20:53 Eddanyň öýlenişi / hekaýa | |
EDDANYŇ ÖÝLENIŞI
Hekaýalar
Ýaşajyk Eddanyň iň uly arzuwy öýlenmek. Onuň öz jana-jan aýaly bolsa, öýüni tämiz saklap, biş-düş edip, umuman, aýal maşgala degişli işler bilen gydyrdanyp ýörse nähili gowy. Nkollonyňam gelinlik saýlasy gelýärdi. Elbetde, özi üçin däl, sebäbi Nkollo Eddanyň kakasydy, oglanyň ejesi bolsa entek diri. Erkek kişi yzyny ýöretjek ogul dogrup berip, özi bilen oňşugy ýaman däl keýwanysy dirikä, üstüne aýal almaýar. Öýüň erkek kişisi, galdyrara hiç emlägi bolmasa-da, mirasdüşer diýip ölüp-öçüp barýandyr. Hatda iň bir owunjak mör-möjegem özünden soň bu dünýäde nähilidir bir yz galdyrmak bilen meşgulka, soňky demi ähli umytlaryny öçürmezden ötri, adam ogluna-da kalbynyň töründäki bu duýga ýol arçamak mahsus. Hawa, Nkollo özüne däl, ogly üçin gelinligiň gözlegine çykdy. Ol gelin tutuş taýpamyza gatylyp-garylmalydy. Biziň obamyzda bu öňden gelýän däp: hiç bir erkek kişiniň dogan-garyndaşlary bilen geňeşmän, obanyň kethudasy goja Bilongyň maslahatyny diňlemän, ýanýoldaş babatda özbaşdak karara gelmäge haky ýokdy. Ýöne Edda şäherde, daýysy Menduaň öýünde ösüp-ulalypdy. Şäherlileriň edähedine görä, hiç kime sala salman aýalyňa diýjegiňi diýip, ony eýläk-beýläk ugradyp, isleseň mylaýym ýa-da gödek daraşyp bolýandygy bilenem öwrenişipdi. Ol her gezek çaý-nahary gijä goýanda, aýalynyň mazalyja suwuna degýän daýysyny goldaýardy. Şäherde her kes wagtyň gadyryny bilmekligi öwrenýär. Şäher iň bir çetki obadan geleniňem gözüni açýar diýip ýöne gep ugruna aýdylanok ahyry. Edda şäher durmuşynyň hezilliklerinden dadyp gördi... Dogrusy, onuň bagty getirdi! Ol käte kakasynyň halyndan habar almaga gelende, tutuş obany haýran ederdi. Geýnişi obaly deň-duşlarynyňkydan üýtgeşikdi, dünýägaraýşam ýerli ilatyňkydan düýpgöter başgaçady. Obadaşlarynyň özüne gözi gidýänini duýan Edda diňe şäherlä mahsus işi bärde-de edip bolar diýen pikirde, kakasyndan ýany bilen şähere alyp gitmek üçin özüne gelinligiň ugruna çykmagy haýyş etdi. Beýle pikir obaly ýigitleriň ýatsa-tursa küýüne-de gelmezdi, olar kakalary tä öýlenmegi teklip edýänçä sabyrlylyk bilen garaşýarlar. Iru-giç şeýle boljagy düşnüklidi. Ýöne Edda öz jylawyny garrylaryň eline bermegi samsyklyk hasaplap, günleriň bir güni öýlenmek isleýändigini ýaňzytdy. Nkollo daýynyň şäher terbiýesini alan ogluna hormaty uludy. Oglunyň ilden çykyp, bir ýyl ir, ýagny on ýedi ýaşynda öýlenmäge garşy bolubam durmajagyny bilýärdi. Indiki ýaşlar ozalkylar ýaly däl ahyry... Ýöne ataly-ogluň gelinlik saýlaýyşlarynda welin, tapawut bardy. Birine, ilkinji nobatda, taýpa abraý getirjek maşgala gerekdi, beýleki üçin bolsa — özüne. Edda gelniniň hatda öz garyndaşlary üçinem owkat bişirmeli boljakdygyny göz öňüne-de getirip bilenokdy. Her näme bolsa-da, bir karara gelindi: Edda aýally bolar. Onuň pikirine görä, öz hamrak aýaly, Nkollonyň pikirine görä bolsa, ilki bilen taýpanyň abraýyna çapjak gelin bolar. Nämeleriň gopjagyny bolsa öňdäki günler görkezmelidi. Ine, onsoň Nkollo ogluny öýermek niýetiniň bardygyny duýdurmak üçin goja Bilongyň ýanyna ugrady. Obanyň ähli erkek göbeklileri haýal etmän geňeşe çagyryldy. Olar Eddany öýermegiň şertlerini hem-de gelinligi haýsy obadan gözlemelidigini belli etmelidiler. Soňky iki ýyl bäri biz diňe ýa Afandan, ýa-da Effididen gelin edinipdiris. Biziň obamyzdan iň soňky bolup Atabi öýlenipdi, oňa-da gelni Afan obasyndan alypdyk. Baý-bow, şonda derimizi soýupdylar-a! Biz şoňa çenli hiç wagt beýle galyň töläp görmändik! Afanlylar bizde bu ýyl hasylyň bitginli bolandygyny, iki-üç sany ýigidimiziňem şäherde işleýändigini bilip, dünýäniň bar baýlygy biziň kiçijik obamyzda — Melundidedir öýden bolarly. Şol toý biziň eger-eger ýadymyzdan çykar ýaly bolmady, üstesine, bize şeýle gymmat düşen Atabiniň aýalynyň ilden üýtgeşik ýerem ýokdy. «Afanly ýasydabanlaryň bize geregi ýok!» diýip, goja Bilongyň çagyran geňeşinde aýgytly netijä geldik. Diýmek, biz «ýitigimizi» Effidi ýa Zaabat obasyndan idemelidik. Obamyzda Effididen alnan gelinler öňem bardy, özleri-de juda bir erbet maşgala-da däldiler. Gaýta, Zaabatdan obamyza düşen gelinler känbir göwnümize ýarap baranokdy. Şonda-da Edda gelinlik gözläp, Effidi obasyna sawçylyga gitmegi hiç kim oňlamady. Tebigatyňam öz kanunlary bar: mydama diňe şol bir obadan gelin edinip ýörmek halanylyp barlanok. Şeýlelik bilen, Zaabada sawçylyga gitmeli diýen karara gelindi. Bu karar, dogrusy, meniň göwnüme-hä jaý däldi, ýöne şol wagt tas hemmeler tarapyndan oňlanylan bu pikire garşy çyksam, meni it alan sanaja dönderjekdiler. Şonuň üçin sesimi çykarman, yrym edip, diňe sag elimiň başam barmagyny süýem barmagymyň üstüne goýup (işimiziň şowly bolmagy üçin), ýüzümi asmana tutup, her iş bolsa-da bähbit bolmagyny dileg etdim. Günleriň bir güni Nkollo iki sany ýaş ýigidiň öňüne düşüp, ogluna gelinlik agtarmak üçin Melundiden çykyp, Zaabada ýöneldi. Ol dolanyp gelensoň, hemmämiziň ýene-de dokuz günden Zaabada çagyryljakdygymyzy habar berdi. Zaabat golaý-goltumda däldi, oňa çenli ýüz kilometr ýol ýöremelidi. Baryň bile gelin edinmäge barýarkaň, biziň ýaly galjaň kişiler üçin ýüz kilometr dagy nämejik?! Aramyzda diňe Eddanyň özi ýokdy. Ýolboýy ol biziň üstümizden gülýän bolaýmasyn diýen pikir, teý, kellämden gitmedi. Bu şäherlileriň serinde nämeleriň gopýandygyny kim bilýär. Belki, bizi iki obanyň arasynda çapdyryp oýnasy gelýändir? Birden ol öýlenmegi goýbolsun eden bolsa bildiňmi?! Zaabada gelip, öýlenjek ýigidi görkezip bilmesek, «Ine, biziň gerçegimiz, ol şäherden geldi. Oňa mynasyp gelinlik gözläp geldik...» diýip bilmesek, masgaraçylygy onsoň görersiň. Ýaňky sözler erkek kişileriň arasynda aýagy küljümek jalbarly, bili guşakly öýlenjek ýigit barlygynda has dabaraly eşidilerdi. Arman... Zaabat obasyna ertesi gün öýlän sagat bäşlerde gelip ýetdik. Hepdäniň şenbe günüdi. Gudaçylykly gürrüň ertir — ýekşenbe güni başlanmalydy. Eger ertir işimiz şowuna bolsa, Eddanyň gelinlikli meselesi oňyn çözüläýmelidi. Ýöne bu gotur açanyň özi nirä ýitirim bolduka? Öýlenjek ýigidimiz gara berenokdy, niredediginden bolsa ne kakasynyň, ne daýysynyň, ne-de ejesiniň habary bardy. Giçlik sagat altyda, birahatlygymyz ýetjek derejesine ýeten mahaly, ýygnananlaryň hemmesini haýran edip, meýdançada ullakan ýük maşyny togtady-da, ondan göýä çuwaldan çykan ýaly bolup, Edda togalanyp düşdi. Şäherlileriň bar bolup bilişleri-dä, etjek alajyň ýok! Uzak gijäni gaty ýere ýazylan düşekçäniň üstünde gözüme çiş kakylan ýaly ikibaka togalanyp geçirdim. Zaabadyň ilaty geljekki gudalaryny myhman almak üçin şundan ibaly ýer tapyp bilmedik bolarly. Meniň tizräk olar bilen ýüzbe-ýüz bolup ajymy pürkmek üçin içimi it ýyrtyp barýardy. Onsoň-a olar myhmany nähili garşy almalydygyny bilerdilerem welin... Atylyp daş çykasym gelýärdi, ýöne külbäniň deşiklerinden düşýän Aý yşygy daň atmaga entek salym bardygyny habar berip, badymy alýardy. Ahyry jahan ýagtyldy, äpet mango agajynyň aşagyna mähelle bary üýşdi. — Gyz berersiňiz diýen umyt bilen oglumy alyp geldim — ine, ol siziň alnyňyzda. Elbetde, siz Nkollo daýynyň sesini tanan bolsaňyz gerek. — Görşüňiz ýaly, taýpadaşlarymyňam ählisi meniň bilen geldi. — Nkollo, gulak as — men batly ses bilen ýüzlendim — öý eýelerine aýtsana, goý, olar ilki bilen adam şekilli myhman garşylamagy öwrensinler. Tutuş gijäni gaty ýere taşlanan çyg düşegiň üstünde urnup geçirdim. Beýle garşylajaklaryny bilen bolsam, ogluma bambukdan ýasalan ýatalgamy ýanyňa al diýerdim. — Bujagazyň edýän gürrüňi näme? Näme, bizde ýatalga ýokdur öýdýärmikä! Şu tetelliler nireden döreýärkä? Men entek gepleşiklere başlamankak gury samana ot beräýdim öýdýän. Nkollo bu ýagdaýdan oňullyga garaşmaly däldigine düşündi, indi Eddanyň gelinligi bize iki esse gymmat düşse gerek. Düşegi sowuk ýere taşlan mahallary olar nämäniň pikirini etdilerkä?! Dogrusyny dogry aýtmaly, düşek çyg-a däldi, ýöne mende bambuk ýatalganyň bardygy-ha çyn, oglum ony göterip getirip biljekdi. Zaabatlylaryň arasynda gowur artdy. Öz adamlarynyň jylawyndan çeken obanyň kethudasy Effuda içimden alkyş baryny aýtdym. Elbetde, düşekli meseläni orta oklap biraz howlugypdym, ýöne ownuk-uşak zat üçin beýle goh-galmagal turuzmak nämä gerek?! Gepleşikler ýaňy başlandy ahyry. Ilki bilen galyňyň möçberini ylalaşmaly, soňra beýleki meselelere geçmeli. Nkollo-da şeýle pikirde bolarly, maňa tarap öwrüldi-de, ýuwaşja gürledi: — Hörpüňi peselt-de, mylaýymrak bol; bu ýyl meniň kän kakao ýygnap bilmedigimi bilýäň-ä... Men dymdym. Beýlekiler dil açdylar. Men bolsa Nkollo daýy geçen gezek Zaabada gelende bularyň haýsysyny saýladyka diýen pikir bilen oturan gyzlary birlaý synlap başladym. Olaryň arasynda juda owadanlary-da bardy, ýöne biziň taýpamyzda görmegeý aýallaryň o diýen halanyp barylmaýandygyny-da unutmaly däldiris. Olardan bize kän bimazalyk gelipdi: biziň ençeme ýigitlerimiz şolar zerarly bir-birege ýumruk salypdy; owadan aýallar sebäpli aramyza sowuklyk düşmegini indi islämzokdyk. Onsoňam owadan aýallaryň hojalygy beýlekilerden üýtgeşik ýöretmeýändiginem her kes bilýär ahyry. Garşydaşlaryň soňky hatarlarynda Zaabadyň ýetginjek oglanlary otyrdylar. Olaryň burny deşilen dek ümsüm oturyşlary, göýä «gör, biz nähili edepli!» diýýän ýalydy. Gudaçylyk gürrüňine diňe çagalar gatnaşanokdylar. — Ine, meniň oglum. Ol şäherli... kiçiliginden bäri şäherde ýaşaýar diýjek boldum. Ony hassahanada işleýän daýysy terbiýeledi. Siz haýsy-da bolsa bir gyzyňyzy ogluma berip, ony ýany bilen şähere äkitmegine razymy? — diýip, Nkollo daýy sözüni soňlady. Tüýs jüpüne düşen sözler. Eger onuň ogly-da öz pikirini şeýle aýdyň aýdyp bilýän bolsa, diýmek, olam jedelsiz akylly adamdyr. Zaabadyň erkek kişileri bir-biriniň ýüzüne ýaltaklaşdylar, hiç biri ilki söze başlamaga ýürek edip bilmedi. Olaram biziň ýaly garaýagyzdylar. Käbirleri bilini owadan guşak bilen guşapdy. Birnäçeleri tutuş göwresi bilen ak mata çolanyp, onuň iki ujuny ýeňsesinde birikdirip daňypdyr. Obanyň ýaşulusynyň elinde ökde ussanyň ýasan äpet ýelpewajy bardy. Palma ýagy çalnan ýalaňaç eginleri güneşe ýalpyldaýardy. Utanjaň, ümsümje gyzlaryň her biri öz ýagdaýyna görä geýnipdi. Olar ýüzlerindäki ýylgyryşy başga bir pursat üçin gizläp, üns bilen, agyzlaryndan ýekeje sözem gaçyrman, Nkollony diňleýärdiler. Olaryň bu asylly hereketleri meni «Edda şu obadan gelinlik gözläp ýalňyşmandyrys» diýen pikiriň üstünden eltdi. Ýöne daş keşbiň kähalat aldawa salýandygyny-da ýatdan çykarmaly däl. Birki minutdan muňa ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Ine, bir zaabatly ýerinden turdy. Bilindäki guşagyny düzedip durşuna özüne söz berlenini tekrarlamak isleýän dek obadaşlarynyň depesinden göz aýlady-da, söze başlady: — Siz ogluňyza biz obadan gelinlik gözläp gelen bolsaňyz, diýmek, bizi gowy adamlar saýýan bolmaly. Eger şeýle bolsa, bizem sizi mynasyp adamlar hökmünde kabul edýäris. Siz göräýmäge akylly-başly, edepli adamlar ýaly... Eger göwnüňize ýarajagyny bilsek, biz bir aýal doganymyzy size berip goýbermegi özümize bagt hasap ederdik. Ýöne gynansak-da, zaabatly gyzlaryň ömrylla şäherde bolmandyklaryny, şäher durmuşyndan düýbünden bihabardyklaryny boýnumyza almaly bolýarys. Siziň gelinlik gözläp biz ýaly ýabanylaryň arasyna gelşiňize haýran. — Rast aýdýarsyň — zaabatlylaryň ählisi birden dillendi. — Bular bizi äsgermejek bolýarlar. Ogluňyz şäherli bolsa bolupdyr-da, hamala, biz hiç wagt şäherli adam görmedik ýaly... Jaýdar jogap bilen bu dörän düşünişmezligi aradan aýyrmalydy. Ýogsa garşydaşyň ahmal bolsaň ýagyrnyňy ýere degirjekdi. Ýöne ogul öýerip, gyz çykaran pursatlarymyz biz bular ýalylara kän gabat gelipdik. Nkollo daýy ýagdaýy düzetmek üçin ýerinden turdy: — Siz ters düşündiňiz. Men size ýabany diýjek bolmadym. Kellämde beýle pikirem ýok. Oglum hakynda bar zady bolşy ýaly size ýetirmäge çalyşdym. Eger-de göwnüňize alan bolsaňyz, günämi ötüň. Biz bir-birimize dogan, şonuň üçin bagyşlamagy-da başarmaly. — Onda bizem öz gyzlarymyzy öwüp başlamakçy — diýip, zaabatlylaryň biri dillendi. — Olar biş-düşe ökde, kir ýuwýarlar, badat ösdürip ýetişdirýärler, hojalykçy gyzyň elinden gelmeli ählije zady başarýarlar. Siziň gyzlaryňyz olar bilen bäsleşip biljekmi? Biziň aramyzdan Abel diýip biri jogap bermek üçin ýerinden galdy: — Gürrüň o hakda däl-dä, gara dogan, o hakda däl. Biz gyz hödürlämzok, tersine, sizden bir gyz alyp bilsek, begenjimize telpegimizi göge zyňmakçy. Siziň gyzlaryňyzyň aňrybaş hojalykçydygyny bilýänimiz üçinem başga bir ýere däl-de, hut siziň obaňyza geldik ahbetin. Zaabadyň ilatynyň kütekligini diýsene, şonda-da hondanbärsi bolan bolýarlar. Olar gürrüňiň näme hakdadygyna hem düşünenoklar ahyry. Dogrudan-da, bu ýerde dawa nämä derkar? Ýöne ýere zaabatlylar hiç wagt paýhasly adamlar diýip alga alnan däl bolsalar gerek. Zaabada sütünimiz süýnüp, zordan ýetdik. Olaryň özlerini alyp barşy welin, edil beýnisini gurçuk iýen haýwanyňky ýaly. Şular bilen iş salyşmaly bolsaň, öňem hökman bir zat tapylýardy. Edda gelinlik gözläp, şu oba gitmeli diýen karara gelnende ýöne ýere geň galmandym... Olar bizi asla sylanoklar ahyry. Özlerini alyp barşy bizi kemsitjek bolmakdan başga hiç zat däl. Gaty ýere taşlanan sowuk düşekçä näme diýjek... Uzak gijäni ukusyz geçirip, ertesem güň bolup oturmaly... Şulara ýanaşmalyň diýen mahalym müň kerem mamla ekenim. — Gürrüň o hakda däl ahyry — Abel ýene ýaňky sözüni gaýtalady. — Biziň doganymyz rast aýdýar — garşydaşlaryň ýaşulusy Effudu gaýtadan söze goşuldy. Tutuş Zaabatda her näme-de bolsa, bir üşüklisi şoldy. Ol obadaşlarynyň mönlüginiň üstüni basyrjak bolup, elinden gelenini edýärdi. Effudu bolmadyk bolsa, bu alasamsyklaryň nä güne düşjegi bellidi. Ol deňiz tupanyna meňzäp başlan söhbedi köşeşdirmegi başardy. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi. Gepleşikler ýaňybir ugrugyberen ýaly boldy welin, aýallaryň biri öçüp barýan oda gaýtadan ýag damdyrdy oturyberdi. Elbetde, erkekleriň derejesinde alnyp barylýan gepleşiklere aýallaryň goşulmaga haklary ýokdy. Her niçik ýagdaý ýüze çykaýanda-da, aýallar öz pikirini aýtmak hukugyndan mahrumdy. Bu biziň ata-babalarymyzyň ýazylmadyk kanunydy, bu aýallar birden urşuň başyny başlaýmasyn diýen howatyr bilen çykarylypdy. Subutnama gerekmi? Baş üstüne! Şol ýekşenbe güni biz, erkekler, galyňyň möçberini peseltmek üçin mesawy söhbet etmegi peýlän wagtymyz, taýpamyzyň aýallary erkeklerden bidin zaabatly aýallar bilen mazalyja heňkirişmäge taýynlyk gören ekenler, bu çaknyşyk birden öz-özünden ýüze çykaýdy. Biziň aramyzdan kimdir biri garşydaş tarapyň erkekleriniň biri bilen ýaňy mylaýym gürrüňe başlan wagty, zaabatly aýallaryň biri tarsa ýerinden turdy-da, biziňkilere tarap gygyrdy: — Eý, sen, beýdip maňa alarylyp seretmäňi bes etmeseň, almytyňy alarsyň! Soňky gezek duýdurýan, soň eşitdim-eşitmedim diýme... — Seniň özüň albassy ýaly bolup gözüňi menden aýraňok, saňa hiç zat etmesemem... Alada galan erkekler birsalym ümsüm diňlediler. Aýallaryň dikleşigi bar zady aýdyň etdi — biziň azabymyz puç boldy: Eddanyň Zaabatdan gelin edinmejegi indi köre hasa. Biziň öz ýigidimize ony penjesinde saklajak derdeser alyp beresimiz gelenokdy. Diňe erkeklere gürlemäge ygtyýar berilýän geňeşde seslerine bat berýän bu zaabatly aýallar ynamdan gaçypdylar. Geň galyp oturasy işem ýokdy, şu çaka çenli Zaabatdan edinen iki-üç sany gelnimizem şulardan ibaly däldi. Ýöne oýa batyp oturmagyň wagty däldi, ýogsa iki sany tüpbozan aýalyň başyny başlan dawasyndan çetde galmagyň ahmaldy. Zaabatly aýal sesine bat berdi: — Eý, melundililer, näme, özüňizi bizden gowy hasap edýäňizmi? — Kim size bizden gowy diýdi? — Hetdiňden aşma, bärden yzyňa diri dolanmarsyň. — Menmi? Men diri dolanmarynmy? Ýagşam bir gürledi-ow! Gapdalymda ärim otyrka meň gorkýan zadym barmy... — Güldürip içimi gyrdyň-la! Wah-eý, günüňe ýanaýyn! Bu garantga serediň-le! Gatan gurbaga ýaly edip, är başyna ýapsynmy seni! Zaabatly aýal ellerini bykynyna urup, öňe ätledi. Onuň biz tarapdaky garşydaşyny äri köşeşdirmäge synanyşdy: — Göreňokmy, onuň akyly ýerinde däl, beýle aýalda ärem ýokdur, bar bolsa göze ilerdi ahyry. Ýerinden ör turan daýaw pyýada garşydaşlarymyzyň arasyndan öňe saýlandy: — Ine, men şoň äri! Nädersiň? Gürle, goý, hemmeler eşitsin! — Seniň bilen galan gürrüňim ýok — biziň obadaşymyz biperwaý söz oklady. — Aýalyma bolar-bolgusyzlar bilen gürleşjek bolup ýöremok diýdim. Bolany şol. — Men indi bolar-bolgusyz boldummy? Gulak salyň, meni bolgusyz adam hasap edýär. Doganlar, oňa alnynda duran kişiniň kimdigini aýdyň. Meniň giň meýdany tutup oturan kakao agaçlarym bar. Sende näme bar? — Meniň kakao agajym seniňkiden köp bolaýsa bildiňmi?! Eý, jemagat, meniň bilen deňli-derejeli gürleşjek bolan bolýan bu haýwana serediň-le... — Sen meni haýwana deňediňmi? Başymyza betbagtlyk getirmekçi bolýan bu baýguşa bakyň-a... — Ýöne, barybir, bu baýguş çeýnejek çöpüň däldir! Meniň palçykdan galdyrylan ullakan öýüm bar, aýalymyň saýawany bolsa, Melundidäki iň owadan saýawan. «Soňky sözi diýmese-de bolardy — diýip, men içimden pikir öwürdim — beýlebir jüpüne düşmedi öýdýän». Dogrudan-da, garşydaşyň öňünde Adel daýzanyň saýawanyndan söz açmak nämä gerekdi. Ol saýawan öz obamyzda-da köp dawa-jenjele sebäp bolupdy. Adel daýza äriniň owadan saýawan satyn alyp berenini ýene bir gaýta eşitmek üçin bize Melundiden Zaabada süýrenip gelmek hökmanmydy? Gowy ýeri, biziň öňümizde duran ýowuz garşydaşyň bujagaz ýalňyşy aňşyrmaga üşügi ýetmedi. Ol özünde bar zatlary mazamlamakdan has köp lezzet alýana meňzeşdi. — Sen şol saýawanyňam al-da, jähenneme gitsene — zaabatly batly gürledi. — Biz näme, saýawan görmedikmi? Mende plastinkaly patefonam bar... Onuň deňi dälmiş men! Seniň niräň artykmyş? Başga nämäň bar? — Meniň öýüme gülçyram yşyk berýär. Sende barmy şeýle çyra? — Baý, çypdyrýar-ow... Munuň abraýlysyran boljak bolup jan edäýşini görüň-le. Gülçyrasy barmyş... Totuguş bol-a... Mende ondanam gowy zat bar! Meniň akkordeonym bar! Sende barmy? Satyn almaga puluňam ýetmese gerek. Onda saz bir çalyp bilýämikäň! — Her näçe arrygyňy gynasaň-da, şü öwünjeňligiňe-de galarsyň. Meniň bilen deň bolup bilmersiň. Meniň tigrim bar, tigir süremde täze köwşümem geýýän. Şeýle zat seniň düýşüňe-de girýän däl bolsa gerek... Zaabadyň wekili, göýä diýere gep tapmaýan dek, biraz aljyrap dymdy. Ýöne aýaly öýüň goş-golamyny ärinden gowy bilýän bolarly, ol dessine dadyna ýetişdi. Aýaly gulagyna çawuş çakan erkek kişi göwresini dikledi: — Mende delje başgap bar — ol buýsançly gürledi — ap-akja başgap, ony diňe toý-tomguda geýýän. Şundan soňam meni öz deňiň hasap etmezmiň, sende welin depäňi ýapar ýaly düzüwli başgabam ýokdur-la! Hut şu pursada çenli ýan bermedik obadaşym lal-jim boldy. Bu onda başga ýüze tutar ýaly zadyň ýokdugyny aňladýardy. Ol ýeňlipdi. Zaabatly özüniň başgaby bilen merkini beripdi. O döwür biz dünýä siwilizasiýasyna goşulmagyň gahrymançylykly döwrüni başymyzdan geçirýärdik. Şo döwür biziňem özboluşly siwilizasiýamyzyň bardygyny mälim edip biljek batyr kişi biziň ilde tapylmandy. Ata-babalarymyz bolsa ýakyp barýan Günüň astynda başgapsyzam hiç zatdan heder etmän ýaşamagy başaran adamlar ahyry. Bu ap-ak başgaba sylag-sarpamyzam, söýgimizem bimöçber bolansoň, kakaonyň ýa kelem palmasynyň bitginli ýyly şol başgaby edinmek mümkinçiligini elden bermezdik. Ýöne deňli-derejeliligiň bu gymmatbaha alamaty hemmeler üçin elýeterli däldi. Şonuň üçinem hut häzir biziň öňümizde duran Zaabadyň abraýynyň goragçysy zor çykypdy. Elinde şeýle başgaby bolan adama, heý-de, söz diýip bolarmy?! Oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Biz şol gün yzymyza döndük. Elbetde, şol obadan Edda gelinlik tapmak hakynda-ha sözem bolup bilmez. Bu zeýilli ýerden gelin edinjek bolmak Nkollo daýynyň nämesine gerek bolduka diýip indi hemmämiz pikir edýäris. Zaabada bişow gezelenjimizden soň üç hepde geçip-geçmänkä, Edda şäherli bir gyzy yzyna tirkäp, oba geldi. Bu onuň gelinligidi. Fransis BEBEÝ, kamerunly ýazyjy. Rus dilinden terjime eden Juma MÜLKAMAN. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |