14:18 Goja göwni | |
Dañatar GALPAKOW
Goşgular
Goja göwni "...gowşapdyr gojanyň saly..." Atajan Annaberdi Adam bolup ýaşap ýöris dünýäde, Çekip ýöris azabynam, derdinem. Kaýyl gaýgy-gama, ähli bir zada, Kerweniň ýüki dek dolýar gerdenem. Şonda-da pişämiz ýaşamak bilen, Dünýäniň mährinden doýup bilemzok. Ömür geçip barýar lagşamak bilen, Emma welin muňa ünsem beremzok. Özümize uly -kiçi diýemzok, Göwün bolsa bir kiçijek çaga deý. Ene-ata bolanmyzam duýamzok, Bolup ýörüs çagamyza aga deý. Geçip barýaň seýilgähiň deňinden, Ýüz-gözümiz ýaş ýigit dek gülüp dur. Juwan gyzlar geçip barýar öňüňden, Kelläň göçüp söz gatasyň gelip dur. Utanda ur onsoň kelläňi daşa, Öýdüp ýör ol, şo-ol ýigitlik döwrümiz. Golaýlanam bolsa gartaşan ýaşa, Soňky pursatdygyn duýmaz göwnümiz. Garrylyk ýer aldy iki eginden, Bu babatda pikir ýokdur seriňde. Aýrylasyň gelmez aýnaň öňünden, Depäňde saçyň ýok, darak eliňde. Eýe bolduk agtyk söýme bagtyna, Serimizde weli ýaşlyk döwrümiz. "Ata" -diýip ýüzlenende agtyga Gatyrganyp, gaty görýär göwnümiz. 2013 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |