02:19 Erjelligiñ miwesi / hekaýa | |
ERJELLIGIÑ MIWESI
Hekaýalar
Alty kakamyň täze göçüp baran jaýynyň toý sadakasyna üýşen mähelle öýleden soň mazaly sabady. Ir säherden aýak üstünde hyzmatda gezemsoň, argynlygam indi bildiriberdi. Galan ownuk-uşak işleri özümden kiçi doganoglan jigilerime tabşyrdym-da, demini alan gök çaýdan bir käsejik owurtlamak üçin öýe girdim. Aşhanada myhmanlara niýetlenilip basyrylyp goýlan çäýnekleriň birinden bir käsäni dolduranym hem şoldy welin, içki otagdan Çary kakamyň sesi eşidildi: —Kakamyrat, aý, Kakamyrat! Hany, bärik gel bakaly! Çaýly käsämi göterip, içki otaga girdim. Giň otagda ýedi doganyň hersi bir ýassygy ýassanyp, saçagyň başynda otyrdy. Olaryň barysynyň nazary maňa gönügipdi. Ýedi kakamdan galanynyň hemmesi, näme üçindir, ýüzüme seredip ýylgyrýardy. Elimi bişirip gelýän käsäniň gyzgynyna çydaman, Döwlet kakamyň ýanynda çökdüm. Ýedi kakamyň torsarylyp oturyşyna gözüm düşensoň, aga-inileriň häzir meniň daşyma geçjekdiklerini aňdym-da, sesimi çykarman, çaýdan owurtlap başladym. —Kakamyrat jan, hany sen biziň körpe inimiziň göwnüne degýämişiň diýip eşitdik-le?—diýip, Çary kakam maňa ýylgyryp gep goşdy. Çary kakamyň nireden tozadýanyny çalarak aňsam-da, men hiç zatdan habarsyz kişisirän boldum. —Beh, Ýedi kakamyň göwnüne haçan degip ýörkäm?—diýip, çaýly käseden owurtlap oturyşyma, assyrynlyk bilen Ýedi kakama nazar aýlap goýberdim. — Şu ogluňy gaty aýnadypsyň-aý sen, Hudaýberdi—diýip, Ýedi kakam bolup oturyşyma çydaman, kakama gatyrgandy. —«Bolýa» diýen sözi agzyndan çekip çykarmak üçin tutuş bir aýlap yzyndan ylgamaly munuň! «Göreris. Elim boşaşsa, bir zat ederin» diýmeden başga söz aýdanok. —Sen näme üçin Ýedi kakaňa bir aýlap «Bolýa» diýeňok?—diýip, Allaberdi kakam agras gürledi. —Diňe kakaň arkaňda duraýmasa, bärde başga saňa hossar çykjak ýokdur—diýip, Döwlet kakam oýun edip, goşarymdan tutdy. —Körpe inimiziň göwnüne hiç kime degdirmeris. —Goňşy otagda ejem bardyr! Häzir çagyraýaryn—diýip, kakam hezil edip güldi.—Göreli hany, körpe oglunyň arkasynda durarmyka ýa nowbahar agtygynyň? —Uzakly gün «kömelek» sözünden başga gep eşitmedim şu gün, maňa-da anyk düşündirseňiz-läň—diýip, Bäşim kakam ýerinden gobsundy. —Körpe inimiz bilen Kakamyrat janyň arasynda näme düşünişmezlik bar? —Körpe inimiziň kömelek iýesi gelýämiş—diýip, kakam loh-loh güldi. —Kömelek iýesim gelenok meň, kömelek ekesim gelýä—diýip, Ýedi kakam goltuklap oturan ýassygyny bir gapdala oklady-da, kakama gatyrgandy. —Seň ogluň maňa gowy kömekçi bolup biljegem welin, ataly-ogul ikiňiz owarramçylyga salýaňyz. —«Ataly-ogul» diýip, jan inim, meni bir ara goşma. Meň bärde hiç hili dahylym ýok—diýip, kakam gülüp oturyşyna körpe inisine jogap berdi. —Hany, köşeş—diýip, Allaberdi kakamam Ýedi kakama basalyk boldy. —Häzir hemme meseläni çürt-kesik ederis. —Garry öýden bärik göçüp gelmänkäm, şu kömelekli gürrüňden menem bez bolupdym-aý—diýip, Alty kakam körpe inisiniň bolşuna hüňürdedi. —Kakamyrat jan, eger eliňden gelýän bolsa, kömek edäý-dä körpämize—diýip, Döwlet kakam maňa igendi. Bir aý bäri Ýedi kakam bilen öý şertlerinde kömelek ýetişdirmek meselesinde jedelimiziň edil maşgala geňeşine çykarylaryna garaşmamsoň, birbada aljyradym. Döwlet kakama näme jogap berjegimi bilmän, çaýly käsämi bir gyra goýdum. —Dogrusyny aýtsam, Döwlet kaka, Ýedi kakamyň şu pikiri bolgusyz bir zat-laý. Meniň bu sözlerime Ýedi kakam ot alana döndi. —O nähili bolgusyz zatmyş?! Gaty bolgulydyr şol. —Kömelek ekip, kösenip ýöreniňden, Ýedi kaka, bazardan satyn alanyň amatly dälmi saňa? Bahasam ýog-a onuň?—diýip, menem Ýedi kakamyň bolşundan gatyrgandym. —Ýazyň gün-ä kömelek meýdanda-da leýs—diýip, kakamam meniň arkamy aldy. —Siz düşüneňzok maňa—diýip, Ýedi kakam jibrindi. —Meýdan kömeleginiň gürrüňini edemok. Meň özbaşyna kömelek ekesim gelýä. Tutuş ýylyň dowamynda. Gyşyna, ýazyna, tomsuna, güýzüne. Düşünýäňizmi şuňa? Arada Daşoguzda ýaşaýan gullukdaşymyňkyda myhmançylykda boldum. Ol ýyladyşhana gurupdyr, arly ýylam şol ýyladyşhanada kömelek gögerdip otyr. Meňem şoňky ýaly kömelek gögerdesim gelýä. —Bir aý bäri şol daşoguzly gullukdaşynyň guran ýyladyşhanasynyň gürrüňi halys ýykdy-how—diýip, men eýýäm sowap ugran çaýly käsämi başyma çekip, nägileligimi daşyma çykardym. —Sen, Kakamyrat, gaty köp bilýäň, internet diýilýän zadyň üsti bilen kömelekleň öý şertlerinde nädip ýetişdirilişini maňa has ymykly öwredibem bilýäň welin, şonda-da arkan gaýşyp ýörsüň—diýip, Ýedi kakam öýkeli gürledi. —Aý, Ýedi kaka, maňa bir aýlap jebir berip ýöreniňden, senem baranyňda, şol gullukdaşyňdan kömelek ekmäniň usullaryny öwrenip gaýdaýmaly ekeniň-dä—diýip, şol bir gaýtalanyp gelýän gürrüňlerden ýadamsoň, ahyry ýaryldym. —Kakamyrat jan, sen, tüweleme, ýokary okuw mekdebini gutardyň, bäş ýyllap şäheriň suwuny içdiň—diýip, Döwlet kakam gepe goşuldy. —Bar mesele saňa dirän bolsa, Ýedi kakaňy öýkeletmän, çözäýmezlermi? —Ýokary okuw mekdebini gutaranymda näme. Ekerançylyk däl-ä ugrum. Maliýe diýseň, ykdysadyýet diýseň, onda başga gürrüň. Meňki hasap-hesip. Kömelek ekmäni nireden bileýin eýsem? —Aşyrmäde-de agasynyň ogullary kömek edipdir, olar-a mekdep okuwçysymyş ýogsa. Başyň çykýar-a internet-beýlekiden seň—diýip, Ýedi kakam ýakamy goýbermedi. —Öwrenersiň, soňam başyňdan aýlap taşlarsyň-da—diýip, Alty kakam kinaýasyny oklady. — Küşt öwrenjek ýa dutar çaljak bolşuň ýaly bir zat bolar-da kömelek ekişiňem. Saňa näbeletmi biz? —Göreşe-de gatnan bolupmydy şu kiçijikkä?—diýip, Alty kakamyň gürrüňlerine Çary kakam hem goşuldy. —Basketbola-da gatnad-a şu pökgüjeligi bilen—diýip, kakam loh-loh güldi. Kakamyň bu sözlerinden soň, otagyň içi alawagyrdy boldy. Agalarynyň üstünden düşmesine Ýedi kakamyň çeti gyzdy. Şol pursat otaga enem girdi. —Alty jan, oglum, ýurt garşy alsyn! —Sag bol, eje—diýip, Alty kakam oturan ýerinden turup, eneme mürähet etdi. —Geç-äý bärik. —Geçip oturmaýyn, oglum, men-ä, rugsat berseň, öýe gaýtjak—diýip, enem ogullarynyň içinden Ýedi kakamy gözledi. —Körpäm, meni öýe eltjekmi? —Menem gideýin diýip durdum, eje—diýip, Ýedi kakam ýerinden turdy. —Sen otur, körpe, Kakamyrat eltip gaýdar ejemi meň ulagymda—diýip, kakam Ýedi kakamy saklajak boldy. —Ýok, menem ýörejek, ejemi elinjek özüm elterin—diýip, Ýedi kakam enemiň öňüne düşdi. —Şu gezeg-ä gaty öýkeledäýdiňiz öýdýän—diýip, Çary kakam körpe inisiniň ýeňsesini tüňňerdip otagdan çykyp gidişine dözmän, başyny ýaýkady. —Entegem kiçijik oglanjykdyr öýdüp ýörsüňiz oňa, ata boldy ahyry ol, bes ediň şoňa degmäňizi!—diýip, Allaberdi kakam agraslyk bilen gürledi-de, soňam nazaryny maňa dikdi. —Senem, köşek, araňyz on ýaş bolsa-da, elmydama basdaşlyk edip geçäýýäň Ýedi kakaň bilen. Allaberdi kakamyň soňky sözlerine başymy aşak saldym. Ýedi kakamyň öýkeläp gitmesine hut özümiň sebäpkärdigime düşündim. Toý sadakasynda hyzmat edip ýa-da nam bolsam, öýe gelip, kompýuterimiň başyna çökdüm-de, internetiň üsti bilen öý şertlerinde kömelek ýetişdirmek bilen baglanyşykly birgiden maglumat ýygnadym. Ýazgy görnüşlerini printerden çap edip çykardym, wideoşekilli ýazgylaryny bolsa ykjam diske geçirdim. Ertesi gün ir säherde turup, Ýedi kakamyň öýkesini ýazmaga howlukdym. Enemler bilen biziň öýümiziň aralygy o diýen daş däldi. Öz maýdalyňa ýöräp gideniňde on minutda baryp bolýardy. Ýöne şonda-da öýden çykan badyma ýorgalap diýen ýaly gitdim. Demim demime ýetmänem, enemleriň derwezesini kakdym. —Ýedi kakam öýdemi?—diýip, derwezäni açyp, meni garşylan Nargül gelnejemden soradym. —Hawa, hawa—diýip, Nargül gelnejem başyny atdy. —Ýedi kaka, aý, Ýedi kaka!—diýip, howla girenimden Ýedi kakamyň adyny tutup gygyrdym. —Daň bilen galmagalyň näme-how?—diýip, Ýedi kakam öýden çykyp, agras gürledi. Onuň hörpi entegem menden kinelidigi bildirip durdy. —Ynha, al onda şulary—diýip, elimdäkileri oňa tutdurdym. —Bular näme?—diýip, ol bir topar kagyzdyr ykjam diskleri saklap durşuna äm-säm halda sorady. —Düýn çynyň bilen soraňsoň, maksadyňa ýetireýin diýdim—diýip, men ýarym oýun-ýarym çyn bilen jogap berdim. —Be, göwneseň, başarjak ekeniň-ä—diýip, Ýedi kakam internetden toplan maglumatlarymy okap oturyşyna, eline kemput tutdurylan çaga ýaly bolup, ýyrş-ýyrş etdi. —Ykjam diskdäkilerem wideoşekilli düşündirişli maglumatlardyr-da? Şeýle dälmi? Ýedi kakamyň häzirki bolşuny synlap, bir aýa golaý bäri onuň haýyşyny bitirmänime öz ýanymdan utandym. —Hawa, Ýedi kaka. Şu ýerde ýazgy görnüşinde-de bar, wideo şekilinde-de. Ýöne, düýn şu maglumatlary toplap otyrkam, kömelegi ýetişdirmek beýle bir aňsat zat däl diýip hasapladym özüm-ä. Baş alyp çykar ýaly däl. Sen maglumat gerek diýdiň, ynha, birgiden maglumat. Galamasyny özüň bil. —Boldy, boldy. Sag bol—diýip, Ýedi kakam monça boldy. —Nesip bolsa, bu zatlardan özüm baş alyp çykaryn. Ýedi kakamyň öýkesiniň ýazylanyna begendim. Onuň bilen hoşlaşybam, öýe gaýtdym. Şol günki wakadan soň ýoňsuz wagt geçdi. Dogrusyny aýtsam, toplap beren maglumatlaryma Ýedi kakam çyny bilen ýapyşandyr öýdüp kelläme-de getiremokdym. Kömelekli gürrüňem ýatyşansoň, ol meniňem ýadymdan çykyp gidipdi. Tomus günleriniň ahyrlarydy. Işden aryp gelip, derwezeden ätlänimde, Nargül gelnejemiň sekiniň üstünde ejeme jibrinip-jibrinip, nämedir bir zatlary gürrüň berýäni gulagyma degdi. —Hana, Kakamyradyň özem geldi—diýip, ejem maňa tarap ümledi. Nargül gelnejem maňa gözi düşenden, hasam beter jibrindi: —Ynha, Kakamyrat şol gün onuň eline bir giden zady tutduryp goýberensoň, şol yňdarylyp gidip oturyşy-da... Nargül gelnejemiň bu sözlerini eşidip, gürrüňiň Ýedi kakam barada barýanyny aňdym-da, sekiniň gyrasynda çökdüm. —Ynanýaňmy, Şemşat jan—diýip, Nargül gelnejem ejeme janygyp-janygyp aýtdy. —Ýerzeminden ähli paty-putulary daşyna çykaryp, şol ýeri kömelek ekilýän tejribe meýdanyna öwürdi-dä. Üç aý bäri eşidýänim, görýänim diňe kömelek. —Ýogsa-da, gelneje, kömelekler nädýä? Bitýämi özi?—diýip, men saklanyp bilmän soradym. —Wah, sen beri bagrymy ýakmasana, Kakamyrat—diýip, Nargül gelnejem jedir-jedir etdi. —Şol seň säher bilen birgiden zady oklap gaýdanyňa indi üç aý bolup gelýä. Şondan bäri dümtünip ýör. Bolşy çaga ýaly-da. Eken kömeleklerini synlamak üçin ýerzemine düşýä, soňam daşyna çykýa, soň ýene-de aşak düşýä, ýene ýokaryk galýa. Işden gelen badyna, öýe girmän, ilki kömeleklerinden habar tutýa. Daşoguzly gullukdaşyna-da her gün jaň edýä, telefonynda kömelekleriniň suratyny alybam, oňa ugradýa. O bendäniňem janyna berekella, gatyrganman, her gün esli wagtlap telefonda maslahat berýä. —Beh—diýip, Nargül gelnejemiň gürrüňlerine haýran galdym. —Men-ä, dogrusy, walla, Ýedi kakam kömelek ýetişdirmäge beýle çyny bilen ýapyşar öýdüp pikirem etmändim. —Şuny Ýedi kakaň agalary-da geň görüp ýör—diýip, ejem maňa jogap berdi. —Islendik bir işiň başyny başlap, uzaga çekdirmän taşlasa-da, ýüwürjimiz şü kömelege gezek galanda-ha gaty bekine tutupdyr. —Tutan ýerini goparmasa, oňmaz ol—diýip, Nargül gelnejem Ýedi kakamyň häsiýetine belet bolansoň, düşündirdi. —Öwrenýä-öwrenýä, soňam taşlaýa. Häzir görersiňiz, kömelegi gögertmäni öwrenensoň, munam goýbolsun eder. Ertesi dynç günüdi. Men Nargül gelnejemiň gürrüňlerinden soň, ýörite gyzyklanyp, Ýedi kakamdan habar tutmaga bardym. —Kakamyrat jan, gel, oglum— diýip, enem meni gadyrly garşylady. —Gel, gyzgynjak çaý, demini alan—diýip, ol sekiniň üstünde demläp goýan çaýyndan hödür etdi. —Sag bol, ene, men çaý içip geldim—diýip, mürähetden boýun gaçyrdym. Soňam öňki endigime görä sesime bat berip, Ýedi kakamy çagyrdym. —Ýedi kaka, aý, Ýedi kaka?! Nirede sen, Ýedi kaka?! —Beh, galmagalyň näme-how—diýip, ýerzeminden çykan Ýedi kakam maňa tarap ýöneldi. —Hany, ýetişdiren kömelekleriňi bizem synlaly-da. Enemlere näçe gelsemem, kömelegiň gürrüňini ýeke gezegem agzamadyň-aý. Daşgulakdan eşidip ýörün. Näme, gözüm deger öýtdüňmi? Meniň bu sözlerime Ýedi kakam hezil edip güldi-de: —Hany, ýör bäri—diýip, meni ýerzemine alyp gitdi. —Ilkibaşda edenim ugruna bolmady. Hiç kimiň ýanynda agzamanym şonuň üçin. Ynha, indi arkaýyn agyz dolduryp aýtsaň bolýa—diýip, Ýedi kakam ese-boýa galan kömeleklere elini uzatdy. Ýörite taýýarlanyp ýasalan birgiden gapyrjaklaryň içinde ýetişip başlan kömeleklere gözüm düşenden, içki duýgymy daşyma çykaranymy bilmän galdym: —Ýedi kaka, sen-ä, tüweleme, hakykatdanam iş bitiripsiň. Beýle aňsat ýetişýän bolsa, menem öýde synanyşyp göräýmelimi-nämemi?—diýip, bitginli hasyly synlap durşuma haýran galdym. — Bäh, hemme zady aňsat çözüp bolaýýandyr öýdýäň-aý, inim, sen-ä—diýip, Ýedi kakam al-petimden aldy. —Sen diňe iň soňky sepgidi synlaýaň-how. Ýedi kakaň şu görýän hasylyňy kemala getirýänçä nähili kösenenini bir bilýäňmi?! Ilki eken hasylym-a zol gurady durdy. Näçe yhlas siňdirýänem welin, teý boluberenok-da. Üstesine, gelnejeň iňirdilerinem aýtsana. «Bolgusyz zada güýmenip ýöreniňden, pylan et, pismidan et» diýip, olam halys ýykaýdy. Bolsa-da, gullukdaşym Aşyrmät degerli maslahatlary berip, tekge berdi. Indi emelini ele alandyryn. Enşalla, nesip bolsa, aňyrsy bir hepde, Kakamyrat jan, aňyrsy bir hepde—diýip, Ýedi kakam oýun edip, arkama kakdy. —Hasyl ýetişmeli, hasyl. Ýörite taýýarlanyp ýasalan gapyrjaklarda boý alyp başlan kömelekleri synlap durşuma, öz ýanymdan Ýedi kakama buýsandym. Ejemdir kakama görkezmek üçin hatda telefonymda olary surata-da düşürdim. —Bir hepdeden hökman gelgin, ilkinji hasyldan dadyp göreli—diýip, Ýedi kakam maňa sargyt etdi. Ýedi kakamyň sargydyny ýatdan çykarmazlyk üçin el telefonymda «Geljek hepdäniň ýekşenbe güni Ýedi kakamyň ýanyna hökman barmalydyryn» diýip ýörite bellik edip goýdum. Ýöne geljek hepdäniň ýekşenbe gününe ýetmezden iki gün öň ýany Ýedi kakam meni gyssagly jaň edip çagyrdy. —Ilkinji hasylyň tagamyny seň bilen datmasak bolmaz ahyry. Şu gün hökman öýe gelgin—diýip, joşup gürledi. Işden çykyp, öýe-de barman, göni Ýedi kakamlara sowuldym. Derwezeden girip-girmänkäm, howludan ýakymly ys burnuma urdy. Ýedi kakam meni mylakatly garşylady. —Tüýs wagtynda geldiň. Hany, sekä geç-de otur, men häzir gelýän. Şeý diýip Ýedi kakam aşhana girip gitdi-de, biraz salymdan eli saçly dolanyp geldi. —Ine, ilkinji hasylyň miwesi. Ilkinji bolubam ikimiz dadaly—diýip, ol sajyň ýany bilen getiren iki dürtgüjiniň birini maňa uzatdy. Saçagyň başynda goýlan kömelekli tagamyň ysy işdämi açdy. Işden aryp gelemsoň, ownuk dogralyp gowrulan kömeleklere dürtgüji ýetirenimem şoldy welin, Nargül gelnejem oturan ýerimize ýelkildäp geldi. —Gyw, sen näme muny iýjek bolýaňmy?—diýip, ol Ýedi kakamyň al-petinden aldy. —Weý, eýse näme, iýmejek bolsam, saňa gowurtmazdym-a muny—diýip, Ýedi kakam ör-gökden geldi. —Ýedi, birden zäherli bolsa bildiňmi?—diýip, Nargül gelnejem sojap gürledi. Nargül gelnejemiň bu sözlerini eşidenimden kömelekli dürtgüjimi elimden gaçyrdym. «Dogrudanam, kömelek zäherli bolaýsa nätjek?» diýip, öz ýanymdan gara janym galmady. —Goýsan-aý, öý şertlerinde ýetişdirilen kömelegem zäherli bolarmy?!—diýip, Ýedi kakam saçdan kömelekleri dürtgüji bilen alyp, işdämenlik bilen iýip başlady. — Bäý-bä, muň tagamlydygyny. Beýdip oturma-da, dadyp görsene, Kakamyrat—diýip, ol maňa hödür etdi. Nargül gelnejem sesini çykarman, ýanymyzdan tasap gitdi. Salym geçmänkä-de yzyna enemi tirkäp geldi. —Ynha-da, enesi, hakyt kömelegi iýip otyr-da ogluň—diýip, ol eneme gep düşündirmäge çytraşýardy. —Körpäm, sen näme zäherli zat iýýäňmi?—diýip, enem Ýedi kakamyň ýanynda çökdi. —Ýok-how, eje. Ýetişdiren kömeleklerimiň ilkinji hasyly şu. Al, senem dadyp görsene, öte tagamly. Enem özüne uzadylan dürtgüçden kömelegi dadyp gördi. —Bäh, sadagasy boldugym, bal ýaly eken büý-ä. Enemiň bu sözlerinden soň, menem dürtgüji alyp, kömelegiň bölejigini agzyma atdym. Uzakly günüň argynlygyndan ýaňa halys ajyganymdanmy, ýa hakykatdanam, tagamyň şeýle datly taýýarlananlygyndan, men saçakdan çöregi döwüp alyp, kömelekleri birýan ujundan çöpläp başlanymy özümem duýman galdym. —Ýedi kaka, yzy kändir-ä muň— diýip, iýip oturyşyma soradym. —Kömeleg-ä kän welin, ýöne onuň gowurmasyny Nargül gelnejeňden haýyş etmeli-dä—diýip, Ýedi kakam meniň ýapyrylyp, kömelek iýip oturyşymy synlap, çaga ýaly begenip gürledi. —Biz ýaly garry üçin-ä gowy hörek boljak bu—diýip, enemem dillendi. —Ýeňiljekden işdä ýakyn eken. —Al, Nargül, senem dadyp görsene—diýip, Ýedi kakam häliden bäri gözlerini tegeläp, biziň bolşumyzy synlap duran gelnine hödür etdi. Nargül gelnejem biraz ikirjeňlenip durdy-da, kömelekden dadyp gördi. —Erbedem däl ýaly—diýibem sekide çökdi. Kiçijik saçda dadymlyk diýlip gowrulan kömelek, elbetde, meniň ýeke özüme-de hiç zatdy. Onuň daşyna dört bolup geçilensoň-a «Ýekäniň lukmasy dördini aç goýar» diýleni boldy. Onsoň Nargül gelnejemden ýene-de kömelegi gowrup bermegi haýyş etmeli bolduk. Ýedi kakam ýetişdiren kömeleginiň ilkinji hasylyndan ähli doganlaryna dadymlyk hökmünde eltip berdi. Nargül gelnejem bolsa eltilerine nädip bişirmelisini öwretdi. Ilkinji hasyldan goňşy-golamlara-da ýetdi. Yhlas bilen kemala getirilen kömelekler bolsa gün-günden şol ösüp, hasyl baryny getirip otyrdy. Bir zadyň başyna baryp, ony ymykly öwrenenden soň, köplenç «Hünäri öwren-de, ýigren» endigine eýerýän Ýedi kakam kömelek ýetişdirmesini taşlaýyn diýmedi. Onuň ýetişdirýän kömeleginiň tagamynyň tarypy öz obamyzdan goňşy oba, goňşy obadan aňyrky oba ýaýrady gidiberdi. Günleriň bir güni bolsa Ýedi kakamyň ýanyna bir telekeçi geldi. Telekeçi kömelekleriň hiline gowy baha berip, olaryň önümçiligini artdyrmagy hem-de öz firmasyna bazarlarda ýerlemek üçin köp mukdarda ýetişdirip bermegi haýyş etdi. Ýedi kakamyň ilkibaşda güýmenje hökmünde başlan bu pişesi, şeýdip-şeýdip girdejili çeşmä öwrülip ötägitdi. Hyrydarlaryň aşa köpelmegi bilen bolsa ýerzeminiň çägi indi darlyk edip başlady. Hyzmatdaşlyk goluny uzadan telekeçiniň teklibidir ýardamy bilen Ýedi kakam melleginiň çetinde ýyladyşhana gurdy. Dogrusy, daşyndan göreniňde ep-esli meýdany tutýan bu ýyladyşhanada ýetişdirilýän hasylam soňy bilen hyrydarlary doly kanagatlandyrmady. Üstesine, işçi güýji hem azlyk edýärdi. Günaşa diýen ýaly, dogan-garyndaşlary ýowara çagyrmakdan netije bolmajagyna göz ýetirilensoň, Ýedi kakama Döwlet salgyt gullugynda işewür hökmünde hasaba durup, girdejileriň hasabyna ýörite işçi tutmagy maslahat berdik. Işeňňiriň işi ileri diýleni boldy. Döwlet salgyt gullugynda işewür hökmünde hasaba goýlansoň, Ýedi kakamyň alyp barýan bu halal işi köpleri özüne çekdi. Wagtyň geçmegi bilen bolsa agalarynyň ählisi onuň hyzmatdaşlaryna öwrüldi. Bankdan uzakmöhletleýin karz alyp, Ýedi kakam öz agalary bilen daýhan hojalygyny döretdi. Işiň abyny-tabyny gowy eline alansoň, ol daýhan hojalygynda tapgyrlaýyn birnäçe ýyladyşhana gurdy. Önümçilikde köpdürlüligiň zerurlygyna göz ýetirip, Ýedi kakam ýyladyşhanalarda kömelekden başga pomidordyr hyýar, badamdyr limon ýaly ekinleri hem ýetişdirmegi ýola goýdy. Hyzmatdaşlaryň ýardamy bilen daýhan hojalygynyň ýanynda ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümleri konserwasiýa etmek boýunça kiçiräk kärhana-da döredildi. Soňy bilen bolsa bu kärhananyň göwrümi hasam giňeldildi. Ykdysady dilde aýdanyňda, Ýedi kakam öz önümçiligini doly diwersifikasiýalaşdyrdy. Ilkibaşda kömelekden gelen girdejileriniň hasabyna önümleriň görnüşini artdyrdy. Önümlerden gelýän girdejileriň hasabyna bolsa kärhana döredildi. Öýüň körpesi Ýedi kakam indi agalaryna baş bolup, giden daýhan hojalygynyň eýesi. Bu hojalykda meniň eýeleýän wezipämem kiçi-girim däl. Hünärim boýunça bu daýhan hojalygynyň baş hasapçysy. Eziz GELDIMYRADOW. | |
|
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |