12:11 Düýş gapylary / hekaýa | |
DÜÝŞ GAPYLARY
Hekaýalar
BIRINJI GAPY Zenanlar – eneler ýa aýallar – köplenç bizden nämedir bir zady tapmagy haýyş edýär. Men muny çagalykdan bilýän. Ömrümde bir gezegem maňa atam-enemiň ýa daýzalarymyň tapmagy haýyş eden zatlarynyň hiç haýsyny tapmak başartmady. Meniň muny şu günlerde-de etmäge ýagdaýym ýok. Gör, men nämeleri tapmaga synanyşdym! Ýaşyl otagdaky şkafyň otaky çekerindäki gyzyl başlygy, kakamyň burçdan birinji, goňşy köçedäki gullukdaşynyň itini, aşhanadaky pomidor geçirilýän elegi, açyk sahaply UHGS (Umumy halk gimnastikasynyň sesi) žurnalynyň münderi, Zaýeçar şäherinden agşamky otly bilen gelmeli, ejemiň garasaç jorasy Zagany demirýol menzilinden, daýymyň benewşe matajyk çolanan ýaşyl galamyny, ikinji gatdaky stoldan, maňa beýleki daýymyň tigirde garaşýan Pançewiň töweregindäki obajygyny, Serkerde Stepanyň köçesindäki dellekhanaň golaýyndaky, düwürli sary gant satyn almaly dükanymy, Misik daýyma degişli, bombalanyşykda bize düşen, täç bilen bezelen bulgurçany... Bularyň barysyny, ýene-de başga zatlaryň sansyz möçberini, şol sanda çakmakladyr kitaplar (eger-de özüm olary tekjede goýmadyk bolsam), men hiç haçanam tapmadym – olar yzsyz-tozsuz ýitdi. Meň çagalygymyň depesinde tapmadyk zatlarymyň sürüsi pyrlanýar, olar meni ýakynlarymyň nägile hüňürdisi bilen durmuşa itekläp çykardy. Häzirem haýsydyr bir zady gözläp tapyp bilmeýändigim aram-aram düýşüme girýär. Düýşümde-de düşünemok, nämäni gözleýän, ol nirde bolup biler, sypaty nähili, diňe bilýän, nämänem bolsa bir zady hökman tapaýmaly. Gerekli zady tanap bilmezligimden wehimem elheder almaklyga öwrülýär. Mysal üçin, Woždowsdaky dogduk öýüm düýşüme girýär. Işigi açarym bilen açyp, girýän, ýalňyz özüm otaglarda sergezdan, olaň ýerleşişini zordan tanaýan. Öň eşik serilýän otagda, agaç stoluň üstündäki iýmit galyndylaryny görýän. Kimdir biri üzüm bilen çörek iýipdir, ýarnalygam kindiwanja bulgurçadan rakiýa (miwe aragy) içipdir. Men özümden başga-da öýde kimdir biriniň bardygyny syzýan. Muňa aňym ýetende inim tikenekleýär-de, gitmek isleýän. Şo pille köçede ýagyş başlaýar. Ýagşyň sesi dogduk öýümde hiç haçan ýadymdan çykmaýar, emma şu wagt ol maňa nähilidir birhili salgympisint eşidilýär. Ýagmyryň ysy bolsa – otuz bäş ýyl mundan ozalky ýaly. Girelgäň açaryny agtarýan, tapyp bilemok. Belki, içerä girenimde ony nirädir bir ýere dykandyryn. Tekjelerdir çekerlerde esli döründim. Ýene syzýan, alatün gabsan öýde kimdir biri bar. Açarlara derek ak garalydan rakiýanyň ysynyň üstünden barýan. Düşünmäge dyrjaşýan, çagyrylmadyk myhman nirde gizlenýär, kim ol, haýsam bolsa bir pursatda gygyrýanam: -Eý! Bärde biri barmy? Öz gykylygyma doňňara-daş bolýan, ýogsa ilkibaşdanam bilýärdim-ä, öý boş. Eýýäm otaglaň köpüsinde hökmürowan, goýalyp barýan tümlükden gorkyma, gapyny temmelemän, açarsyz gitmegi ýüregime düwýän. Girelgäni ýapýarkam, onuň ýekedilik erkek penjegi pisintdigini, penjegiň ortaky petlesinde-de öýüň açarynyň somalyp durandygyny aňşyrýan. Bada-badam içerde, dälizde, nähilidir bir sudury saýgarýan. Aňk ahwalda o taýda zenanyň durandygy aňyma ýetýär, ýogsa men öýde erkek kişi bar diýip çaklap gelýärdim. Heýýatym göçüp penjek şekilli gapyny ýapýan welin, zenan oň aňyrsynda, içerde galýar. Ökjäni göterip barşyma, işige soňky nazary oklanymda, penjegi tanaýan. Bu meň 1971-nji ýylda satyn alnan, gara öýjükli, sary penjegim... Birmahal nirädir bir ýere ýom-ýok bolan. Dolanyp, gapyny gulplaýan, ýagny penjegi. Içindäki aýal bilen bile. IKINJI GAPY Düýşüme girýär, hamana freskadyr ikonalardan doly ybadathanada durun. Mynajat gullugy ýok, alagaraňkylyk höküm sürýär, menden başga-da ybadathanada kimdir biri bar, ýöne oň kimdigini anyk bilemok. Maňa ol gowy görünmeýär. Wagtal-wagtalam ybadathanaň serpilen gapysyndan haýsydyr bir adamlar girýär, olar barada-da maňa mälim, bizi nämedir bir zat baglanyşdyrýar – ýa olar dostlarym, ýa ýoldaşlarym, ýöne has dogrusy olar ybadathana hyzmatçylary bolmaly. Niredendir bir daşardanam olar şerap, suw getirip, ikonalardyr freskalardaky ýagşyzadalary gandyrýarlar. Käte bolsa eşidilýär, başga-da gelenler bar, olaram daşarda bir ýerde hümer durlar – belki, keşişhanaň howlusyndadyr, a belkem, ybadathanaň öňündäki meýdançadyr. Şol özgelerem aram-aram ybadathana girýärler, ýöne elleri boş, soňra bolsa ybadathanadan nähilidir birhili nämedir bir zady çykarýarlar-da (men muny öz düýşümde anyk bilýän), ybadathanaň öňüne üýşen melgunlary naharlaýarlar. Sebäbi melgunlaň özi girip bilmeýär. Şu ýerde-de birdenkä gözüme kaklyşýar, ýa ýoldaşlam, ýa kärdeşlem, ybadathanada peýda bolmaklaryny bes etdiler, diýmek, diýip oýlanýan, megerem, olary daş işikde hümerlenişip duranlar goýberýän däldirler, olar olara dolanmaga-da, ikonalary gandyrmaga-da ýol bermeýän bolarly. Men işige ýakynlap, nämäň nämedigini görmäge çalyşýan, bu maňa başartmaýar, şonda men, göwnüme bolmasa gygyrýan: -O ýerde näme bar-a? Muňa ybadathanada duran, arkamdaky nätanyş, birdenkä gaty ses bilen dillenýär: -Gygyrmaga het etme! Şol pursadam men düýşden sypyp oýanýan-da, iki zada düşünýän: birinjiden, ybadathanadaky nätanyş, melgunlary naharlaýanlar bilen, meniň ikonalara suw berýänler bilen bagly bolşum ýaly baglanyşykly, ikinjidenem men ybadathanaň gapysyndan çykyp bilmezdim, çünki bu gapy öz agzymdy. © Milorad Pawiç Milorad Pawiç, 15.10.1929 – 30.11.2009 ýyllarda ýaşan, adybelli serb kyssaçysy, şahyry hem edebiýatşynasydyr. Ol ene dilinden başga nemes, iňlis, rus, fransuz dillerini, birnäçe-de gadymy dilleri bilipdir. Onuň ilkinji çap edilen eseri – 1947-nji ýylda serb dilinde neşir edilen, A.Puşkiniň “Poltawa” poemasynyň serb wariasiýasydyr (öýkünme şekili, äheňdeş eseri). Şol poemasy bilenem M.Pawiç serb okyjylarynyň arasynda şahyr hökmünde tanalmaga başlapdyr. 1949-1953-nji ýyllarda M.Pawiç Belgradyň uniwersitetiniň filosofiýa fakultetinde okaýar. Ol soňra gazetlerde işleýär, köp sanly tankydy makalalar ýazýar, ýewropa dillerinden goşgulary terjime edýär, şol sanda A.Puşkiniň “Ýewgeniý Onegin” şygyr-romanyny serb diline geçirýär. M.Pawiç ömrüniň dürli ýyllarynda ýazylyp, neşir edilen gadymy serb edebiýatynyň, simwolizm şygyrýetiniň taryhy barada birnäçe monografiýalaryň awtorydyr. M.Pawiçe ýazyjy hökmünde meşhurlyk getiren eser onuň 1984-nji ýylda çap edilen “Hazar sözlügi” atly özboluşly bir ýarym çeper, ýarym ensiklopedik sözlük, tekst-rebus şekilinde ýazylan romanydyr. Bu roman millionlarçalyk tiraž bilen neşir edilip, dünýäniň köp dillerine geçirilen eserdir. M.Pawiçiň eserleri 80 sany dile terjime edilipdir. | |
|
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||