Süleýman salam! Ikinji topbagyň ikinji setirinde "namart" diýipsiň welin, näme gulluk edenlere arşdan mertlik, daşdan ýürek... gelýämi? Bul-a bolmaz... Gulluk etseňem, beýlekileri kemsitmek gerek däl. "Bir kemsiz gözel bolmaz" diýilýär. Siziñem kemleriňizi sanasaň sogaby kändir. Ilki adam bolmaly, şahyrlykdan öňürti!
Gerçeknazar, Gurbannazar Ezizow aýdypdyr-a, Watany edil ejeňi söýüşiň ýaly söýmeli, gygyryp däl-de, sessiz söýmeli diýip. Soňky deme çenli biz watanyň esgeri däl. Soňky deme çenli biz öz maşgalamyzyň başy. Sen öz maşgalaňdan başga kime gerek? Watana gerekmi?
Adam ölýär, Şeýdip ýapylýar perde. Ölen däl, diriler galýarlar derde. Ýöne ölen adam ölerine çen Tanyşýar dünýäniň geçmişi bilen. Gije-gündiz kitaplara bolup ýar, Geçmiş bilen-taryh bilen ýaşaýar Gomer bilen ýaşaýar, Baýron bilen ýaşaýar, Pyragy, Lenin bilen — Bary bilen ýaşaýar! Bulam az deý ol oturýar oýlanyp, Soňra gelejege çykýar aýlanyp. Ençe ýyldyzlaryň dünýesin açýar, Soň ol ýyldyz bolup, süýnýär-de geçýär.
Adam ölýär, Şeýdip ýapylýar perde. Adam az ýaşaýar Kän ýaşan Ýerde.
Agaňyzyň yzy ýarasyn! Yzynda galanlara-da iman baýlygyny bersin!
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]