19:50 Dünýäde şeýleräk adamlaram kän | |
DÜNÝÄDE ŞEÝLERÄK ADAMLARAM KÄN
Goşgular
Gürleşseň, akylly danadyr özi, Durşuna öwütdir her gepi-sözi, Edil kalby ýaly.ş, aýykdyr ýüzi, Dünýäde şeýleräk adamlaram kän. Hiç ýadaman söýgi sözün sözleýän, Müň gözelden ýeke gyzy gözleýän, Çyn söýginiň ýumagyny çözleýän, Dünýäde şeýleräk adamlaram kän. Seniň pyşyrdyňy uzakdan eşder, Tämiz kalby, göýä nura meňzeşdir, Başyňa iş düşse, saňa dertdeşdir, Dünýäde şeýleräk adamlaram kän. Haram baýlyk hakda ýada salmaýan, Dogry ýoldan başga zady bilmeýän, Gyşyk zat gözüne asla ilmeýän, Dünýäde şeýleräk ädämlaram kän. Hojarejep DAÑATAROW. | |
|
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |