23:20 Ene hakda ýüz setir | |
ENE HAKDA ÝÜZ SETIR
Goşgular
Gözüm açdym-mährem keşbiňi gördüm, Gujagyň ýylsyna doýmadym hijem. Ilki meni bu ýaşaýşa getirdiň, Dünýä bilen tanyşdyrdyň, jan ejem, Köňlümiň köşgünde soltan, han ejem. Güni güne sepläp guwandyň maňa, Hüwdüläp geçirdiň, meger, her gijäň. Dişlerimi sanap atan her daňa Arzuw bilen bakan mähriban ejem, Arzuwly ýüregi giň umman ejem. Begendirdim seni ilki emekläp Ellerimden tutup, ätdirdiň ýörjen Ak süýdüňden berip ulaltdyň, ekläp, Men saňa bergidar mähriban ejem, Mähriň ne serhedi,çägi bar ejem. Ak mekdebe gadam basamda weli, Ugradyp öýmüzden tä mekdebe çen. Her güni mekdepden gelemde meni On bir ýyl gül ýüzli garşylan ejem, Ömre bagt, şatlyk bagyşlan ejem. Tirkeşip yzyňda gezerdim käbäm, Seret-le aradan şunça ýyl geçen. Gör, bu gün gyzyňam saňa boý deňäp Asyl boýdaş bolup gitdik-le ejem, Kän synagdan bile ötdük-le ejem. Durmuş mekdebinden kän sapak berdiň, Dürdäne pikirleň gyzyldyr merjen. Mydam senden tälim alyp ýörerdim, Şol sebäp durmuşda bagtly men ejem, Şu günlere ýetdim büdremän ejem. Begenipdiň hatda özümden beter, Talyp bolup işläninde bagt bijäm Geçip gitdi ýyllar durna deý hatar, Ýoluma intizar garaşyp ejem, Bahar deý ömrüme ýaraşyk ejem. Durmuşa atardyň didäňi ýaşlap, Ugratdyň öýüňden ýeke erkejäň. Agtygyň bagryňa beremde buşlap, Bagtymdan ýüregi ynjalan ejem, Şol bagtdan kuwwat,güýç alan ejem. Gör-le muny,asyl nadanlygymy Gör, nämeler bolup meniň güýmenjäm. Şunça yhlas eden gadyrdanymy, Asla duýmandyryn, bagyşla, ejem, Karzym üzmändirin, bagyşla, ejem. Bir seretsem kütelipdir dideleň, Ukysyz geçiren gijeleň üçin. Kiçelipsiň,epilipdir biliňem, Bary meň üçinmi, aýtsana, eje, Medet ber, bagryňa bassana, eje. Gasyn tutup owadan,gül meňiziň, Ýyllar ak gyrawyn saçyna seçen. Bagyşla, ejemjan, kemakyl gyzyň Öňüňde borjumy üzmänim üçin, Meni kynçylyga dözmänim ejem. Göwnüňem çöken deý ýalydy göýä, Jeren gözleň şol öňküsi diňeje. Düşünýän hemmäni garradýar dünýä, Saňa garramaga ir dälmi,eje, Her derde dermanym, sen däri,eje! Asla düşünmäni çeken jebriňi, Gezipdirin gomparylyp özümçe. Öz-özümden şu günlere ýeten dek, Umytlaryňy puç etdimmi, jan eje, Öz dünýämden ýat etdimmi, jan eje. Erkeläp söýgüläp diýerdiň mydam, “Sensiň ýaşamaga umyt, ýekejäm”. Bolsam-da durmuşda saňa bir mydar, Kalba söýeg bolup bilmedim, ejem, Sözlerin ne aňdym, diňledim, ejem. Ýok, söýýärin seni janymdan eziz, Durmuşyma manym, hazyna, genjim. Ýöne bu barada aýtman ýeke söz, Sarpaňy ýürekde sakladym, eje, Ýok,beren süýdüňi akladym, eje. Birçene barypdyr meniň ýaşymam, Ýöne sen göwnüňe öňki körpejäň. Idäp, käýäp, gaýtalap şol bolşuňy, Aladamy edip otyrsyň, ejem, Çaga deý bagryňda ýatyrsyň, ejem. Seň baryňda bagt duýdum hemişe, Mähir berip bilmez hiç kişi sençe. Senden ylham alyp gidýän her işe, Öwgüleriňe monça bolýan, jan eje, Göwnüm bir gez arşa galýar, jan eje Baky deý bolsaňda gitdiň ahyra, Boşap galdy,öýmüz tördäki keçe. Ymtylyp gözleýän her ýerden seni, Mähriňe zar galan çagaň men, eje, Gadryňy giç aňan balaň men, eje. Gussadan, hasratdan çöken didelem, Käýin biraz,gel-de gyzyňy tije. Eýýämden intizar mähriň idelen, Sensizlik has beter möwjeýär gije. Meger, bu bir erbet düýşdür-le, eje. Seniň yzyň yzlap, ýöräp ýodadan Ezizligni duýdum bu obaň, köçäň. Hasratlarym çykdy, meger, kadadan Agyr degýär juda sensizlik, eje, Durmuş durdy juda sessizlik, eje... Annabeg AÝMAKOWA. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.09.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |