20:55

Ululara ýer bermelimi?

Jemgyýetçilik tankydy
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 379 | Добавил: Gökböri | Теги: Guwanç Mämiliýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Geldimyrat  
1596
Juda jüpüne düşen tankyt. Ýetiren sag bolsun. Dogry aýdylýar. Ýer berilmese urmadan-da gaýtmajak ýaşulylar bar. Daşyndan utanýaň.

0
2 Ependi  
284
Dogrusy, näme diýjegimem bilemok. "Ulylara hökman ýer bermeli" diýen düşünje käbir ýaşlarda ýok dogrusy. Şeýle ýagdaýda garrylarada dogry düşünmeli. Aýak üstünde durubilmeýäni ýada nähoşragy, hassaragy kän. Bulam näme, şeýle zeýrençleriň döremegine getirýär. Ýöne, doly göz ýetirmän zeýrenmegem birhili.

Arada, awtobusda bir waka gabat geldim. Öňdäki duralga esasy duralgady. Onda düşýänem kän, şonçada münýänem. Düşjek düşensoň, münýänler awtobusy doldurdylar. Ýaş okuwçylar ulylara ör turup ýer berip başladylar. Şonda, diňe birje oglanjyk ýerinden turmady, oknoň gyrasynda töweregi synlap otyr. Awtobus ugrady. Şonda, dik duranlaň arasynda ol oglanjyga ümleşip, ýanymdaky iki adamyň hyşy-wyşysy başlady.
- Bulam iller ýaly ýer berse bolanokmyka?
- Süri agsaksyz bolmaz diýleni.
- Ene-atasyndan gereklaý.
- Özüni kimdir öýdýärkä...
Galanam ş.m-ler. Ol oglanjygam diýýärsiňem diýenok, sömelip duranlar bilen işem ýok. Oknodan, gapdalyny synlap barşy. Men ony daşyndan tanaýardym, işe gatnamsoň kän görýärdim. Ýene iki duralga geçensoň olam düşmelidi. Sesimi çykarman, wakanyň soňuny synlasym geldi. Gelmeli duralgasyna ýetende, oglanjyk ýerinden turdy-da, işige tarap keýtikläp ýöräp ügrady. Elinde bolsa hasasy bardy. Ol dogabitdi inwalid-di. Ortada dik duranlar oňa ýol berdiler, düşmegine kömek etdiler. Men şonda ýaňky gürrüňini edýän iki kişini assyrynlyk bilen synladym. Olar muny görsede, görmezlige salyp, başga tarapa äňedişen bolup, eýýäm gürrüňiň hörpüni üýtgedipdiler...

Aýtmakçy bolýanym, zada doly göz ýetirmän nägile bolmagam gowy däl. Şol oglanjyk ýöremegi, özi ýalylar ýaly ulylara ýer berip gitmegi arzuw etmeýändir öýdýäňizmi. Hemmeden has beter arzuw edýändir. Özüniň şeýledigine kemsinýändirem. Ýöne, käbir wakalar pikir edişiňden tersine bolup çykýan halatlary az däl.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]