22:02 Akbaý / hekaýa | |
AKBAÝ
Hekaýalar
Segsen ýaşy arka atan Meretdurdy aga agşam çaý başynda telewizorda türkmen tohum itleri hakyndaky gepleşige agtyklary bilen tomaşa edip otyrdy. Kelleleri kiçiräk gazan ýaly, göwüslek, mele, goňur, ala, şar gara itleriň hersini görenlerinde agtyklarynyň: «Şü-ýä, obadaky Geldi kakamyň öküzçesinden pes däl! Şu garasy-ha Ýolbarsa-da meňzäp dur!» diýişýän sesleri ýaşulynyň keýpini göterýärdi. Haçan-da gözlerini alysa dikip, parahat çommalyp oturan ap-ak it telewizoryň ekranyny tutuşlygyna eýelände, Meretdurdy aga oňa tarap barmagyny çommaldyp: «Şü, nirede-de bolsa, Akbaýyň tohumyndan bolmaly!» diýip, agtyklarynyň şowhunyna goşulanyny özem duýman galdy. Indi çagalaryň nazary atalaryna tarap gönügipdi. Olaryň gözlerinde bilesigelijilik bardy. Olaryň ählisiniň pikirini on üç ýaşly Jennet bir ýere jemlän ýaly etdi. Ol gözlerini mekirje oýnadyp: — Ata, sen: «Men şu şäherde altmyş ýyl bäri ýaşaýan» diýipdiň-ä. Onsoň, ol sähradaky iti nädip tanap ýörsüň? — diýdi. Jennetiň bu sowaly Meretdurdy agany tas öýkeledipdi. Ol: «It hakdaky wakany, öň gürrüň bermändimmi näme?» diýjegem boldy. Ýöne näwagtdygy birbada ýadyna düşmedi. Ýüzüne gelşik berip duran ak sakgalyny eli bilen daraklady. Soňam özüne soragly nazarlaryny dikip oturan agtyklaryna mähirli garap, özüniň ýaşlyk ýyllaryndan bir parçany gürrüň bermäge başlady… — Balalarym, meniň çagalygym obada geçdi. Orta mekdebi tamamlanymdan soň ýaňy daýhançylyk edip başlapdym. Şol ýyl gyş agyr geldi, onsoň çopanlara kömekleşer ýaly oba ýaşlarynyň birnäçesini sähra ugratdylar. Menem şolaryň biridim. Obadan günortanlar ýola düşen ýük maşyny bizi ymgyr Garagum sährasyndaky daýhan birleşigimize bölünip berlen öri meýdanlarynyň merkezi saýylýan Ballyguýa getirip düşürdi. Agşam guýuçylaryň jaýynda geçirenimizden soň, ertesi irden bizi çopan goşlaryna paýlap ugradylar. Tegelek ýüzli, sakgaly ýaňy çalaryp ugran daýaw bir ýaşuly ýanyma geldi-de: — Inim, sen Welmuhammediň ogly bolsaň gerek? — diýdi. Men baş atamsoň ol: «Sen meň ýanymda bolaý» diýip, galyň garyň üstünde çöküp oturan düýä tarap ýöredi. Menem yzyna düşdüm. Obada eşek, at münüp ýörsemem, heniz düýä münüp görmändim. Şonuň üçin düýe aýak üstüne galanda biraz gorkdumam. Soňam tä goşa barýançak iki elim bilen howutdan berk ýapyşyp oturdym. Sahyt aga goşa ýetip, düýäni çökerenden, üç sany dürli reňkdäki itler ýanymyza geldi. Sahy aga bakyp, gülüm-ýalym etselerem, maňa bakanlarynda: «Ýanyňda çopan bolaýýar, bolmasa, senjagaz-a tüýt-müýt ederdik» diýýän hyrsyz gözleri uçganaklap durdy. Men baş çopanyň ýanyndan aýrylman, özümi derrew çalmara atdym. Onýança daşardan biriniň ýognas sesi eşidildi: — Sahyt aga, nätdiň, çoluk getirip bildiňmi? Sahyt aga: — Çolug-a däl, çolugyň ýerini tutup biljek bir goç ýigit getirdim — diýdi. Men onuň sözüne monça boldum. Ol ýene: — Obamyzyň gaýraky böleginden, Welmuhammediň ogly Meretdurdy — diýdi. Otuz ýaşlaryndaky deşlek pyýada çalmaryň agzyna gelende salam berdim. Ol agraslyk bilen: — Waleýkim welin, sen çopançylyk kanunyny bozupsyň. Ilki bilen-ä çalmara baş çopandan öň giripsiň. Girmäge hukuk gazanmak üçinem ilkinji gezek işlemäge gelen adam baş çopan çalmarda otyrka, çalmaryň sag tarapyndan başlap, daşyndan üç gezek aýlanmaly, her gezek çalmaryň agzyna ýeteňde-de: «Essalawmaleýkim, çopan aga!» diýip, baş egip salam bermeli. Hany, tur ýeriňden — diýdi. Men ýerimden gobsunan badyma, çaýly taňkany ýaňy öňüne alan Sahyt aganyň: — Hä-häýt, Çerkez, seň garagollygyň galman geçjeg-ow! — diýmesi meni rahatlandyrdy. …Garaňky düşmänkä agşam naharyny edindik. Sahyt aga mallardan habar tutmak üçin agyla tarap gitdi. Çerkez bolsa itlere ýal taýýarlaýardy. Men onuň çalasyn hereket- lerine haýran galdym. Ol sähel wagtda dört jamy ýaldan doldurdy-da, maňa ýüzlendi: — Ertirden başlap şu işleri sen etmeli borsuň. Häzirem aryp gelen myhman ýaly bolup oturma-da, bar, itlere ýal eltip gel! — diýdi. Men her elime bir tabak alyp ug- ramda, ol ýene-de teýeneli sözlerini suňşuryp goýberdi: — Tabaklary öňlerinde goýdugyň, yzyňa ylgap gaýtgyn, ýogsa olar ýaglyja ýeriňden bir çorbalyk alyp galarlar. Bu gezek itler ýüzüme-de seretmän, ýallaryny iýmek bilen boldular. Yzyma gaýdanymda, ylgamasam-da çalt ýöräp gaýtdym. Ýene elime iki tabak alyp çykamda, bir goñur it ylgap geldi. Ýöne ikinji tabaga eýe çykan tapylmady. Meniň: «Al, al!» diýip gygyranym-da netije bermedi. Yzyma elim tabakly gaýdyp gelenimi gören Çerkez ýylgyryp: — Näme, ony özüň iýjek bolýaňmy? Ýaňy naharlananymyzda gowy doýmaly ekeniň-dä — diýende, men daýhanlaryň diliniňem çopanlaryňkydan pes däldigini ýaňzydyp: — Obada gürrüň eşidipdim. «Sährada gyş günleri iýen naharyň tiz siňýär» diýip, onda-da siz ýaly daýaw adamlaryň iýeni. Onsoň siz gije-girimde ajygyp oýansaňyz taýýarjak nahar bor diýip, yzyna getiräýdim — diýdim. Ol gözi ýaşarýança hezil edip güldi, soňam: — Meret han, sen şu pursatdan çopanlaň hataryna goşuldyň hasap edäý. Ýöne Akbaýyň nesibesini özüne eltip ber — diýdi. Men daşaryk elimi salgap: — Şo ýerde üç itden başga Akbaýam ýok, Gökbaýam — diýemde, Çerkez: — Hol, aňyrky sazagyň düýbünde çommalyp oturan ak zady görýäňmi? Ana, şoň ýanyna tabagy eltip gaýt, onsoň arkaýyn çaý içiber! — diýdi. Ünsli seretsem, dogrudanam, sazagyň aşagynda reňki ap-ak gar ýaly äpet bir go- ýun iti, bir zatdan öýkeläp aňyrsyna bakyp oturan ýalydy. Onuň gymyldaman oturyşy heýkele çalymdaşdy. Men ony Çerkez obadan geljek oglanlaryň üstünden gülmek üçin gardan ýasandyr öýtdüm. Näme kän, doňup ýatan galyň gar kän. Her näme-de bolsa, men häzir ýumuş oglany, Çerkeziň buýrugyny ýerine ýetiräýmelidim. Tabagy alyp, «heýkeliň» ýanyna bardym. «Al, Akbaý, al!» diýip, çekinjeň gygyrdym. Ses-seda, gymyldy ýok. «Çerkez meni oýnapdyr-ow» diýip, öýkeli yzyma gaýtdym. Çalmaryň agzyna ýetemde, ýüregim bir zat syzan ýaly, hyrra yzyma öwrülip, «heýkele» tarap seretsem, ol boýnuny uzadyp, «şalk-şalk» edip, ýalyny iýip durdy. Şonuň bilenem Çerkeze bolan öýkäm ýazyldy, ýöne Akbaýyň çakdanaşa ulumsylygynyň näme üçindigine hiç düşünip bilemokdym. Günler haýal geçýän ýaly bolsa-da, eýýäm fewral ortalaberipdi. Goýunlar guzlap başlapdy. Şonuň bilen birlikde, guzularyň näzijek seslerini eşitmek, gurap samana öwrülen otlaryň üstüni basyp, kem-kemden gök otlaryň ýokary galşyny, umuman, tebigatyň täzelenişini görmek göwnümi göterýärdi. Ýöne bu täsinlik ýene bir ýumşy egnime ýükledi. Ojar ýygmakdan, gömme nan bişirmekden, itleri ýallamakdan daşary, indi guzulary ýygnamagam meniň borjumdy. Ýigrimä golaý guza niýetlenen körpeç her gün dola ýakyn bolýardy. Ertir irdenem olary brezentden tikilen uly horjuna salyp, düýä ýükläp, guýynyň ýanyndaky guzy kabul edilýän ýere tabşyryp gaýdýardym… Bir gün ikindinaralar itlere ýal berjek bolanymda, olaryň arasynda Akbaý görne- nokdy. Men Sahyt aga ýüzlenip: — Ýaşuly, Akabaý menden öýkeläýdimikä, görnenok-la?— diýemde, ol: — Birki sany bogaz goýun süriň yzyna eýgeribilmän galandyr, Akbaý şolara garawulçylyk çekýändir — diýdi. Dogrudanam, garaňky mazaly gatlyşansoň, goluň bir çetinden Akbaýyň: «Haw-haw, haw-haw» edýän ýognasdan parahat sesi eşidildi. Men Aždar bilen Goňurjany ýanyma alyp. Akbaýyň ýalyny öňünde goýup gaýtdym. Hakyky goýun itleriň nähili batyr ýürekli bolýandygyna indi düşünip ugradym. …Çünki gije düýp goşdan daşda garawulçylyk çekmek her bir itiň başarjak işi däldi. Men şol howsalamy Sahyt aga aýdamda, ol ýylgyrdy-da: — Sährada möjekden başga gorkuly zat ýok. Akbaýyň bar ýerine-de möjek gelip bilmez — diýdi. Guzy tabşyrmak möwsümi tamamlanypdy. Sahyt aga bir hepdelik dynç almaga gidipdi. Goýunlary Çerkez bakýardy. Käte maňa-da gezek ýetýärdi. Bir günem ol ag- şamaralar goýunlary meýdandan sürüp getirip, agyla saldy. Çalmara tarap gaýdanda, onuň ýylgyryp gelşinden keýpiniň kökdügini, maňa-da bir henek taýýarlandygyny aňdym. Ol çopan taýagyny ýere oklady-da: — Meret han, sen bir gijelik baş çopan bolaýsaň, başararmykaň? — diýdi. Men indi onuň degişmeleri kinaýaly henekleri bilen öwrenişip gidipdim. Oňa özüçeräk jogap berip bilseň-ä hasam keýpi göterilýärdi. Şonuň üçinem men: — Ýok, men başarman, eger sen baş çopanyň, orunbasaryň, çolugyň — üçüsiniň wezipesini bilelikde berseň başararyn — diýdim. Ol hezil edip güldi, soňam: — Al, inim, şol wezipeleriň hemmesini saňa bagyş edýän. Özüm bolsa, häzir guýa gidýän, goňşy çopanlardan eşitdim, kino getiripdirler. Gije birçene baranson, oýlugymy egnime atyp, agyla bardym. Elimdäki birki döwüm çöregi görenden, nançy goýunlaryň biri ýanyma geldi. Men jübimdäki ýarym gulaç ýaly inçe ýüpi çykaryp, bir ujuny goýnuň boýnundan, bir ujunam çep bilegime daňyp, goýunlaryň arasynda gyşardym. Bir müňe golaý goýnuň ykbalynyň bir gijelik bolsa-da özüme ynanylýandygyna monça bolup, pikirlenip ýatyryn. Agylyň daşyndaky goýun itler, hasam gapdalymda gäwüş gaýtaryp ýatan nançy goýun öz-özüme bolan ynamymy arşa göterýärdi. Çünki nançy goýun irden süri ören mahaly, men ýatyp ga- laýsam, ol öň aýaklary bilen kellämi gazalap, meni hökman oýaraýmalydy. Galan işler özüme baglydy. Süýji arzuwlaryň sallançagynda nädip uklanymam bilmän galypdyryn. Ertesi gözümi açsam agylda sürem, itlerem ýok. Diňe nançy goýun şol öňki ýatan ýerinde, hiç zat bolmadyk ýaly, arkaýyn gäwüşäp ýatyr. Goşarymdaky ýüpi çözüp, eňdim süriniň gözlegine. Men yz çalyp barşyma: «Çerkeziň irden gelmänligem gowy bolaýdy, ýogsa üstümden gülüp hezil ederdi» diýip oýlanýardym.Ýöne meni başga bir howsala gaplap aldy. «Goýunlar başga bir çopanyň sürüsine baryp goşulaýan bolsa, şonda näderin?»… Ylgap diýen ýaly garşydaky depä çykamda, bu howsalam hasam artdy. Süri görnenokdy. Ýene bir gol aşyp, indiki alaňa ýakynlaşamda, Akbaýyň üýrýän sesi eşidildi. Ýüregim biraz ynjaldy. Alaňa ykyn seredemde, goýunlar parahat otlaşyp ýördüler. Gapdalynda bolsa beýleki itler aýlanyşyp ýördi. Men begenjime baryp Akbaýy garsa gujaklasym geldi. Emma onuň agras sypatyna gözüm düşende: «Berekella, Akbaý!» diýip oňaýdym. Ol az wagtlyk ýüzüme dikanlap seretdi. Men munuň garaýşynda: «Bu ýerde meni öwer ýaly näme bar? Men öz borjumy berjaý edýän» diýen manyny aňdym… …Goýunlardan guzy almak möwsümi tamamlanandan soň, obadan gelen kömekçi oglanlaryň menden özgesi öýlerine gaýdypdy. Sahyt aga maňa: «Inim, çoluk tapýançam, sen gaýrat et-de, ýene bir aý goýun bakyş» diýip haýyş edende, men razylaşypdym. Men guýudan suw getirmek üçin çelekleri düýä ýükläp, ýola düşdüm. Guýa sesýetim galanda, sürüsini suwa ýakmak üçin nobata duran bir çopanyň goşun- dan iki sany daýaw it maňa tarap çasly üýrüp gaýtdy. Men öz ýanymdan: «Be, goýun itleriň arasynda-da alasamsygragy bar eken-ow. Ýogsa çöl içinde hol aňyrdan barýan düýeli adama itleň topulmagy görlen zatmydyr?!» diýip, geňirgendim hemem ätiýaç- dan tommaýly taýagymy ele aldym. Itler taýagatymlyk ara gelenlerinde, men olaryň haýbat atmalarynyň sebäbine düşünip galdym, nireden çykanyny bilemok, bir ýerden Akbaý olara tarap atylyp gitdi. Baran badyna-da, birini döşi bilen kakyp ýykdy, ikinjinem aljyradyp barýardy. Şol pursatda üçüňji bir item aňyrdan bat alyp gaýtdy. Ilkinji ýykylanam ýerinden turup, Akbaýa topuldy. Men rejäniň gowy däldigini aňyp, gyssagly düýämi çökerdim. Elime taýagymy alyp, Akbaýa kömege eňdim. «Söweş» uzaga çekmedi. Akbaý ikimiz üç iti-de gaçyp gitmäge mejbur etdik. Men goşa gelip, Sahyt aga bolan wakany gürrüň berdim. Şonda ol: — Bä, inim, sen muň möjek bilen darkaş guranyny gören bolsadyň, onda onuň şu günki gaýduwsyzlygyny geň görüp durmazdyň. Indi üç ýyldyr, meň sürime möjek aralaşyp bilenok. Möjek örän mekir hem «akyly gözünde» diýilýän haýwan. Ol bir awunan ýerine ikinji gezek köwlenenok — diýdi. Soňam ýaşuly, hol, aňyrda ýaýlany synlap oturan Akbaýa tarap elini uzadyp sözüni buýsançly dowam etdi. — Muny heniz güjükkä Begje çopana bir semiz goýun berip alypdym. Inim, çopan üçin türkmeniň tohum itiniň belli bahasy ýokdur, ed-dil şumat biri gelip: «Sahyt, Akbaýy berseň, deregine bir köşekli düýe bereýin» diýse-de, bermen. «Satlyk itiňi daşdan gözle!» diýip kowaryn — diýip, Akbaýyň mertebesini hasam belende göterdi. …Iýun aýynyň aýaklarydy. Gün dogup, näçe ýokary galsa, sähranyň howasam şonça gyzmak bilendi. Kejebämi daraldýan zat yssy howur däldi, şu ýyl ýokary okuw mekde- bine okuwa synanyşyp görmek niýetim puja çykyp barýardy. Şonuň üçinem, käteler gözýetimden aňyrsy asman bilen sepleşip gidýän Garagumuň bu çäksiz giňişligem göwnüme dar görünýärdi. Ýöne Sahyt aganyň wagtal-wagtal: «Permäň aýtmagyna görä, basym çolugam-a gelmeli. Öz-ä gowy ýigitmiş» diýip ýatlap durmasy, göwnüme teselli berýärdi. Ahyry bir gün fermanyň müdiri geldi, ýany bilen çolugam. Menem goşdakylar bilen hoşlaşyp, ýola düşdüm. Gumak ýolda ýük maşyny haýal ýörese-de, Ballyguýudan ep-esli saýlanypdyk. Sürüji: — Bu nämäň alamatyka? Bir it üýrüp, gapdalymyzdan galman gelýär. Bu ýakynda çopan goşam-a ýok — diýdi. Bir zady duýan ýaly maşyny saklamagy haýyş etdim. Boýnumy uzadyp seretsem, ol — Akbaý. Maşyndan böküp düşen badyma Akbaý gelip gujagyma doldy. Onuň maňa bolan mähribanlygyndan ýüregim ezilip gitdi, gözüme ýaş aýlananyny özümem duýman galdym. Men onuň akylly gözlerinden: «Sen menden öýkelän-ä dälsiň-dä?! Ýedi aý bile bolubam hoşlaşman gaýdybermek bormy?!» diýen many çykardym. Onuň boýnundan gujakladym-da: «Heý sendenem öýkeläp bormy, men seni hiç wagt unutman! Bar, Akbaý, goşa gaýt! Seni Sahyt aga gözleýändir» diýdim. Ol meniň diýýänlerine düşündi we yzyna göwünli-göwünsiz dolandy. Gidip barýarka-da wagtal-wagtal maňa tarap seredýärdi. Menem gadyrly dostum bilen hoşlaşýan ýaly, tä ol gözden ýitýänçä, elimi galgadyp durdum. Diňe şondan soň maşyna mündüm… …Meretdurdy aga: — Balalam, Akbaý hakdaky gürrüňim-ä şu ýerde tamamlanýar — diýenden, agtyklary onuň üstüne sowal baryny ýagdyrdylar: — Akbaý dagyny siz naharlaýan ekeniňiz. Bu, möjekdir tilkileri kim naharlaýarka? — Ojar agajyň miwesi nähili? — Gyşyna sowuk bolanokmy? — Ata, sährada kömelek köpmi?.. Meretdurdy aga gözündäki äýnegini süpürişdirip oturyşyna: — Balalam, siziň bu soraglaryňyza ýene bir gün has giňişleýin jogap bererin — diýip, basyrylgy duran çäýnege elini ýetirdi. Taýýarlan: Maral KÖMEKOWA. | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |