22:02 Edebiýatda täsirlenme hakynda | |
EDEBIÝATDA TÄSIRLENME HAKYNDA
Edebi makalalar
Andre Židiň eserleri öñki SSSR-de ýarym asyrdan hem köp wagtlap gadagan edilipdi. Muňa bahana hem onuñ "SSSR-den dolanyp gelmek" atly eseri boldy. Ondan režimiň tarypnamasyna garaşypdylar, ol bolsa bar zady bolşy ýaly, dogruçyl beyan edipdi. Ykdysatçy hem hukukçynyň ogly Andre Žide çagalykdan ayallar tarapyndan belli bir maksada gönükdirilen terbiýe berilýär. Andre Žid beýikleriň "dyzynda oturyp” ösüp-ulalýar. Stefan Mallarme, Oskar Uaýld, Pol Waleri dagy ýaş edebiyatçy Andre Žid üçin aladalaryny gaýgyrmaýarlar. Andre Žid şahsyýet hökmünde asyryň başyndaky fransuz jemgyýetiniň täsirinde iň erkin we plýuralistik garaýyşlarda yetişýär. Ol sungata sentimental ýol bilen, duýgy adamy hökmünde gelýär. "Ýumanite" gazetinde işleýär, Parižde meşhur antifaşistik kongresini gurnaýar, SSSR-e gelip gidýär. 1925-nji ýylda "Galp pul ýasaýjylar" atly romany bilen çepçi garaýyşlardan hemişelik arany üzýär. Urşuň başlanmagy, milli bölünişik we dönüklik, Fransiýanyň okkupirlenmegi ýazyjyny Watanyny terk etmäge mejbur edýär. Haçanda toplaryň gümmürdisi ýatanda Andre Žid ýazmagyny bes edýär. Ol ýadaýar, üstesine ynamy hem synýar. 1947-nji ýylda Nobel baýragynyň berilmegi onuň dõredijiliginiň jemleýji netijesidir. Onuň iñ meşhur eseri "Dar derwezeler" atly romany hasaplanýar. * * * (Gysgaldylyp alyndy) Adatça, oňaýly hem ýaramaz täsirler bar diýlip hasap edilýär. Ýöne meniň olary biri-birinden tapawutlandyrmak niýetim yok. Men islendik täsirlenmäniň arkasyny almak isleýärin. Men köpçülik tarapyndan halanmaýan-da bolsa, diýseň oñat täsir edýän täsirlerem bar hasap edýärin. Meniň düşünşimçe, haýsydyr bir täsir absolýut manyda gowy ýa-da erbet bolmaýar. Onuň mazmuny täsirlenýäne baglylykda üýtgäp durýar. Aýratyn hem şeýle ýaramaz kişiler bar, olara ähli zat ýaramaz täsir edýär. Tersine, käbir adamlara bolsa, āhli zat oňaýly täsirini ýetirýär. Olar üçin daşlaram bugdaý nany ýaly. Gýote: "Men Gerderiň öwretmek islän ähli zadyny açgözlülik bilen ýuwudýardym" diýýär. Gyote öz "Ýatlamalarynda" ýaşlygynda daşky dūnýāniň täsirine berlíp, islendik jandara isleýşi ýaly özüne täsir etdirendigini, netijede her bir zat bilen şeýle täsin sazlaşygyň döreýändigini tolgunmak bilen ýazýar. Ol "Bolýan ýerimiň, wagtyň, pasyllaryň üýtgemeginden jana-jan gussany başdan geçirýärdim” diýýär. Adam täsirlenmeden halas bolup bilmez. Biz her näçe gizlensegem, daşymyza nähili berk diwar aýlasagam, barybir, täsirlenme bizi tapýar. Gaýta, az boldugyça, täsirler has güýçlenýär. Iki hili täsir bolýar - adaty täsirler hem adatdan daşary täsirler. Käbir täsirlere tutuş maşgala, köpçülik, tutuş ýurt düşýär. Käbir täsirler bolsa maşgalada, şäherde, ýurtda diñe bir adama (öz islegi bilen ýa-da özi bilmezden, düşünip ýa-da düşünmän, özi saýlap alandygy ýa-da täsiriň ony saýlandygy sebäpli) ýetýär. Birinji ýagdaýda indiwiduumy umumy şekile getirmek islegi, ikinjide bolsa, tersine, şahsyýetiň özüni köpçülige garşy goýmak meýli döreýär. Adaty täsirler gutulgysyz gödek bolýar. Eger Nisşe içgiler halkyň ahlagyna, pikirlenişine örän uly tāsir edýär, mysal üçin, piwo içmegi gowy görýän nemesler çakyr içmegi halaýan fransuzlar bilen deňeşdireninde özleriniň ötgür hem göwnaçyk paýhasa eltýän ýollaryny ýapýarlar diýmedik bolsa, men iýmitiñ täsiri barada söz açmaga-da utanardym. Bu meselede uzak durmalyň. Ýöne täsirlenmeler näçe inçe boldugyça, onuň tāsir edişi hem özboluşly bolýar. Pasyllaryň, howanyň üýtgemegi köpçülige umumy täsir edýän-de bolsa, ol her kim üçin bir hili täsirlenmeleri döredýär. Yssy birini surnukdyrsa, başga birini hyjuwlandyrýar. Kite tomsuna, Şelli bolsa diñe güýzde gowy işleýän eken. Gýote Rimiň bir çetinden girende Men ahyry dünýä indim" diýipdir. Ol Italiýa gelen wagty özüne ilkinji gezek akyl ýetiren we indi ýaşap başlan ýaly duýýar. Ine, bu başga ýurduň täsiriniň aýdyň mysaly. Men haýsydyr bir kitaby okadym-da soň ony ýene öňki ýerinde tekjede goýdum. Emma bu kitapda meniň unudyp bilmeýän sözlerim bardy. Ol sözler meniň durkuma şeýle bir ornaşdy welin, olary özümden aýry saýyp bilmeýärin. Indi men ol sözleri bilmeýän wagtymdaky men däl. Goý, ol sözleri, okan kitabymy ýadymdan çykaraýyn, hatda näme okanymam unudaýyn, olar nätakyk ýadymda galan bolsun - parhy näme? Indi men, barybir, şol kitaby okanymdan öňki men bolup bilmerin. Ol sözleriň güýjüni nädip düşündirip bolar? Şol sözleriň güýji meniň özüme näbelli bolan bölegimi maña ayan etdiler. Olar maňa özümi düşündirdiler. Munuň bilen deňeşdireniňde meniň akylym bilen özleşdirýänlerimiň, huşuma agram salyp ýadymda saklap bilýänlerimiň näme ähmiýeti bar? Men beýle edip ägirt uly hazynalara eýe bolup bilerin. Emma gysganç kişi altynlaryny sandykda gizleýär, sandyk gulply bolan wagty bolsa, onuň boş boldugy. Emma biziň ýaşyryn alýan bilimlerimiz düýbünden başgaça bolýar. Ol tanamak ýaly, söýgi bilen garylana meňzeýär. Şol pursat biz yitiren garyndaşymyzy tapan ýaly duýgyny başdan geçirýäris. Rimde, Kitsiň ýalňyz hem ýönekeýje mazarynyň ýüzündäki täsin şygyrlaryny okanymda sadalyk bilen olaryň ýakymly täsirine düşdüm. Oňa durkuma ornaşmaga, näziklik bilen maña degmägä, meni tanamaga, meniň ünjülerim, iň gizlin pikirlerim bilen dogan okaşmaga ýol berdim. Bu dünýede açylmak, ýaýylmak diýen zat ýitiren garyndaşlaryňy tapmak ýaly bir zat. Indi gürrüňimiziň kyn hem çylşyrymly bölegine geldik. Söhbetimiz tebigy (eger şeýle diýip bolýan bolsa) täsirler däl-de, adam täsirleri barada gider. Şu wagta çenli täsirlenmä şahsyýetimizi baýlaşdyryjy serişde hökmünde garan ýa-da özümizdäki baýlyklary açmaga mümkinçilik döredýän jadyly taýajyk ýaly hasaplan bolsak, birden bu meselede hederlenip, gorkup (has hem şu günler şeýledigini aýratyn belläliň), ynamsyzlyk edip başlaýarys. Başga biriniň täsirini şahsymyza kast edilme, garaşsyz şah- syýetimiziň kemsidilmesi ýaly görýäris. Eger şahsyýetimiz beýle bir berk bolmasa ýa-da özümize hem beýlekilere yrga, ejiz görünse, ony ýitiräýmek gorkusy şatlygymyzy gussa öwürip, bizi yzarlap başlaýar. Öz şahsyýetimizi ýitirmek gorkusy! Edebiýatymyzda birnäçe gor- kylary mysal getirip bolar. Täzelikden gorky, yzagalaklykdan gorky, daşary ýurt dillerinden gorky we ş.m., ýöne gorkularyň içinde iň erbedi, gülkünji we iň samsygy öz şahsyýetiňi ýitirmek gorkusydyr. Bir ýaş ýazyjy maňa: "Meniň Gýotäni okamasym gelenok, sebäbi ol maňa güýçli täsir edip biler" diýdi. Islendik üýtgemäniň diňe zyýan getirip bilmegi üçin nähili ýokary kämillige ýetmek gerek. Yazyjynyň şahsyýetiniň şeýle goralýan we näzik zat bolmagynyň sebäbi onuň gymmatlydygyna akyl ýetirmekden däl-de, hemişe ony ýitirmegi howply hasaplamakdan döreýär. Niçigem bolsa boýun almaly, meşhur adamlaryň şahsyýeti belli bir derejede kemçiliklerden ybaratdyr. Tanymal adamyň keşbi aýdyň bolýar, ol hemişe kesgitli, anyk. Hatda beýik adamlaryň bärden gaýtmalary hem ony kesgitleýär. Goý, Wolter Gomere we Töwrada düşünmese düşünmesin, bu Wolteriň keşbini suratlandyrmaýarmy näme? Goý, Gýote adamlaryň iň parasatlylylarynyň biri bolup Bethowene düşünmesin. "Aý sonatasyny" çalyp berende Gýotäniň sowuk dymmagyna jany ýanan Bethowene: "Eger siz, mugallym, maňa hiç zat diýmeýän bolsaňyz, onda maňa kim düşüner?" diýdiripdir. Eýsem, bu Gyote bilen Bethoweni bir gezekde anyk görkezmeýärmi näme? Gyotäniň düşünmezligi şeýle düşündirilýär: bu küteklikden nyşan däl, gaýta tersine, başy aýlananlygyň alamaty. Islendik ägírt söýgi adatdan daşarydyr we aşygyň magşugyndan haýranlygy başga ähli gözellikleri kör edýär. Wolteriň akyla bolan söýgüsi ony nepislige sowukganly edýär. Gýotäniň Gresiýa bolan bendiligi, Mosartyň dury hem ýylgyryp duran näzikliginiň öňünde baş egmegi ony Bethoweniň gazaply hyjuwyndan gorkmaga mejbur edipdir. Megerem, islendik beýik dörediji ussat özüniň döredýän meýdançasynda şeýle bir uly ruhy ýagtylygy jemleýär welin, onuň daşyndaky ähli zat tümlükde ýaly görünýär diýip bileris. Ýöntem adam edil şunuň ters tarapy dälmi näme? Onuň hemme zada düşünýändigi hiç bir zady hyjuw bilen söýmeýänliginde. Ol tutuşlygyna kölegeler we göz gamaşdyryjy ýagtylykdan durýan doga şahsyýet bolmany üçin özünden gysga guýruk, ýasama şahsyýet döretmäge çalyşýar. Ol özüni ähli täsirlenmelerden daşda, edil lellim aşgazany diňe sanaýmaly naharlary kabul edýän hassa adam ýaly, akylyny berhizde saklaýar. Özi döredibem, aýdybam bilmese-de, ünsli bolmaly diýen ajaýyp pikire gelip, özünde hakyky ünsli diňleýji bolmak ukybyny emele getirýän şeýle adam mende ýöntemlige söýgi döredýär. Ähli kişä meňzeş bolmakdan gorkup, tapawutly boljak bolýan adamy nähili hem bolsa hokga çykarmaga (köplenç hem düşnüksiiz) mejbur edýär. Ol hokgaly häsiýetjigi şeýle bir ussatlyk bilen ýüze çykarmagy başarýar welin, şo bada özi üçin adatdan daşary möhümlige eýe bolýar. Şol sebäpden ony her edip-hesip edip ähli zadyň hasabyna çişirmäge çalyşýar. Men bir özboluşly görünjek bolýany tanýaryn onuň Ibsení okasy gelmeýär, sebäbi hem onuň aýdyşyna görä: "oňa aşa gowy düşünmekden gorkýar". Ýene biri "ene diline duýgusyny" ýitirmezlik üçin hiç haçan daşary ýurtly şahyrlary okamazlyga söz beripdir. Täsirlenmeden gorkýan we gaça durýan adamlar öz ruhlarynyň garypdygyny seslerini çykarman boýun alýarlar. Olarda hakyky täzelik açmarsyň, çünki olar özleriniň içki mazmunyny açýmaga ýol görkezýän hiç bir zada ýakynlaşmaýarlar. Olar pikirdeş akyllary gözlemegiň aladasyny etmeýärler diýen ýaly. Bu hem, megerem, beýle akyly tapmajakdylaryny syzýandyklaryndan bolsa gerek. Beýik adamyň bar aladasy ýönekeý, sada boljak bolmakdyr, hatda tebigy görünmekdir. Şekspir, Gýote, Molýer, Balzak, Tolstoý... tebigydyr. Hayran galaýmaly zat hem şeýle ýol bilen beýik adam aýan görnüp duran özboluşlylyk gazanýar. Adamlardan gaçýan, özüne bürenen adam bolsa, bolaýsa hokgaçyl, akmak, kemli bolup bilýär. Şonuň üçin akyldarlar täsirlenmeden gorkmaýarlar, gaýta, tersine, ony teşnelik bilen gözleýärler. Ol teşnelik ýaşaýşa teşnelige meňzeýär. Gýotäniň ömrüne onuň başyndan geçiren täsirleriniň taryhy diýseň bolar. Onuň ömrüniň ahyrynda Hapyzyň "Diwanlaryndan" täsirlenmesi şeýle bir güýçli bolupdyr welin, ol ömrüniň sekizinji onýyllygynda pars dilini öwrenýär we özi "Diwan" ýazýar. Gýotäni Italiýa kowan teşnelik Dantäni Fransiýa getirýär. Dante Italiýada kanagatlanman fransuz uniwersitetiniň täsirinden ganmak üçin Pariže howlugýar. Bir döwürler bir ýaş ýazyja bir sýužet salgy berdim. Göwnüme ol sýužet edil şol ýazyjy üçin döräýen ýalydy. Ýaş ýazyjynyň ondan peýdalanmaýanlygyna geň galýardym. Ol ahmyr bilen: "Wah, men sizden asla nägile däl, şol sýužeti gowy niýet bilen maña maslahat bereniňize-de düşünýän, ýöne gadyrdan dostum, Hudaýyň haky üçin, maña gaýdyp maslahat bermäň! Göz öňüne getiríň, men siziň aýdan sýužetinize özbaşdak ýetdim. Indi men näme etmeli? Ony siz maña maslahat berdiniz. Men öz güýjüm bilen şol sýužete ýetip bilmezdím diýip hemişe ünjä batar ýörerin” diýdi. Men muny özümden oýlap tapamok. Hatda esli wagt oňa düşünip hem bilmedim. Petigara özboluşly bolmazlykdan gorkýan eken. Aýdyşlaryna, Puşkin Gogola: "Meniň ýaş dostum, ýakynda akylyma bir sýužet, pikir geldi, meniň pikirimçe ajaýyp - ýöne men ondan hiç zat çykaryp biljek däl. Siz ony menden almaly, meniň göwnüme gelişine, sizi tanaýşymça, siz ondan bir zatlar edersiňiz" diýipdir. Bir zatlar! Hakykatdan-da Gogol ondan azam däl köpem, "Öli janlary" döretdi. Ol özüne meşhurlyk getiren bu eserini Puşkiniň oklan dänejiginden, kiçijik sýužetinden ýazdy. Has aňryk gitsek, çeper döredijiligiň beýik eýýamlary, bol miweli eýýamlary düýpli täsirlere sezewar bolan eýýamlardyr. Awgustyň asyrynda italýan, iňlis edebiýatlary grek edebiýatyny, fransuz renessansy bolsa antik edebiýaty özüne tutuşlygyna siňdiripdi. Ähli beýik eýýamlara, olaryň örän köp dürlüligine garamazdan, bütewülik beren güýç ony döredýän akyllaryň şol bir çeşmeddn ganandyklarydyr... Häzir bolsa biz haýsy çeşmeden içjegimizi bilmeýäris. Biz juda köp çeşmeleri şypaly hasaplaýarys. Şonuň üçin biri ondan, biri mundan içýär. Emma täsire düşüp ejizler özlerine öwünerlik sähelçejik özboluşlylyklaryny hem ýitirerler. Gaýta, gowy-da! Şeýdip döredijilik mekdepleriniň döremegine şertler emele geler. Mekdebi oňa ugur görkezýän az sanly seýrek duşýan beýik akyllar we boýun egiji, bitarap meýdany döredýän, beýikleri ýokary göterýän beýlekiler düzýär. Biz olara ilki bilen boyun bolýandyklary, seslerini çykarman, özleri hem duýman şol seýrek akyllara görä bolýandyklary üçin minnetdardyrys. Eger sof kular beýikleriň yzyna düşýân bolsalar - aýby näme! Çünki beýik akyllar olary özlerinif ýetip biljek menzillerinden has daşa äkiderler. Ýene bir bellemeli zat: täsirlenmeden gorkýanlar we ondan gaça duryanlar munuň üçin täsin görnüşde jezalandyrylýarlar: haçanda gul kimin öýkünjeňler dörese, olary täsirlenme den gorkýanlaryň arasyndan gözläberiň. Olar kesekiniň çepea döredijiligine gelşiksiz çemeleşýärler. Gorky olary eseriň daş sypatynda saklaýar. Olar eserden diňe daşky syrlary gözleýärler. Emma olar dörediji bile çuňňur we has içgin gatnaşyk. da bolýar. Beýle adamlar çeper eseriň asyl manysyna düşünmeýärler. Olar heýkeliň daş gabygyny alyp üfleşdirseň bir zatlar bolaýar öýdýarler. Çuňňur täsirlenmä teşne hakyky dörediji bolsa sungat eserini unutmaga we onuň çäginden aňyrdakylara aralaşmaga çalışýar Ol gutarnykly esere saklaýan çäk, araçäk ýaly garaýarlar. Ondan aňryk aşmak ýa-da gapdala sowulmak üçin onuň örtügini üýtgetmeli. Hakyky sungat adamy eseriň aňyrsyndan adam gözlär we ondan sapak alar. Aç-açan öýkünmek assyryn bukulyp, bildirman öykünmekden tapawutlydyr. Hakyky sungat adamy öýkünmekden gorkmandyr. Köplenç gadymkylara ýüzlenen Monten özüni gülden güle gonup ýygnanlaryny bala öwürýän arylara deňeýär. "Indi ol timýan ýa-da maýoran güli däl, ýok, bu Monten, şol hem gowy” diýýär. Ýene bir gezek nygtasym gelýär: täsir hiç zady döretmeýär, ol diñe itekleýär, oýarýar. Sungat adamy diňe öz serişdeleri bilen baş alyp çykyp bilmeýär. Pikiriň möhümligini duýmagy oňa azap berýär. Ol pikiriniň öňündäki jogapkärçiligini duýýar. Bu jogapkārçilik onuň üçin iň esasy zat bolup görünýär. Galan zatlaryň barysy gyrada galýar. Ol näme etsin? Ýeke özi! Oňa dünýäni duymak üçin bäş duýgusy azlyk edýär. Gije-gündiziň 24 sagady ýaşamak, oýlanmak, özüni açyp görkezmek üçin azlyk edýär. Ol başyna düşeniň hötdesinden gelip bilmejegini syzýar. Oña kömekçi, goldaw beren gerek. Nişse: "Beýik adam diňe öz akylynyň däl, dostlarynyň akylynyň hem eýesidir” diýýär. Dostlarynyň her biri ony duýgulary bilen üpjin etmek beýlede dursun, onuň üçin yaşayar Beýik adam öz erki bilen bolmasa-da özüni merkeze öwürýär. Ol ähli zatdan peýda gazanýar. Ol täsir edýär, beýlekiler onuñ pikirlerini durmuşa geçirýärler, onuñ deregine tejribe etmek howpuna uçraýarlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |