06:45 Dünýä soñlanýana meñzeýär, ýöne nädip? | |
DÜNÝÄ SOÑLANÝANA MEÑZEÝÄR, ÝÖNE NÄDIP?
Geň-taňsy wakalar
"Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir..." Kerim Gurbannepesow Dünýäniñ bize her gün bir dürli duýduryş bermek arkaly soñlanyp barýandygyny añşyrdýandygy soñky birnäçe ýylyñ içinde munuñ nähili soñlanyş boljagy babatda pikirlenip gördüñizmi? Aşakda heläkçiligiñ iñ populýar bäş senariýasyny ähli jikme-jiklikleri bilen dykgatyñyza ýetirýäris. • Başga saýýaralylaryñ çozuşy "Halas boluş güni" ("Independence Day") çeper filmine tomaşa edip näme öwrenen bolsañyz, olam - saýry dünýäliler Ýer togalagyna gelenlerinde olaryñ bar aladasy "gerek zatlaryny alyşdyryp, yzyna dolanmak" bolmasa gerek. 1960-njy ýylda astrofizik Frank Dreýk "Akmaýanyñ ýoly" galaktikasynda ýaşaýan başga saýýaraly medeniýetleriñ bardygyny-ýokdugyny anyklamak üçin käbir barlaglary geçiripdir. "Dreýk gönükmesi" ady berlen bu barlag täze ýyldyzlaryñ emele geliş ýygjamlygy we ýaşaýyş alamatyny görkezýän saýýara sistemalarynyñ sany ýaly meseleleriñ üstünde durup geçýär. Bu san görkezijiler şahsy çaklama bolup durýanam bolsa, Dreýk biziñ galaktikamyzda 1000-den 100.000.000-e çenli aralykda saýry dünýäli medeniýetiñ bolup biläýjegini aýdýar. Ýogsa-da bu jandarlar biziñ planetamyza geläýen ýagdaýynda näme bolarka? Stiwen Hawking Ýer togalagynyñ saýry dünýäliler tarapyndan "açylmagy" babatda iñ gowy wariant - ýewropalylaryñ Amerikany açanda bolan wakalara meñzeş wakalaryñ boljagyny aýdýar we şeýle diýýär: "Iññän akylly we çakdanaşa ösen medeniýetiñ göresimiz gelmeýän zada öwrülişini görmek üçin aýnañ öñüne geçip, özüñizi synlañ. Şol jandarlaryñ öz ýaşaýan saýýaralaryndaky ähli maddy rezerwleri sarp edip gutaryşlaryny we ýaşaýyşlaryny dowam etdirmek üçin äpet kosmos gämilerine münüp ýola çykyşlaryny göz öñüne getirýärin. Bu ösen jandarlar göçüp-gonup ýörüşlerine baryp bilen ähli saýýaralaryny basyp alyp, koloniýalaryna öwürjek bolarlar." Häzirki wagtda "Voyager-1" atly kosmos gämisi Gün şemallarynyñ ornuny ýyldyzara madda berýän "Heliopause" sebtine ýakynlaşyp barýar. Ol bu barýan ugry bilen adamzadyñ elinden önen we Gün sistemasyndan daşlaşyp ýyldyzlara sebite aralaşjak ilkinji obýekt bolar. Gämi häzire çenli 17.9 milliard km geçdi we sagatda 61.155 km ýol aşýar. Onuñ 2030-njy ýyla çenli bize bir signal ugratmagyna garaşylýar. Gäminiñ hemmetaraplaýyn üpjünçiligine we guratlygyna seredilende welin, kosmosyñ çuñluklaryna bakan tä kyýamata çenli gitjekdigi anyk. Şunça ýol aşandygymyza garamazdan, galaktiki açyşlar üçin gerekli howpurgadyjy tehnologiýalar göz öñüne tutulanda, biz dünýäliler saýry dünýäli milletlere iñ gowy wariantda garynjadan enaýy bolmasak gerek, iñ ýaramaz wariantda bolsa agşamlyk naharlarynyñ deregini tutarys. • Diri maslyklaryñ ar alyşy BMG-nyñ Epidemiýalara garşy gözegçilik merkezi adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmak üçin ýörite web sahypa taýýarlady. Web sahypada geñsi ýagdaýdaky zombi çozuşlary boýunça-da bir bölüm bar: "Hüjümden goranyş abzalyny ediniñ. Meýilnama düzüñ. Taýýarlykly boluñ." Önümleri diýseñ meşhur ok-däri öndüriji "Hornady" firmasynyñ iñ köp satylýan önümi bolsa zombileri duşan badyna öldürmäge ukyply ýaşyl uçly "Z-MAX" güllesidir. Maks Bruksyñ ýazan we zombilerden halas bolup ýaşaýşa dowam etmek boýunça gollanma hasap edip boljak “The Zombie Survival Guide: Complete Protection from the Living Dead” kitaby ilkinji çap bolan wagtyndan dokuz ýyl geçensoñam bestseller bolmaga dowam edýär. Netijede, bi, "diri maslyklardan" we olaryñ sebäp bolup biljek bela-beterlerinden az gorky-endişe duýulmaýandygy gizlin däl. 2012-nji ýylyñ iýunynda ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäheriniñ Syracuse raýonynda bir ýalañaç aýal güñleç ses we elde-aýakda durmaýan gorkunç halda halda maşgala agzalaryna topulandygy üçin saklandy. Kanzas Sity Missuride başga bir aýal goñşusyny dişledi, dyzynyñ üstüne çöküp, edil it ýaly ýeri gazmaga durdy. Soñra agzy doly gum we poh-püsül halda elini saga-sola wagşylarça salgap polisiýa işgärlerine garşylyk görkezmäge synanyşdy. Mundan bary-ýogy birnäçe gün bir ýalañaç adam bir öýsüz-öwzarsyz ykmandanyñ ýüz-gözüni dişläp-çeýnäp durka polisiýa tarapyndan atylyp zyýansyzlandyryldy. Ol birinji gülläni "iýenden" soñam ykmanda bendäniñ ýüz-gözüni gemirmäge dowam edýärdi. ABŞ-da we dünýäniñ birnäçe ýerinde bolup geçýän şular ýaly howpurgadyjy wakalar bize, "28 günden soñ" çeper kinofilmi aslynda dokumental film bolaýmasynam diýdiriberýär. • Meteorit ýagyşlary 1998-nji ýyl meteoritler bilen gelen katastrofa senariýalaryna tomaşa edilen kinofilmler taýdanam diýseñ öndümli ýyl boldy. "Armageddon", "Çuññur zarba" çeper kinofilmleri bize adamzadyñ meteoritlerden halas bolmagy üçin bary-ýogy birküç sany ýadro bombasynyñ we batyrgaý bir toparyñ ýeterlik boljakdygyny görkezipdi. Ýöne gynansak-da, mesele şolar ýalam añsat däl. Ilki bilen dünýäni ýok edip biljek derejedäki meteoriti partladyp biljegimiz-de anyk belli däl bolşy ýaly, muña göwünjeñ ýapyşyp-ýapyşmajagymyzam jedelli mesele. Sebäbi uzynlygy 10 km-denem uzyn bolan bir meteoriti ýarmagyñyz ullakan bir problemany müñlerçe ownuk problemalara bölmegi añladýar. Bu bolsa ýer togalagynyñ atmosferasynyñ bulardan bölünip çykýan ähli kinetik energiýany özüne sorup almagy we ahyrynda janly tebigatyñam tepbediniñ okaldygy diýmekdir. "Rage" kompýuter oýnunda duş gelýän "1999 RQ36" kodly meteoritiñ oýundaky ýaly 2182-nji ýylda Ýer togalagyna düşüp, ony ýok etme ähtimallygy müñden bir göterim bar. Birmeñzeş ähtimallyk 2036-njy ýylda düşmegine garaşylýan "99942 Apophis" kodly meteoritde bolsa iki ýüz elli müñden bir göterim. Bu bolsa meteoritiñ Ýer togalagyna düşmesi netijesinde ölme ähtimallygyñyzyñ münen uçaryñyzyñ heläkçilige uçranda ölme ähtimallygyñyzdan (11 milliondan bir) has köpdügini añladýar. Elbetde, gowy habary ýazgymyzyñ soñuna goýduk. Şuny ýatdan çykarmañ: dinozawrlar 65 million ýyl öñ biziñ üçin 1:0 öñe geçdiler. • Termoýadro heläkçiligi Büyük bir felaketten sonra hayatımız Fallout oyunundaki gibi etkileyici müzikler çalarken arada bir ortaya çıkan mutantlar eşliğinde geçebilir fakat büyük ihtimalle öyle olmayacak. “The Road” romanyndaky ýaly saýýaramyzyñ doly buza öwrülen we Gün şöhlesi düşmeýän dünýäsinde adamhorlardan (adam iýijilerden) gaçyp ýaşaýyş ugrunda göreşip geçirmeli bolar. Bular ýaly klimatyñ sebäbi bolsa ýadro gyşydyr. Teoretiki taýdan dünýäde ýadro ýaraglaryna eýe ýurtlar yklymara ýadro raketalaryny uçuryp başlasalar, köplenç iñ uly we iñ möhüm metropoliýalar nyşana alnar. Bu bolsa tüsse-tozanyñ has köp çykjakdygyny añladýar. Tüsse-tozanlar armosfera gatlagynyñ, ýagyş bulutlarynyñam üstüne çykyp, şol ýerde birikmäge başlar. Netijede gün şöhleleriniñ ýer ýüzüne düşmegine böwet bolup, saýýaramyzy soñlanmajak gyşa sezewar eder. Gün ýa-da ýylylyk bolmazdan adamzat nesliniñ dowam etmegini üpjün etjek azyk önümleriniñ ýetmezçiligi birýana, ýeterlik kislorod hem bolmaz, açlyk birnäçe ýyla çeker. Gynansak-da, bu wagtyñ näçe ýyla çekjegini görer ýaly derejede uzak ýaşajagymyzam belli däl. Ýadro gyşy ýeke-täk meselämiz bolmasa gerek. "Terminator-2" çeper filmine tomaşa edenler çagalar seýilgähi sahnasyny ýada salsynlar. Birgiden adam ýadro bombasy sebäpli dem salymda tüssä öwrülip gider we yzda diñe olaryñ öñünde duran ýa-da üstünde oturan diwarynyñ ýüzünde radioaktiw şöhleleriñ goýan sudurlary galar. Bu birinji tolkundan halas bolanlar duran ýerinde ot alyp ýanmaga sebäp boljak derejede gyzgyn howurly howa akymyna uçrarlar. Eýdip-beýdip bularyñ ählisinden halas bolanlaryñ bolsa radioaktiw zäherlenmeden we ýadro şikeslerinden ýene näçe ýyl ýaşajaklary belli däl. Tebigaty dolulygyna ýok etjek bu hadysalar tapgyryndan soñ bolsa hüýt gara radioaktiw ýagyş akymy tutuş saýýaramyzy gurşap alar. Gulaga ýakymsyz eşdilýär gerek? Eýsem, siziñ pikiriñizçe bulary başdan geçirme ähtimallygymyz näçeräk? Stanford uniwersitetinden Martin Hellmanyñ aýtmagyna görä, şu gün dünýä inen bir çaganyñ ýadro urşy sebäpli ölme ähtimallygy ýüzden on göterim. Bu ähtimallyk beýleki katastrofa senariýalary bilen deñeşdirende pitiwa etmän geçer ýaly zat däl. Şonuñ üçin hemmämiziñ aýratynam şu meselede az-owlak oýlanmagymyz gerek. • Ýer astyndan çykan bela "Tremors", "Gears of War" we 2002-nji ýylda surata düşürilen "Reign of Fire" çeper filmlerinden hem öwrenşimiz ýaly, saýýaramyzyñ ýer gabygynyñ astynda bize garaşyp duran "uly" bela-beterler bar. Eýsem her gün ýöreýän ýollarymyzyñ astynda gizlenen ýa-da ýeriñ astyny köwüp hin baryny ýasan bu eýmenç mahluklar çozuş üçin amatly wagta garaşýarlarmyka? Megerem, ýok. Ýöne şonda-da ýeriñ çuñluklarynda bir ýerde nämedir bir zatlar bolup geçýär. Mysal üçin adatdan daşary tebigy şertlerde (gaýnag suwly çeşmelerde we ş.m.) hem ýaşap bilýän ksenofioforlar Marian çöketliginde - 10.621 metr çuñlukda ýaşaýarlar. Bi 10 santimetrlik bir öýjükli jandarlaryñ ulalyp adamzadyñ başyna bela bolup injegi gaty bir mümkin däl ýaly bolup görünse-de, olar logana (Wolverine) meñzeş adatdan daşary gorag güýjüne eýe. Çünki olar Marian çöketliginde her dýuma tutuş sekiz tonna agramyñ astynda ýaşap bilýärler. Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryñ arasynda iñ çuñlukda ýaşaýany bolsa 1979 km aşakda ýaşaýar. "Terrestrial Arthropod Reviews" neşirinde öwrenilen "Plutomurus Ortobalaganensis" atly bu jandara Abhaziýadaky Krubera-Woronža gowagynda çüýräp we heñläp giden maddalary iýip durka duş gelnipdir. Şeýle-de, "Los Angeles Times" gazetiniñ 1934-nji ýylyñ 29-njy iýunyndaky sanynda çykan bir habarda Los-Anželes şäheriniñ ýüzlerçe metr astyndaky köweklerde hažžyk-adam gatyşykly birtüýsli jandarlaryñ ýaşaýandygy aýdylýar. Emma edil häzir şol gizlin köwekleriñ nirdedigini anyk bilýän ýok. • Goşmaça: Matrisa katastrofasy Ýokarda ähli senariýalary seljerip, bolup biläýjek hadysalary çaklamaga synaşdyk. Belki-de uly heläkçilik bireýýäm bolup geçdi we häzir "The Sims" kompýuter oýnunyñ iññän kämil wersiýasynda ýaşap ýörendiris. Oksford uniwersitetinden doktor Nik Bostrom edil häzir 20% ähtimallyk bilen kompýuter simulýasiýasynda ýaşaýandygymyzy aýdýar. Eger iñ bolmanda häzir başdan geçirip ýören hakykatlarymyz hakykatdanam "Sid Meier’s Civilization" ýa-da "The Sims" oýunlarynyñ kämil wersiýasy bolsa, onda häzirem gelejege umyt ederlik bir zadymyz bar. Sebäbi iñ zyýansyz heläkçilik senariýasy häzirlikçe şu ýaly bolup görünýär. Şonuñ üçin göwnüçökgünlige düşmän, ýaşaýşyñ we biri-biriñiziñ gadryny bilip ýaşasañyz - özüñiz üçinem, hemmeler üçinem gowy bolar. 13.07.2012. Çeşme: http://www.mentalfloss.com/blogs/archives/132869 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||