20:36 Ene / hekaýa | |
ENE
Hekaýalar
“Dünýäniň iň bagtly adamy ejedir” diýýärler. Eger şeýle bolsa, onda olaryň arasynda iň bagtlysy meniň enem bolsa gerek. Özüňiz pikir edip görüň: onuň dünýä inderen üç oglundan we bir gyzyndan ýaýran nesillerden kiçijik oba emele geljek. Hemmesiniň hem garny dok, eşigi bitin. Meniň kakam Kosembaý – enemiň nowbahar ogly. Ol daýhan birleşiginde baş hasapçy bolup işleýär, diýmek, wezipesi boýunça hem, ýaşy boýunça hem, iki esse hormatlanylmaga hakly. Enemiň ortanjy ogly Asembaýyň käri çopançylyk. Sergilere ýa-da maslahatlara gatnaşmak üçin, ony häli-şindi paýtagta iberip durlar. Maşgalanyň üçünji ogly Ýeselbaýyň hem işi şowuna, ol aspiranturany tamamlady, etrap merkezinde örän jogapkärli wezipede işläp, dissertasiýa ýazýar. Bir söz bilen aýdylanda, enem ogullaryny il hataryna goşupdyr. Siz: “Onuň gyzynyň ýagdaýy nähili?” diýip soraýarsyňyzmy? Maržapiýa maşgalanyň körpesi bolansoň, hemme ýerde bolşy ýaly, ejesidir doganlary ony juda läliksiredipdirler. Ol şazadanyň gyzy deý hülli-hülli saklanansoň, bir söz-hä az, iki söz hem köp diýilýän bolup ýetişipdir. Maržapiýa henize-bu güne çenli: “Meniň ähli zada hakym bardyr, adamlar diňe meniň üçin ýaşaýandyrlar” diýip pikir edýär. Enemiň bolsa gyzyny şol elejiredip ýörşi. Ol golaýda Maržapiýany telli-pelli bir ýigide däl-de, eýsem, biziň obamyzyň iň görmegeý ýigidine durmuşa çykardy. Enem çagalary dünýä inende, olary sag-aman ulaldyp, öýli-işikli edip, agtyjaklary gujagyna almagy arzuwlapdyr. Wagty gelende, enemiň arzuwy hasyl bolup, perzentleri ony oglanjyklardyr gyzjagazlar bilen begendirip başlapdyrlar. Enem indi ilkinji çowlugyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Diýmek, indi ony begendirmek nowbahar agtygy bolan meniň paýyma düşýär. Meniň şu ýyl on ýedi ýaşym doldy. Bu ýaş, özüňiz düşünýänsiňiz, öýli-işikli bolardan heniz bärräk. Dogrymy aýtsam-ha, biziň obamyzda meniň göwnümden turaýjak gyz hem ýok. Ýöne enemiň öz hasap-hesibi bar. Ol bir gün goňşy aýal bilen gümür-ýamyr edişip otyrdy. Men hem bir gyrada durdum. Enem: - Ženisbekime owadan gelin tapsak, çowlujaga gözüm düşse, maňa başga hiç zat gerek däl – diýdi. Goňşy aýal: “Bu enesiniň tamasyny ödärden heniz ýaş dälmi näme?” diýen manyda gözlerini tegeläp, meniň ýüzüme seretdi. Men oňaýsyz ýagdaýa düşdüm, birhili gülkimem tutýar, ýöne, hamala, hiç zada düşünmeýän ýaly, sesimi çykarmadym. Diňe: “Enem, meniň mähriban enem! Beýle gyssanma, wagty geler, sen meniň gelnimi-de, körpe agtygyň Ýesetiň gelnini-de görersiň. Bir däl, ençeme çowluk daşyňa aýlanar. Ine, onsoň ýuwluk küýsäp ugrarsyň!” diýip içimi gepledýärdim. Ol bary-ýogy altmyş üç ýaşy arka atyp, hereketi hem ýaş aýalyňky deý ýeňil, çakgan bolansoň, göwnüme eneme öňde uzak-uzak ýyllar garaşýan ýalydy. Enem bolsa agtygynyň içki pikirini aňýan ýaly, bir gezek goňşy aýalyň ýanynda: - Meniň içime bir jyn-ha urdy, häli-şindi sanjyp azar berýär. Ähli zat Allanyň emri bilendir! Onuň kime näçe ýaş eçilendigini özünden başga biljek bolmaz. Ýüregine düşübersem, gaýgy-hasraty, günäsi ýetik ýagty jahandan äkider-de, ynjalar – diýdi. Enem soňky wagtlar Ezraýylyň gelerine çyndan taýýarlanyp ugrady, onybolmalysy ýaly, bezenip-beslenip, mert garşylamak isleýär. Onuň gara reňk bilen reňklenen sandygynda entek egne geýimedik mahmal gursakçalar el ýetirilerine garaşyp ýatyrlar. Ýaşylyny kakam, goňuryny Asembaý sowgat beripdiler, asman reňklisini bolsa üçünji ogly Ýeselbaý şäherden getiripdi. Maržapiýa-da agalaryndan kem galmandy: ejesine gara mahmaldan gursakça tikipdi. Enem aram-aram olara hoşroý ysly gülüň guradylan gunçasyny owradyp seperdi, soňra ýene sandygyň düýbünde gizlärdi. Ýüpekdir atlazdan tikilen köýnekleri bolsa ýogalan güni tabydynyň üstüne oklanmagy üçin aýap saklaýardy. Olaryň sanynyň näçedigini özi hem bilýändir öýdemok. Eger paýlasaň, megerem, obamyzyň kempirleriniň hemmesine ýetse gerek. Häzir bolsa eneme ýagty jahanda ýaşamaga ygtyýar berlipdi, onuň egninde arzan matadan tikilen köýnekdir kakamyň könelişen penjegi bardy. Enem haçan görseň hojalygyň aladasy bilen tigirlenip ýörendir. Myhmançylyga barsa-da, aýaklaryny uzadyp, arkaýyn oturjak gümany ýokdyr: ony eýtmeli, muny beýtmeli... Ýasawyň şeýle bolsa, arassa köýnek nämä gerek? Meniň kakam hakda: “Gowy işgär bolsa-da, öz öýünde şondan ýaramaz hojalykçy tapylmaz” diýýärler. Ugrunda bar şol aýdylýany. Arabalara ýükläp odun getirer, göräýmäge köp ýalydyr, ýöne bir aý geçerem weli, peje oklara zat ýokdyr. Bizde – gazaklarda kakama meňzeş adamlara degişli: “Peje agaç deregine aýagyňy sokubermeli” diýen aýtgy ýörgünli. Ine, onsoň, ýene enem gaýrata galmaly bolýardy. - Ženizbek – diýip, ol maňa ýüzlenýär. – Hany, aty araba goşaly, balam! Men onuň görkezmesini göwünjeň ýerine ýetirýärin. Ikimiz garry agta aty araba goşýarys-da, ýola düşýäris. Mallaryň sürlen ýerinden tezek ýygnaýarys, kätmen bilen tuwulgalaryňdaşyna geçýäris, orak bilen dürli çemen ösümliklerini-de ýygnaýarys. Yzymyza dolanyp gelýäris. Enem Asembaýyň öýüne gidip, atam möwritinden galan tikin maşynyň başyna geçer. Ýaşaryp duran gözlerini süzüp, gijäniň ýaryna çenli onuň çagalarynyň könelişen eşiklerini ýamap-bejerip oturar. Enemiň ortanjy oglunyň bir süri çagasy bardy, olar uzynly gün ylgaşyp, gerek-gerekmejek ýerlere burunlaryny sokuşyp, “ýakamy goýber-de, saçymdan tutma” bolşup ýörseler, heý, egin-eşik çydarmy? Üçünji ogly Ýeselbaýyň öýünde eneme başga işler garaşardy. Onuň işikden ätläni hem şoldur weli, derrew eli uly hojalyk torbaly daşary çykyp, etrap merkezindäki dukanlara aýlanardy. Haýsy dukana barsa-da, binobat sokjaryljak gümany ýokdur, nobat bellänje ýerinde ses-üýnsüzje durandyr. Hemişe bolşy ýaly, Maržapiýa-da agalaryndan kem galmazlyga çalşardy. Ol soňky wagtlar bize ýygy-ýygydan gelýär. “Agraýak halyma maňa öýüň işleri agyr düşýär. Ejemiň kömegi maňa häzir has-da zerur. Şonuň üçin hem, sag-aman gaýgydan çykýançam, ejem bizde ýaşasa gowy boljak” diýip, bir aýdanyny on gaýtalaýar. Eger men enemiň ýerine bolsam, beýle ýüregedüşgünç durmuşdan bireýýäm baş alyp gaçardym. “Eje, ýetişeweri!”, “Eje pylan işi senden başga oňarjak ýok!” – ne oturdýarlar, ne ýatyrýarlar. Ýöne gününi çagalardyragtyklary üçin hozanaklap geçirse-de, göwnüme bolmasa, eneme başga hili ykbal gerek däl ýaly. Dünýäniň ähli eneleriniň ýasawy şeýle bolaýmasyn?! Gazaklar şeýle adamlar hakda: “Öýüň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören” diýýärler. Men bir gezek enemiň: “Eý, Allam, owalda-ahyrda ýekeje arzuwym bardyr: ömrümiň ahyryna çenli özgeleriň däl-de, öz çagalarymyň guly bolup ýaşamak isleýändirin!” diýenini öz gulagym bilen eşitdim. Alla hem onuň islegini kabul eýleýär: haçan görseň, aýak üstünde. Enemiň ýadajak gümany ýok, ýüz-gözünden nur ýagdyryp, ol öýden beýleki öýe ylgaşlap ýörendir. Onuň güýji nireden alýandygyna men-ä haýran! Enem kämahal tukatlanybam gezýär. Ol özüniň nesilleriniň hemişe agzybir, asuda ýaşamaklaryny isleýär. Ýöne nesilleriň gatnaşygy çylşyrymly, öz hasap-hesiplri bar, şu ýagdaý hem enemiň ýüregini agyrdýar. Ynha, onuň agtyklary azzatda-mazzat bolşup başladylar. Olaryň oturanlary ýerlerinden turdular, ejize arka durup, güýçlä höre-köşe etdiler. Sabyr käsesi dolan enem ýüzüni asmana tutup: “Eý, Allam! Eý, Allam! Sen näme üçin meni şu biri-biri bilen gemrişýän ordanyň içinde ýaşamaga mejbur edýärsiň? Meni şulardan halas et!” diýip, gussaly halda seslenýär. Şeýle pursatlarda onuň ýüzüniň ýygyrdy has-da köpelýär. Ol gaýgy-hasratdan ýaňa kiçelip, ýumruk ýalyjak bolaýýar. Şonda meniň enemiň aýagyna ýykylyp, hut özümiň berýän ezýetlerim üçin ötünç sorasym gelýär. Kalbymda: “Enem, dogrudanam, bagtlymyka?” diýen şübhe döreýär. Enem meni kiçijikligimden beýlekilerden ileri tutýar. Bu, megerem, meniň nowbahar agtygydygym üçin şeýle bolsa gerek. Näme üçindigini bilemok, enem maňa ähli syrlaryny ynanýar. Ikiçäk oturan mahalymyz ol ir dul galyp, çülpe çagalary bilen başyndan geçiren agyr günleri barada gürrüň berýär. Men onuň mertligine, adamlara bolan ynamyna, hormatyna geň galýaryn . Soňy gelmez işden ýaňa gatap giden ellerine gözüm düşende, ony öňküden has artyk söýýärin, “Enem, mähriban enem, eger meniň elimden gelsedi, saňa ýüpek köýnek geýdirip, iň görnükli ýerde oturdardym! Oturjak ýeriň ýumşajyk bolar ýaly, düşegi dört eplärdim! Gaýgy-hasratdyr aladany golaýyňa getirmezdim!” diýip içimi gepledýärin. Onuň duýgur ýöregi meniň pikirlerimi aňýar, kiçijik, guran eli bilen kellämi sypalap: - Asembaýy görüp gaýdaly. Sag-aman otyrmyka? Belki, kömek gerekdir. Aýaly gowşak, syrkaw... Öýüň işleri agyr düşýändir – diýýär. Ol tomus tutuş bir aýlap Asembaýyň öýünde ýaşady, soňra ýene biziň ýanymyza geldi. Enem horlanýardy, gözleri içine gidipdi. Göwnüme bolmasa, ol aram-aram ýüreginiň urgusyny ogryn diňläp, uludan dem alýan ýalydy. Ýöne enemiň saglygyndan zeýrenenini eşiden ýokdy, hojalygyň aladasy bilen gydyrdanyp ýördi. Bir gün gijara enem, men hem-de kiçijik gyz jigim üçimiz öýde otyrdyk. Maržapiýa geldi. Hamala, ýangyn bolan ýaly, demi-demine ýetenok. Köýneginiň ýeňleri çermelen, eli hamyrly, öňlügi una bulaşan. Maržapiýanyň öýünde bir betbagtçylyk ýüze çykandyr öýdüp howatyrlandyk. Ol haşlap durşuna: - Eje, meniň öňräjikden bäri gülli matadan köýnek tikinmek isläp ýörendigimi sen bilýärsiň, şeýle dälmi? Onuň maňa gowy gelişjekdigini aňýaryn – diýdi. Biz gulagymyz gapylan ýaly bolup oturdyk. Näme diýjegimizi bilemzokdyk. Ol aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: - Ýaňy hamyr ýugrup otyrkam, şeýle matanyň gelnejemde bardygy güpbe ýadyma düşäýdi. Haýran galaýmaly! Bize özümize gelmäge pursat bermän, Maržapiýa yşgabyy açdy-da, haýsydyr bir düwünçegi goltugyna gysyp, gelşi ýaly tüweleýläp çykyp gitdi. - Başga biriniň zadyna el uraýdymy? Wah, sen ýeňilkelle diýsäni! Älem-jahanyň ähli gowy zady diňe özi üçindir öýdýär. Elejiredipdirin sen gyzy, öte elejiredipdirin – diýip, enem başyny ýaýkap hüňürdedi. Basym ejem işden geldi. Agşamlyk naharyny edinip bolanymyzdan soňra: - Düýn men köýneklik mata satyn aldym. Ýöne nähili biçüwde tikdirjegimi bilemok. Häzir ony size görkezeýin – diýip, eneme ýüzlendi. Ol yşgabyy, çemodanlary, ýorgan-düşekleri gyzyl dörjük etdi. – Men ony nirede goýdumkam? – diýip, aljyraňňy seslendi. – Siz gören-hä dälsiňiz-dä, enesi? - Ýok, men-ä görmedim – diýip, enem jogap gaýtardy. Onuň bolup oturyşyna ýüregiň awaýardy: gözlerini nirede gizlejegini bilenok, ýygrylyp, bir gysym boldy. Men köýneklik matanyň nirededigini, elbetde, aýdyp biljekdim, ýöne sesimi çykarmazlygy makul bildim. Kiçijik gyz jigim ähli zady bulaşdyrdy oturyberdi. Ol häliden bäri höwes bilen alma gemrip oturansoň, hiç zada üns bermeýän ýalydy. Bolýan zady gör-ä: edil şol pursatda alma gutardy-da, şeýtanjyk aýasy bilen agzyny süpürip: - Ony Maýža apam oguýlady. Goltugyna salyp, öýleýine alyp gitdi. Men göýdüm – diýdi. Başlandy! Ejemiň ýüzi öýkeden çuw ak boldy, gözleri tegelendi. Ellerini bykynyna urup, Maržapiýanyň “tarypyny ýetirip” ugrady. Men dünýä inip, ejemiň agzyndan beýle ajy sözleriň çykandygyny heniz eşitmändim. Birneme özüne gelen enem görgüli ony köşeşdirmek isledi. Hamala, üýtgeşik bir zat bolmadyk ýaly: - Rahatlan, mähribanym. Bir bölek esgi üçin özüňi beýle horlama! – diýip, parahat äheňde aýtdy. Ejem derrew ýigrenjini oňa gönükdirdi. Ellerini bykynyna urup durşuna, eneme çagalarydyr agtyklary üçin gyjalat berip başlady. Olaryň ejeme edýän ýamanlyklarynyň hemmesine enem günäkärmişin! - Seniň tohumyňdan ýaňa men ne il ýaly iýip bilýärin, ne-de il ýaly geýip bilýärin – diýip, ejem eneme gygyrdy. - Isleseň, men mahmal köýnegimi saňa bereýin. - Men, näme, gedaýmy? Meniň öz köýnegimi geýesim gelýär. Ejem kemsidilen halda başyny aşak goýberdi. Enem gaýdyp sesini çykarmady, depesine ýumruklanýan ýaly, kellesini galdyrman, çugutdyryp otyrdy. Soňra ýygrylypjyk öz düşegine geçdi. Men uzak wagtlap uklap bilmedim, onuň: “He-e-e-eý!” diýip, uludan dem alşyny eşidip ýatyrdym. Eneme hemmelere ýaranmak kyn düşýärdi. Ol birini ileri tutup, biriniň döşünden itenokdy. Hemmämizi söýýändigi hem-de hemmämize haýpynyň gelýändigi üçin saklanyp bilmän aglardy. Sessiz aglardy. Muny haçan aňandygymy açyk aýdyp biljek däl. Diňe garaňky otaga seredip ýatyşyma men enemiň aglaýandygyna düşünerdim. Ol irden özüni öýde hiç zat bolmadyk ýaly alyp bardy. Ilki mal agyldan tezek ýygnady. Soňra tabada köke bişirdi, günortanlyk naharyny taýýarlady. Adatça bolşy ýaly: - Ženisbek, aty goş. Tuwulga getirmäge gideli – diýip, maňa ýüzlendi. Men enem bilen bileje oduna gitmegi örän gowy göremsoň, haýal-ýagallyk etmän, aty goşdum, kätmenleri araba okladym, eneme araba münmäge kömek etdim. Onsoň ikimiz özümiziň nobatdaky ýönekeýje „ekspedisiýamyza“ ugradyk. At tumşugyny iki ýana ýaýkalap, guýrugyny bulaýlap, maýdalyna ýöräp barýardy. Ol bizi tuwulgalaryň köp ýerine – Çuň jar diýlip atlandyrylýan ýere alyp barýardy. Enem ikimiz ondan-mundan gep urup, ýol kesýärdik. Bu pursat meniň üçin aýratyn ýakymlydy, sebäbi enem meni öz deň-duşy saýyp, bir görseň-ä, gizlin syrlaryny ýaýýardy, bir görseň hem, maslahat berýärdi. Aramyzda ýarym asyr ýaşyň ýatandygyna garamazdan, menden maslahat soramagy-ha has hem göwnümi göterýärdi. Biz tomsuň iň bir jöwzaly güni ýola çykypdyk. Gün şeýle bir ýakyp-ýandyryp barýardy weli, hä diýmän damarlardaky gan gaýnap ugrajak ýalydy. Sähranyň janly-jandarlary günüň ýiti şöhlesinden, gyzgyn ýelden başlaryny gutarmak üçin, dumly-duşa pytrapdylar. Diňe demini agyr alsa-da, at janawer ykbalyna kaýyl bolup, ýol söküp barýardy. Enem ikimiz arabada ýasama saýawanyň eteginde oturdyk. Ol bizi Günüň şöhlesinden gorapbilenokdy, ýöne men yssy hakda pikir edemokdym, sebäbi enemiň ýaşlyk döwründe tuwulga ýygmak üçin Çuň jara gidişi hakdaky ýatlamasyny diňleýärdim. - Holha, şol ýerde, daşyň aňyrsynda ot ýakardyk – diýip, ol gamçy bilen Çuň jaryň birneme eteginde somalyp çykyp duran äpet daşy görkezdi. – Tuwalgalary ýakardyk... Çagalar ýumruk ýalyjakdylar. Seniň kakaň Kosembaý on bir ýaşyndady... Asembaýyň sekiz ýaşy dolupdy. Hawa, sekiz ýaşyndany balam... Ýeselbaýa bolsa ýaňy aýak bitipdi. Öýde goýup gaýdar ýaly adam ýokdy. Ine, onsoň nirä gitsem, biri arkamdadyr, beýlekiler gapdalymdadyr. Olary gözümiň görýän ýerinde oturdardym-da, kätmen bilen tuwulgalaryň daşyna geçerdim... Men ol wagtlar arabany tuwulgadan mas ýüklemegiň hötdesinden gelerdim. Diňe çydamly, gujurly ýigitler bolaýmasa, olaryň telli-pellisiniň meniň bilen bäsleşip biljegi ýokdy. Erkek kişiler: “Bazilýa,sen bu dünýä diňe tuwulga ýygmak üçin gelen dälsiň-dä, hernä?” diýşerdiler... Enem gürrüň berip, men diňläp, ahyry Çuň jara ýetdik. Aty goşdan aýryp, meýdana goýberdik. Herimiz bir kätmen aldyk-da, ýapgyt daga dyrmaşyp ugradyk. Ol ýerde tuwulga köpdi. Men öňdedim, enem yzdady. Enem kätmenine direnip gelşine, çalaja haşlap: - Bu owadan agaçlara seretsene! Ösüpdirler!.. Men bularyň tohumlaryny köwländiris, zat goýan däldiris diýip howatyrlanypdym. Hudaýa şükür, beýle däl eken – diýdi. Ýapgyt dagda gyrymsy agaç, dogrudanam, adam boýuna ýetiberipdir. Özleri hem öňüni gabalap durlar – geçibilseň, geç-dä! Her biriniň şahasy gamçynyň sapy ýaly ýogynlykda. Agaçlaryň her düýbi – bir arka odun. Ýöne goparjak bolsaň weli... Men olary ilki göremde, dogrymy aýtsam, çekinmänem durmaym. Enem bolsa eýläp-beýläk nazar aýlady-da, maňa buýruk berdi: - Balam, gel, şu ýerden başlaly. Biz öňler näderdik diýsene: men şol tarapdan girerdim, ýatan ýeri ýagty bolsun, Zarkom bärde durardy, Isabaý hem beýlede kätmen urardy. Häzir padyman bolup ýören ýaşuly-da... Öňler basan ýerinden ot çykarýan ýigitdi... Ženis jan, meniň kätmenim ýeňil ýaly. Gel, ikimiz kätmenimizi çalşaly, gara gözüm. Enem meniň gözümiň alnynda ýigdelen ýaly bolaýdy: ýüzi gülüp dur, keýpi kök, ýazylan dodaklarynyň aňyrsyndan saralyp gowşasalar-da, entek abat dişleri görünýär. Enem hakyky agaç kesiji ýaly eliniň aýasyna tüýkürdi, kätmeni iki eli bilen ýokary galdyrdy-da, zarp bilen agajyň düýbüne urdy. Soňra ýene, ýene... Tuwulga agajy her urga jygyldap jogap gaýtarýardy. Enem göz açyp-ýumasy salymda bir arka odun ýygdy. Ýöne oňa köp güýç sarp etdi. Ol ýadap otuň üstünde oturdy. - Dynç al, balam, dynç al. Özüňe köp zor salma – diýip, ýüzlendi. Ýogsam men entek kän urgy hem etmändim. Gizläp nädeýin; men enemiň şeýle diýerine garaşamsoň, derrew onuň ýanynda çökdüm. Ol içi aýranly meşigiň agzyny çözdi, her owurtdan lezzet alyp, birneme içdi-de, soňra maňa uzatdy. Aýran guran bokurdagymy öňki kaddyna getirdi. Enem mähirli gözlerini güldürip, meniň aýran içişime syn edýärdi, ýaglygynyň burçy bilen agzymy süpürýärdi. - Ene, birneme uklap dem-dynjyňy alaýsaň nädýär? – diýip, men meşigiyzyna uzadanymda oňa ýüzlendim. - Aýdýanyň näme, guzujygym! Meniň güýjüm sizdedir. Siziň sanyňyz bolsa, gör, näçe! Heý-de, ukyň tutarmy? – diýip, enem güldi. Biz ýerimizden turduk, ýene kätmene el ýetirdik. Enem hyjuwly işleýärdi. Megerem, ýokary galyp, aşak inip duran kätmen oňa lezzet berýän bolsa gerek. Nämedir bir zat ýadyna düşdi öýdýän, enemiň ýüzi birden endişeli göründi, hereketi hem öz ýeňilligini ýitirdi. Ol ahyrsoňy kätmeni ýere goýberdi-de, zeýrenip ugrady: - Asembaý seniň kakaňdan öýkeläpdir. “Meniň Kosembaýyň ýüzüni göresim gelenok” diýýär. Kosembaýyň nämüçin şol it oglunyň deregine gol çekip, onuň pul sylagyny alandygyna men-ä düşünýän däldirin. Asembaý meniň ýanyma ylgaşlap geldi, “Ogluň edip ýören işinden habaryň barmy? Yssy diýemok, sowuk diýemok, elim taýakly mal yzynda aýlanyp ýörün. Sylagy näme üçin salkyn jaýda oturan almaly? Häziriň özünde başlyga baryp, onuň üstünden arz etjek” diýdi. Tapýan gepine seret! Menem: “Dogan dogana gynanan-gyssanan ýerinde direg, saýa bolmaly dälmidir? Süýtdeş doganyň üstünden arz etmäge utanjak dälmi?“diýip ýüzünden aldym. Asembaý: “Meniň deregime gol çekip, sylagy özüniň aljakdygyny öňünden duýdurmaly eken-dä” diýip hüňürdedi... “Sen näme üçin duýdurman, haýyş etmän, iniň sylagyny özüň alypsyň?” diýip, Kosembaýdan soradym. “Men onuň beýle gahar-gazaba münjegini näbileýin? Soňra gaýtarjagym belli ahyry, gyssagly gerek bolansoň...” diýip jogap gaýtardy. Müýnüm bardyr öýdenok... Men şular agzybirje ýaşasynlar diýip, ine-gana dem-dynç alamok. Otursam-tursam, agzybirligiň ähli zatdan zerurdygyny gaýtalap ýörün. Olar bolsa... Sähel zat üçin ýeňselerini tüňňerdişip ýörler... Ýeri, Maržapiýa näme diýip, näme aýdarsyň?! Heý, aýalam şeýle hereket edermi? Ejesiniň ýüzüni gyzardýar... Düýnki wakany ýatlaýan men... Aýdan-diýeniň bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykyp gidýär... Olar bir gursakdan süýt emipdirler ahyry! Eý, Allam-eý! Men-ä hiç zada düşünýän däldirin! Adamlar: “Kempir ýaşka ärden galyp, agyr günleri görse-de, tüweleme, ykbalynyň soňy gowy boldy. Ogul-gyzlary il hataryna goşuldylar, elleri uzadan ýerlerine ýetýär. Bagtly aýal!” diýişýärler. Bagtlydygyma-ha bagtly weli... Şular biri-birinden kineli gezmesinlerdiýip görýän günümi, heý, goýaýgyn. Gelinleriň ýanynda dagy ýuman agzymy açýan däldirin. Ogullarym bilen agzybirje ýaşaşyp ýörseler, maňa başga zat gerek däl. Men, dogrymy aýtsam, gelinlerimiň gaýynenesi däl-de, olaryň hyzmatkäri ahyry. Menem-ä dünýä baky gelemok, bir gün amanat jany tabşyrsam, bularyň ýagdaýy nähili bolarka?!. Enem aradan çykandan soň, biziň kime öwrüljekdigimizi göz öňüne getiren bolsa gerek. Göýä perzentleriniň bir-birinden öýke-kineli durmuşy bütinleý güýç-kuwwatdan düşüren ýaly, enem kätmene agram saldy, bu pikiri kowmakçy bolýan dek kellesini ýaýkady. Onuň dodagy tirsildeýärdi, çekgesi titräp gidýärdi. Ýöne aglanokdy. Özüne zor salýardy. Enem hatda maňa bir gözüni gyrpmak hem isledi, ýöne gözi onuň aýdanyny etmedi. Ol meniň göwnümi götermek üçin: - Gorkma, men ölmerin. Janym örän sagatdyr, balam – diýdi. Men bolsa gorkýardym. Elbetde, bize hiç zat hem bolmaz. Tohumymyzyň hemmesi tutýan ýerini goparýan adamlar. Men enem üçin gorkýardym. Dogrudanam, ogul-gyzlary üçin galgap ýörşüne, ol birden öläýse nähili bolar?.. Biz ikindin işimizi tamamladyk. Ýygylan tuwulgalary araba ýükledik-de, yzymyza dolandyk. Öýe gelenimizde Gün ýaşypdy. Gapynyň agzynda myhman – Ýeselbaýyň on dört ýaşly ogly biziň ýolumyza baryp duran eken. Ol enemiň agtyklarynyň arasynda iň utanjaňydy. Şol sebäpli hem, enemiň özi onuň ýanyna baryp, garsa gujaklady, maňlaýyndan öpdi. - Wah, sen meniň gara gözli, jaýty burunlyja balam! – diýip, mähirli seslendi. – Ženisbek, doganjygyňa seret! Hakyky ýigitdir görseň!.. Seniň jalataý kakaň nirede? Ýeselbaýyň bärik gara görkezmeýänine bir aýdan gowrak wagt bolupdy. Enem öz körpe ogluny küýseýärdi. Ýetginjek ýuwaş ses bilen jogap gaýtardy: - Kakamyň işi köp. Hiç zada eli ýetenok. Ol ýere seretdi. - “Hiç zada eli ýetenok, hiç zada eli ýetenok” – diýip, enem onuň sözlerini hoşgöwünlilik bilen ýaňsa aldy. – Onuň hemişe başagaýsyrap ýörşüdir... Öz maşyny bilen birki sagatlyk gelip bilerdi ahyry! Meniň şu sözlerimi kakaňa ýetirgin, bolýarmy? Ýetginjek baş atdy. Gürrüň şu ýerde tamamlanmalydy welin, öýden çykan ejem: - Enesi, olar sizi gaty bir ýatlap ýören hem däldir-le. Aýratynam, körpe gelniň şeýledir. Ol oglundan sowgat-salam iberip bilerdi ahyry. Bolmanda, bir gysym kemputjyk... Adamda näme göwün bar, ýokdan-ha gowy bolardy – diýdi. Enem agtygynyň ýeňsesini mähirli sypalady: - Meniň üçin iň uly sowgat: ine – şu! Kemput meniň nämäme gerek, ýaşym könelişen, dişlerimiň düýbi gowşan. Goý, çagalar aman bolsun! Hawa, maňa şularyň saglygyndan başga hiç zat gerek däl! Ejem ýaňsyly gülümjiredi: - Bu zatlary kiçi dilden bärde aýdýaňyz. Körpe gelniňiziň baryp ýatan gysgançdygyny siz göre-göre gelýärsiňiz ahyry! Enem ýa-ha meniň ejemi, ýa-da Ýeselbaýyň aýalyny ýazgaryp, elini gussaly salgap goýberdi. - Eje, aýdyp duran zadyň näme? Enem her gezek ezýet çekýär ahyry! – diýip, men gaharly gepledim. Ejem utandy. Sesini ýuwaşatdy: - Näme, indi degişmegem bolanokmy? Ýetginjek aýdylýan zatlary berk belläp durdy. Onuň ejemiň ýoknasyz sözlerini gylyny gyrman, ejesine ýetirjekdigine birjigem şübhelenemokdym. Enem görgüli indi beýleki tarapyň teýeneli sözlerini eşitmelidi. Enem ertesi gün birden nähoşlady oturyberdi. Öňler lezzetini görüp, tas bir semawer çaýy ýeke özi içerdi. Şol gün bolsa zordan iki käse çaý içip, düşegine adatdakysyndan has ir girdi. Ol biziň beýle ýagdaýa geň galyp, dumly-duşdan ýagdyrýan sowallarymyza: - Gursagym edil ýanyp barýar. Çaý-çörek ýadyma düşenok – diýip jogap gaýtardy. Enem ukudan ir oýandy. - Hamala, uzyn gijeläp çigit çigitlän ýaly, bokurdagym gijäp azar berýär – diýip zeýrendi. Edil şeýle diýerine garaşýan ýaly, üsgülewük başlady. Enem demi ýetmänsoň, ýumaga dönüp, eýläk-beýläk togalanýardy. Biz oňa suw berdik. Üsgülewük galandyr öýtdük. Ýöne ol güýç toplaýan eken, eneme gaýtadan ezýet berip başlady. Kakam ony daýhan birleşiginiň ulagynda hassahana alyp gitdi. Lukmanlar barlag geçirip, gyzylödekde düwnügiň dörändigini kakama aýdypdyrlar. Kakam, elbetde, bu habary enemden gizläpdir, „Gorkunç zat ýok eken, eje. Garrylyga, näme, sähel zat bahana-da, şemal kakypdyr“ diýipdir. Biz hem bu habary näsagdan gizledik hem-de üýşüp baryp, ony öýe alyp gaýtdyk. Enem gözümiziň alnynda eräp ugrady. Basym ondan diňe ham bilen süňk galdy. Her bir bölejik iýmit eneme ezýet berýärdi, onsoň biz ony mejbur edip, çemçejik bilen naharlamaly bolýardyk. Perzentleri birnäçe aýyň dowamynda enemi her hili edip aldaýardylar, gorkup oturasy zat ýokdugyny, basym aýaga galjakdygyny aýdyp, ony ynandyrjak bolýardylar. Ýöne durmuşyň telim garyny basgylan, duýgur ýürekli enemiň olara ynanjak gümany barmy? Ol ömrüniň tamama gelendigini duýup, perzentleriniň başlarynyň jem bolmagyny isleýändigini aýtdy. Men Ýeselbaý kakama jaň etmek üçin etraba eňdim. Göňşularymyzdan biri Asembaý kakamyň mal bakýan dag örüsine ugrady. Ilkinji bolup ýassykdaşyny-da ýanyna alan Maržapiýa peýda boldy. Soňra Ýeselbaý kakam tutuş maşgalasy bilen ulagly geldi. Aradan birneme wagt geçenden soň, enemiň ortanjy ogly hem göründi. Asembaý kakam ugurdaş ulaga münüp gaýdan eken. Tohum-tijimiziň keýpi ýokdy, adamlaryň gözleri ýaşlydy. Öýe biri girip, beýlekisi çykýardy. Olar enemiň maňlaýyndan, elinden ogşaýardylar, ynjydandyklary üçin ötünç soraýardylar, göwnüniň isleýän zadyny bitirjekdiklerini aýdýardylar. Enem bolsa daşyndakylaryň ýürekleriniň birden ýukalandygyna geň galýan ýaly, sesini çykarman ýatyrdy. Onuň bolup ýatyşy Asembaý kakama has-da agyr degýärdi. Ol ilki-hä sesini çykarman, gözlerini elek-çelek edip durdy, birdenem enemiň aýagujundaky ýorgana başyny goýup sojap ugrady: - Eje! Meniň mähriban ejem! Biz seniň göwnüňe degdikmi? Biz seniň üçin näme etmeli, aýt, eje! Islegiňi aýt, mähribanym?! Ony özüň bilen äkitme! Enem ynjalyksyzlandy, megerem, iň golaý adamlaryna azar berýändigi üçin özünden utanýan bolsa gerek. Dodagy çalaja gymyldady: - Aglamaň! Soňra suw sorady. Men derrew aşhanadan suw alyp geldim-de, dodagyna damdyrdym. Ýagdaýy gowulaşan ýaly boldy. Men gulagymy dodagyna ýetirenimde, enem ysgynsyz ses bilen: - Meni howla çykarsynlar – diýdi. Ulular itenekleşip, biri-birine päsgel berşip, enemi howla çykardylar. Gün ikindin bolup barýardy. Enem diwara ýaplanyp oturmak isleýändigini yşarat bilen düşündirdi. Ony göterip, usullyk bilen gatlanan keçäniň üstünde oturtdylar. Enem diwara arkasyny berdi, çöpe dönen elini gözüne ýetirip, Günden gorandy-da, daş-töwerege içgin nazar aýlady. Ol, hamala, haýran galaýmaly derejedäki ownuk-uşak zatlardan doly bu sähra giňişligini öz ýany bilen baky ýurda alyp gitmekçi bolýan ýalydy. - Eje, göwnüň näme isleýär? Çekinme-de, aýt! Men seniň üçin hemme zada taýýar! – diýip, Asembaý kakam ýene sojap ugrady. Enem eşidiler-eşidilmez jogap gaýtardy: - Meniň ýekeje arzuwym bar: agzybirje ýaşaň! Şol pursatda köçeden gadymy aýdym eşidildi. Golaýdaky öýleriň aňyrsyndan oglanjygyň inçe, entek berkemedik sesi gelýärdi. Biz ony tanadyk. Ol oba oglanjygy Nabidendi: Ýaş ýigitler hasa daýanmaz hergiz, Ýaş elguş hem hergiz tilkiden doýmaz... Oglanjyk enemiň ýagty jahan bilen hoşlaşmalydygyny näbilsin. Enem bolsa tisginip gitdi, ýene elini galdyrdy-da, ýaşajyk aýdymçyny görüp galmak isläp, öňe seretdi. - Bu örän gadymy aýdymdyr. Ol, megerem, meniň bilen bile dünýä inen bolsa gerek – diýip pyşyrdady. Ýaňaklaryndan gözýaş syrykdy. Biziň hem gözümiz ýaşa doldy. Nabiden öýümiziň gapdalyndan geçip gitdi. Basym onuň sesi obanyň çetinde kesildi. Biziň bilen ertire çenli, enem bilen hem hemişelik hoşlaşyp, Gün gözýetimiň aňyrsyna tigirlenip gitdi. Erkekler ony öýe salyp, ýatyş sekä geçirdiler. Onuň ýagdaýy birden ýaramazlaşyp ugrady. Biz enemiň ýagty jahany terk etjekdigine düşündik. Kakam doganlaryna ümledi we olar üç bolup aşhana girdiler. Birnäçe wagtdan soň, Asembaý kakamyň sesi eşidildi. Ol: Meniň eziz ejem, borjum haklasam...- diýip, aýdyma başlady. Ejem atylyp aşhana bardy-da, olara gygyrdy: - Ýuwaşrak boluň, häý, utançsyzlar diýse! Aýdym kesildi. Soňra doganlar gözlerini gyzardyşyp, aşhanadan çykdylar-da, enemiň başujuna geçdiler. Olardan aragyň ysy gelýärdi. Hamala, gursagyna mähnet bir zat goýlan ýaly, enem birden çalt we agyr dem alyp ugrady. Asembaý kakamyň aýaly: - Waý, enemiz, waý, waý! – diýip ses edip ugrady. Ol elini enemiň eline ýetirdi weli, ýanynda oturan Maržapiýanyň ýarasyna basylan ýaly bolaýdy. Ol: - Häý, edýäniň näme? Hany, derrew ejemiň ýüzügini bäri ber! Ol meniňkidir! – diýip, demi-demine ýetmän gepledi. Belki, enem ony bermegi unudandyr, belki-de, entek ölmejekdigine öçügsije umydy bardyr, garaz, ýüzük onuň barmagyndady. Enem huşsuz halda ýatyrdy. Onuň gyzy bilen gelni bolsa ýüzüge eýe çykmak üçin söweşýärdiler. Gelnejemiň hereketi arkaýyndy. Ol: - Ýüregiňdäki bolaýmaz, mähribanym! Ýüzük meniňkidir! – diýdi-de, ýene enemiň eliniň üstüne egildi. Ýöne Maržapiýa ony itekläp goýberdi-de, ýüzügi çalt almak üçin, enemiň ortanjy barmagynatüýkülik çalyp başlady. Enemiň ölümiň öň ýanyndaky synçgylawugy tutup ugrady. Megerem, ilkinji özüne gelen men bolsam gerek. Maržapiýanyň berk gysylan barmaklaryny ýazdym-da, enemiň barmagyndan tylla ýüzügi çykardym. Ony açyk penjireden gijäniň garaňkylygyna zyňyp goýberdim. Edil şol pursatda hem, bagtygara ýüzükden dynaryna garaşyp ýatan ýaly, enemiň eli şalkyldap aşak gaýtdy. - Eje! – diýip, Asembaý kakam elhenç gygyrdy weli, biziň öýümiz gaýgy-hasrat bilen horkuldady. Meniň daşymy üýtgän ýüzler gurşap aldy. Goňşy ýaşulyny çagyrdylar. Ol enemiň ýanyna baryp, damaryny tutdy. Soňra başyny ýaýkap, gussaly ses bilen Gurhandan aýat okady. Ýüregim gursagymy ýaryp çykaýjak bolýardy. Men ylgap daşary çykdym. Sagat beýlede dursun, asyr doňup galana döndi, hatda asmanyň ýyldyzlary-da garym-gatym bolan ýalydy. Diňe Demirgazyk ýyldyzy berk kakylan çüý deýin öňki ýerinde durdy. Ýuwaş-ýuwaşdan daň saz berip ugrady. Gözýetimiň ahyrsynda daň atandygyny mälim edip, Zöhre ýyldyzy göründi. Öýden dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar çykdylar. Gelnejem bilen Maržapiýanyň bolsa derdi özlerine ýetikdi: olar müňedekleşip, biri-birini itekleşip, penjiräniň düýbünden enemiň tylla ýüzügini gözleýärdiler. Olar menden: - Ženis jan, sen ýüzügi nirä zyňdyň? – diýip, soradylar. Derrew hem biri-birine dazarylyşyp başladylar: - Ýüzük bilen işiň bolmasyn! Ol meniňkidir! - Göreýin ony alyp bilşiňi! Ýüzük kim tapsa, şonuňky hem bolar! Öýden iň soňundan enemiň ogullary çykdylar. Olar howlynyň ortasynda aýak çekip, hamala, özleriniň süýtdeş dogandyklary enemiň ölüminden soňra aýan bolan ýaly, biri-birini mähirli gujakladylar. Men öz gözlerime ynanman, olara çiňerilip seredýärdim. Olar aýra düşmekden gorkýan ýaly, indi biri-biriniň elini berk tutupdylar. Wah, enem ogullarynyň bolup duruşlaryny bir görsedi! Begenjinden giň dünýä sygmazdy! - Eý, siz ol ýerde näme ýitirdiňiz? – diýip, kakam berk sorady. Doganlary-da Maržapiýa bilen onuň garşydaşyna gaharly seretdiler. - Men... neme... ýüzügi gözleýn... Şuňa bermekçi – diýip, Maržapiýa gelnejemiň ýüzüne seretdi. - Men bolsa muňa bermekçi – diýip, gelnejem burnuna salyp madyrdady. Men yzyma öwrüldim. Goňşy ýaşuly: - Pahyr bu dünýäde bitirmeli işini bitirdi. Özünde bolan zatlarynyň hemmesini perzentlerine berdi – diýdi. Men enemiň ýanyna dolanyp barmak isleýärdim. Näme bolsa, şol bolsuna saldym-da, öýe girdim. Goňşy ýaşuly hem yzyma düşdi. Enem otagyň sag tarapyna geçirilip, bäri tuty tutulan eken. Öý ümsümlikdi. Boşdy. Men daraklygyma basyp, tuta golaý bardym. Ony syrmakçy bolanymda, enemiň dem alýandygyny eşidäýdim! Men birsalym doňup galdym. Soňra ol ýerden atylypçykdym. Goňşy ýaşuly daşky otagda duran eken. - Näme, sen bir zatdan gorkdunmy, balam? - Ol ýerde... ol ýerde... enem – diri! Ol dem alyp ýatyr! - Hany, ýör, ony bileje göreli! Biz enemiň ýatan otagyna girdik. Goňşy ýaşuly gaýtadan aýat okady. Soňra tutyny syrdy-da: - Ünsli syn et, balam. Eneň baky uka gitdi – diýdi. Enem ýatyrdy. Ýüzüniň reňki öçüpdir, ýaňaklary halpaypdyr. Işden ýagşy ýadap, soňra rahat uka giden ýaly bolup ýatyr. Onuň: “Perzentlerimiň hemmesi meniň süýdümi emendirler. Meniň süýdümi!” diýip, häli-şindi gaýtalaýan sözleri gulagymda ýaňlandy durdy, ýaňlandy durdy. Sain MYRATBEKOW, gazak ýazyjysy. Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |