10:07 Ejeme hat | |
EJEME HAT
Goşgular
Didäme siňdirip didäň nuruny, "Sag aman bar" diýip salaňsoň ýola, Ak pataňda ýitirmedim ugrumy, Dilegleriň ýetirendir wysala. Meň üçin tiz geçer talyp ýyllarym, Bilýärin, seň üçin ömre barabar. Diýersiň elmydam: "Neneň günleriň, Ýat ýerlerde habardarrak bolawer". Eje, töweregim däl maňa del il, Ynjydanok howpam abanyp, meni. Sen gama batmaga edinme delil, Deň-duş gyzlarymdan gabanyp meni. Düşünýärin, kalbyň tapanok karar, Gursagyňda aladalar gör, nije. Ynan, men öňkümden ulaldym biraz, Bu ýylam doldurdym ýene bir müçe. Çagadyryn seniň gözüňde häli, Gama batma hemme saglyk, salamat. Ak pataňy alyp, düşülen ýoly, Men hemişe hasaplaýan keramat. © Dañatar GALPAKOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||