11:03 Dünýä taryhynyñ iñ ilkinji gyrgynçylygy | |
DÜNÝÄ TARYHYNYÑ IÑ ILKINJI GYRGYNÇYLYGY
Taryhy makalalar
Taryhçylar Keniýada tapylan 10 müñ ýyllyk adam ystyhanynyñ galyndylarynyñ iñ gadymy eýýamda bolup geçen uruşyñ delili bolmagynyñ mümkindigini aýtdylar. "BBC"-niñ habar bermegine görä, arheologlar Turkana kölüniñ günbatartbda ýer alan Nataryjdaky gazuw-agtaryş uçastogynda depin edilmedik 27 adamyñ jeset galyndylaryna duş geldi. Munuñ 10 müñ ýyl mundan öñ bolup geçen urşuñ delili bolup çykaýmagynyñ mümkindigini aýtdylar. Sebitde 2012-nji ýyldan bäri iş geçirip ýören arheologlar arasynda aýal we çagalaryñam bolan 27 adamyñ çarwa durmuşda ýaşaýan awçylaryñ arasynda ýüze çykan çaknyşygyñ netijesinde, pyçaklanyp öldürilendigini çakladylar. Barlag işlerini alyp barýanlardan Marta Mirazon Lahr gyrgynçylygyñ tebigy resurslary ele geçirmek üçin amala aşyrlan bolmagynyñ mümkindigini aýtdy. Kembriž uniwersitetinden Robert Foleý bolsa bu barada eden çykyşynda orta atylýan delilleriñ gürrüñi gidýän adamlara näme bolandygyny anyklamaga ýeterlik däldigini, ýöne şunça adamyñ bir ýerde ölmegine "haýsydyr bir çaknyşyk" sebäp bolandyr diýmäge esas döredýändigini aýtdy. Aw toplaýjylaryñ duran ýerlerini añsatlyk bilen taşlap gitmekleri üçin bular ýaly çaknyşyklara giren däldigini çaklaýan Foleýiñ pkirine görä, täze tapyndylar oturumly durmuşa geçmezden öñki toparlaryñ iýmit resurslary sebäpli özara bäsdeşlige girendiklerini görkezýär. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |