20:46 Beşar Esad: Göz lukmanlygyndan awtoawariýa bilen Siriýa liderligine | |
BEŞAR ESAD: GÖZ LUKMANLYGYNDAN AWTOAWARIÝA BILEN SIRIÝA LIDERLIGINE
Publisistika
Damaskdan howalanan uçara münüp gaçandygy aýdylýan Beşar Esad bir mahallar Londonda göz lukmançylygyndan bilim alyp ýörkä, on ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelen gandöküşikli graždanlyk urşunda uly ýara alan ýurduñ diýdimzor ýolbaşçysyna öwrüldi. Siriýanyñ lideri Beşar Esadyñ durmuşynda köp sanly kesgitleýji pursat bar, ýöne belki-de bularyñ iñ esasysy ýaşan ýerinden müñlerçe kilometr uzaklykdaky awtoulag heläkçiligidi. Beşar Esad ilkibaşlarda kakasynyñ oruntutarlygyna ýetişdirilmändi. Siriýanyñ prezidenti wezipesine gelişine barýan ýol onuñ agasy Basiliñ 1994-nji ýylyñ başynda Damaskyñ töwereginde bolup geçen awtoulag heläkçiliginde ölmegi bilen açyldy. Beşar Esad şol wagt Londonda göz keselleri boýunça lukmançylyk ugrundan okap ýördi. Basiliñ ölüminden soñ körpe jigisini Siriýada häkimiýet başyna oturtmagyñ taýýarlyk işleri geçirildi. Has soñra ýüz müñlerçe adamyñ ölümine, millionlarça adamyñam öý-ilinden jyda düşmegine sebäp bolan graždanlyk urşunda döwlete ýolbaşçylyk etdi. Eýsem-de bolsa, Siriýany taşlap gaçandygy aýdylýan Beşar Esad nädip lukmançylyk kärinden uruş jenaýatlaryny etmekde aýyplanylýan awtoritar lidere öwrüldi? Beşar Esadyñ kakasy Hafyz otuz ýyl çemesi wagt häkimiýet başynda oturdy • Kakasynyñ mirasy Beşar Esad 1965-nji ýylda Hafyz Esadyñ we Anisa Maklufyñ maşgalasynda dünýä indi. Onuñ doglan wagtynda Siriýada, Ýakyn Gündogarda we añyrsynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçýärdi. Arap nasionalizmi sebitdäki köp sanly ýurtda regionap syýasatda agalyk sürýärdi we Siriýa-da mundan tapawutlanmaýardy. BAAS partiýasy Müsüriñ we Siriýanyñ arasyndaky az wagtlaýyn (1958-1961) bileleşigiñ yzyndan häkimiýet başyna geldi we arap nasionalizmini agitirledi. Döwrüniñ köp arap ýurdy ýaly Siriýa hem demokratik ýurt däldi we köp partiýaly saýlawlar ýokdy. Esad maşgalasynyñ çykan alawy jemgyýeti Siriýadaky iñ ýoly ýapyk toparlardandy we bu bökdençlik sebäpli köp sanly alawy Siriýanyñ Ýaragly Güýçlerine goşuldy. Ofiser we BAAS partiýasynyñ ýakyn tarapdary hökmünde orta çykan Hafyz Esad 1966-njy ýylda Goranmak ministri boldy. Hafyz Esad ýeterlik güýç toplandan soñ 1971-nji ýylda Siriýanyñ prezidenti boldy we bu wezipede 2000-nji ýylda aradan çykýança oturdy. Onun uzak wagta çeken hökmürowanlyk döwri Siriýada birtopar harby döwlet agdarylyşygyna synanyşyklaryñ bolup geçen garaşsyzlyk döwrüne tersligi emele getirýärdi. Hafyz Esad ýurduny "demir ýumruk" bilen dolandyrdy, oppozisiýany basyp ýatyrdy, demokratik saýlawlary ret etdi. Emma ol daşary syýasatda pragmatik pozisiýada durdy. 1991-nji ýyldaky Pars aýlagy urşunda ABŞ-nyñ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa goşuldy. Beşar Esad geljekki aýaly Esma Ahras bilen Londonda tanyşdy • Londonda işläp ýörkä agasynyñ ölmegi bilen durmuşy başga ugra gönükdi Syýasatdan we harby gullukçylykdan daşda başga ýoldan giden Beşar Esad medisina ugrundan işlemegi makul bildi. Damask uniwersitetini tamamlandan soñ Londondaky "Western" göz keselleri hassahanasynda göz keselleri boýunça hünärmen bolup işlemek üçin 1992-nji ýylda Angliýa göçdi. 2018-nji ýyl "BBC"-niñ çykaran "Howply dinastiýa: Esadlar" atly dokumental filmde aýdylmagyna görä, Beşar Esad Londonda durmuşyñ keýpini gördi. Ol iñlis aýdymçysy Fil Kollinziñ janköýeridi we Günbatar gymmatlyklaryny halaýardy. Beşar geljekki aýaly Esma el-Ahras bilen Londonda tanyşdy. Esma "King" kolležinde kompýuter hünärmenligi ugrundan okaýardy. Ol soñra ýokary bilim almak üçin Garward uniwersitetine girdi. Emma onuñ durmuşy az wagtdan soñ düýbünden başga ugra gönügipdi. Beşar Esad Hafyz Esadyñ ikinji ogly bolansoñ, özünden uly dogany Basiliñ yzynda durmaly bolýardy. Basiliñ 1994-nji ýylyñ ýanwar aýyndaky ölümi Beşaryñ durmuşynyñ ugruny üýtgetdi. Ol dessine Londondan getirildi we Siriýanyñ indiki lideri edip goýulmagyna getiren işler başlandy. Beşar goşuna girdi we geljekäki roly üçin jemgyýetçilikde ýol arçalmaga girişildi. Esad maşgalasy Siriýany elli ýyldan gowrak wagt dolandyrdy • Özgerişlikleri geçirmek pikirleri Hafyz Ezad 2000-nji ýylyñ iýunynda öldi. Otuz dört ýaşlt Beşar Siriýanyñ konstitusiýasynda kesgitlenen kyrk ýaş düzgüni üýtgedilenden soñ ýurduñ prezidenti boldy. Beşar Esad 2000-nji ýylyñ tomsunda prezident wezipesine girişende kasam içen wagty düýbünden başga hili syýasy tondady. "Aç-açanlykdan, demokratiýadan, galkynyşdan, döwrebaplaşmadan, guramaçylykly düşünjeden" söz açýardy. Prezident bolandan soñ birnäçe aýyny geçirip esma Ahrasa öýlendi. Onuñ Hafyz, Zein, Kerim atly üç çagasy bar. Ilkibaşda Beşar Esadyñ syýasy reformalary geçirmek we metbugat azatlygyny bermek hakda aýdýanlary siriýalylaryñ arasynda umyt döretdi. Liderlik terzi we Esmanyñ ýewropalaşan bilimi täze döwrüñ yşaraty bolaýjak ýaly bolup görünýärdi. Şol wagt Siriýada "Şam bahary" diýlen medeni çekişme we söz azatlygy döwri bolup geçdi. Emma howpsuzlyk güýçleri 2001-nji ýylda oppozisionerlere garşy basyşlara, tutha-tutluklara dolanyp geldi. Beşar Esad hususy pudagyñ ösmegine höweslendirýän çäkli ykdysady reformalary-da geçirdi. Ýolbaşçylygynyñ ilkinji ýyllarynda çykany Rami Makluf hem güýçlendi. Makluf uly ykdysady "imperiýa" gurupdy. Liwanyñ öñki premýer-ministri Refik Haririniñ janyna kast edilmegi Beşar Esada has ýiti täsirini ýetirdi • Yrak we Liwan 2003-nji ýyldaky Yrak urşy Beşar Esadyñ we günbatarly hökümetleriñ arasyndaky gatnaşyklaryñ düýpli bozulmagyna getirdi. Siriýanyñ prezident Yragyñ ABŞ tarapyndan okkupirlenmegine garşydy. Käbir gatlaklar bu pozisiýany Siriýanyñ sebitde amerikan ekspansiýalarynyñ soñky nyşanasy bolmak gorkusy bilen mälim etdi. 2003-nji ýylyñ dekabr aýynda ABŞ Damaska dürli bahanalar bilen sanksiýa girizmäge başlady. Bahanalaryñ sebäbi diñe Yrak bilen däl, Siriýanyñ Liwanda hereket edýändigi bilenem baglanyşyklydy. 2005-nji ýylyñ fewralynda sebitdäki Siriýanyñ garşydaşlaryndan Liwanyñ öñki premýer-ministri Refik Hariri aýylganç partlamada aradan çykdy. Ünsler şobada Siriýa we onuñ ýaranlaryna öwrüldi. Liwanda uly demostrasiýalar bolup geçdi we Damaska garşy halkara basyşlar artdy. Bu ýagdaý Siriýanyñ Liwandaky otuz ýyl çemesi wagtlyk harby güýjüniñ soñlanmagyny hem alyp getirdi. Aýyplamalara garşy Esad we onuñ Liwandaky esasy ýarany "Hizbullah" Haririniñ öldürilmegi hakdaky aýdylýanlary ret etdi. Ýörite halkara sudy "Hizbullahyñ" agzalarynyñ birini 2020-nji ýylda şu boýunça azatlykdan mahrum etdi. "Arap bahary" demonstrasiýalary 2011-nji ýylda Siriýa hem baryp ýetdi • "Arap bahary" Beşar Esadyñ häkimiýetiniñ ilkinji on ýylynda Siriýanyñ Eýran bilen gatnaşyklaey berkedi, Katar we Türkiýe bilenem gatnaşyklar ösdürildi. Emma bu ýagdaý hasam üýtgemelidi. Riýadyñ ilkibaşda ýaş prezidente beren goldawyna garamazdan, Saud Arabystany bilen gatnaşyklar belentli-peslidi. Beşar Esad umuman alanda daşary syýasatda kakasynyñ ýolundan ýöredi, gönüden-göni harby çaknyşyklarsan gaça durmak bilen ünsli manýowlary etdi. Häkimiýetdäki ilkinji on ýylyndan soñ oppozision sesler basylyp ýatyrylyp, Esadyñ häkimiýeti awtoritarlygy bilen ýakasyny tanatdy. 2010-njy ýylyñ dekabrynda aýaly Esma Esad "Vogue" žurnalyna interwýu berdi we öýleriniñ "demokratiýa" esasynda dolandyrylýandygyny aýtdy. Şol gün tunisli gezende käşir satyjysy Muhammet Bouazizi bir zenan polisiýa işgäriniñ ýumrugyny iýenden soñ özüni otlady we Tunisde döwlet ýolbaşçysy Zeýnelabidin Binalynyñ agdarylmagy bilen tamamlanan halk gozgalañyny tutaşdyrdy. Tunisdäki gozgalañ garaşylmadyk ýagdaýda Arap dünýäsinde rewolýusion hereketlere güýç nerdi we Müsüre, Liwiýa, Ýemene, Bahreýne, Siriýa baryp ýetdi. 2011-nji ýylyñ martynda "Çöldäki gül" ady bilen köpçüligiñ dykgatyna ýetirilen (we soñ yzyna alynan) "Vogue" interwýusynda Siriýa "bombaly hüjümlerden, dartgynlylyklardan, adam ogurlap gaçmalardan azat ýurt" hasaplapdy. Berlen bu baha onuñ yzyndan gelen aýlarda düýbünden üýtgedi. Mart aýy ortalanda paýtagt Damaskda demonstrasiýa geçirildi we birnäçe günden soñ günortadaky Dera şäherinde diwarlara Esada garşy çykýan şygarlary ýazan çagalaryñ tussag edilmeginden soñ protestler başlady. Esad siriýa halkyna iki hepdeden soñ beýanat berdi. Ol parlamentde Siriýany nyşanalaýan "dildüwşügi" püçege çykarmaga söz bermek birlikde, köp adamyñ mätäçliklerini çözüp oñarylmandygyny-da boýun aldy. Derada howpsuzlyk güýçleriniñ demonstratlara ok atmagy protestleri hasam güýçlendirdi we köp şäherde Esada meýletin işden gitmäge çagyryşlar edildi. Gazaply garşylyk berlen protest demonstrasiýalar üçin "daşarky güýçleriñ täsirindäki bulagaýlar we içalylar" günäkär hasaplandy. Birnäçe aýyñ içinde ýagdaý hökümet güýçleriniñ we ýurt boýunça ýaraga ýapyşan oppozisionerleriñ arasyndaky çaknyşyga öwrüldi. On ýyldan gowrak wagt dowam eden graždanlyk urşy zerarly köp sanly şäherler harap boldy • Halkara ekspansiýa, jihatçylar we uruş jenaýatlary Birýandan çaknyşyklar ýitileşse, bir ýandan halkara güýçleriñ barha artýan ekspansiýalary bilen BMG-nyñ çaklamasyna görä ölenleriñ we ýaralananlaryñ sany on müñlerden ýüz müñlere çykdy. Russiýa we Eýrana arkalanýan ýaragly toparlar Esadyñ tarapyna geçen bolsa, Türkiýe we Pars aýlagynyñ arap ýurtlary ýaragly oppozision toparlara goldaw berdi. Esada garşy çykyşlarda ilkibaşda hemmeler üçin demokratiýa we azatlyga çagyrylan bolsa, soñabaka mezhepçilik täzeden janlandy we käbir oppozision toparlar hökümeti alawybazlygy sünni köpçülikden öñde tutmakda aýyplady. Sebitleýin ekspansiýalar mezhep diskriminasiýasyny has-da çuñlaşdyrdy. Yslamçy güýçler alawylara garşy duşmançylykly pozisiýany ýöreden bolsa, "Hizbullahyñ" ýolbaşçylygyndaky Eýrana wepaly şaýy milisiýa otrýadlary Esad hökümetini goldamak üçin ýurda eñdi. Goñşy Yrakda ekstremistik YŞYD terrorçylary güýjäpdi. Bu terrorçy topar Siriýada hem ýer eýelemek üçin graždanlyk urşundan peýdalandy we Siriýanyñ gündogaryndaky Rakkany öz paýtagty diýip yglan etdi. 2013-nji ýylyñ awgustynda Damaskyñ golaýlarynda oppozisionerleriñ elinde saklaýan Gündogar Gutada ýüzlerçe adam himiki gyryjy ýaraglar bilen öldürildi. Günbatarly güýçler we siriýaly oppozision toparlar bu jenaýatçylykly hüjüm üçin Esad hökümetini günäkärledi. Damask aýyplamalary ret edenem bolsa, halkara basyşlaryñ we haýbatlaryñ garşysynda himiki ýarag ammarlarynyñ ýok edilmegine razylyk berdi. Ýöne munuñ üstýne başga himiki hüjümler hem goşulyp, Siriýa urşundaky gyrgynçylyklaryñ soñy gelmedi. BMG-nyñ edaralary çaknyşyga gatnaşýan ähli taraplary jenaýat, gynama we zorluk ýaly uruş jenaýatlaryny etmekde aýyplady. 2015-nji ýylda ýurduñ uly bölekleriniñ gözegçiligini elden gideren Esad hökümeti iñ soñky pellesine gelene meñzeýärdi. Emma Russiýanyñ harby ekspansiýasy hemme zady tersine öwürdi we Beşar Esad esasy ýerleri yzyna gaýdyp aldy. Oppozision güýçler soñky günler kän öñegidişlikleri etdi • Gaza urşy 2018-2020-nji ýyllarda sebitleýin we halkara ylalaşyklar bilen hökümet güýçleriniñ Siriýanyñ uly böpegine eýelik eden yslamçy oppozision toparlaryñ we kürt milisiýa otrýadlarynyñ gündogar-demirgazykda gözegçiligi paýlaşýan düzgüni ýola goýuldy. Bu ylalaşyklar Esadyñ pozisiýasyny güýçlendirdi we tapgyrlaýyn ýagdaýda Arap diplomatiýasy arenasyna gaýdyp geldi. Siriýa 2023-nji ýylda Arap bileleşigine täzeden girdi we Arap ýurtlary Damaskda ilçihanalaryny gaýtadan açdy. Siriýada soñky ýyllarda ýaramazlaşan ykdysady krizise garamazdan Esad öz häkimiýetine garşy iñ uly tutluşykdan sag-salamat çykana meñzeýärdi. Emma 2023-nji ýylyñ oktýabrynda "Hamas" Ysraýyla garşy garaşylmadyk hüjümini etdi. Gazadaky urşuñ täsirleri tizara Liwana, aýratynam Esadyñ ýarany "Hizbullaha" ýetdi. "Hizbullah" çaknyşyklarda uly ýitgileri çekdi we ol ýitgileriñ arasynda toparyñ başlygy Hasan Nasrallah hem bardy. Liwanda ok atyşygy bes etmegiñ başlan güni militaristik yslamçy "Heýet Tahri eş-Şamyñ" ýolbaşçylygyndaky oppozision toparlar garaşylmak hüjümi gurnap, çaltlyk bilen ýurduñ iñ uly şäheri Halaby ele saldylar. Oppozisionerler çakgan öñe süýşüp, Hamany we beýleki şäherleri eýelände, günorta sebitler hökümetiñ elinden taýdy gitdi. Esasy ýaranlary Eýrandyr Russiýa dadyna ýetişip bilmejek ýagdaýdaka Esadyñ tagty howp astyna girdi we 27-nji noýabrda başlan oppozisionerleriñ hüjümi Siriýadan gelen habarlara seredilende, paýtagt Damaskyñ ele salynmagy we Beşar Esadyñ uçara atlanyp ýurtdan gaçmagy bilen soñlandy. "BBC", 08.12.2024 ý. "BBC" habarlar gullugynyñ maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||