamady, gögem” diýmek bilen müsür ieroglifleriniň üsti açylmanka Gurhan bu pikire jogap berýärdi. [b• Taryhda Ybraýym pygamber we Nemrut kim bolupdyr?[/b] Mesopotamiýada şumerler, babyllylar, akkadlar, assiriýalylar ýaly ençeme halklaryň ýaşan biziň eýýamymyzdan öňki 2000-2500-nji ýyllarynda Ybraýym pygamberiňem ýaşap geçendigi çak edilýär. Nemrut ady bilen tanalýan Naramsin dünýäde ilkinji gezek dünýäde ilkinji gezek hudaýlyk dawasyny eden akkad patyşasy Sargonyň agtygydyr. Sargon Akkad patyşalygyny gurandan soň, onuň agtygy Naramsin Mesopotamiýanyň ähli şäherlerini basyp alypdyr. Ol Eblany tabynlygyna salyp, Ortaýer deňzine çykypyr we häzirki Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerini eýeläpdir. Şeýlelikde taryhyň ilkinji imperiýasy döräpdir. Naramsin özüni hudaý yglan eden ilkinji patyşadyr. Ondan öňki patyşalar hudaýlaryň ýerdäki wekili hasaplanýardy. Töwratda Ybraýym pygmaberiň Ur-Kasdim şäherinde ýaşanda Nemrut tarapyndan oda atylandygy aýdylýar. Emma Ur şäheriniň anyk nirede ýerleşendigi jedelli. Onuň Günorta Mesopotamiýadaky Ur şäherimi ýa-da häzirki Türkiedäki Urfa şäherimi, bellisi ýok. Birnäçe jöhit taryhçysy Ur şäheriniň Urfadygyny öňe sürýär. • Ýusup pygamberiň Müsürdäki yzlary... Gurhanda Ýusup pygamberiň kyssasy gürrüň berilende, onuň Palestina sebitinde barha agyrlaşýan gurakçylyk zerarly Ýusubyň doganlarynyň Müsüre bugdaý almaga gelendigi, we Ýusubyň olara bugdaý berendigi aýdylýar. Ýusup agyrlaşan gurakçylykdan kakasyny we doganlaryny halas etmek üçin olary Müsüre getirýär. Taryhy çeşmeler hem Gurhanyň aýdýan bu wakasynyň dogrudygyny tassyklaýar. Gurakçylyk diňe Müsürde ýa Palestinada bolman, tutuş Ortaýer deňziniň boýundaky ýurtlarda bolup geçipdir. Şonuň üçinem palestinalylar Müsüre gidip iýmäge azyk-owkat getiripdir. Birnäçe taryhçy müsür taryhynda agzalýan Imhotepiň müsür taryhyndaky Ýusup bilen bir adamdygyny öňe sürýär. Saharada ýerleşen Dijoseriň piramidasy gurlan ilkinji piramida bolup, Imhotep tarapyndan gurulypdyr. Gurakçylyk döwründe adamlar biri-birilerine zynjyr mysaly baglanyşykly piramidalaryň arasynda galla satylýan piramidadan galla satyn alypdyr. Biziň günlerimizde şindizem däne owuntyklarynyň piramidalaryň içinden tapylmagy-da täsin. Piramidalaryň içindäki galla ammarlaryny häzir doly aýlanyp görüp bolýar. • Nuhuň tupany global tebigy heläkçilikmi ýa sebitleýin? Nuhuň tupany baradaky kyssalar diňe üç uly dinde (iudaizm, hristiançylyk, yslam) däl, eýsem indeýlerde, hytaýlylarda, hindilerde, awstraliýalylarda, şumerlerde, akkadlarda, babyllylarda gabat gelýän gadymy çeşmelerde beýan edilýär. Nuhuň tupanynyň bu medeniýetlerde dürli-dürli wersiýalarda beýan edilmegi ýazuw medeniýetinden has köp dilden-dile geçip gelen medeniýetiň agalyk sürendiginden gelip çykýar. Her rawy (rowaýatçy, gürrüň beriji) öz halkynyň miflerini we gahrymanlaryny goşup, wakanyň hakyky bolşuny üýtedipdir. Şonuň üçinem Nuhuň tupany mifologiki legandalaryň içine siňip gidipdir we meňzeş ýerleri galan bolsa-da, hakykat ýoýulypdyr. Ateistler taryhda Nuhuň tupanyny gürrüň berýän ýazuw çeşmesi bolmadyk bolanlygynda, şeýle zadyň bolmandygyny öňe sürjekdiler. Emma şumer we babyl çeşmelerinde Nuhuň tupany baradaky maglumatlar orta çykansoň, dinleriň bu wakany şumerlerden alandygyny öňe sürmäge başladylar. Munuň özi delilsiz bahana hökmünde orta atylyp gelinýär. Nuhuň tupany bütin dünýäni özgerdip taşlan global katastrofady. Eger tupan sebitleýin (belli bir ýurtda) bolanlygynda, Beýik Allatagala Nuh pygambere beýleki pygamberler ýaly kowmunyň arasyndan çykyp gaýtmagy buýrardy. Emma Allatagala Nuh pygambere gämi ýasamagy buýrupdyr. • Zulkarneýiniň taryhdaky yzlary... Gurhanyň “Kehf’ süresiniň 83-101-nji aýatlarynda Zulkarneýinden söz açylýar. Bu şahsyýet hakynda taryhda dürli düşündirişler berlipdir. Onuň Aleksandr Makedonskiý, pers patyşasy Kir, Bilge Kagan, Oguz han, Ýemen patyşalary, hatda kosmosa syýahat eden kimdir biri bolup biljekdigini orta atýarlar. Bu boýunça ýazylan ylmy makalalar hem bar. Amerika açylmanka Zulkarneýiniň günbataryň iň çetki nokadyna gitmegine Afrikanyň Atlas okeanynyň kenarlary bolup biljekdigi öňe sürülýärdi. Bu onuň dünýä ähmiýetli açyş edendigini aňladýardy. Karfagenli Hanon 30 müň adamlyk goşun bilen Afrikanyň günbatar kenarlaryny söküp, koloniýalaryny gurupdy. Anyk taryhy çeşmelerde hasaba alan bu ýörişiň gündeligi-de beýleki peripliuslara meňzeş görnüşde Zulkarneýiniň ýörişi-de şuňa meňzedilýär. “Kehf” süresindäki kyssa şular ýaly açyşlara ugurdaş gelýär. • Gurhanyň syrly şäheri - Erem... Gurhanda Erem diýen bir şäheriň gürrüňi edilýär. Bu şäher geçmişde belli çeşmelerde ady agzalmaýan, bardygy boýunça-da hiç hili yzy tapylmaýan ýer bolmagynda galýar. Taryhçylar we arheologlar bu boýunça içgin gyzyklanmadyk bolanlygynda, Erem şäheriň taryhyň çaňly sahypalarynda ýitip-ýok bolup gitmelidi we nirede bolanlygy-da doly ýatdan çykaýmalydy. Emma geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri we taryhy barlaglar bu şäheriň yzlaryny orta çykarmak bilen bir hatarda, Gurhanyň bu syrly şäher barada aýdanlaryna güwä geçýän subutnamalary orta atdy. Erem hut Gurhanda aýdylyşy ýaly wagtyň geçmegi bilen ýykylyp-ýok bolup gitse-de, galyndylary taryhyň çuňluklaryndan çykarylyp biziň dykgatymyza ýetirildi. 1978-nji ýylyň dekabr aýynda “National Geografik” žurnalynyň goşmaça sany täsin maglumaty köpçüligiň dykgatyna ýetirdi. Onda aýdylmagya görä, 1973-nji ýylda Siriýada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Ebla diýen şäheriň üstünden barlypdyr. Bu şäheriň kyrk üç asyrlyk taryhynyň bardygy anyklanypdyr. Ýöne işiň geň galdyrýan ýeri bu däldi. Barlagçylar Ebla şäheriniň kitaphanasynda Eblanyň söwda gatnaşyklaryny saklan şäherleriniň sanawynyňam üstünden bardylar. Şol sanawda Erem diýen şäheriniňem ady geçipdir. Hawa, eblalylar eremliler bilen söwda gatnaşyklaryny edipdir. • Müsürdäki tebigy betbagtçylyklar... Musa pygamberiň zamanasynda Müsürde bolup geçen tupan, gurbaga, çekirtge we beýleki mör-möjekleriň ýagmagy, derýanyň suwunyň gana öwrülmegi ýaly tebigy apatlar ipuer papirusynda ýazylypdyr. Bu ýazgylarda Aşakky Müsüriň weýran bolandygy, köşkdäkileriň işsiz galandygy, ekin meýdanlarynyň ýok bolandygy, derýanyň gyzyl gana bulanandygy aýdylýar. Şeýle-de gullaryň baýlyk eýesi bolandygy ýazylypdyr. Papirusda şeýle sözler bar: “Müsüriň aşakky bölegi weýran boldy. Derýa gana bulandy. Betbagtçylyklar hemme ýeri gaplap aldy. Altyn we gymmatbahaly daşlar gullaryň boýnunda.”. Gurhanyň “Araf” süresiniň 130-133-nji aýatlarynda bu barada şeýle diýilýär: “Pyrgun maşgalasyny pikir eder, nesihat alar diýip, gurakçylyga we gytçylyga sezewar etdik hem-de tupan, çekirtge, mör-möjek, gurbaga, gan ýolladyk ”. Bolup geçen bu hadysalar Musa pygamberiň döwrüni gürrň berýän ipuwer papirusynda hem bar. papirusyň haçan ýazylandygy anyk belli däl. • Taryhda Musa pygamber kim bolupdyr? Müsür çeşmelerinde Musa pygamberiň ady Musa görnüşinde geçmeýär. Muse - “ogullyk alynan” diýmegi aňladýar we köşkde resmi bolmadyk adam adydyr. Taryhy çeşmelerde Hatsepşut köşkde Senemnut diýilýän çagany patyşa maşgalasyna degişli edipdir. Senemnutyň asly giksoslardan bolup ýerli müsürlilerden däl eken. Ol güýçlenip ýetjek derejesine ýetende, köşkden ýitirim bolýar we gubury gutarylman galýar. Tutmos III Hatsepşut we Senemnut hakdaky ýazgylary ýok etdiripdir. Has soňrakky döwürlerde-de ysraýyl ogullarynyň ýurtdan çykyşy we faraonyň bogulmagy ýaly zatlary ýazmak gadagan edilipdir. Tutmos III ölenden soň sekiz aýlyk faraonsyz döwür ýaşalypdyr. Emma müsürliler diňe gazanan üstünliklerini ýazýandyklary üçin geçen sekiz aýlyk döwürde nämeleriň bolup geçendigini bilemzok. • Faraonyň mömin aýaly – Asiýe Musa pygamber Müsürden çykyp gaýdansoň, Müsüri öweý ejesi Hatsepşut bilen Tutmos III dolandyrypdyr. Hatsepşut tagtyny ogullygy Senemnuta galdyrmagy pikir edipdir. Emma Tutmos tagta geçipdir. Musa pygamber müsürli bir raýaty öldürendigi üçin ölüm jezasyna höküm edilmelidi. Bu bolsa onuň bäsdeşi Tutmos üçin amatly mümkinçilikdi. Musa zalym faraonyň ýanyndan gaçypdyr. Ol yzyna gaýdyp gelende eýýäm Hatsepşut aradan çykyp, Tutmos III tagta çykan eken. Musanyň hak ýola eden çagyryşlaryna iman eden faraon aýaly Tutmosyň aýallaryndan biri bolmagy ahmal. Bu aýal megerem Hatsepşutyň gyzy we Tutmos III-iň aýaly Neferure bolmaly. Şeýlelikde Musa pygamberi köşge alan Tutmos II we Hatsepşut, pygambere duşman bolup deňizde gark bolanam Tutmos III-dir. Neferure hem Musa pygambere iman eden şa aýalydyr. • Jadygöýler nämüçin Musa pygambere iman etdiler? Gurhanyň “Taha” süresiniň 69-70-nji aýatlarynda Musa pygamberiň hasasy baradaky mugjyza gürrüň berilýär. Musanyň hasasynyň ýylana öwrülmegi müsürlileriň hudaý Ra bilen baglanyşdyrýan ynanjyna yşarat edýär. Tutmos III-niň guburyndan çykan “Gijäniň on iki sagady” kitabynda Ranyň elindäki hasanyň ýylana öwrülendigi we ýylanlara gözegçilik edendigi aýdylýar. Allatagala Musa pygamberi olaryň bilýän we ynanýan hekaýatyny hakykata öwrüp, olara Musa pygamberiň Allanyň ugradan pygamberdigini subut edipdir. Musap pygamberiň bu mugjyzasy müsürli jadygöýler tarapyndan hudaýtarapyn yşarat hökmünde kabul edilipdir. Jadygöýler Musa pygamberiň hasasynyň Ranyň hasasy kimin hereket etmeginiň Alladan gelendigini duýup, şobada imana gelipdirler. Emma faraon bu mugjyzany jady hökmünde görüp, ynanman islemändir. • Semud kowmunyň taryhdaky yzlary... Gurhan Semud kowmunyň gürrüňini edýär. semud kowmy Arabystan ýarymadasynda ýaşap geçen arap taýpasy. Olaryň heläk bolmagynyň sebäbi - özlerine ugradylan Salyh pygamberiň beren duýduryşlaryna garamazdan azgynçylyklaryny dowam etdirmekleridir. Gurhanyň aýtmagyna görä semud kowmy gaýalaryň ýüzüni köwüp, öý salypdyrlar. Salyh alaýhyssalam olara göz görkezmek üçin gaýadan bir düýe çykarypdyr we bu düýä degmezligi tabşyrypdyr. Emma semud kowmy bu mugjyzany äsgermezlik edip, düýäni öldüripdir. Medaýynyň häzirki Salyh şäheri semud kowmunyň ýaşan ýeridir. Bu ýerde gaýalaryň ýüzi köwlüp gurlan köşkler we jaýlar bar. Bu jaýlaryň b.e.öňki I asyrda nebatiler tarapyndan gurlandygy çak edilýär. Emma bu ýerde b.e.öňki II asyrda lihýanlylar we dedanitler tarapyndanam ilatly nokatlar hökmünde ulanylan eken. Fransiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy Naýla Nehme bu ýeriň demir asyrynda-da ilatly nokat bolandygy baradaky subutnamalaryň bardygyny mälim edýär. gurhan semud kowmunyň haçan heläk bolandygyny aýtmaýar. Salyh pygamberiň hem haçan bu ýere ugradylandygy belli däl. Ýöne taryhda bu ýer Hijr ady bilen tanalýardy. • Lut kowmy we meteorit ýagyşlary... Lut kowmunyň heläk bolşy taryhyň iň ýowuz we nusga almaly betbagtçylyklaryndan biridir. Gurhanyň “Hut” süresiniň 82-nji aýatynda: “Ol ýeriň astyny üstüne getirdik we depelerine laýdan bişirilen daşlary ýagdyrdyk” diýilýär. Bu waka köplenç Pompeý şäheriniň helak bolşy bilen baglanyşdyrylýar. Emma Lut kowmy Italiýada däl-de, häzirki Ierusalime ýakyn ýerde ýaşapdylar. Alymlar 2018-nji ýylda bu ýerde ýaşan adamlaryň 3700 ýyl öň meteorit ýagyşlary bilen ýok bolandyklaryny subut etdiler. Meteoritler 500 inedördül kilometrlik meýdanda ýagyp, uly sarsgyn döredipdir. Gurhan Lut kowmunyň gökden gelen daşlar we gazaply partlama bilen heläk bolandyklaryny habar berýär. Ylmy tapyndylar Gurhanyň bu aýdýanynyň dogrudygyny tassyklaýar. • Lut pygamber we gomoseksual kowum... Lut pygamberiň kowmunda gomoseksualizm tutuş jemgyýete ýaýrapdyr. Bir gije pygamberiň ýanyna Allanyň ilçileri gelipdir. Şäheriň erkekleri gelen myhmanlary isläp, Lut pygamberiň gapysyny kakypdyr. Lut pygamber olary raýyndan gaýtarjak bolup nesihat edipdir. Emma olar pygambere diňlemändir. Daň atmanka Lut pygamber we onuň maşgalasy şäherden çykyp gaýdypdyr. Şäheriň üstünden daş ýagypdyr. Lut pygamber olara: “Sizden öň hiç bir kowmuň etmedik azgynçylygyny edýärsiňizmi?” diýipdir. Käbirleri munuň ýalňyşlykdygyny we adamlardyr haýwanlaryň arasynda gomoseksualizmiň gabat gelendigini öňe sürýär. Ýöne aýatdaky aýdylanlar köpçülik manysynda ulanylýar. Sebäp bu gabahatlygy Lut pygamberiň ýaşap geçen döwründen öň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmandy. Biziň günlerimizde-de doly gomoseksula durmuşa geçen jemgyýet ýok. Lut alaýhyssalam dogry aýdýardy. Bular ýaly pis jemgyýet olardan öňem, soňam bolmandy. Hatda haýwanlaryň arasynda-da. • Amin (Omyn) we Amonyň baglanyşygy... Amin sözi iwrit we arap dillerinden gelip çykyp, dogruçyl bolmak, ynamly bolmak, dogryňy aýtmak manylaryny berýär. Iwritler (ýewreýler) we musulmanlar doga-dilegleriniň soňunda amin diýmek bilen, “dogry aýtdyň, hawa, bizem seni makullaýarys” diýýärler. Bu sözüň etimologiki gelip çykyşy sami dillerinde gabat gelip, Müsüriň pagan hudaýy Amona dahylly ýeri ýok. Araplar yslamdan öňem emin, emniýet, amanat ýaly amin sözünden dörän sözleri ulanypdyr. Pygamberimiziň (s.a.w) lakamy Emin we onuň ejesiniň ady Eminedir. Käbir adamlar amin sözüniň Amondan gaýdýandygyny öňe sürseler-de, bu diňe fonetiki meňzeşlikden ybarat we esassyz pikirdir. Amin töwhid (ýekehudaýly) dinlerinde “dogry aýtdyň, menem tassyklaýaryn” manysynda doga-dilegleriň yzyndan aýdylýar. • Ýitirim bolan Injil... Iznik gurultaýynda Barnabasyň Injili bilen birlikde birnäçe Injil gadagan edilipdir. Injiliň diňe dört görnüşi kabul edilipdir. Markosyň, Mattanyň, Lukanyň Injiline gollanma bolup hyzmat eden üç Injil sinoptiki Injiller hökmünde tanalýar. XVIII asyrlarda käbir barlagçylar Mattadyr Lukanyň Markosda bolmadyk, ýöne bulara deň gelýän bölekleriň ýitirim bolan Kýu Injilinden gelip çykandygyny öňe sürdi. Bu Injil diňe Isa pygamberiň sözlerini öz içine alýardy. Tomasyň Injili Müsürde tapylan we diňe Isa pygamberiň sözlerini öz içine alýan bu Injil Kýu Injiline meňzeýärdi. Barlagçylar muny Kýu Injiliniň bardygyny görkezýän möhüm subutnama hökmünde kabul etdiler. Mattadyr Luka Injilini doly göçürip almagyň ýerine Isa pygamberiň durmuşy hakdaky maglumatlary bir ýere jemlemäge synanyşypdyr. Şeýdibem hakyky Injil wagtyň geçmegi bilen doly ýitdi we Isa pygamberiň başdan geçirmelerini gürrüň berýän kitaplar biziň günlerimize gelip ýetdi. Ilkinji buthanalar Allanyň birdigine ynananam bolsa, Pawlosyň pikirleri Rimde giňden ýaýrapdyr. Pawlos Isa pygamberi tanamasa-da, onuň toslap tapan ideýalary hristianlygyň esasy prinsiplerine öwrüldi we Isa pygamberi hudaýlaşdyrýan Ýohannanyň Injili giňden ýaýrady. Taýýarlan Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |