15:34 Kyssadan bölek | |
KYSSADAN BÖLEK
Halk döredijiligi we rowaýatlar
"Eger bir halk uklap ýatan bolsa, ony oýandyrmak añsat. Ýöne oýa halda uklansyrap ýatan bolsa, näme etseñizem biderek bolar, barybir oýandyryp bilmersiñiz!" Indira Gandi Garañky düşenden soñ adamlar maýmynjyklaryny we elçyralaryny ýanyna alyp, goñşy-golamlarynyñ öýüni talamaga giderlermiş. Günüñ dogar çagy öýlerine dolanyp gelenlerinde, arkaly mas ýüklüje gelipdirler. Emma her gezek öz öýleriniñem talanan ýagdaýdadygyny görüpdirler. Ýurtda hiç kim zyýan çekmändir, sebäbi her kim biri-birinden ogurlapdyr we çarh ýaly aýlanyp duran bu düzgün iñ soñky adam birinji adamdan ogurlaýança dowam edip duranmyş. Bir gün nirden-nädip çykanam bolsa, olaryñ arasynda dogry-dürs, halal adam çykypdyr. Ol garañky gatlyşandan soñ torbasyny we elçyrasyny alyp daşary çykandan öýünde oturanyny gowy görüpdir. Ogrular gelende öýde çyra ýanyp durandygyny görüp, ogurlyk etmek üçin içerik girip bilmeýärlermiş. Bu ýagdaý birnäçe wagt dowam edensoñ, köpçülik munuñ aýdyñlaşdyrylmagyny talap edip: - Ogurlaman ýaşamak seniñ öz saýlap alan ýoluñ, ýöne başgalary mundan goýmaga seniñ hakyñ ýok - diýipdirler. Mundan soñ ol gijelerine öýünden daşary çykypdyr, ýöne hiç kimiñ hiç zadyny ogurlamandyr. Dolanyp gelen wagty-da, öýüniñ içiniñ sogan sypyrylan ýaly edilendigini görüpdir. Görgüliniñ bir hepdä ýetip-ýetmänkä öýünde iýere zady galmandyr we ýurdy taşlap gitmäge mejbur bolupdyr. Has gowy talap baýanlar özleri üçin talañçylyk etmäge hakynatutma ogrulary kireýne saklap başlapdyrlar. Baý-garyp bölünişigi gitdigiçe artypdyr. Baýlar emläklerini, mal-mülklerini goramak üçin polisiýa edarasyny we zyndanlary gurupdyr, öz zatlarynyñ ogurlanmagyny jenaýat hasaplapdyrlar. Emma garyp-gasaryñ zadyny ogurlamak bolýarmyş. Belli bir wagt geçenden soñ hiç kim talamakdan we talanmakdan ýaña gürlemez bolupdyr. Çünki garyplaryñ köpüsi ýa açlykdan ölüpdir ýa ýurdy taşlap gidipdir. Baýlar we aýlykly talañçylar bolsa talamaga adam galmandygy üçin baýlyklaryny elden gidermäge başlapdyr. Ahyrynda baýlar öñki düzgüni täzeden ýola goýmak üçin ýañky halal adamy başlaryna oturtmagy makul bilipdir. Emma onuñ öýüne gidenlerinde ýerde ýatan sygryñ dili ýaly kagyzdan başga zat ýokmuş. Kagyzda şeýle ýazylan eken: "Eger kimdir biri diñe dogry-dürs, halal adam bolandygy üçin gözlenýän bolsa, onda hemme zat üçin gijä galynandygydyr..." | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |