19:42 Eger kasam etsem... | |
EGER KASAM ETSEM...
Goşgular
![]() Kasam etsem biri dogan boljakmyş! Ine, saña gerek bolsa täzelik! - Eger häzir kasam etseñ, ant içseñ, Syr açaýyn - diýdi, bir gyz näz edip. Biri diýdi: - Bar oñatja wezipe, Kasam etseñ, maña ýaran bolmagy, - Ýene biri hödürledi täze jaý, Özem neneñsi jaý! Dört-bäş otagly. Garaz, kasam etsem, ömrüm bezejek Elimde bir ujy şöhrat kelebiñ. Ýöne kasam diýlen paýlabir ýaly, Tükeniksiz posasy däl jelebiñ. Bir gara güýç gelip äkitjek ýaly, Olar seni goýberenok ýanyndan. Seni dost-duşmandan gabanýar olar. Gabanýar çygjymak güýz şemalyndan. Ýene dost-ýar gelse, näkesem gelýär, Suwjarýar, sürünýär ol seni synap. Sen bolsa sypaýy dymyp otyrsyñ, Çagalañ buýsançly başyny sypap. Hapa düýrlän geldi-geçer tüweleý, Yrap bilmez başy belent daglary. ...Näkesler käte bir ýeñiş gazanýar, Olam - goç ýigitleñ dyman çaglary. Muhammetmyrat KÖMEKOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |