14:09 Zombi çozuşlaryna garaşyp bolarmy? | |
ZOMBI ÇOZUŞYNA GARAŞYP BOLARMY?
Geň-taňsy wakalar
Zombi sözi ýüzlerçe ýyl bäri ulanylyp gelinýän söz bolsa-da, aýratynam kinomatografiýanyñ ösmegi bilen aýratyn kulta öwrüldi. Zombi çozuşlary barada onlarça kinofilmdir seriallar surata düşürildi. Kinofilmlerde adatdan daşary wakalar we zombilerden gaçmak ýaly birnäçe temalaryñ üstünde işlendi. Hemmesinde-de adanzat halas edildi. Hakykatdanam zombi ýokanjy ýa-da zombi çozuşy bolsa, halas bolup başararysmyka? Aslynda zombi çozuşlarynyñ boljagy bir çynmyka? Aslynda geçirilen ylmy-barlag işleri zombileriñ onçakly daş bolmadyk wagtlarda ýüze çykyp biljekdigini orta atýar. Zombileriñ döräp biljekdigini öñe sürýänleriñ tutaryklary şular ýaly: • Zombi näme? Zombileriñ özboluşly aýratynlyklary Zombi çozuşynyñ boljagyna şu materialy taýýarlanyñ özi ynanýandyr öýtmäñ. Sebäp bulary men siziñ dykgatyñyza diñe maglumat hökmünde ýetirýärin. Bulary taýýarlamak bilen okyjyyñ ýüregine howsala salmak ýaly pikirimiz hem ýok. Başga halklaryñ medeniýetinde nämeleriñ bardygyny-ýokdugyny öwrenmek dünýä doly göz ýetirmek isleýän islendik ildeşimiziñ hakydyr. Şonuñ üçin meniñ taýýarlaýan şular ýaly materiallarymy okanyñyzda bu aýdyñ hakykaty unutmazlygyñyzy sizden haýyş edýärin. Şeýle-de, aşakda dykgatyñyza ýetiriljek faktlaryñ biri-de hakyky faktlar bolmaga talaş edenok, mümkin bularyñ içinde ýalana çykaryp boljagy-da bardyr. Sebäp hut şu ýazgyny taýýarlap otyrkam öñe sürülýän pikirleriñ birinde-de anyk sene, anyk san ýa anyk salgy görkezilmeýändigi ünsüme düşdi. Meselem, aşakda ABŞ-nyñ zombi çozuşyna garşy öñüni alyş taýýarlygyny görýändigi barada habar berendigi aýdylýar. Emma muny amerikan hökümetiniñ bu barada haçan, haýsy habar beriş kanalynda beýanat berendigi anyk görkezilmeýär. Diñe umumy gürrüñ edilýär. Şol sanda bularyñ hemmesi-de ýalan bolup bilmez. Umuman okanyñyzda iki tarapyny-da oýlap, bu boýunça başga çeşmeleri-de okasañyz we özüñizçe netijä gelseñiz, peýdaly bolar. Zombi urşy Meniñ taýýarlajak şular ýaly materiallarymy okamanyñyzda-da, youtube kanallarynda we teleýaýlymlarda günde-günaşa zombili kinofilmleri görüp durýansyñyz. Şol nukdaýnazardan alanda, bular barada türkmen dilinde taýýarlanan materiallaryñ belli bahasynyñ ýokdugyna düşünýän okyjylarymyz az däl. Hut şolar hem biziñ terjimeçilik işimize ruhy güýç berýär, ganatlandyrýar. Aýdaly, üstümize zombiler çozupdyr. Geliñ, bu duýgusyz, ýüreksiz, ýigrenji mahluklar barada az-kem bilmäge synanyşalyñ. Zombi adalgasyna ilkinji gezek köne karib ynançlarynda duş gelinýär. Şonda gürrüñ berilýän zombiler ölümsiz adam hökmünde agzalýar. Täzeden janlandyrylan adamlar adatdan daşary güýçler gazanypdyr we ölümsiz hala gelipdir. • Zombileriñ aýratynlyklary Zombiler ölüdigine garamazdan motor ýaly dygysyz hereket edip bilýärler. Şahsy syzgyrlygy we duýgurlygy, duýgulary doly ýiten ýagdaýda bolýar. Zombiler ölü olmalarına rağmen motor becerilerini kullanabilirler. Hiç hili şatlygy, gaýgy-gussasy, agyry-yzasy bolmaýar. Endamlarynyñ aglaba bölegi we synalary çüýrändigine garamazdan birnäçe fiziki hereketleri edip bilýärler. Dem alyş we iýmit siñdiriş, gan aýlanyş sistemalary işlemeýär. Zombileriñ nerw sistemasy diñe beýnide aktiw ýagdaýda bolýar. Hiç bir duýgurlyk kabul etmesi ýok. Bir zada tiñkesini dikdimi, şony ýok edýänçä ýolundan gaýtnaýar. Zombiler durmaýar, ýadamaýar. Zombileri ýok etmek üçin beýnilerini pytratmak gerek. Endamyny parçalanyñ ýa-da kellesini keseniñ bilen ony doly öldürip bolmaýar. Zombi çozuşyna şeýle bir çynlakaý garalýar welin, amerikan hökümeti bolup biläýjek zombi çozuşyna garşy öñüni alyş taýýarlygyny görýändigini mälim etdi. Biziñ günlerimizde geçirilen ylmy-barlag işleri zombi çozuşy ähtimallygyna hasam üns berýär. Bu boýunça ylalaşyga gelinen umumy pikir wirusdan emele geljek wiral zombileriñ örän howply boljakdygy baradadyr. Ine, zombileriñ emele gelme ähtimallygyny subut edýän hakykatlar: 1). Zombi tozgasy (adamy zombä öwürýän narkotik) Biziñ günlerimizde käbir narkotiki maddalar galýusinasiýa görülmegine sebäp hökmünde adamlary görene topulyp duran mahluga öwrüp bilýär. Adamkärçlige sygyşmaýan hereketleriñ ýüze çykmagy bilen zombisypat adamlar hem döreýär. Şu boýunça eýäm bolup geçen wakalar bar. 2012-nji ýylda Rudi Eugen atly süpük neşekeş Miamide öýsüz ykmandanyñ birine hüjüm etdi we onuñ ýüzüni iýdi. Hüjümden soñ ykmanda görgüliniñ ýüzüniñ 75-%-i parçalanypdy. Polisiýa işgärleri tarapyndan ele salynmaga synanyşylan Rudi Eugen "saklan!" duýduryşyna gulak asmandygy üçin atylyp öldürildi. Geçirilen barlaglarda ony zombä öwren narkotiki serişdäni, ýagny LSD ulanandygy belli boldy. Zombi tozgasyndan gözbaş alýan täsin hadysalar biziñ günlerimizde-de ýygy-ýygydan duş gelip dur. 2). Gaitiniñ zombi hekaýalary Zombi düşünjesiniñ emele geliş sepgidiniñ öñki Karib ynançlarydygyny ýokarda belläp geçipdik. Gaitide zombi baradaky gep-gürrüñler şeýle bir giñden ýaýrapdyr welin, zombi hekaýaty şu ýerden döräpdir. Aýratynam, XX asyryñ başynda Gaitini basyp alan amerikanlara zombi hekaýatlary ýito täsir edipdir. Birnäçe amerikanyñ aýtmagyna görä, zombiler Gaitidäki jadygöýler tarapyndan hüjüm etmek maksatly ulanylypdyr. Amerikan kinomatografiýasynfa şeýle köp zombili kinofilmleri görmegimiziñ sebäbi-de Gaiden gelip çykýan bolsa gerek. Hernäme-de bolsa, amerikanlaryñ zombi çozuşy meselesinde biynjalyk bolýandyklary hakykat. 3). Wudu ynanjy we zombilik Ýaşaýan ölüler afrika gelip çykyşly wudu ynanjyndaky mifleriñ biridir. Ynanja görä, afrika jadygöýleri öliniñ bedenini janlandyryp we öz gözegçiliginde saklap bilýärmiş. Janlandyrylan diñe beden bolandygy üçin hiç hili şahsy aýratynlyk görkezip bilmändir. Ýaşaýan öli jadygöý tarapyndan gözegçilik edilmese, hasam agressiwleşipdir. Bedeniñ mätäçlik duýýan zatlaryny kanagatlandyrmak üçin adamy-da öz içine almak bilen birlikde hemme öñünden näme çyksa iýipdir. Zombi jadygöýleri Afrika gelip çykyşly wudu ynanjynyñ zombiligiñ düýp köki bolandygy pikir edilýär. Haýran galdyryjy hadysalar ýüzlerçe ýyl bäri dilden-dile geçip gelip, gorky mifini emele getiripdirler. Zombilik Afrikada diñe rowaýatdan ybarat bolsa-da, jadygöýleriñ mundan ussatlyk bilen peýdalanýandygy hakykat. 4). Parazitleriñ adam beýnisini eýelemegi Käbir parazitleriñ giren organizmini eýeläp, öz islän ugruna gönükdirip bilýändikleri mälimdir. Muña iñ gowy mysal at soguljanlary. Bu parazit ilki bilen siñeklerde duş gelýär. Çekirtgäniñ at soguljanly siñegi iýmegi bilen çekirtgä-de geçip bilýär. Bu parazitiñ ulalmagyny prosesini togtatmak üçin tebsiräp duranam bolsa, çekirtgeler suwdan daş durýar. Parazit çekirtgäni suwa ýöneltmek üçin nerw sistemasyny eýeleýär we suwa böker ýaly edýär. Çekirtge suwda gark bolup durka, at soguljany ulalma prosesini tamamlaýar. Görşüñiz ýaly, parazitler öz peýdalaryna janly-jandarlary islän ugurlaryna gitdirip bilýär. Şuña meñzeş parazitiñ adamyñ nerw sistemasyny eýelemegi netijesinde zombi çozuşy we zombi hüjümleri ýüze çykyp biler. 5). Zombi wirusy Biziñ günlerimizde gabat gelýän birnäçe wirusyñ zombi wirusy hökmünde mutasiýa geçirip biljekdigi pikir edilýär. Aýratynam, guduzlama wirusy özüniñ ýolugan jandarynda hereket üýtgeşmesine sebäp bolyar. It-pişikleri, ýarganatlary, adamlary täsiri astyna alyp bilýän bu wirus jandaryñ kontroldan çykmagyna sebäp bolýar. Guduzlama wirusyna duçar bolan näsaglar ýuwtma kynçylygyny geçirýändiklerinden açlyga we suwsuzlyga uçraýar. Bu ýagdaýam suw görenlerinde elde-aýakda durman hasam agressiwleşmegine sebäp bolýar. Guduzlama wirusynyñ mutasiýa geçirmegi bolup biläýjek zombi çozuşynyñ we hüjüminiñ başlangyjy bolup biler. 6). "Däli sygyr" keseli "Däli sygyr" keseli iri şahly mallarda gabat gelýän ölüm howply keseldir. Beýni funksiýalaryny weýran edip taşlaýan bu kesel täsin hadysalaryñ bolup geçmegine sebäp bolupdyr. Haýsanlary agressiwleşdirýän we tutuş bedenini eýeleýän "däli sygyr" keseli adamlara-da ýokuşyp bilýär. Adamlarda gabat gelende-de agressiwligi möwjedip bilýän we urha-urlugy artdyrýan effekt görkezýär. Näsaglarsa diri galma instiktini döeedýän. Bu keseliñ ýetjek derejesine ýeten görnüşleriniñ zombi çozuşlary bilen birmeñzeş täsirlere eýe bolup biljekdigi öñe sürülýär. 7). Zombi çozuşy Zombi çozuşy haýsydyr bir döwlet ýa-da terrorçy topar tarapyndan başlanyp bilnermi? Biziñ günlerimizde birnäçe ýurduñ elinde gyryjy himiki ýaraglaryñ bardygy ýaşyryn syr däl. Hatda Ýakyn Gündogarda köpçülikleýin gyrgynçylyklar himiki ýaraglary ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Dünýäde himiki ýaraga öwrülip boljak neýrotoksinler bar. Neýrotoksinler nerw sistemasyna täsirini ýetirip, adamyñ zombi deýin hereket etmegine sebäp bolýar. Mysal üçin, kirpi balygyndan çykýan neýrotoksin adamlary zäherläp, zombi hereketlerini etmegine sebäp bolýar. Adamlar daş-töweregine hüjüm edip, ölüden parshyz hereket edýär. Zäheriñ täsiri geçenden soñam eden hiç bir zady ýadyna düşmeýär. Şeýle zäheriñ döwlet tarapyndan ýaraga öwrülen we ulanylan ýagdaýynda emele geljek netijeleri göz öñüne getirip bilýärsiñizmi? Zombi çozuşy genetiki ýollar arkaly emel gelmese-de, haçanam bolsa bir gün emeli taýdan dörediljekdigi anyk. Zombi urşunyñ bolmagy onçakly daşdaky ähtimallyk däl. 8). Datura ösümligi Gaitidäki jadygöýleriñ we Afrikadaky wudu ruhanylarynyñ zombilik bilen baglanyşygy barada ýokarda agzap geçipdik. Indem bularyñ adamlary zombileşdirmegi ýola goýýan ösümligiñ gürrüñini edeliñ. Datura ösümligine zombi külkesi hem diýilýä we narkotiki serişdelerini taýýarlamak işinde ulanylýar. Şeýle-de onuñ örän güýçli zäherdigi-de belli. Dogry mukdarlarda ulanylmadyk ýagdaýynda adamlaryñ sanlyja sekundyñ içinde ölmegine sebäp bolýar. Jadygöýler bu ösümligiñ külkesini dogry mukdarda ulananlarynda adamlary zombä öwrüp we özlerine bakna edip bilipdir. Şeýtmek bilen olar adatdan daşary güýçlere eýe urşujylary ellerinde saklapdyr. Datura ösümligi berlen adamlaryñ sagalma mümkinçiligi ýok. Şol sebäpden olar jadygöýe garaşly ömür sürmäge mejbur bolýarlar. 9). Ölüleri direltme synanyşyklary Biziñ günlerimizde käbir döwletleriñ we alymlaryñ ölüleri direltmäge synanyşýandyklary mälim. Bu synanyşyklar başa baraýan ýagdaýynda hem direldiljek adamlaryñ zombiden parhy bolmaz. Ölenden soñ adamyñ beýnisi daşyndan içine tarap çüýremäge başlaýar. Daşarky täsirler ýatlamalarymyzy, duýgularymyzy we karara gelme ukybymyzy emele getirýär. Ölenden soñ çalt çüýreýändigi üçin direldilen adamda şular ýaly şahsy aýratynlyklar we duýgular bolmaz. Şol sebäpden bolup biläýjek adam direltme synanyşyklary zombi çozuşlarynyñ başlangyjy bolup biler. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |