02:12 Durna / hekaýa | |
DURNA
Hekaýalar
Toýnuk gurap, misli ötegçi kerwene meňzäp uçup barýan durnalary synladygymça synlasym, hatda olaryň yzyna düşüp gidiberesim gelerdi. Olara “Gitmäň!” diýip ýuwaşja seslenerdim. Olar hakdaky şahyrlarymyzyň joşup ýazan goşgularyny gaýtalap-gaýtalap okardym. Bir günem umumy biologiýa dersinde mugallymdan: Ýoldaş, mugallym, durna indi haçan gelerkä? – diýip soradym. — Durna Akmyradowamy?! Ol şu gün näsaglapdyr. Ertir, bolmasa birigün geler – diýip, mugallym maňa düşünmän jogap berdi. — Ýok, ýoldaş mugallym, men durna – guş barada soraýan – diýenimden, synpdaşlarym pyňkyryşdylar. Oňa meniň ýüzüm gyzyp gitdi. Utanyp, hut ýere giräýjek boldum. Hä, ol guşlarmy?! – diýip, mugallym durnalar barada köp zatlary gürrüň berdi… Gazaply gyşyň soňky aýy bolsa-da, ýerde galyň gar ýatyrdy. Men welin durnalaryň gelerine diýseň howlugýardym. “Wah, tizräk bahar gelsedi. Öňler adamlar bu pasly öwýärdiler welin, onuň sebäbine şu gün düşündim. Çünki, durna-da baharda gelýän ekeni. Mahmal begrese bürenen baýyrlar, jümjüme gülälekler, hat-da eriklerem şonda gülläp, bu gözellige gözellik goşýar. Diýmek, durna ýöne ýerden bu pasly saýlap almandyr...” Ine-de, bahar paslynyň ilkinji aýyna gadam basdyk. Indi hökman durnalaram geläýmeli. Birlän-ikilän eriklerem jowur ak gülüni güjeňläp, bir geňsi lowurdap otyrdylar. Guşlaram şadyýan bahar nagmalaryna eýýäm başlapdylar. Şeýle günleriň birinde birden sag bykynymda güýçli yza duýdum. Lukmanlar onuň köriçegedigini anyklap, operasiýa etmeli diýen netijä etdiler. Operasiýa şowly geçdi. Ertesi ýanymda ýatan näsaglaryň biri: — Baý, samradyň-ow, ýaraň azar berýär öýdýän – diýdi. — Näme diýdim – men ilkibada bolgusyz bir zat samran bolaýmaýyn diýip çekindim. — Ýok-la, üýtgeşik samraňok. Diňe “Durna, durna!... Haçan gelersiň, durnam?!.” diýip, gaýtaladyň ýatdyň... Aradan birki gün geçensoň, meni sorap bir gyzyň palata gelýändigini aýtdylar. “Allajanlarym, kim bolup bilerkä ol gyz. Bä, öz-ä geň”. Ine-de, palata ak ýektaýly, orta boýly gyz gelýär. — Durna! Bu senmi, salam! – gözlerime ynanmadym. — Hawa. Salam, synpdaş! Näme, bizden gaçyp gaýtjak ýeriňem şumudy?! Ýeri, onsoň gowulaşýaňmy? Ýagşy... Başga hiç zat diýip bilmedim. Olam ýüzüme garap, ýylgyryp durdy. Hassahanadan çykýançam, Durna birnäçe gezek halymy sorap, gelip gitdi. Her gezek onuň bir zat diýjek bolýandygyny aňýardym. Asyl görüp otursam şo-ol gezek “Durna, durna... Haçan gelersiň, durnam?!..” diýip samranymy Durnaň jorasynyň dogany Dursun eşidipdir-de, Durnaň ýanyna baryp: — A gyz, Perhat seni söýýän ekeni. Ol köriçegesini kesdirdi welin, geçen agşam nobatçy bolanymda adyňy tutup çalaja samraýanyny öz gulagym bilen eşitdim – diýen bolsa nätjek?!.. Durna ony maňa çekine-çekine aýtdy. Kesilen ýerim bitişip barýardy. Bu gün bolsa meni öýe goýberdiler. Haýallyk bilen hassahananyň gür baglyga bürenip oturan howlusyndan çykdym-da, günbatara – öýe tarap ýöräp ugradym. Birdenem bir zat ýadyma düşen ýaly, mawy Asmana garadym. Eý-ho, üç hatara düzülip barýan durnalary görüp, doňup galdym. Olar gykuwlaşyp gaty köp aýlandylar. Aýratyn-da, bir durna sürüden aýrylyp, kä eýläk, käte beýläk tans edýän owadan gyz ýaly birgeňsi pyrlandy. Şol durnany görübem Durnany ýatladym. Görsem, ol hassahananyň gabat garşysynda maňa seredip ýylgyryp dur... Atamyrat ÝAZWELIÝEW. | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |