14:36 Hatasyz ýarag | |
HATASYZ ÝARAG
Goşgular
Sähra jandarlary üýşüp gelende, Şagal söz sözledi çykyp belende: - Şir agam bolmasa, gaýdardy işim, Bişen gawuna-da ötmezdi dişim. Kim Şir üçin ölse, men şolañ biri, Ölýänçäm alkyşlap gezerin Şiri. Göýä başga zada berýän dek ünsüñ, Märekäñ öñünde Şir otyr ümsüm. Dodaklaryn ýalap, ýuwdundy, dymdy, (Şir dymýarka, oña "Goý" diýjek kimdi?). Şagala wezipe ýetdi şo gije... Öwgüden Şir öldi - ine, netije. • Şagalyñ portreti Şagalyñ elinde şirmaýy dark, "Ýeri, kel Şagala ol nämä gerek?" Gürmek ýelmeşipdir Şiriñ ýalyna, Hasanaklap barýar şonuñ ýanyna. Baýram ÇOMMADOW. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Kleopatra / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |