21:53 Galdy | |
Ýene didaryña düşdi nazarym,
Goşgular
Ýene-de ot-elek bu gyzma gursak. Sözläbilmän, ýöräbilmän durus biz. Kaýyl men, hiç bolman, şeýdibem dursak. Gözlerimiz mähir bilen gözleşýär, Ýüregimiz mähir bilen sözleşýär. Birden ýada düşüp geçen günlerimiz, Bu bolup durşumyz ýüregime düşýär. Senem eda bilen sowýañ ýüzüñi, Mundan artyk gynanmaly, hoş janym! Hoşlaşmaga neneñ dilim barmasyn, Gylyç ýaly keserip dur ynsabym. Hoş, meniñ dünýäde elýetmez bagtym, Hoş, bulut örtmedik günüm hem Aýym. Zeýrenmäli çapraz düşen ykbaldan, Sag-aman bar, salamat bol, humaýym! Ara wagt diýen bir diwar düşer, Ana, onsoñ unudarsyñ ählisin. Diýen sözüñ, haýyş edýän, ýatlama, Hem ýatlama şol gezekki ähdi sen. Dogrudanam, köp zatlary unutdym: Başym aýlan öñki sazym-galmady, Saña peýlän soñky sözüm-galmady. Seni saýlan on sekizim-galmady. Diñe bir zat galdy, egsilmän galdy Dag bolup ýürekde armanym galdy. Muhammetmyrat Kömekow. | |
|
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |