21:36 Enesi ukuda däldi / hekaýa | |
ENESI UKUDA DÄLDI
Hekaýalar
- Daýy jan, awtobusa goýberäý-dä! - Petegiň barmydyr onsoň? Gapy jygyldap ýapyldy, awtobus ýerinden gozgandy. - Mündüräýsene, daýy jan! - Pyýadalanyň bilen ýanjygyň ýazasy ýok. Şu ýaşda kädiňe ýag ýygnadyp ýörmek aýypdyr. Ol indiki awtobusa garaşdy. - Münäýeýin, daýy jan! - Hany aýryl, oglanjyk! - G... dogranlary, siziň eneňizi... – diýip, öz ýanyndan sögündi. Ýene garaşmaly boldy... - Girmek bolýarmy ? - Seni elejiretmegiň geregi ýok. Iki ädim ýeri pyýadalabam geçip bilersiň. - Asadolla, mündür ony – diýip, sürüji perwaýsyzlyk bilen söz oklady. Oglanjyk özüne uzak garaşdyrmady. Öňdäki gapa tarap ylgady, baryp biraz sägindi. Sürüjiniň gapyny ýapmaýandygyny görüp, böküp mündi, onuň ýüzüne minnetdarlyk bilen ýylgyryp bakdy. Sürüji oňa seretdi-de, baş atdy, soňam ýerinden gozganyp, gapynyň öňünde duran oglanjygy eli bilen bir ýana itdi: - Hany, aýryl! Ol ynjady. Hamala kakasy oýnawaç getirip, soňam birden duýdansyz şapbat beren ýaly boldy. Aslynda-ha oňa kakasyndan ne eýlekisini, ne beýlekisini almak miýesser edipdi, ýöne göz öňüne getirip weli bilýärdi. Oglanjygyň ata-enesi ýokdy. Olary ýeke gezegem görmändi. Kakasynyň amanadyny tabşyran, zyndanda oturan ýa-da çem gelen ýerde kül döküp ýören bolmagy ähtimal. Ejesem orgyn aşnasy bilen ökje göterip, ogluny bireýýäm ýatdan çykarandyr-da, alla bilsin, gör-bak, nirededir bir ýerde ýaşap ýörendir. Belki-de, bu çaklamanyň hijisem dogry däldir. Ol goňşularyndan şular ýaly hekaýaty köp eşidýärdi, her gezegem olaryň gahrymanlary öz ata-enesidir öýdüp düşünýärdi. Onuň mähir bilen “enem jan” diýip atlandyrýandygy weli şek-şübhesizdi. Olar ullakan öýüň bir otagjygyny eýeläpdiler, oglanjygyň daş-töweregini gurşap alan dünýä baradaky düşünjesi şol öý, otagjyk hem-de ýygy-ýygydan agyzlary alarýan, hatda özara gyzyl ýumruga-da girýän, ýöne ony gowy görüp, aram-aram döwüm çörek ýa-da bir tabajyk çorba emleýän goňşular bilen çäklenýärdi. Ynha, indi birnäçe aýyň içidir, olardan jaý tölegini alanokdylar. Enesiniň nähoşlap, öýlere aýlanmadan, olaryň hapa-hupasyny, kir-kimirini syryp-süpürmeden, ýuwmadan galaly bäri kör köpükleri ýokdy. Mama dişän gara ýüzli, hüžžük gaty saçly (çagalykda gorkuzylan hakyky aýjyn kempir-dä!) öý bikesi paty-putylaryny köçä taşlajakdygyny aýdyp, olaryň üstüne dübläpdi. Ýöne goňşular ara düşäýdiler, onuň gelni-tekiz daralan saçly, mydama ýarym ukuly, solgun süýri ýüzli Mohtaram-banu bolsa aglamjyrap, sogup çykýan sesi bilen: - Nähoş garrynyň göwnüne degip, Biribary gaharlandyrma, hanym. Oňa seredeniňde ýüregiň awaýar. Gabra aýagyny sallap otyr-a. Biz onuň üçin 5-10 tümenden berer durarys – diýdi. - Goýaweri, aýdýanyň näme seniň? – diýip, utanan öý bikesi oňa garşy çykdy. – Men sizden pul alar ýaly, näme, hudaýsyzmyşynmy, gedaýmyşymmy! Alla hemme zady görýändir. Men ýöne ol otag üçin tölemejek bolup garypsyraýandyryn, betbagtsyraýandyr öýdüp pikir etdim. Şondan soň öý bikesi olara degmedi. Niçikmidir, Jawat öýde ýeke galaýsa, goňşy-golamlar onuň üstüni ýumuş bilen gömerdiler:”Jawat, ylgap gidip çörek getir”, “Jawat, ýuwundyly bedräni daşary çykar”, “Jawat, gaýrat et-de, sakar kelle Mahmutdan iki sany ýumurtga alyp gel. Gyssanaweri!”. Oňa zat satyn alar ýaly, 10 şahy1 , ýogsamam tutuş rial2 berýän gezekleri bolýardy. Ol gaýtargynyň ujundan alyp galmaga milt edenokdy, dogry, bu ýerde ýaşaýanlar köplenç zady karzyna alardylar, şonuň üçin hem, pul oglanjygyň eline seýrek düşerdi. Goňşular nämäniň näçä düşýändigini gowy bilýärdiler, onsoň ogurlyk edäýse, olaryň öz hamyny sypyrjaklaryna oňat dzşznýärdi. Wah, az-owlajyk (aýratynam, iýilýän zatlardan) çilesi gelýärdi-de, ýöne ol saklanmagy başarýardy. * * * Sürüji tizligi atrdyrdy, awtobusam owsun atyp, badyny güçlendirip ugrady. Oňa öňdäki aýnadan kňçe, hereket edýän ulaglar oňat gňrünýärdi. Ynha, taksiçi duran müşderini mündürmek üçin awtobusyň burnunyň öňünde saga btarap öwrüm etdi. Sürüji ulagy saklap ýetişdi, soňra desti çepe towlap, gapyny açdy-da, bagyryp başlady: - Eý, sen, paýtunçy! Seni haýsy samsyk “kökäniň “ başynda oturtdy? Näme, meniň öz paýtunyňy ýagşyja depelemegimi isleýärmiň? Penjireden kellesini çykaran taksiçi-de ondan kem galmady. - Depelemäge synanyşyp bir gör, men seniň balagynňy sypyryn! Awtobusyň sürüjisi hoşgňwünlilik bilen güldi. - Deýýus! - diýip gygyran taksiçi ulagy güýçli herekede getirdi. Bäýle bihaýalyga geň galan awtobusyň sürüjisi onuň yzyndan heňkirip, içini boşatdy: - G... ogly sen, arada gezýän garry sen!... Gazaba münen sürüji gulagynyň düýbüne doňdurmaz ýaly, oglanjyk gorky bilen bir gapdala süýşdi. Şeýle ýagdaý häli-şindi bo;up durdy. Ol günäli hem-de günäsiz halyna ululardan telim gezek şapbat alypdy, jogap hökmünde sögmäge bolsa gorkardy. Ömründe iki ýa-da üç gezekdir-dä, uzak aralykdan öz göwnüne degenleriň yzyndan sögüpdi, derresem jypydypdy. Eşitdilermi, eşitmedilermi, alla bilsin. Oglanjyk bir gezek meýdanda germewe ýaplanyşyp, özara sakyrdaşyp duran ýaşlaryň ýanyna baryp, utuşly petekleri satmakçy boldy. Olaryň biri petegi aldy-da, kiýsesine saldy, beýlekiler bolsa, hamala, muňa hiç hili dahyllary ýok ýaly görnüşde gürrüňi dowam etdirdiler. Jawat agramyny kä ol, kä beýleki aýagyna atyp eslije durdy, hatda ýylgyrdam. Soňra bolsa gözýaş edip, iňirdäp ýüreklerine düşüp, alnan petegi gaýtarmaklaryny sorady. Ahyrsoňy kalbyna rehimdarlauk aralaşan ýigitleriň biri oňa garamaňlaý petegi uzatdy, ýöne başga bir syryk ýalysy elinden kakyp alaga-da, ýoldaşyna geçirdi. Ýigitler petegi biri-birine geçirýärdiler, hiç kimem onuň özündedigini boýun alanokdy. Bu zatlar oglanjygyň galys etinden ötüp süňňüne ýetensoň, jögülige salyp, aglaýandan boldy-da, gykylyk turuzyp ugrady. Kimdir biri: - Berseňizlaň-aý, ýogsam ol-a eýýäm gözýaş döküp ugrady-diýdi. Petegi yzyna gaýtardylar. Oglanjyk birneme arany açyp: - Syryk ýaly bolşup, size utanç dälmidir!-diýip gygyrdy-da, ýeňsäni el ýaly etdi. Ýigitleriň biri onuň söbügine mündi, ýetibem ýakasyndan ebşitläp tutdy. Ony urmadylar, diňe şol kowup ýeten: - Gaýdyp gödek söz aýdarmyň?-diýip sorady. - Ýok. - Ötünç sora! - Bagyşlaň! Oglanjygy goýberdiler. Ol bu gezek aňyrrak gitdi, indi-hä ýetip biläýmeseň gerek diýen pikir bilen: - Siziň ejeňizi...-diýdi-de, aýagaldygyna eňip ugrady. Ýöne ýene yzyndan ýetdiler, ýigitleriň biri onuň ýüzüne ýuwaşrak çaldy. - Indi sögünermiň? - Ýok. - ... Men – samsyk, pohumy iýipdirin” diý. Ol sesini çykarmady. - Hany aýt: ”Men samsyk, pohumy iýipdirin”. Ýigit ýuwaşlyk bilen onuň bokutdagyny gysdy. - Men indi beýtmen. - Ýok, men saňa nämäni buýurýan bolsam, sen şony gaýtala. Ol barmaklarynyň güýjüni görkezip ugrady. Indi hakyky agyry peýda boldy. - Men – samsyk, pohumy iýipdirin... Oglanjygy goýberdiler. Ol bu gezek germewleriň aňyrsyna geçdi. Ýigitleriň arkasy görünýärdi. - Siziň ejeňizem, bajyňyzam...! – diýip goýberdi-de, ömrüni howp astynda goýup, ulag akymynyň öňüni kesip ylgap ugrady. Häzir, sögünip içini boşadandan soňra, sürüjileriň gykylyklary-da, paýyş sözleri-de onuň üçin bir köpükdi. Ol öýlerine çenli badyny gowşatmady. Ýöne bu wakadan soň şol töwerekde görünmäge weli het edip bilmedi. * * * Awtobus meýdançada saklandy, märeke düşüp ugrady. Utuşly petekleri satýanlaryň gykylygy derrew Jawadyň gulagyny gapdy. Olary göýä her ikinji ötegçi satýan ýalydy. Birleriniň petekleri deprejikleriň içinde aýlanýardy, beýlekileriňki aýnaly gapyrjaklardady: bir satyjy dik durdy, beýlekisi otyrdy. Olaryň arasynda erkeklerem, aýallaram, çagalaram, şäherlilerem, obalylaram, uzyn boýlularam, keltejiklerem, semizlerem, arryklaram bardy. Olaryň hemmesi-de petek satýardy, gaty, ýuwaş, gyryk, şaňňy sesler çar ýaňy ýaňlandyryp, alyjylary çagyrýardy. Biri-birine meňzemeýän şol adamlary diňe ellerindäki petde petekler birleşdirýärdi. Oglanjyk petekleri elinde saklamaýardy. Olary köýneginiň içinde – gursagynda saklap, ýeke-ýekeden çykarýardy. Jawat geçip barýanlara ünsli seredip, kimiň ýanyna barsa boljakdygyny aýyl-saýyl ederdi. Onuň ünsi köplenç aýllarda eglenerdi. Özi-de çadraly, iňirdewük, husyt, “Aýrylsana, oglanjyk, bizde bagt nämişlesin!” diýen ýaly sözleri gaýtalaýan aýakllary däl-de, çadrasyz, kaşaň geýnen aýallary saýlap tutardy. Olar köplenç Jawadyň ynamyny ödärdiler. Oglanjyk olaryň petekleri diňe ýürekleriniň awaýandygy üçin satyn alýandyklaryna düşünerdi, hut şol sebäpli-de, ýukaýürek aýallary gözlärdi. Ol özüni edepli ýerden çykan oglanjyk hökmünde görkezmegi öwrenipdi, şonuň üçin hem, durumsyz hanymlaryň bihaýalyk bilen ýüreklerine düşüp, gaharyny getirmezdi-de, ýüzlerine naýynjar garap, elindäkini utanjaň halda uzadyp, “Hanym, petek satyn alyň! Soňkujasy galdy!” diýerdi, kölegeleri ýaly bolup gidibererdi. Käwagt bolsa hamala olary bimaza edýänligi üçin utanýan ýaly keşpde ses-ününi çykarman, yzlaryndan galmazdy. Bu aýallary gepsiz-gürrüňsiz boýun egdirýärdi. Ol şeýle hem petekleri ýaşlara satardy. Eger oglan-gyzlar öz deňinden parhsyz geçip gitseler ýa-da: “Owarraňy tapsana! Näçe gezek gaýtalamaly!” diýip gygyrşyp kowsalar, azara galmagyň biderekdigine akyl ýetirýärdi. Olaryň arasynda kimdir biri özüne seredip güläýse weli, ilki: “Gerek däl” diýse-de, barybir petegi aljakdygyny Jawat bilýärdi. Ýöne olaryň kimiň üstünden gülýändiklerine düşünmezdi. Onuň üstündenmi? Oglanjygyň güler ýaly nämesi barmyş? Ýa-da satyn alan zadyna gülýärmikäler? Göräýmäge oňa-da esas ýok ýaly. Nähili bolanda hem, olaryň gülküleri Jawadyň üstünligine şaýatlyk edýärdi. Sürüjiler, ýolbeletler, söwda-satyk bilen meşgul bolýanlar, belli bir käriň başyny tutmaýanlar petekleri setanda-seýranda alardylar. Ýöne petekleriň sany weli dört-bäşden az bolmazdy. Dogry, olaryň arasynda alýany birje petegem bolsa, oglanjygyň burnundan ikli gan getirýänleri-de bardy. Olar ilki Jawada petekleriň köpdügini boýun aldyrardylar, petdesi bilen çykarmaga mejbur edýärdiler. Soň eýlesine-beýlesine seredýärdiler, bagtly petegi tapjak bolup, barmaklaryny olaryň belliklerine telim gezek degirýärdiler. Olaryň haýsynyň utuşlydygyny, satman goýar ýaly, oglanjygyň özüniňem bilesi gelýärdi. Emma bu arzuwynyň amala aşmajakdygyna akly çatýardy. Oglanjyk bir zady – utuşlymy, utuşsyzmy, parhy ýok, eger satyp biläýse, öz girdejisiniň 1 rial 5 şahy3 boljakdygyny bilýärdi. Galan 15 şahyny öz hojalygyna – golastynda birgiden çaga işleýän, lomaý söwda edýän adama bermelidi. Onuň in aýagyny iýen ýaly bolup köçede selpäp, oglanjyklar bilen ýaka ýyrtyşyp ýörmezligi üçin, Mohtaram-banuwyň ýassykdaşynyň bu pişäni tapanam gowy zat. Az hem bolsa, garaz, gazanç-ha edýär. Bu iş oňa öz ýaşytdaşy, gysga boýly-da bolsa, Jawada garanda bitnikli, eginlek Hüseýin bilen urşanyndan soň tapylypdy. Ol ilki oglanlaryň arasynda Hüseýiniň üstünden gülme keýpini goýmandy. Soňra gulagynyň düýbüne ýelmäpdi. Hüseýin emelsizräge-de el gaýtaranda bolsa, güýjüni tijäp, garşydaşynyň garnyna kellesi bilen süsüpdi, öz badyna hem ýere ýazylypdy. Şol wagtam Hüseýin kerpiç bölegini onuň depesinden indirip, kellesini ýarypdy. Enesi görgüli agtygynyň gana boýalan ýüzüni görüp, tas özünden gidipdi. Dynç gulak bolmak üçin, ertesi gün oňa laýyk bolaýjak işiň ugruna çykdylar. Iş diýeniň işdir-dä, oňuşsa boljak. Oňa her günde 20-25 sany petek ýerlemek başardýardy. Söwdasy küşat bolanda dagy 30-a hem ýetirýärdi, ýöne şondan aňry geçirip bilenokdy. Juda az satýan günlerem bolýardy. Petek satýanlaryň sany taňry gün berse artma bilendi, onsoň petekleriň alynmasy azalýardy. Ol gazananjasyny enesiniň tikip beren haltajygyna salýardy. Haltajyk onuň boýnundan asylgydy. Pullary häli-şindi sanamaga ýaltanmazdy, söwda oňuna bolsa, artdyranjasyndan 1-2 rialy eskimo4 ýa-da şuňa meňzeş odur-budur, ownuk-uşak zatlara sarp edýärdi. Galan pullary bolsa her gije enesine berýärdi. * * * Oglanjyk elini köýneginiň etegine sokdy, pully haltajygy gysymlady: “Ýene 4 rial gazansam, ylaýyk 5 tümen bolýar”. Ony öňräjikden bäri bir arzyly isleg gurşap alypdy. Onuň haçan hem nädip peýda bolandygy Jawadyň oňat ýadyndady. Günlerde bir gün enesi öz ýaşlygyny ýatlap gürrüň berip otyrka, deň-duşlary bilen kişiniň bagyna girip, erik ogurlandyklaryny aýdypdy. Çagalar ogrulygyň üstünden gelen bagbandan gorkupdyrlar, ýöne ol: “Hudaý miwelweri adamlaryň iýmegi üçin ýaradypdyr” diýip, tabagy iri, ýagşy bişen eriklerden püre-pür dolduryp beripdir. Bu ýatlama enesiniň ömründäki iň süýji ýatlamady. Ol şireli, agzy suwardýan erikler barada şeýle bir owadanlap gürrüň bererdi weli, oglanjyk enesiniň miweleri nähili lezzet bilip iýendigini, şänijeklerini döwendigini aýyl-saýyl göz öňüne getirdi. Enesi öz ýatlamasyny: “Häzir olar ýaly erikleri tapasyňam ýok. Satylýanlaryňam bahasyny eşideniňde agzyň uçuklaýar. Geçen ýylyň içinde erikleriň iki sanyjagynam iýmek maňa miýesser etmedi” diýip tamamlapdy. Bu sözleri eşiden oglanjygyň näme üçindir ýüregi sanjyp gitdi. Şol gün agşamam, ertesi günem ol diňe enesi hem erikler hakynda oýlandy, gürrüňiň bu parçasynyň näme sebäpden kellesinden çykmaýandygyna geň galdy. Näme barada pikir ýöretse-de, onuň ujy enesi we erige baryp direýärdi. Aradan gün ötenden soň, oglanjyk bir hyýala mündi, ol ilki amala aşmajak ýaly bolup göründi, ýagsy kelle agyrtdy weli, dünýäsi giňäp gitdi. Dogry, oňa köp wagt gider, ýöne munuň zyýany ýok. Şu gün bolmasa, ertir bolar, esasy zat onuň niýetine ýetmegi. Jawat:”Pul toplaryn-da, satyn alaryn. Enem baý begener-ä!” diýip arzuw edýärdi. Ol günde 4 rial, 10 şahy süýşürip bilýärdi. Bu oglanjygyň ýola hem-de owunjak harçlara goýýanydy. Ýöne hemme zat onuň pikir edişi ýaly aňsatja däl ekeni. Puly aýawly tutmak hyýalyna mündem weli, gözüne ilen ähli zatlary satyn almak islegi döredi duruberdi. Jawat süýji zatlaryň – öň parhsyz garan ýa-da barlygy hakynda dynnym ýaly düşünjesi bolmadyk zatlaryň dünýäde juda köp ekenligini indi düşünip galdy. Aradan üç gün geçenden soň, Jawat saklanyp bilmän, 2 riala doňdurma satyn aldy. Puluny töläp, ony eline aldam weli, eden işi üçin ökünip, gazaba münüp, kemsinmeden ýaňa tas zörledipdi. Ol biri elinden kakyp alaýjak ýaly, doňdurmany gyssanmaçlyk bilen iýdi, onuň tagam-tagsyrynyň ýokdugyna geň galdy. Ertesi sowlan puluň öwezini dolmak üçin köpräk petek satmaga jan etdi. Ýöne bir gezek pullary haltajyga salyp durka 2 riallyk teňňäni ganawa gaçyraýdy. Çägäni, kerepli suwy hars urup dörse-de, ony tapmak başartmady. Aradan birnäçe gün ötdi. Jawat saklanyp bilmän, 3 rialy myssyjak bulka sarp etdi. Ol şol gezek, dogrudanam, açdy. Bulkany iýenden soň, birnäçe wagt şaňgaty bolup durdy. Oglanjygyň özi özüne sapak berer ýaly, keltejik boýly bolasy geldi: tä el-aýagyň ýadaýança suwa salma ýnçsediň! Haltajykda pullaryň ýüregedüşgünç haýallyk bilen, özüňi çala bildirip artyşyny irginsiz barlap ýörşüne, ol wagt hasabyny bütinleý unutdy. Eger ol şu gün 4 rial hem 5 şahy süýşürip biläýse, 5 tümen boljak. Dogry, oglanjyk şeýle mukdardajy puly diňe ýekeje gezek ýygnap görüpdi. Ýöne ol ikinji gezegiň hökman şu gün boljakdygyna ynanýardy. Surnukdyryjy köp garaşmadan ýaňa onuň arzuwy alysda hem amala aşmajak ýaly bolup görünýärdi. Eger-de oňa şu gün ýetmeýän puly ýygnamak başardaýsa, bu işiň bitdigi hasap. Ol erkinlik bilen dem alar, gaýgy-aladasyz çagalyga dolanyp barar. Jawadyň öz ejizje egnine alan ýüki güýjüniň ýeterinden çökderdi, oglanjygy gysyp-gowrup barýardy. Ýöne onuň muňa akly çatanokdy, oglanjygyň bagtlylygam şundady. Özüne mahsus bolmadyk bihaýalyk bilen hereket edip, soňkuja petegi-de satanda iňrik garalyp ugrapdy. Indi ol öz süýşürintgileriniň üstüne 4 rial hem 5 şahy goşup biljekdi. Onsoň dopba-dogruja 5 tümen bolar duruberer. Ol gazananyny üç bölege böldi. Lomaý söwda edýän adama berilmelisini aýry goýdy. 4 tümen 4 rial – enesiniň paýy (bulary erikleriň üstüne goşar weli, enesiniň deresi gök dirär). Galan 4 rial hem 10 şahyny öz pullaryna goşdy. Özünde 5 tümeniň barlygyna entegem ynananokdy. 4 tümen – kagyz, galany – şaýy. Ol özündäkini bakgaldan 5 tümenlik kagyz pula çalyşdy. Arman, ol isleýşi ýaly täzeje, ýalpyldawuk däl eken. Hajaýyna hem enesine niýetlenen pullary haltajyga saldy, 5 tümenlik kagyzy bolsa gysymyna gysdy. Miwe dükany meýdançadan geçen ýerindedi, her gün deňinden ötende, hamala diýersiň, gaçyp gidäýjek ýaly, eriklere howsala bilen serederdi. Ynha, indi dükana göni baraýsa-da bolar. Ol tolgunýardy, ne sebäpden beýle hala düşendigini weli bilenokdy. Nahilidir bir ýakymsyz waka bolup geçäýjek ýaly, kimdir biri elinden puly kakyp alaga-da, eňsäni gor edäýjek ýaly, hiç ýerde erik tapylmajak ýa-da puly ýetmejek ýaly... juda gorkýardy. Onuň tizräk öýe dolanasy gelýärdi. Dükanda alyjy köpdi. Oglanjyk adamlaryň arasynda garaşdy. Soňra satyjynyň ýanyna bardy. - Erikler näçeden? - Bular 4 tümen 5 rial, bular bolsa – 5 tümen 5 rial. - Arzanrak berjek dälmi? Satyjy onuň ýüzüne nägilelik bilen seretdi. Jawat arzanragyny alyp, 5 rialy özünde galdyrmak barada pikir etdi-de, derrewem beýle hyýalyndan el çekdi. Rast söwda etjegiň çynyňmy, diňe iň oňadyny satyn almaly. - 5 tümenden berip bilmermisiňiz? Men hanym üçin almakçy. Ol bu mekirligi ýaşaýan öýüniň bikesinden öwrenipdi, şeýtseň maksada ap-aňsatja ýetip bolýandygyna hut haýran galaýmalydyr. - Haýsy hanym? – diýip satyjy sorady. Oglanjyk aljyramady. - Ho-ol polkownigiň aýaly-da, hemişe senden satyn alýan biri bardyr-a. Meni onuň öüi iberdi. - Hä, tanaýan, tanaýan. Sen, näme, olarda täzeden bäri gulluk edýärmiň? - Hawa. - Ýeri bolýar-da, al. Satyjy kagyz haltanyň içine saýlama erikleri oklaşdyryp ugrady. Olar uludylar, bişendiler, näzikdiler. Jawat erikleriň her birini gözi bilen iýäýjek bolýardy. Onuň gyllygy akýardy, haltany satyjynyň elinden kakyp alaýasy gelýärdi, ýöne özüne erk edip saklanýardy. Saryjy erikli haltany terezide goýdy, onuň dili “I” belligine yrgyn atyp ugrady, ol iki erigi aýyrdy, soň bir-birden yzyna oklady, 5 tümeni alybam, oglanjyga satyn alan zadyny uzatdy. Jawat dükandan ara açansoň, halta seretdi, çine elini sokdy, derrewem yzyna çekip aldy-da, onuň agzyny ýapdy. Awtobusda ýene haltanyň içine seretdi, ýene agzyny ýapdy. Ol özi bilen göreşýärdi: “Al kakmyş şänijekler süýjüdir-ow! Birjesini alaýaýyn-la, näme bolar öýdýäň”. Barybir almady. Oglanjyk beýtmek bolmaýandygyna düşünýärdi. Birini alsaň, ikinjisi, üçünjisi... bardyr, nädersiň soňuna ýykanyňy duýman galaýsaň. Saklanmak juda kyndy, sebäbi iýmek-hä beýlede dursun, şeýle uly erikleri ýakyndan synlabam görmändi. Elinde-hä halta doly erikler, barmagynam batyrman oturmaly – bu niçik ezýet synag! Ýöne şol wagt enesiniň nähili begenjekdigi hem-de oňa minnetdarlyk bildirjekdigi göz öňüne geldi. Eger haltajykdan ýekeje erigi alsaňam, ony eneňden ogurladygyň bolmarmy? Oglanjyk bi pikirden tidginip giydi. Onsoňam Jawat enesiniň erikleriň hemmesini iýmejekdigini bilýärdi. Ýarysyny, belki, ondanam köpüsini agtygyna berer, ol hem garşylyk görkezip durmaz, sebäbi enesi: “Eger sen almasaň, menem olary işdä bilen iýip bilmerin, balam” diýer. Erikleri gizläp goýaýmagam ähtimaldyr, her gün birlän-ikilän iýerler weli, baý, hezil bolar-ow! Şonda ol enesine: “Iý, ene jan, noş bolsun! Men ýene satyn alaryn. Alla keremdir” diýer. Elbetde, onuň ýene-de erik satyn alyp biljegi gümana. “Zyýany ýok, erik basym arzanlap ugrar. Belki, köpräk petekleri satmak başardar” diýip, oglanjyk özüni köşeşdirdi. Ol gussadan, aladadan halas boldy. Dünýä indi dowzaha meňzänokdy. Ýogsam-a daňyň düýbi çyzylandan tä iňrik garalýança 1 rial 5 şahy gazanmak üçin çem gelene petek gödürläp, synyndan aslyşyp ýörmelidir. Häzir arzuwy amala aşansoň, onuň ähli oý-pikiri enesi hakdady. Tutuş dünýä erikli haltajykda ýerleşipdi, şol dünýäni ýitirmejek bolup hem (kakyp almaklary mümkin-ä), ony elinde berk saklap otyrdy. Oglanjyk öz geçelgelerine geleninem duýman galdy. Ol töweregine ünsli garaýardy, gaty ýöreýärdi. Ylganokdy, sebäbi erikleriň dökülip, çar ýana pytramagy mümkindi. Çüňkden öwrülende garaňky burçda gizlenip duran Hüseýini, oglanlary gördi. Onuň ar almak üçin özüne garaşýandygyna düşündi. Ýüregi süýşüp gitdi. Deňlerinden geçip gidiberjek boldy weli, Hüseýin onuň şňüni gabalady: - Nirä barýaň? - Öýe. - Näme alyp barýaň? - Enemiň sargan zadyny. - Soňky günler görneňok-la. Näme ýuwaşsyraýarsyň? - Men öýe barmaly. - Eneň söger öýdüp gorkýarmyň? - Men öýe barmaly. - Ejemogly! - Hany aýryl, geçeýin! - Ejemogly! El degirseň, poh bolup porsar. - Aýryl diýýän-how! - Ejemogluna serediň-le! Häzir zörledip ugrar! Eýýäm balagynam doldurandyr bi! Jawa näme etjegini bilmedi. Urşasy gelenokdy. Ol oglanlaryň erikleri aýaklary bilen myljyratjakdyklaryna ýa-da elinden kakyp aljakdyklaryna düşünýärdi. Hüseýin batyrsyrap oňa degsinýär, oglanlaram ol gorkýandyr öýdýärler. Zyýany ýok, ertir ýa-da birigün Jawat olar bilen haklaşar! Ýöne häzir uruşmak bolanokdy, nämedir bir zat oýlap tapmalydy. Ol göz açyp-ýumasy salymda netijä geldi. Diraz yza çekildi-de, dişlerini syrtardyp duran Hüseýiniň gursagyna egni bilen batly urdy. Ol garaşylmadyk urgudan serrelip gitdi. Hüseýin özüne gelýänçä Jawat ökjäni göterdi. Şol badyna-da öýe gelip, gapyny batly-batly urmaga durdy. Gapy ýapykdy. Ýumrugy awuşap gitdi. Garaňkyda oglanlaryň aýak sesleri eşidilýärdi, gapyny açan öý bikesi salamy-beýlekini unudyp, gülle ýaly atylyp howla giren oglanjykdan eýmenip, gyra çekildi. Jawat kiçijik howzuň deňinden aýlanyp, otagjyga tarap eňdi. Işige büdredi, ýöne agyran aýagyna üns bermedi. Tolgunyp, ýatyş sekide ümsüm, hereketsiz ýatan enesiniň ýanynabardy. Enesi ukuda däldi, ol pany dünýä bilen hoşlaşypdy... Feridun TONAKABONI, eýran ýazyjysy. _____________ 1 Ownuk eýran teňňesi; 2 Eýranyň pul birligi; 3 Ownuk şaý pul; 4 Doňdurmanyň bir görnüşi. Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |