00:43 Düýşdäki duýuş | |
DÜÝŞDÄKI DUÝUŞ
Goşgular
Arzuwlar hüwdüläp hyýal bagrynda, Synlap Aýyň daňa bakan süýşüşin. Galamdyr depderim galyp başuçda... Görüpdim ömrümiň iň süýji düýşin. Okuw jaýymyza meňzeş ak bina, Üýşüpmişin şahyr bary çar ýandan. Ýerinden gozganyp ugranda otly, Men ýetişjek bolýan ylgap barýan-da. Otly gidip barýar kämillik sary, Ýürek gürsüldime goşup sesini. Aýnasyndan bakyp ýolagçy bary, Gitdiler, diňlemän meniň sesimi. Dargursaklyk edip ylgamasam-da, Hyýallarym agdaryldy üstüme. Birden gabadyma gelip tanyş ýüz: "Gijä galma ýola düşgün dessine. Bu ýollardan yza dänmek eýgertmez, Senem mün-de şol duran ak ulaga. Gorkma-da ýöräber kämillik sary, Garşy alar sizi Orazguly aga." Diýdi-de, gözümden ýitdi bir demde, Ýene şahyrlardan doldy duralga. Ahyrynda nesip etdi münmeklik, Kämillik dagyna eltjek ulaga. Ýoluň külpetinden eýmenmez ynsan, Düşen ýoly dogrudygna ynansa. Gidip barýas uzak ýoly nazarlap, Ýeteris menzile haçanam bolsa. Ýylgyryp oýandym täze sähere, Belki, ýolum kämil menzile gowşar. Niýetinde päklik tutan ynsanlar, Kalbyndaky arzuwlaryna duşar. Säherde görlen düýş wysal bolarmyş, Atalarmyz diýpdir: “Düýş-bu duýuş”. Maksatlaryma biten ganatym bolup, Kalba bagt eçildi täsin, süýji düýş. Annabeg AÝMAKOWA. | |
|
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |