DÜNÝEDE
Bir nijäni sen üstüňden agtardyň,
Köpü aglap köpü güldü dünýede.
Oýnadyp ýaýnadyp topraga gardyň,
Adam Ata döräp öldü dünýede.
Iň agyr nalyşdyr ynsan nalyşy,
Bu nalyşy eşitmesin hiç kişi.
Zar aglamak bolar mydam endişi,
Jennetden kowuldy dünýede.
Kabyl geldi Ablyň ýanna daş bilen,
Indirdi ol daşyn gara baş bilen.
Ilkinji ölümi ajy ýaş bilen,
Ýüzüni ýaş bilen ýuwdy dünýede.
Ybraýym Halyldyr ol Ysmaýyl jan,
Hudaý üçin janyn etjekdi gurban.
Dur Ybraýym diýlip eýlendi perman,
Her zat synagdygyn bildi dünýede.
Ishak dogdy dünýä ýalkymyn saçyp,
Söwüş etdi ata gujagyn açyp.
Kän gezmeli boldy jöhütden gaçyp,
Alla gora diýip ýeldi dünýede.
On bir ogly bilen hezreti Ýakup,
Bir düýş görüp gorkdy bagryny ýakyp.
Ýusubum diýp aglap ýaşyny döküp,
Göz oýlup bagryn dildi dünýede.
On gardaşy ýanna gelip Ýusubyň,
Düýşün diňlediler gulak asyban.
Aga inisinden guly ýasaban,
Bazarda hyrydar ildi dünýede.
Kengan ilden düşüp Müsür iline,
Bilbilin bagş eýläp ajap gülüne.
Şükürli gul ýetip bagtly gününe,
Jygada başyna iýldi dünýede.
Dünýä ýuwdup ýören bir läheň balyk,
Az göründe oňa giden bir şalyk.
Ýunus barsa iberende ol Halyk,
Balygyň içinde soldy dünýede.
Demire jan beren hezreti Dawut,
Ýüpek däl demirden tikindi mawut.
Kyrk ogluny eli bilen ol ýuwup,
Jaýlansoň Süleýman geldi dünýäge.
Arşdan ýere indi on iki gat tagt,
On iki müň şalykdy on iki müň bagt.
Şalyk däl ýüzügi gymmatly wagt,
Ezraýyl kakyban gitdi dünýede.
Ýüzük ýitrim boldy Süleýman öldü,
Ol on iki gat tagt asmana galdy.
Süleýman hem perden bir detjal dogdy,
Nemrut Haka müňkür boldy dünýede.
Hudaý nazar saldy ol Mäti iýndi,
Nemrut Mäti söweş kylmaly indi.
Nuh gämi ýasandy asmandan iýndi,
Suw bilen sil gelip doldy dünýäge.
Mäti harap etdi Nemruduň okun,
Ahyrzamana wagt gelipdi ýakyn.
Isa geler diýdi tebbedi oky,
Asman sary gaýyp bolup dünýeden.
Ol naçar uýasy Bibi Merýemden,
Atasyz dogandy bagy Eremden.
Garyn däl mukaddes agyz ýerinden,
Alla zurýadydyr Isa dünýede.
Ýetmiş ýyl dünýäni süren bir garry,
Amanadyn Haka berdi ahyry.
Dem bilen çagyryp beýik Zahyry,
Täzeden bu dünýä iýndi dünýede.
Ymmat içre ýer tapmadyk Musany,
Çöle sürdi malyň baryp bak hany.
Goýun bolup ömür boýy bakany,
Hasasy mar bolan şoldy dünýede.
Muhammetdir soňky diýlip jemlendi,
Sebäp ogul ölüp gözler nemlendi.
Resuldan soň Şahymerdan diňlendi,
Olam gul elinden öldü dünýede.
Resulberdi RAHMANOW.
Goşgular