10:35 Durmuş oýlanmalary | |
DURMUŞ OÝLANMALARY
Goşgular
Gel durmuş bir dem söhbet edeli, Adamyň nähili boluşy hakda, Gel adam bir dem söhbet edeli Durmuşyň nähili boluşy hakda. Ýaradanam ilki başda adama, “Men seni ýaratdym sen meniň gulum, Eger seşde etseň bäş rekat namaz Eltmerin ýanyňa bela we zulum! - Diliňi bek tutup ýoluň, ýoluň gözleseň, Sözlän her bir sözüň bilip sözleseň, Ýalan däl-de çynyň bilen işleseň, Rysgyňy müň paýdan bererin saňa! Birini göreňde pikir et her gün Birini göreňde şükür et şol gün Bar zadyňa şükür etmän aç bolsaň Erte aç öldürip bermerin saňa Ýetmiş iki sany hünäriň berdim, Şolaň hemmesini öwrenjek bolgun, Emma hemmesini öwrenmeseňde, Ýöne hemmesinden habarly bolgun. Ýenede bir zady aýtmadym saňa, Eneň- ataň ikinji hudaýyňdyr, Ömürlik ölünçäň ýanyňda boljak, Berk bellegin olam söwer ýaryňdyr. Ýene birden şeýtan ýoluna gidip, Meniň aýdan zatlarymy unutma, Eneň-ataň, söwer ýaryň penaňdyr, Perzentleriň galaňdygyn unutma!” - diýip ýaradanam sözün jemläpdir, Adamzadam gidenmişin ýoluna, Doýmak üçin bu ýalançyň hezinden, Bir gysym topragy alyp ýanyna. Tumar KIÇIBALOWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||