17:10 Eşek hem Köpek / basnýalar | |
EŞEK HEM KÖPEK
Goşgular
Eşege gaharly diýenmiş Köpek: - Horyda wagtyñ-a däldiñ sen depek. Kyn eken bolmasa utanjyñ-haýañ, Deper ýaly näme edenmiş eýäñ? Iýdirdi, içirdi, semretdi seni, Heý, şeýle zat bormy, ynsabyñ hany?! Eşek diýenmişin: "Beýle diýmegin, Depmek üçin berilendir toýnagym". - Seni saklamasa nogtadyr duşak, Señ bilen il bolmak kyn eken, Eşek! • BETPÄL Garagurt ýylgyryp, diýenmiş: "Içýan! Men çakamda ähli zähermi saçýan. Nätjekdiñ sen meni gepledip uzak, Çakanyñ galmasyn, ikinji gezek". * * * Eden etmişine ökünmeg-ä däl, Özüne meñzeşi ösdürmiş betpäl. • TILKI Şiriñ suratyna dikip nazaryn, Tilki diýenmişin: "Niçik gezerin, Bir gün ýaşap bilmen men şondan añry, Saña uzak ömür bersin-dä Tañry"... Gören diýýär: "Bolup ýörşi masgara", Ýöne sen tilkiniñ bolşuna gara! Ol bähbit gözleýär. "Duranlañ biri", Hökman, şuny aýdyp, begendir Şiri. Baýram ÇOMMADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |