11:14 Ene hakynda hekaýat | |
ENE HAKYNDA HEKAÝAT
Hekaýalar
(Öz eneme hem seniň eneňe bagyşlaýaryn.) Eller. Özümi bilelim bäri, ejem kolhozda çopan bolup işleýärdi. Mallary iýmlemek üçin ýygýan otunyň, garýan tirtiniň derdinden, ejemiň elleri garalýardy, jaýrylýardy. Ýazlyk bugdaý ekmek üçin sürlen meýdan ýaly çylgaw-çylgaw bolar durardy. Bir gezek men kiýewli dostlarymy ejemiň ýanyna myhmançylyga çagyrdym. Olary dogduk obamda örän dabaraly garşy alasym geldi, hatda ejemiň elleriniň garamtyl çylgawlaryny hem ýuwmaga girişdim. Dyzymyň üstünde ýyly suwly mis legeni goýdum-da, ejemiň ellerini sabynlap, sürteç bilen ýuwmaga başladym. —Sürtäbem oturma, oglum! Biderek ýere jan çekýäň. Bular kir däl ahyryn. Güne garalan. Indi bular ömürbaky aýrylmaz. Goý, bolşy ýaly dursun. Ýa-da sen dostlaryň öňünde meniň ellerimden utanýarmyň? Birhili boldum. Onuň mähriban ellerini ogşadym. Bizi eklemek üçin garalan elleri bagryma basdym. Ýalňyzlyk. Kakam aradan çykandan bäri bir ýyl töweregi geçipdi. Bir gün öýümize şol töweregiň belli orakçysy Grigoriý daýy geldi. Ol ejeme buýtar-suýtarsyz şeý diýdi: —Tanýa, bu gol doly çagany ýeke özüň eýgermersiň. Menem ýanyňa kömekçi al, çagalary iki bolup terbiýeläli. Ejem sesini çykarman köp oýlanyp oturdy. Soňra hemmämize maslahat saldy. Soňra uly doganlarym çaga gömelteýligi bilen gös-göni şeý diýdiler: —Daýy, siz gidiň! Eje, senem biziň gaýgymyzy etme, biziň özümizem ösüp, uly adam bolarys. “Grigoriý daýyny maşgalamyzyň hataryna goşalyň” diýip, ejem gijäniň bir wagtyna çenli töwella etdi. Töwellasyny almadyk! Şol günüň ertesem uruş başlandy... Grigoriý daýy fronta ugrap barýarka, biziň öýümize sowuldy. —Gaýrat et Tatýana... Dolanyp gelýänçäm, çagalaryň ullakan bolar, hemme zada düşünerler... Biziň obamyzdan urşa gidenleriň dört ýüz ýigrimisi dolanyp gelmedi. Grigoriý daýy hem... Şondan ýigrimi ýyl geçenden soň, ejem bize şeý diýdi: —Görýäňizmi, balalam, nähili boldy?! Siziň-ä öýleneniňiz öýlenip, äre çykanyňyzam äre çykyp, höwürtgäňizi taşlap gitdiňiz. Meniňem ýeke özüm gugaryp galdym. “Çagalar diňe özüni bilýär, eneler bolsa hemişe çagalary üçin ýaşaýar” diýip, il-gün dogry aýdýar-la... Towşanyň çöregi. Igliligimiň derdinden, çagalykda çörekden doýanym ýadyma düşenok. Faşistleriň ýöriş edýän wagtlary gyş-a gyş welin, ýaz aýlary hem gaty açdyk. Ejem işe gitjek bolanda herimiziň elimize bir döwümjik çörek bererdi. Özüniň işe göterinýän çöregi bolsa bize berýänindenem azdyr. Ol giç agşam işden ýadaw dolanyp gelerdi. Akja düwünçegini çözüp ýaglygynyň arasyndan bir döwüm çörek çykarardy-da: —Al, guzym! Bu çöregi saňa towşan iberdi— diýerdi. Meniň biçak ynanýan bu ertekimiň syry bir gün aýan boldy: uly doganym böwrüme dürtdi-de, ýuwaşja şeý diýdi: —Ejem-ä öz paýyny iýmän saňa getirip berýär. Senem towşan iberendir öýdüp... Ýuwutjak bolup oturan çöregim bokurdagyma tegek boldy. Boýurganyp aglaýardym, hemem çöregi towşanyň iberýändigine ynanasym gelýärdi... Içmek. “Okuwymy gutaraýsam, saňa bir owadan, gymmatbaha içmek alyp bererin” diýip, ejeme wada beripdim. Beren wadamda tapylýançam, köp ýyllar geçdi. Ejem içmegi geýip, aýnanyň öňüne bardy-da, göýä özüni tanamaýan ýaly uzak wagtlap keşbine seredip durdy. Belki, şol pursatda onuň ýeňil düşmedik durmuşy göz öňüne gelip geçendir? Ýaşajykka üç sany gyzly dula äre baranyny, oňa dört ogul dogrup berenini, adamsynyň demirýolda pajygaly ýagdaýda aradan çykanyny, ýalňyz özüniň gol doly çagany ese-boýa getirenini ýatlandyr. Hemmesi adam boldy, iň körpesi bolsa, ynha, biçak owadan içmek getirip beripdir... Ol aýna hasam golaý süýşdi, içmekli duranyň şol owadan aýaldygyny tanandyr-da: gözlerine ýaş aýlandy. — Oglum, indi men muny geýip ýyrtmaga ýetişmen! — Ýene telimsini geýip ýyrtarsyň, eje... — Diýibem oturma, ýetişmen... Şunuň ýaly seýrek geljek bolsaň, görüşsek bir ýa iki görşeris onsoňam meniň günüm batar... Özüni saklap bilmedi, aglady. Owadan agyr içmek ýuwaşlyk bilen onuň horja eginlerinden syrylyp, meniň elime gaçdy. Nikolaý MAŞENKO Terjime eden: Ahmet Gurbannepesow "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |