22:30 Dyza çökmedik şahyr | |
DYZA ÇÖKMEDIK ŞAHYR
Edebi makalalar
“Men nädogrulyklar hakda ýazman diýip, barybir, hiç kimiň öňünde dyza çöküp ýalbarmaryn.” Bu sözler Annasoltan Kekilowanyň ömrüniň soňky aýlarynda ýazan hatlaryndan alyndy. Eger Türkmenistan 1991-nji ýyldan soň türkmenistanlylar üçin azat-erkin ýurt bolan bolsady, Annasoltanyň ömri we döredijiligi, şol sanda “Gargalar” goşgusy mekdep programmasyna hökman girizilerdi. Ol bu goşguda azaşan halkyň, totalitar režime ýesir düşürilen we şol ýesirlikde saklanýan adamlaryň ýagdaýyny ussatlyk bilen suratlandyryp, şeýle ýazypdy: “Azaşýan ýol tapman doňak tokaýda, Dodaklarym kepäp, ýalaýan gary. Ýüregim gananok, ýene men teşne, Gaýyp ýör depämde gara gargalar, Soraýan olardan: – Nirede çeşme?! Gargalar gygyrýar: “Gak, gak-da, gak-gak”. Göwnüme bolmasa, diýýärler olar, Gözleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok”. Ol gargalardan özüni tokaýdan ugratmagy soraýar. Şahyryň bu uly, tukat tokaýda, dury çeşmäň sowuk suwuny küýsän kalbynda ýene we ýene lowlap ot ýanýar. Bu tokaý äpet SSSR-di. Onuň gargalar diýýäni bolsa, belki-de, kömek sorap, adalat gözläp hat ýazan adamlarydy, ýokardakylardy. Soň ol şeýle netijä geldi: “Olar baha kesýär enelerine, Olar baha kesýär ene ýerine, Olar baha kesýär öz-özlerine, Olar möhür basýar öz ýüzlerine…” Annasoltan Kekilowanyň “Gargalar” goşgusy maňa köplenç, nämedendir, başga bir şahyryň, G. Ezizowyň “Gar” atly goşgusyny ýatladýar. Belki, G.Ezizow Annasoltanyň “Gargalar” goşgusyny okandyr, bilýändir, ýöne ol, şahyr hökmünde öz döwürdeşleriniň ählisinden aňryk, çuňluga giden hem bolsa, Annasoltanyň gören gargalaryny görmezlige salyp, meselä başgarak tarapdan çemeleşmegi makul bilipdir. Onuň gargalary gara gargaýar hem biz gonsak, gar garalar diýip pikir edýär we doňup galýar… Bu belli, sowet režimi Annasoltanyň Ezop dilini, öwrümi saýlap alman, gönümelligi saýlap almagyny hem öz pikirlerini açyk aýtmagyny hiç bir halatda bagyşlap biljek däldi, ýöne ony şondan soňky türkmen režimi hem, hatda “bagtyýarlyk” döwri hem bagyşlamady. “Aklym diýýär maňa: – Samsyjak gözel, Gör, ömrüňden hoşal ahyr Aý-Günem, Kaýyl bol-da bu durmuşyň emrine, Bolşuna göräräk ýaşaber senem. Ýürek diýýär: – Bolmasady hyjuwlar, Onda kyn düşmezdi beýdip gün görmek. Bolmaz ahyr hak aýdymlaň deregne Agzyňa gelenin şagladyp ýörmek.” Sada, ýöne şol döwür hem, soňra garaşsyzlyk, “altyn asyr”, “bagtyýarlyk” döwürlerinde hem köpleriň edenini, ýagny bolşuna görä ýaşamagy, “diý” diýlenini diýmegi we baýrak almagy, “agzyna geleni şaglatmagy” saýlap alanlar köp bolupdy. Annasoltanyň “günäsi” hem beýikligi şol ýoldan, şol talapdan ýüz öwürmegidi. Ol, pelsepe dili bilen aýtsak, inkär edilmegi inkär edip beýik bolupdy, tussag edilip, azat galypdy we öldürilip diri galmagyň, il hakydasynda saklanmagyň, il içindäki aňly, üşükli adamlara mertlik çelgisi bolmagyň hötdesinden gelipdi. Ol: “Göýä bir gyş güni açylan gül dek, Aňzak bilen göreş etdim, açyldym” diýip ýazypdy. Edebiýatçy M.Mämmetgurbanowyň ýazmagyna görä, Annasoltany ilki Köşüdäki keselhanada saklapdyrlar. Soňra ony Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Daşhowuzdaky, hatda Moskwadaky keselhanalara hem iberipdirler. Aýdylmagyna görä, Moskwadaky keselhana iberilmegini onuň özi talap edipdir, şol ýerde özüne goýlan ýalňyş diagnozyň aýrylmagyna kömek ediler diýen tamasy bar eken. Emma Moskwa onuň derdini has agyrlaşdyrypdyr. Has anygy, türkmen şahyrynyň syýasat bilen bagly pikirleriniň şol döwrüň ideologiýasyna o diýen gabat gelmezligi, şonuň bilen bir wagtda Moskwa tarapyndan asla makullanyp bilinmejek hereketleri onuň tä ölýänçä hasshanada saklanmagyna getiripdir. Has anygy, bütin dünýä haýbat atyp oturan ýadro ýaragly köşüli şahyr gelniň aýdan we aýtjak sözlerinden gorkupdyr. Şol gorky sebäpli hem olar ony 12 ýylda “bejerjek” bolupdyrlar, emma olara şahyry ähli sowet adamlarynyň barýan” bagtyýarlyk” ýoluna gaýtadan “salmak” başartmandyr. Annasoltan soňky demine çenli göreşipdir, ýazypdyr. Onuň ejesi Ogulgerek daýza käte gijelerini hassahananyň demir gözenekli äpişgesiniň aňyrsynda, gyzynyň gapdalynda geçiripdir. Ýöne ene bu hasrata, sag çagasynyň, “daglarbaşy” diýip söýen körpe gyzynyň hakykaty ýazany üçin “däli” edilmegine uzak çydaman, arman bilen dünýeden ötüpdir. Emma Annasoltan, adamlar biri-birine nähili biparh bolsa-da, döwlet özüni şeýle jebri-jepa sezewar etse-de, watanyna, ýurduna bolan söýgüsini hakykata bolan söýgüsi ýaly belent tutupdyr: “Maýsa kösüklände gülli sährada, günden sorasynlar meniň derdimi. Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da, Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy.” Käte şahyrlary aşa idealist, ýerden aýagyny üzen, durmuşa düşünmeýän adam hasaplaýarlar. Emma bu juda beýle hem däl. Olar öz ýagdaýlaryny hem, durmuşy hem bilýärler: “Alaç ýok. Dünýäniň gurluşy şeýle, Bar durmuşa her kimiň öz hyýaly. Kim watanyn söýýär, söýýär bilbili, Kim bolsa jan berýär gujaklap puly.” Beýik şahyrlar hut şu pully ýoldan gidip bilmeýändikleri üçin, kgbçileriň dili bilen aýdylanda “düzelmeýändikleri”, “toba etmeýändikleri” üçin jezalandyrylýarlar, olaryň pitnesi şu pul ýoluna, her kemsitmä kaýyllyk we gulçulyk ýoluna garşy durmakdan başlanýar: “Sen hiç kime namysyňy satmadyň, Muny päklik hasapladyň özüňe. Wyždan kemsidilýän şeýle mekanda Gör, näme getirdi bu päklik saňa…” Bu setirler beýik Magtymgulynyň “Bizara gelip men beýle diýardan, Jür bolup men başym alyp gitmäge” diýen sözlerini ýatladýar. Sowet režiminden sag-aman gutulan bolsa, türkmen halkynyň ilkinji dissident şahyrasy Annasoltan Kekilowa şu günler 70 ýaşyny toýlardy. Ol 1942-nji ýylyň 30-njy noýabrynda, Aşgabadyň etegindeki Köşi obasynda, şahyrlar Aman we Şaly Kekilowlaryň iň uly dogany Seýidiň maşgalasynda dünýä inipdir. Ýöne Annasoltanyň ykbaly ne uly alym bolan Aman kakasynyňka, ne-de uruşda wepat bolan Şaly kakasynyňka meňzäpdir. Annasoltan 1971-nji ýylda, 29 ýaşynda, zor bilen dälihana ýerleşdirilýär. Ol şol ýerde, dürli hassahanalarda öňli-soňly 12 ýyl saklanyp, 1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda azat edilýär, ýagny şol gün onuň jesedini garyndaşlaryna berýärler. Ol şondan öň ejesi Ogulgerek daýzanyň “Daglarbaşy” diýip söýen gyzydy; 19 ýaşynda durmuşa çykypdy, 20 ýaşynda ogly bolupdy; Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini gutaryp, ilki mekdepde, soň “Mydam taýýar” gazetinde işläpdi; “Gara saçlarym” (1968), “Zenanlar” (1971) atly goşgular kitaplary çykypdy; sözlerine birnäçe aýdym döredilipdi, terjime edilen goşgulary rus dilindäki ýygyndylara girizilipdi… Soňky 20 ýylda Türkmenistandan kän adam daşary ýurtlara ýaşamaga gitdi, olaryň arasynda döwlet işlerinde işlän adamlar hem, olaryň çagalary hem bar. Hatda daşary ýurtlarda emläk satyn alan we yzyna arkaýyn gelip-gidp ýören türkmenler hem az däl. Emma Annasoltan diňe Angliýa gitmek isländigi, şol ýurduň Moskwadaky ilçihanasyna arza bilen ýüz tutandygy üçin ilki göz astyna alyndy, soň dälihana gabaldy. Dogrusy, onuň bar “günäsi” Angliýa gitmek islemeginde hem däldi. 1990-njy ýyllaryň başynda jemgyýetçilige elýeterli bolan maglumatlardan, hususan-da Annasoltanyň “keseliniň taryhyndan” belli bolşuna görä, ol respublikanyň ýolbaşçylaryny tankytlapdyr. Şahyr Kerim Gurbannepesowda, ýalňyşmasam, “Aýal diýilýän zat ýerdäki taňry” diýen setir bar. Annasoltan bolsa, “Biz gyrnak” diýip, türkmen aýallaryna degişli başga hakykaty aýdypdy: “Biz gyrnak, Bilýäris gyrnaklygmyzy, Şoň üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz. Ine, ýüregmiziň bir böleginde Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýatyr. Gün gerekmi?! – Tümlük? Isläniň saýla! Çözmesi kyn. Elhenç… Şu jedel ýatyr. Ýüregmiziň beýleki bir bölegi Eýlenipdir sowuk garaýyşlara. Zynjyrsyz baglanan El-aýaklarmyz – Ýan bermelimişin, Gara gyşlara. Üçünji bölegi ýüreklermiziň Tutuşlygna eýlenipdir hyjuwa. Bu ýerde ýigrenç bar gyrnaklygmyza, “Baky” berilipmi gyrnaklyk bize?! Ine, ýüregmiziň soňky bölegi, Bu ýerde näm bolýar?! Semiz jenaplar… Dar kabinetlerde möhür basýarlar, Basgylap iň oňat aýdymlarmyza, Gyrnaklygmyz bilen, Baha kesýärler…” Aýal-gyzlara erkekler bilen berlen deňligiň gije-gündiz wasp edilýän ýurdunda Annasoltana çenli hiç bir şahyr beýle goşgy ýazmandy. Onuň radioda okan käbir goşgularynda “syýasy yrgalyga” ýol berenligi üçin söhbetdeşlige çagyrylp başlanmagy şu ýüreklilik, şu batyrgaýlyk, şu dogruçyllyk we gönümellik bilen baglydy. Ol dünýäde iň bagtly durmuş şertlerini döretdim diýip öwünýän döwletiň öňünde, onuň öňe sürýän, beýlekileriň boýnuna zor bilen dakýan hakykatyna ters gelýän hakykaty aýdýardy. Ol diňe goşgy ýazmak bilen hem oňmandyr, respublikada aýal-gyzlara nädogry çemeleşilýändigi barada Kompartiýanyň XXIV gurultaýyna arza hem ýazypdyr. Elebetde, diýdimzor partiýa onuň arzalarynda aýdylýan kemçilikleri düzedip ýa boýun alyp biljek däldi, onsoň bu arzalary ýazýany “düzetmelidi”. Bu hili “düzedişiň” barlagdan geçen usullarynyň biri bolsa, türmeden başga, ruhy hassahana gabamakdy. Bu başgaça pikiri, umumy kabul edilen hakykatdan başga hakykaty öňe sürýän adamyň pikirlerine il içinde şübhe döretmekde iň netijeli usul hasaplanýardy. Megerem şondan, il içinde Annasoltanyň “däliligi” barada döwlet ýalanynyň kerebinden boşanyp bilmän ýören adamlar şindem bar. Saklanyp galan dokumentler häkimiýetleriň ony hakaykatda däli hasaplamandygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, ruhy hassalykdan ejir çekýär diýip bilinýän adam jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýär. Edebiýatçy M.Mämmetgurbanowyň maglumatlaryna görä, ol 1975-nji ýylda, dälihana gabalandan birnäçe ýyl soň, SSSR Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasynyň 2-nji bolüminiň 7-nji punkty esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilipdir. Emma onuň türmä geçirilendigi barada hiç bir maglumat ýok. Tersine, wraçlaryň esasy aladasy, belki-de ýokardan berlen buýruk esasynda, Annasoltany Kompartiýa, respublikanyň ýolbaşçylary barada aýdýan zatlaryndan dändirmek, bu pikirleriň “näsagyň” ruhy hassalygy sebäpli dörändigini onuň özüne tassyklatmak bolupdyr. Onsoň, eger kemçilikleri tankytlamasa, bu onuň saglygynyň gowulaşandygynyň alamaty “hasaplanypdyr”. Annasoltan “Jebir gördüm bu diwardan aňyrda, Zulum gördüm bu diwardan aňyrda” diýip ýazypdyr. Bu oňa pikirinden, pozisiýasyndan dänmegi, “başgalar ýaly bolmagy” üçin yzygyderli basyş edilendigini görkezýär. Ol aşakdaky goşgusynda, megerem, şu basyşlara jogap bermäge çalşypdyr: “Söýemok men bu jahanda, Ýaranjaklap gün görmäni. Ýagşy görýän beýle günden, Öz ajalma jan bermäni. Niçik bolar şemal ýaly, Çar tarapa öwsüp dursam? Ýan bermeli bolar onda, Garşymda gaý-tupan görsem. Dönmerin öz pikirimden Atsalar-da ýanar oda. Ömrüm boýy hyzmat etjek “Ynsan” diýlen belent ada!” Ýöne dokumentler hassahanada geçirilen gara gijeleriň şahyra ýeňil düşmändigini, onuň wraçlaryň berýän “akyllaryny” almaga tasdan razylaşan halatlarynyň hem bolandygyny çaklamaga esas berýär. “Näsag dälilikden saplandy… dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziň partiýamyzyň, Türkmenistanyň Merkezi komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öňki pikirleriniň, syýasata baş goşup, hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy” diýip, Annasoltan Kekilowanyň “keseliniň taryhynyň” bir ýerinde aýdylýar. Emma şahyr, köp goşgusy ýiten-de bolsa, köp goşgusy içinde, dogman ölen-de bolsa, biljege, aňlajaga, düşünjege aýdyp bilipdir: “Mejalym çatmady gygyrmaga-da, Dymmakdanam ejiz gelýär ýüregim. Göýä harasat deý inip depämden, Uzatdy gap-gara ellerin ölüm.” Hawa, hakyky şahyryň ýüregi şeýle bolýar, dymmakdan ejiz gelýär; aglaba köplügiňki, döwlet tarapyndan sylanýan we götergilenýän adamlaryňky ýaly, gürlemekden, hakykaty aýtmakdan ejiz gelmeýär. Emma azatlyk, erkinlik, hak sözi aýtmak hiç wagt mugt däl, ol köplenç şol sözi aýdan adama, belki-de onuň ýakynlaryna, ogul-gyzyna, tutuş neberesine-de gymmat, gaty gymmat düşýär. Ýöne hakykaty aýdan adam, dymanlardan, rahat ýerde oturmagy saýlap alanlardan tapawutlylykda, uzak wagtlap ykrar edilmese-de, hakykatda iliň namysyna, wyždanyna öwrülýär. Sebäbi ol iliň inkär edilemgini inkär edýär. Şahyr: “Soň men öldürildim… Ölüp ýaşadym” diýýär. Hawa, ol biziň aramyzda ölüp ýaşap ýör. Käte-käte bolsa, birden öz aladalarymyz bilen aşa gümra bolup, şahyryň bize galdyran owadan goşgularyny ýatdan çykarybersek, ol “Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da, Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy” diýip, gulagymyza pyşyrdaýar. Arman, biz onuň goşgularyny ýene bir 21 ýyl kitap edip çykarmadyk. Annasoltan Kekilowanyň soňky kitaby, “Ömrüzaýa ýyldyzym” 1992-nji ýylda, “Türkmenistan” neşirýatynda çykypdy. Öňki 21 ýyla, 1971-nji ýyldan 1992-nji ýyla çenli aralyga sowet režimi günäkärdi, indiki 21- ýyla Türkmenistanda döredilen şahsyýet kulty, bir “ýazyjydan” başga ýazyja ýol berilmezligi günäkär. Hawa, sowet režiminden sag-aman gutulan bolsa, türkmen halkynyň ilkinji dissident şahyrasy Annasoltan Kekilowa şu günler 70 ýaşyny toýlardy. Bizem, şahsyýet kultuna ýolumyzy urdurmadyk bolsak, onuň kitaplaryny çykaryp, ýaşlara sowgat ederdik. Emma bularyň ikisem bolmady. Ýogsa ol, öz aýdyşy ýaly, ak güldi, ýönekeý ak güldi. Türkmenleriň Köpetdagynda açylypdy. “Suwsuzlykdan saralsa-da gül meňzim, daş güli men, aslyýetim ak meniň” diýipdi. Aşgabatly Edebiýatçy. Makalada şahyryň “Ömrüzaýa ýyldyzym” kitabyndan, şol kitaba edebiýatçy M.Mämmetgurbanow tarapyndan ýazylan sözbaşydan peýdalanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |