23:35 Goja dagym | |
GOJA DAGYM
Goşgular
Geçse-de yz-yza pasyllar aşyp, Başyñ gizläp ýatyr kyrkçilläñ gary. A men eýýäm bahar bilen hoşlaşyp, Gujak açyp barýan tomusa sary. Eşdeñokmy, owsun atýan birgiden Deñizleñ, derýalañ şat güwwüldisin, Alañokmy, dünýämizi ýigdelden Elwan piýalaly gülleriñ ysyn. Silksene garyñy günüñ howruna, Goşul şatlygyma, gojaman dagym! Diýsem, agras güwleýäñ öz ugruña; "Bolanok, bolanok gojalan çagyñ". Beýle bolsa öt günäsin oglanyñ, Ol indi geñlemez başyñ gardygyn. ...Baharyñ, bu tomsuñ gadry bir başga Görseñ bu ýerlerde gyşyñ bardygyn. Muhammetmyrat KÖMEKOW. | |
|
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |