17:18 Ene keşbi | |
ENE KEŞBI / oçerk
Zenan şahsyýetler
1. KÄRHANANYÑ TARYHYNDAN SAHYPALAR ...1928-nji ýylyň 10-njy ýanwary. Şol gün Aşgabatda ýüpek fabrigi doly däl güýjünde işe girizildi. Şondan bary-ýogy iki aý geçenden soň, 8-nji mart güni, fabrik doly kuwwatynda işe başlady. Respublikamyzda sosializmiň fundamentiniň döredilýän ýyllarynda bu ýeňil senagatda edilen uly ädimdi. Doly kuwwatynda işe başlan fabrigiň her ýyldaky önümi dokuz tonna golaý ýüpek kelebini saramaga ýetýärdi. Bu bolsa, ýurdumyzda sosializmiň ýeňmegi üçin uly goşantdy. Fabrigiň ilki işe başlan ýyllary tejribeli işçi güýji ýokdy. Esasy işçi güýji sowatsyz we çala sowat adamlardan ybaratdy. Şeýle bolansoň, Mergen Ýarymowy, Gowşudowy we başga-da birnäçe işçini, pile keleplemek, pile buglamak hünärlerini öwretmek üçin, Samarkandyň ýüpek fabriginden gelenlerinden soň, ýaş işçilere hünär öwredýän ilkinji türkmen instruktorlary boldular. 1930-njy ýyl. Şol ýyl fabrikde uly öwrülişik ýyly boldy. Ržew şäherinden ýörite kömek üçin ugradylan brigada geldi. Brigadanyň hatarynda tejriblei işgärlerden Lidiýa Pawlowna Azymowa, Proskowýe Mihaýlowna Ýerşowa dagylar bardy. Şolaryň aladasy bilen ýerli milletden bolan Jemal Magtymgulyýewa, Ogulbibi Garajaýewa, Enegyz Hojaýewa, Oraz Ataýew, Meret Baýlyýew, Annajemal Ýagmarowa, Hajat Döwletowa dagylar ýaly ussat kelepleýjiler we buglaýjular ösüp ýetişdiler. 1932-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda öz zähmeti bilen kärhanamyzyň taryhynda yz galdyran adamlaryň biri işe geldi. Oňa Şabibi Mämmedowa diýýärler. Ol, 1944-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli iň tejribelileriň hatarynda boldy. Şol ýylam Şabibini FZO mekdebine ussa edip geçirdiler. Ol tä 1950-nji ýyla çenli fabrik üçin ýaş işçi kadrlaryny taýýarlap uly iş bitirdi. Ol şondan soň ýene-de fabrige dolanyp geldi we iň uly brigadalaryň birine ýolbaşçylyk etdi. Şonuň ýolbaşçylyk eden brigadasyna kärhanada ilkinji bolup Kommunistik zähmet brigadasy diýen belent at dakyldy. Fabrigiň ilkinji tejribeli kelepleýjileri: Jemal Magtymgulyýewa, Annajemal Ýagmarowa, Hajat Döwletowa, Ogulbibi Garajaýewa, Oraz Ataýew, Enegyz Hojaýewa dagylaryň deregini soň ogullary gyzlary tutdular. Ogulbibi Garajaýewanyň gyzy Aýsoltan Babaýewa uzak ýyllaryň dowamynda profsoýuzlaryň fabrik komitetiniň başlygy bolmak bilen, işçileriň öndürijilikli zähmet çekmegi ugrunda aladalandy. Aýsoltan Babaýewa fabrikde zähmet çekmesini häzirem dowam etrirýär. Jemal Magtymgulyýewanyň gyzy Sabyr Babylowa meşhur ýüpek kelepleýji bolup ýetişdi. Häzir Sabyr Babylowanyň çagalaram fabrikde zähmet çeýärler. 1931-nji ýylda önümçilikde görkezen ýokary netijeleri üçin fabrik Türkmenistan SSR-niň Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine mynasyp boldy. Zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy netijesinde 1928-nji ýylda fabrik dokuz tonna töweregi ýüpek öndüren bolsa, 1962-nji ýylda 54,4 tonna ýüpek kelebini öndürdi. Bu san 1964-nji ýylda 55 tonna ýetirildi. Häzir bolsa, ýylda 73 tonna çig mal öndürýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öňde baryjy kelepleýjiler Şabibi Mämmedowa, Ogulbibi Mämmedowa, Annajemal Ýagmarowa, Bitýuskaýa Çuwaşina, Telýuşenko, Ýerşowa, Azymowa, Ýegorşina, Baýlyýewa dagylar ähli kynçylyklara döz gelip, olaryň her biri Watan goragyna giden ýigitleriň üçüsiniň deregine zähmet çekdiler. Käbir zenanlar tokar stanogynyň başyna geçdiler. Lýubow Telýuşenko urşuň bütin dowamynda tokar stanogynda üç adamyň deregine işläp iň gerekli detallary ýasamagyň hötdesinden geldi. Ýaňy mekdep partasyndan gelen Straşkina, Kazankina, Gaworuhina ýaly gyzlar slesarçylyk etdiler. Medýansewa, Terehowa, Ragozina dagylar bolsa, äpet peçlere erk edip, fabrigi bug bilen üpjün etdiler. Käbir gyzlar edelktrik bilen iş salyşdylar. Bulardan başga-da gijelerine Gyzyl Goşun üçin ýyly eginbaş tikdiler, ellikdir jorap ördüler. Şabibi Mämmedowa bolsa ýörite fronta gidip, şol eginbaşlary öz eli bilen esgerlere gowşuryp geldi. 1948-nji ýylda 9 bala ýeten ýer sarsgyny gözel Aşgabadyň üstüne weýrançylyk baryny getirdi. Bu kynçylygam ýeňilip geçildi. 1950-nji ýylda fabrik ýene-de doly güýjüne işe girizildi. 1960-njy ýyllaryň başynda sosialistik ýaryşa uly üns berildi. Şeýlelikde Kommunistik zähmet brigadalary emele geldi. Şol wagt kärhanada şeýle belent ady göterýän ýeke brigada bar bolan bolsa, gu gün Kommunistik zähmet brigadalarynyň sany 21-e ýetdi. Ýokarda adyny agzap geçen aýal-gyzlarymyz geçn bäşýyllyklaryň öňde baryjylary bolupdylar. Olaryň geçen bäşýyllyklardan üstünlikli geçiren estafeta taýajygyny indi olaryň deregini tutan ýaş nesil üstümizdäki bäşýyllykda-da has uzaklara alyp gitmek üçin ellerinde baryny edýär. 2. YNAM Ynam. Bu söz biri-birine meňzeş iki manyny aňladýar. Olaryň biri her bir adamyň geljege bolan ynamy. Şol ynam bilenem ol ýaşaýar, döredýär, zähmet çekýär. Şolaryň ikinjisi bolsa, kimdir biriniň, ýoldaşyň, işleýän kärhanaň, kollektiwiň saňa bildiren ynamy. Ynam sözüniň birinji manysyny biz elmydama geljege bolan arzuw hasaplaýarys. Ikinji manysynda şu günüň uly jogapkärçiligi duýulýar. Sebäbi sen özüňe bildirilen şol ynamy hökman ödäýmeli. Ynha ynam sözüniň düýp manysy. Ýokardaky adyny agzan kärhanamyzda bolsa, şu günki günüň ynamyny ödeýän we ödemäge çalyşýan zähmet adamlarynyň sany barha artýar. Kärhananyň fabrik komitetiniň başlygy Anna Ýakowlewna Begmämmedowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda: – Bizde, özlerine bildirilýän ynamy ödeýänleriň sany köp. Eýýäm işgärleriň onlarçasy geçen ýylyň noýabr aýyda bäşýyllyk planlaryna amal edendileri barada zähmet raportyny berdi. Şolarda Orazbibi Ýowşanowa, Anna Eminowna Hudaýberdiýewa, Galina Pawlowna Woloşina, Ýagşymyrat Gowşudow dagylar bolsa, şu günler 1987-nji ýylyň hasabyna zähmet çekýärler – diýip, kärhananyň guwanjy hasaplanýan adamlaryň adyny tutýar. Şondan soň biz bäşýyllygyň öňdebaryjysy kelepleýji Ogulbibi Ýowşanowa bilen gürrüňdeş bolýarys. Ol özüniň indi fabrikde ýigrimi ýyl bäri kelepleýji bolup işleýändigini aýdýar. Orazbibiniň gürrüňini diňläp oturyşyň oýa batýarsyň. Ýaňy sekizinji klasy tamamlan on bäş ýaşlyja; kämillik ýaşyna-da ýetmedik gyzjagazda ýüpek fabriginde işlemäge nädip arzuw döredikä diýýärsiň. Belki-de ýüpekden öndürilýän owadan matalary synlanyndan soň, özüniňem şeýle matalary öndürmäge goşant goşmak baradaky arzuwydyr. Belki-de özüni ekläp-saklap ulaldan ejesiniň, şu fabrikde işleýänligidir. Bu soraglara häzir Ogulbiniň özem jogap berip bilenok. Ol özünde bu käre bolan söýgüniň haçan dörändigine jogap berip bilmese-de kesbini ýöredenligi-hä hak. Orazbibiniň ejesi Aýsoltan Ýowşanowa indi 1951-nji ýyldan bäri fabrikde kelepleýji bolup işleýär. Kärhana ýolbaşçylary Aýsoltan daýzanyň ýaşy bir çene barsa-da, häzirem onuň yzyna eýeräýmegiň ýeňil ýelpaý iş däldigini aýdýarlar. 1965-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Aýsoltan Ýowşanowanyň gyzy Orazbibini yzyna tirkäp kadrlar bölümine baranda bu çekipsizje gyzdan öňde-sonda ussat kelepleýji çykar diýip hiç kimem pikir etmändi. Hat-da ony işe almakdanam birbada boýun towlapdylar. Häzirki smena ussasy, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Aýsoltan Garajaýewanyň kepil geçmegi bilen ýaşajy Ogulbibi şägirt edilip işe alyndy. Dogrusy oňa halypalyk edenem Aýsoltan Garajaýewanyň özi boldy. Çepiksizje gyzyň ezberligi, işde halypasynyň, öýde ejesiniň maslahatlary tiz wagtdan kelepleýji stanoga özbaşdak erk etmegine getirdi. Attestasion komissiýanyň çlenleriniň ähli sowallaryna jogap beren Orazbibä ejesiniň gözegçilik edýän stanogynyň gapdalyndaky stanogy ynandylar. Şol gündenem heniz kämillik ýaşyna ýetmese-de işe alan kärhana ýolbaşçylarynyň, özüne kepillik geçen halypasynyň ynamyny doly ödemeli diýen pikir Orazbibiniň ýaşajyk beýnisine müdimilik girdi. Bu ynamlardan başga-da, ýene-de bir ynam bardy. Olam, özüniň her bir ýalňyşyny gözüniň gyýtagy bilen görüp duran, gapdalyndaky iş stanogyna erk edýän ejesiniň ynamydy. Sebäbi gapdalynda seredeniňde ejesi öz stanogyndaky iş prosesiden başga zady görmeýän duýmaýan ýalydy, emma ol gyzynyň her bir ujypsyzja ýalňyşyny duýýardam, görýärdem, kömegede ýetişýärdi. Ynha, şeýdibem Orazbibi Ýowşanowanyň hakyky zähmet ýoly başlandy. 1971-nji ýyla çenli ýüpek kelepleýän stanoklar köne tiplidi. Ol stanoklarda birnäçe stanoga gözegçilik etmek kynrak bolýardy. Şol sebäpli-de kärhanada stanokar täzelendi. Şonuň netijesinde zähmet öndürijiligi iki essä golaý ýokarlandy. Häzir Ogulbibi Ýowşanowa laty sany kelepleýji stanogy iş bilen üpjün edýär. Beýle diýildigi ol, iki adamyň deregine zähmet çekýär. Bu ýerde iki adamyň deregine zähmet çekýän diňe Orazibibi däl, olaryň sany onlarça. Alty stanoga erk edýän bir kelepleýji plan boýunça her smenada dokuz kilogram 600 gram ýüpek keleplemeli. Ýogsam, seniň alty stanokda ýüpek kelepläniň bilen iki adamyň deregine işledigiň däl. Ogulbibi Ýowşanowa bolsa her smenada alty stanogyň keleplemeli dokuz kilogram 600 gramynyň deregine on iki kilogramdan gowrak ýüpegi keleplemegiň hötdesinden gelýär. Bu ýerde ýönekeýje matematiki hasaplamadan ugur alsak, onda Ogulbibi Ýowşanowanyň öndürijiligi iki adamyň bir smenadaky ýerine ýetirmeli iş normasyndan ýigrimi, ýigrimi bäş prosent ýokary bolýar. Biz Ogulbibi Ýowşanowadan käbir kelepleýjileriň alty stanokda smenalaýyn norma ýetip bilmeýändiginiň sebäbini soraýarys. Ol, ýylgyrsa-da, bize sebäbini düşündirýär. Sebäbi şeýle: - Keleplenýän sapagyň ýüpek önümçiligine gabat gelýän standarty bar. Biz diňe şol standart boýunça sapak öndürmeli. Sapak şondan ýogynam bolmaly däl, inçe-de. Eger piläniň daşyndan alynýan suýum köp düşse, uzaga gitmän stanok togtaýar. Eger-de piläniň daşyndan alynýan suýum has az alnyp sapak edilse, onda stanok togtamaýar-da kelebiň agramy az bolýar. Ynha, normadan az kelep öndürilişiniň düýp sebäbi diýip ýylgyrýar-da, ýene-de sözüni dowam etdirýär. – Siz pikir edip görüň! Standarta laýyk sapak öndürilende-de, sapak standartyň normasynda inçe bolsa-da, kelepleýji stanok üçin tapawudy ýok. Sebäbi stanogyň kelepleýji prosesi meňzeş. Diňe inçe sapakdan öndürilen kelebiň agramynyň azlygy. Bu ýerde ähli zat kelepleýjiniň özüne bagly – diýip, çurt-kesik aýdýar. Ogulbibi Ýowşanowanyň ýaryşdaşlary kelepleýjiler; Anna Hudaýberdiýewa-da, Dursun Borjakowa-da, Gözel Kanaýewa-da, Tatýana Orazowa-da aýdanlary bilen razylaşýarlar. Sebäbi olaram sapagyň nähili ýagdaýda keleplenýänini igermegi başarmalydygyny nygtaýarlar. Hawa, bir wagtky çepiksizje gyz indi köpleriň halypasy. Kommunist halypanyň ýetişdiren kelepleýjileri Orazbibi Gemmiýewa, Perdegül Ýomutbaýewa; Dursun Taganowa dagylaram häizr kärhananyň öňdebaryjylary hasaplanýar. Olaryň her biri häzir alty stanoga erk edýär. SSKP-niň XXVII gurultaýyny mynasyp garşylamak ugrunda taýýarlyk görülýän şu günlerde Orazbibi Ýowşanowanyň iş – aladalary has-da ýetik. Ol, awtomatiki (kelepleýji) sehiň partiýa guramasynyň sekretary bolmak bilen jemgyýetçilik işlerinem alyp barýar. Orazbibi sehiň her bir kelepleýjisiniň gurultaýa uly zähmet sowgatlary bilen barmagy ugrunda dürli işleri alyp barýar. Şu işleriň daşyndana dört çagany ösdürip ýetişdirmegem aňsat iş däl. Häzir Ogulbibi Ýowşanowanyň uluja gyzy Şemşat onunjy klasy gutaryp, ejesiniň kärine baş goşdy. Beýlek çagalary Atajan dokuzynjy, Gülşat altynjy klasda okaýar. Iň körpeleri Begenç bolsa, şu ýyl ylymlaryň çeşmesi bolan mekdebe ilkinji gezek gitmeli. Iki kelepleýjiniň gözegçilik etmeli alty stanogyna gözegçilik edýän kelepleýjileriň birnäçesi bilen gürrüňleşilenden soň: – Alty stanoga gözegçilik edýänlere iki kelepleýjiniň deregine işleýär diýmek hökmänmy! – diýip ýüzlenýärin – Ýok, hökmän däl. Bu barada men köp wagt bäri oýlanyp ýörün. Sehimiziň kelepleýjileriniň elli prosentden gowragynyň alty stanoga gözegçilik etmäge ukyzlydygyny özüňizem gördüňiz. Meniň pikirimçe alty stanoga gözegçilik etmegi iki kelepleýjiniň bir smenadaky iş normasy hasaplanman bir kelepleýjiniň iş smenasy hasaplansa gowy boljak. Şeýle etmäge bolsa wagt ýetdi. Meniň bu teklip edýän zadyma kollektiwde seredilip, netije çykarylsa, kärhananyň gündelik zähmet öndürijiligi ep-esli ýokarlanardy – diýip, sözüne dyngy berdi. Muny şeýle etmeklik bolsa kyn däl. Her işe kabul edilýän kelepleýjini alty stanoga gözegçilik edýän etmäge ýetişýänçe şägirtlikden çykarmaly däl – diýip, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. – Işe kabul edilen kelepleýjilere uzak wagtlap şägirt hökmünde hak tölemeklik kärhana üçin gymmat düşmezmi – diýip soramagy dowam etdirýärin. – Onuň kärhana üçin gymmat ýa-da gymmat däldigini hasaplamak ykdysadçylarymyzyň paýyna düşýär. Kelepleýji şägirtleriň şägirtlik möwrütini goý iki üç aý artdyrmaly bolsun. Bu işe kabul edilýän ähli şägirtde şeýle-de bolup durmaz. Sebäbi şägirtlerem dürli-dürli bolýar. Käbiri ähli tilsimleri tiz ele alýar, käbirleri bolsa gijiräk. Onsoňam bu ugurdan kägirt şägirtler berkidilen halypanyňam aladasy gerek ahyryn. Hon-ha, meniň uluja gyzym Şemşada serediň. Ol bary ýogy şägirtlikde on – on bäş gün boldy. Indem alty stanoga gözegçilik edýär. Şol sebäpli-de şägirtlikde uzak saklanan kelepleýji şägirtlik döwründäki özüne tölenen haky şägirtlikden çykandan soň, sanlyja wagtyň içinde ödejekdigini görnüp dur – diýip, maksadyny aýdýar. 3. IŞÇI DINASTIÝASY Dinastiýa – bu söz grek sözi bolup, bir maşgaladan bolan birnäçe adamyň önümçiligiň haýsy biri hem bolsa, bir pudagynda zähmet çekýändiginiň aňladýar. Biz şol sözüň gelip çykyşy barada gürrüň etmekçi däl. Biziň söhbetimiz Ýowşanowalaryň işçi dinastiýasynyň emele gelşi barada bolar. Dogrusy, 1951-nji ýylda Aýsoltan Ýowşanowa ýüpek fabrigine işe gelende öz maşgalasyna degişli beýleki çlenlerinden fabrige işe gelip Ýowşanowalaryň işçi dinastiýasy emele geler diýip, pikirem etmändi. Bu pikir onda, on bäş ýyl geçenden soňam ýokdy. Hatda uly gyzy Ogulbibi 1965-nji ýylda fabrige işe gelende-de döremändi. Sebäbi Aýsoltan daýza örän huşgärligi talap edýän kelepleýjilik işinde Ogulbibiniň uzak işlemäge takadynyň ýetjekdigine-de doly ynamy ýetenokdy. Emma Ogulbibiniň öz işine bolan söýgüsi gün geldigiçe artdy. Basymam öňde baryjylaryň hataryna deňleşdi. 1973-nji ýylda kärhanada geljegine uly ynam bildirilen Ogulbibini Kommunistik partiýanyň çlenligine kabul etidiler. Özüne bildirilen bu ynam bolsa, Ogulbibi Ýowşanowanyň güýjüne güýç goşdy. Köp wagt geçmänkä-de Aýsoltan daýzanyň atdaş gelni Aýsoltan Çaryýewa-da olaryň maşgalasynda üçünji bolup kelepleýjilik hünärini ele aldy. Bir maşgaladan bolan zähmet bäsdeşligi başlandy. Zähmet bäsleşigi ösdügiçe, olaryň her biriniň öndürýän kelebiniň agramam artýardy. Olaryň işde-de, öýde-de bar gürrüňleri nädeninde köp we ýokary hilli ýüpek öndürmek hakdady. Öýde edilýän bu gürrüňler heniz mekdep partasyndan saýlanmadyk Annagülde-de kelepleýjilige bolan oňat pikirler döretdi. Asyl pikir döretmek däl-de, ony hem fabrigiň işiginden ätlemäge getirdi. Golaýda bolsa Ýowşanowalaryň işçi dinastiýasyna ýene-de bir bada iki adam gelip goşuldy. Özlerem mekdep partasyndan: Annagülden kiçisi Ejegyz, Ogulbibi Ýowşanowanyň uluja gyzy Şemşat. Her kanikul döwrüni ejeleriniň kelepleýji stanogynyň ýanynda geçirmekligi endik eden gyzlara şägirtlikde birnäçe aýlap bolmaklyk geregem bolmady. Bary-ýogy birnäçe gün. Bu gün olaryň her haýsy alty stanoga gözegçilik etmegiň hötdesinden aňsatlyk bilen gelýär. Ýowşanowalaryň işçi dinastiýasynyň çlenleri bilen hoşlaşjak bolup durkak: – Indi Ýowşanowalaryň kelepleýjiler brigadasyny döredäýmegimiz galdy. Olaryň maşgalasy tarapyndan bir smenanyň dowamynda otuzdan gowrak kelepleýji stanoga gözegçilik edilýär. Diýmek, olaryň maşgalasy her smenada kyrk kilograma golaý ýokary hilli ýüpek kelebini öndürmekligi başarjak – diýip, kärhananyň direktory ýoldaş Jora Rozyýewiç Rozyýew oýunlyga salyp gürrüňe goşuldy. Bu sözler oýunlyga salnyp aýdylsa-da, ony hakykata öwürmeklik kyn däl. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |