00:35 Enemiň wesýeti / hekaýa | |
ENEMIŇ WESÝETI
Hekaýalar
Göwnüňe bolmasa, dagyň depesindäki gara bulutlary hökümlilik bilen penjesine gysyp duran güýçli el indi ýuwaş-ýuwaşdan barmaklaryny gowşadýan ýalydy. Gün şöhlesiniň seýrek düşýän ýerinde – derelerde buzlaryň uly harsaňlary münder-münder bolup ýatyrdy. Doňy çözülen suwlar dagyň ýüzüni yhlasly ýuwýardy. Olar, göýä diýersiň, uzalyp, köpelip hem-de... obadan daşlaşyp barýan ýalydy. Dagyň başyndaky el degmedik ak sellesi Günüň nuruna öwşün atýardy. Hol gysby ýere, jülgelere suw ala-goh bolup okdurylyp baransoň, olarda durmuş gaýnap-joşýardy. Şol gaýnap-joşmanyň çeti ýaşyl öwüsýän bakja-baglara gelip ýetipdi... Baglar ak güllere bürenipdi, tegelenipdi; olar ýumşakdy, näzikdi. Niräňe seretseň, baharyň gelendigini buşlap, suwlar akyp ýatyrdy. Bir söz bilen aýdanyňda, biziň ile aprel gelipdi. Bu aýda tebigat täze, gözel keşbe girýär. Aprel aýy maňa gussa getirýär. Men öýe giç – ejem egnimden ebşitläp tutuşyna, jaýyň üçeginden düşürip, bosaga çenli südenekledip gaýdanda girýän. Ol sokduryp, birsydyrgyn sesli zeýrenýär. Meniň oňa gözýaşsyz agy diýesim gelip dur. - Eý-waý, bu niçik temmi boldugy, janlarym? Siz bir ata-enäniň çagalary, bir enäniň süýdüni emip ulaldyňyz, näme üçin häsiýetiňiz meňzeş däl? Perzentleri akylly-başly ata-eneleriň nähili aladasynyň bardygyny bilip bolsady!..Sen, heý, agşam çagy daşarda gezip ýören ýekeje gyzy gördüňmi? Sen, heý, agşam çagy jaýyň üçeginde oturan ýekeje gyzy gördüňmi? Sen asmandan näme gözleýäň? Aýt, bizem bilip goýaly!..Wah, içimi ýakdyň sen!..Näme gepläňok, agaç ýuwutdyňmy?.. Ejemiň damagy dolýar. Ol meni içeri iterip goýberýär. Soňra namazyny okap bolan enem söz gezegini alýar: - Ir döwürde iki tiräniň sözi azaşanmyşyn. Olaryň biri: «Siziň tiräňizde çagalaryňyzy terbiýelemäge adam galmawersin!» diýip, beýlekisine gargyş edipdir. Beýleki-de: «Gerek bolsa, terbiýeçini başga ýerden gözläp taparys. Goý, siziň tiräňizde hiç wagtda kiçiler ululary sylamasyn!» diýip, öz gargyşyny pürküpdir. Alla bize-de şeýle gargyş gönderäýdimikä? Ynha, biri alnymyzda sömelip dur, ne-hä özüniň bilýän zady bar, ne-de ululara gulak asýar. Hany, aýt, sen näme üçin jaýyň üçegine çykýaň? Ýa-da gyz halyňa utanman-uýalman, her agşam şol ýere dyrmaşyp çykyp, «Men – samsyk, maňa serediň!» diýip, özüňi daş-töwerege tanadýaňmy? (Enem ejeme tarap öwrülýär) Ýogsa-da, düýn Tuhbat menden: «Bi...neme...siziň gyzyňyz al-arwahlaryň toruna düşen-ä däldir-dä hernä? Özbaşyna gepläp ýör, hiç bir sebäpsiz ýylgyrýar...» diýip sorady. Men: «Ýetim çaga hakda beýle sözleri diýmäge neneň diliň öwrülýär, Tuhbat? Biziň tohumymyzda öňem al-arwaha hemdem bolany ýokdur, indem bolmaz» diýip jogap gaýtardym. Hawa, jogap gaýtarmasyna-ha gaýtardym, ýöne iliň agzyny bogup boljakmy näme? Tuhbatyň şol tikenli sözlerinden soň, men, ynha, ikinji gijedir, arkaýyn ýatyp bilemok. - Men-ä muňa näme aýdyp, näme diýjegimem bilemok. Bu gyzyň çykarýan hokgalary basym meni däliretjek – diýip, ejem başyny ýaýkaýar. – Maşgalanyň ulusy däl bolanlygynda, edýän hereketlerine gözüňi ýumaýsaňam boljak weli...Bolup ýörşi şeýle bolsa, muňa kim gudaçylyga gelsin? Jigilerine-de zeleli ýeter... Men iki tarapdan edilýän hüjüme dişimi gysyp çydaýan. Soňra ýatmak üçin düşegime girýän. * * * Enem kagyza adyny ýazyp bilmese-de, obada abraýy örän uludy. Bir zat ýüze çykdygy, obalylar hökman ilki şonuň ýanyna gelerdiler. Aprel gijeleriniň birinde işigimizde goňşymyz Salimat peýda boldy. - Giç gelip, sizi bimaza edendigim üçin meni bagyşlaweriň. Öýüňizde özüňizden başga adam ýokdur diýip gelşim. Maslahat edäýjekdim... - Ötünç sorap durma-da, arkaýyn bäri geç. Biziň düşege ir girýän wagtymyz ýokdur. Çagalary ýatyryp, egin-eşik ýuwmak, ýamamak, beýleki odur-budur işler bilen gümra bolýarys – diýip, enem mähirli ýylgyrdy. - Men-ä nahili aýtjagymy-da bilemok... Hawa... Ogul-gyzlarynyň entek aga-gara düşünmeýän döwürleri ata-eneleriň bagtly ýyllary eken. Olar ulalýaram weli, dert-alada artyp, biçäreleriň özlerine eli ýetenok. Elbetde, içde-daşda öýüň erkegi ardynjyrap ýörse, ýük näçe agyr bolanda-da, agramy duýulmaýar. Adamym baky ýurda göç edeli bäri, sähel zada aljyrap, ikirjiňlenip ýörün... Hawa... Gyzym Marjanaty çaga saýyp ýördüm weli, il-gün onuň ulalandygyny duýdurdy. Durmuşa çykaryp dynmasam, gep-gürrüň ýatjak däl öýdýän. - Häý, sen-ä oňardyň-ow – diýip enem güldi. – Gyzy ýetişen öýe sawçylaryň gelmelidigi ikimiziň oýlap tapan zadymyz däldir, Salimat, ony ikimiz ýatyrybam bilmeris. Ýöne bir zady belläp goýgun: sawçy diýeniň gyzlary uýanlanyp saklanýan öýlere gelýändir. Gyz saýlanmazdan ozal onuň ejesine seredilýändir. Işigiňden kim ätledi? - Bir däl-de, ikisi geldi. Kamil bilen Nygmatylla. Haýsynyň sözüni aljagymy bilemok. Oda galdym men-ä... - Olar gelen mahaly gyzyň ýagdaýy nähili bolýar? - Göwnüme bolmasa, oňa Nygmatyllanyň aýaly ýaraýan ýaly. Derrew gyzarýar-da, atylyp daşary çykýar. Kamiliň aýaly gelende bolsa, içki jaýa girýär-de, gaýdybam çykanok. - Hä, şeýle diýsene. Gyzyň göwni kimde bolsa, şoňa hem berilse gowy-da, Salimat. Köneler «Söýgi ýok ýerinde oňşuksyzlyk bar» diýipdirler... Gel, indi ikimiz ýagşy pikirlenip, ölçerip-dökeli. Kamiliň aňyrsy gowy ýerden gaýdandyr. Olaryň erkekleri-de, zenanlary-da öz mertebelerini bilýändir. Il arasynda olar barada ýaramaz söz aýdylýan däldir. Işeňňirdiler, beýlekiler bilen çaknyşmaly bolanda hem, yza çekilýäni ýokdur. Öýleri-de iliňkiden kem däldir: goş-golamy, gap-gajy, mal-garasy ýeterlikdir. Gowy habara begenýändirler, ýaman habara gynanýandyrlar. Olaryň tohumynda araga erkini bereni ýa-da aýallara paýyş sögünýäni bar diýip men-ä eşidemok. Hawa, Kamil öz maşgalasyny gowy saklaýar. Ogly-da atasyna çekendir diýip pikir edýän... - Menem şeýle pikirde – diýip, Salimat ýuwaş gepledi. - Kamiliň ogly adamkärçilikli, işeňňir. Goşun gullugyndan dolanyp gelenine köp wagt geçenogam weli, eýýäm üç hünäri ele aldy – diýip, ejem gürrüňe goşuldy. - Nygmatyllanyň tohumyndanam gowy adamlar çykýandyr. Ýöne olaryň erkekleri ýaltarak bolýandyr – diýip, enem ýene gürrüňe başlady. – Özüň pikir edip gör: jaýlarynyň eýwany halys çagşapdyr, ýöne ony bejermegiň aladasyny edýän adam ýok. Howlulary hapa. Çalam-çaş bolup ýatan zatlary ýygnamak, tertipli edip goýmak kyn däl ahyry. Men onuň ogly hakda ýaman söz aýdyp biljek däl, emma barybir öýüň ähli işini aýalyň gerdenine atsalar halamok. - Aýtmaklaryna görä, Nygmatyllanyň ogly şäherde okaýarmyşyn, inžener-gurluşykçy bolmalymyşyn – diýip, Salimat çekinjeňlik bilen gepledi. Öz gyzyny Kamiliň ogluna bermek islemeýändigini onuň gözi aýdyp durdy... Goňşy aýalyň nähili netijä gelendigini, haçan çykyp gidendigini bilemok – men uklap galypdyryn. Men ertesi irden könelişen köwşümi goltugyma gysyp, eýwana çykdym. Dagyň arassa howasyny teşnelik bilen demime dartdym. Säheriň bu serginliginde topragy böwsüp çykan otlardyr gülleriň, ukudan oýanan Zeminiň ysy bardy. Dagyň ýaşyl gerişleri Gün şöhlesine ýalpyldaýardy. Asman göm-gökdi, bir gudrat bilen el degräýseň, üýtgeşik owaz çar ýana ýaň salyp başlajak ýalydy. Guşlar, hamala diýersiň, dilleşen ýaly, süri bolup, şadyýana jürküldeşip, ýeňiljek gaýyşyp ýördüler. Olar birden aşak inýärdiler, tegelenip tans edýärdiler, ýene asmana göterilýärdiler...Gözellik, degre-daşyň gözellik!.. Men her säher eýwana çykyp, älem-jahana geň galyjylyk bilen syn ederdim. Näme üçin şeýle bolýandygyny bilemok, kalbyma gussa aralaşardy...Ümsüm ýerde oturyp, aglasym gelerdi. Ýöne enem meni hemişe ýalňyşman tapardy. Hamala diýersiň, ejem ikisi gizlin dilleşen ýalydyr. Ejem meni agşam jaýyň üçeginden südenekledip düşürse, enem irden elimden tutup eýwana çykarardy. Tapawut diňe bir zatdady: olar irden käýinmezdiler. Ýöne bu gün irden olaryň ikisi-de düzgüni bozup, maňa käýinip başladylar. - Iliň gyzyna eýýäm sözaýdyjy gelip ugrapdyr – diýip enem hüňürdedi. – Ýöne adamlaryň biziň işigimizden ätlejegi gümana...Sen, näme, ýene gözüňi asmana dikýäň? Ol ýerde keş çekmekçimi ýa-da bugdaý ormakçymy? Hany, sömelip durma-da, küli arassala, ojagy gyzdyr! - A-heý, munuň bili egilýärmi näme? Dim-dik bolup ýörensoň, iş elinden gaçyp ýatyr ahyry – diýip, ejem tikenli söz oklady. Ejemdir enemiň bize däl-de, Salimatlara gudaçylyga gelnendigi üçin keýpsizdiklerine, ile bolan öýkelerini menden çykarýandyklaryna, elbetde, düşünýärdim. Bagtyma, gapydan Raýhanat girdi-de, gürrüňiň arasy bozuldy. Enem ondan: - Näme, öýde bir zat boldumy? – diýip sorady. Onuň ähli zady öňünden duýşuna hut haýran galaýmalydyr. - Ilde nähilidigini bilemok, biziň-ä öýümizde iki han ýaşaýan ýaly. Boýun alýan, oglumyň hereketleriniň hemmesi dürs däldir, ýöne gelin üşükli bolanda, äriniň öteräk gidýän ýerlerini degişmä salyp, ýuwup-ýaýyp bilerdi ahyry. Ýuwup-ýaýma kaýda, beýleki kaýda! Gaýtam oda ýag guýýar. Megerem, oňa şeýtmek ýaraýan bolarly. Meni öýde diňleýän ýok. Belki, sen olara öwüt-ündew edersiň? - Nä wagt, nä zamana boldy – diýip, enem uludan dem aldy. – Bi zamanyň aýallary öýde uruş turuzmakdan lezzet alýarlar...Men-ä düşünýän däldirin...Ýör, gideli, belki, peýdamyz degäýedi. Heý, bir öýde iki han oňşukly ýaşarmy? Menem olaryň yzyna düşdüm. Enem birden meni göräýdi. - Ýeri, seni kim çagyrdy? Hany, öýe tarap ugra, sensizem oňarys! Men yzyma öwrüldim. Birneme durdum. Soňra ýene duýdurman, olaryň yzyna düşdüm. Enem, hamala diýersiň, ýörite myhmançylyga gelen ýaly, öýe ýylgyryp girdi. - Hany, maňa gürrüň beriň, oňuşmaýan zadyňyz näme? Biri-biriňizi sulhuňyz almaýan bolsa, goşuňyzy paýlaşyň-da, dynyň. Eger bu siziň söýgi oýnuňyz bolsa, ony bes ederçe wagt bolmadymy? - Men bolýan zatlara akyl ýetirip bilemok – diýip Sukaýnat aglady. – Beýle keçjal adama ömrümde duş gelmändim. Eşegiň gulagyndan tutup: «Seret, ynha, sygyr» diýýär... - Sen, Sukaýnat, gepleme, ilki äriň ýagdaýy aýtsyn. - Ol maňa hiç zady geňeşenok. Kellesine gelenini edip ýör – diýip, Osman burnuna salyp gürledi. - Diýmek, seniň aýdyşyň boýunça ähli zatda aýalyň günäkär-dä – diýip, enem her sözüne agram salyp gürledi. – Sen, Sukaýnat, öz oturmaly ýeriňi bil, hiç wagtda ýaglyk-ha telpek, saç-da murt bilen deň bolan däldir. Äriň aýdany bilen bol! Eger il ýaly ýaşap bilmeýän bolsaňyz, eýläk-beýläk çekişip ýörmäň-de, aýrylyşyň. Osman, sen-ä çagalaryňa öweý ene, Sukaýnat, senem öweý ata gözläň. Goý, ogul-gyzlaryňyz ataly-eneli ýetim bolup gezsinler. Wah-eý, käşgä sene-mene edişip ýörer ýaly sebäp bolsady, ony iki bolup tapyp bilmän otyrsyňyz-a!.. Hany, ojagy gyzdyryň, gazan ataryň. Kelläňizi bileje ýassyga goýdugyňyz, öýke-kinäniň ökje göterjekdigini menden gowy bilýäňiz siz. Osman, bar daşarda birsalym gezelenç et. Yzyňa öwrülip geleniňde, özüň öz üstüňden gülersiň. Köneleriň aýtmadyk zady ýokdur, «Är-aýalyň sögüşesi gelse, biri-biriniň ýöreýşini bahana eder» diýipdirler. Osman daşary çykanda, ýylgyryp oturan enem çynlakaý keşbe girdi. Ol Sukaýnatyň golaýyna süýşdi. Uludan dem alyp, başyny ýaýkady. Sukaýnat: - Ähli günäni meniň üstüme atdyňyz oturyberdiňiz – diýip aglady. - Gyzym, äriňe aýdan ähli sözlerimi çyn hökmünde kabul etme. Bar, hamala, sen ony ýeňenmişiň-dä, näme peýda gazanýaň? «Seniň aýdýanyň dogry, ezizim!», «Hany, köşeş, biderek ýere gaharlanma!»…diýmek, name, şeýle kynmy? Ýassykdaşyňa hoşamaý sözleri aýt-da, nämäni zerur hasaplaýan bolsaň, assyrynlyk bilen ediber. Eger ol eşegi sygyr diýip atlandyrýan bolsa, «Wiý, maňa-ha bir jyn urupdyr, sygra eşekdir öýdüp ýörün» diý. Ärim gylyç çykardy diýip, senem gylyç gözleseň, nähili bolar? Gyzym, bek bellegin: zenanyň elýeterinde ýag durmalydyr, ýag… - Wah, gapyda üç gäwmiş saklasaňam, oňa ýag ýetesi ýok-la…Men-ä şu durmuşdan halys ýadadym. - Sukaýnat, şuny ýadyňdan çykarmagyn: erkek derýa meňzeş bolup, kenaryndan aganda, aýal onuň üçin gerekli ugra gönükdirýän hana bolmalydyr. Derýa kenaryndan aganda, birgiden betbagtçylygy döredýändir; ot ojakdan atylyp çykanda, daş-töweregindäki ähli zadyň işini görýändir! Är-aýalyň sene-menesini ýatlar-ha beýlede dursun, aýalyň gaýynenesi-de bilmeli däldir. - Kämahal ähli zat gowy, gülala-güllük. Kämahal bolsa asla çekip-çydar ýaly däl… - Wah, mähribanym, mähribanym! Osman arak içenok, uzyn etekli gorse, göz-gaşyny oýnadyp ýörenok, haçan görseň howluda dümtünip ýör. Çyda. Çagalaryňy ýadyňa sal. Äriň bilen düşünişip ýaşajak bol. Wagty geler, ogullaryňyzy öýlendirmeli, gyzlaryňyzy göçürmeli bolarsyňyz. Il-gün ähli zady ýadynda saklaýandyr, Olar: «Osman bilen Sukaýnat ömürboýy it-de-pişik bolup ýaşadylar. Olardan önenlerem…» diýäýmesin. Bes ediň indi dawa-jenjeli, bes ediň, gyzym!.. * * * Joramyň ýanynda oturyp, wagtyň nähili geçeninem bilmändirin. Mundan artyk eglensem, ýene igenç eşiderin diýen pikir bilen, gyssagy hoşlaşyp, öýe ugradym. Gelsem, gapyda gaýda-gaýmalaşyk. Enem nähoşlapdyr. Bu maşgalamyz üçin garaşylmadyk ahwalatdy. Ol hiç wagtda syrkawlamandy, hiç wagtda başy ýassyga ýetmändi. Özümiz nähoşlasak, lukman çagyrjagam bolmazdyk. Eýwanda asylgy duran kiçijik haltajyklarda dermanlyk ot-çöpler bolardy. Enem, şeýle-de, kişdedir baly hemişe em hökmünde ulanardy. Ol diňe biziň öýümiziň däl, tutuş obanyň tebibidi. Men ejeme ýüzlenip: - Eneme name boldy? – diýip soradym. - Hany, ony düşege geçireli. Eneň namza okap otyrdy, birdenem gapdala ýykyldy… - Meniň böwrüm edil ýanyp barýar – diýip enem pyşyrdady. – Narpyzy tmin ösümligi bilen bilelikde suwda gaýnadyň. Oňa bal, mum goşuň. Ejem däri-derman taýýarlap ugrady. - Sygry sagdyňyzmy? Guşlary iýmlediňizmi? Towuk keteginiň golaýynda hemişe iým durmalydyr…Eşidýäňmi? – diýip, enem ejemden sorady. - Sen hiç zady gaýgy etme-de, arkaýyn ýat – diýip, ejem ony ýapynja dolady. Ähli işi özümiz ederis. Me, iç! Enem üzlem-saplam gepledi: - Aýtmaklaryna görä, bu içgi ýedi derde derman bolýarmyşyn. Iňrik garalanda öýümiz dogan-garyndaşdan doldy. Arkasyna ýassyk goýlansoň, enem dik otyrdy. Onuň mähirli gözüniň nury öçüşipdi, ýüzündäki ýygyrtlar köpelen ýalydy. - Men agyr günleri juda köp çekmeli boldum, ykbalymyň ýowuz şarpygyny juda köp datmaly boldum. Şolar ýadyma düşende, göwnüme bolmasa, men ýagty jahanda müň ýyl ýaşap ýören ýaly. Elbete, bagtly günlerem bolupdy. Şolar ýadyma düşende, ömrüm göz açyp-ýumasy pursada dönüp geçen ýaly. Otur, pikir et, netije çykar…Jahanda nähili ýaşamalyka? Ejem pahyr: «Ömür diýeniň duzly suw ýaly bir zatdyr, näçe içseňem, asla teşneligiň ganmaz» diýipdi. Heý, dünýe, «Ýaşalmak kemi galmady, indi baky ýurda göçere çen boldy» diýip, goşuny ýygnajak adam-a ýok… Ejem onuň ýüzüniň derini süpürip oturyşyna: - Goýaweri, bizi beýdip gorkuzma! Ýaşap ýörkä başy agyryp, baldyry syzlamaýan barmy name? Enşalla, basym aýak üstüne galarsyň – diýdi. - Men soňky wagtlar ömür hakda köp pikirlenýän. Adamlardan ötünç sorar ýaly, men haýsydyr bir telek iş etdimmikäm? Ynsan balasy ýig süýt emen-dä, belki, edendirin…Ýöne keýpine eden däldirin, ýok, muňa Hudaý şaýatdyr. Elbetde, ýalan sözlän ýerim bolupdy…Kimdir birine ýagşylyk isläp şeýdipdim…Adamlara haýyr isläp şeýdipdim…Hawa… Enem dymdy. Damagy dolansoň, mundan aňry gepläp bilmedi. Men gözýaşymy saklap bilemokdym. Sesli aglamaz ýaly, agzymy ýaglyk bilen ýapyp, ylgap daşary çykdym. Meniň eneme ýüregim awaýardy. Meniň ömrüm müňlerçe sapak arkaly eneme baglanylgydy. Ol biziň öýümiz üçin hem Asmandy, hem Zemindi, hem Gündi, hem haýyr-yhsan çyrasydy. Daň agarandan, tä garaňky düşýänçä daşarda-da, içerde-de aýdýanymyzam, eşidýänimizem diňe «ene» diýen sözdi. Onuň eden işi nusgalykdy, sözlän sözi güwälikdi. Biz-ä biz weli, ýaşy bir çene ýeten ejemizem onuň bilen maslahatlaşmazdan, hiç bir işiň golaýyna baryp bilenokdy. Enem her gezek namazdan soňra Hudaýa ýüzlenip: «Biziň tohumymyza ili güldürýän ömür bermäweri, ýüregimizi gahar-gazapdan, ýaman niýet-pälden saplaweri! Gitmeli wagtymyz gelende, amanat janymyzy yzyna kösemän alaweri, düşege baglamaweri!» diýip dileg ederdi. Ol bize: «Namaz okaň, oraza tutuň» diýmezdi. Men bir gezek Sakinatyň enemden: - Sen agtyklaryňa namaz öwretmän, günä gazanýan bolaýma? - diýip soranyny eşidipdim. Enem: - Olar, tüweleme, ylymly. Özleri maňa köp zat öwredýärler – diýip jogap gaýtarypdy. - Wiý, şeýlemidi asyl – diýip, goňşy aýal geň galypdy. - Ýöne sen şol ylymlylardan ägä bol: birden kommunist ýasaýmasynlar. Enem: - Dünýäde her kimiň öz ýoly bardyr, Sakinat. Goý, olar öz ýollary biln ýöresinler - diýip gürrüňi jemläpdi... * * * Men aram-aram enemiň mazaryna zyýarata barýan. Göwnüme bolmasa, otlar pyşyrdaşyp, güller aýdym aýdyşyp, guşlar saýraşyp: «Haýyr iş etmäge howlugyň! Haýyr iş etmäge howlugyň!» diýen sözleri yzygiderli gaýtalaýan ýaly. Olaryň sesinde enemiň sesi bar! Megerem, mähriban enem ýagty jahana: «Haýyr iş etmäge howlugyň! Haýyr iş etmäge howlugyň!» diýen sözler bilen gelen bolsa gerek.. Fazu ALIÝEWA, awar ýazyjysy. Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |