19:18 "Eý, dostum, men geçen ýyllarmyñ yzyn..." | |
''EÝ, DOSTUM, MEN GEÇEN ÝYLLARMYÑ YZYN...''
Goşgular
Eý, dostum, men geçen ýyllarmyñ yzyn Unutdym ýaşlygmyñ kakabaş döwrün, Sorama ýok zady, bir gözel gyzyñ Yşkynda köýdürip bu gözel ömrüm, Meniñ-ä söýenim, señem döneniñ. Goý, bagtym bolmasa bolmasyn doly, Sen bigünä! Sen bagt üçin doglupsyñ, Ynan, bagty duşdan ötmezi ýaly. Señ kalbyñ dostluk hem yşk üçin diri, Üýtgeşik señ süýji lebleñ höziri. Señ tämiz köñlüñe ýatdyr tukatlyk, Bar kalbyñda çagañ göwni deý şatlyk. Nämä gerek özgäñ gam-gussalarna, Parh etmek olaryñ boş kyssalarna. Olar señ aklyñy bulandyrarlar, Ýalan-ýaşryk sözläp, ynandyrarlar. Ýüregiñ tisginer, dökersiñ gözýaş, Ynanjañ kalbyñdan biparhlyk geçer. Belki, akyl-huşuñ başyñdan uçar. Belki, ömürlikdir... Ýok, ýok, henizem Iñ soñky lezzetden boş goýma meni. Çyn söz howply, soramawer, ezizim, Men bu gün bagtly men, söýýärin seni. * * * Wepaly grek gelni! Aglama, ol gahryman, Duşman güllesi onuñ gursagna girdi, arman. Aglama, ony urşy özüñ iberipdiñ-ä. Agyr aýralygy öñden duýdy ol, Ol seniñ ellerñi ellerne alyp, Çagajygñy gözýaş bilen ýuwdy ol. Erkinlik baýdagy garaldy neçüýn? Aristogiton deýin gylyç çaldy ol. Söweşe alñasap beýik iş üçin Hem mukaddes işler üçin öldi ol. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. ■ OWIDIÝE Owidiý, men ýaşaýan şu kenarda, Hudaýlary döretdigiñ diýarda. Ahyr mazaryñ hem bu çölde ýatdy. Gamly agyñ bu ýerleri wasp etdi; Nalyşyñ dolduryp daş-töweregi, Urýar şindi seniñ lirañ ýüregi. Hyýalymda täsir galdyrdy uly; Şahyr tussaglygyn, bu gamgyn çöli, Dumanly asmany, ýönekeý gary, Mylaýym howaly, bagy gülzary, Wasp edip döreden zaryn sazyñy, Diñläp yzarladym seniñ yzyñy! Ömür gämiñ bilen gomlar oýun etdi, Çöl kenara gelip, labyryn atdy. Söýgi bagşysyna jepa bar munda. Bag kölgesiz, baýyr üzümsiz onda, Elhenç uruş üçin aldajy garda Dörän skif ogullary kenarda, Olja üçin Istrañ boýunça durup, Obany talaýar alaman gurup. Päsgel görmän tolkunlarda ýüzüp ýör, Şatlap duran buz üstünde gezip ýör. Seret, Nezon, bu şum ykbal gör, neneñ! Sen ýaşlykdan asla halamandyñ jeñ, Endigiñdi gülleñ içinde kemsiz Wagtyñy ötürmek gaýgysyz-gamsyz. Mejbur bolup agyr sowut geýersiñ, Öz liraña golaý gylyç goýarsyñ, Gyzyñ, dostuñ, hem-de söwer aýalyñ, Geçmişde ýoldaşyñ ylham-hyýalyñ Kowulan şahyryñ gamyn egsenok. Goşgyñ öwülenden zerre peýda ýok, Goşgyñ ýat tutsa-da ýatlañ her biri, Oktawiýa edenokdy täsiri. Señ şöhratyñ, ömrüñ, señ arzy-halyñ, Unudylyp barýan garrylyk salyñ. Altyn Italýanyñ bir gra£dany, Ýat ülkäniñ bir näbelli myhmany, Watanyñ sesini eşitmän munda, Dostlarña hat ýazýañ bu agyr günde: ''Siz meni gaýratyñ mähriban ýere, miras galan şol asuda güllere. Dostlar, Awgusta arzy-senamy Ýetiriñ, ötsün ol meniñ günämi. Gaharly halk arza gulak salmasa, Beýik Rim, seni görmek bolmasa, Onda şum kysmata rehim eýläñ, Gözel Italiýa golaýda jaýlañ!'' Sowuk ýürek ýigrenmesin goýarmy? Señ agyñy, gözýaşyñy duýarmy? Eñreýän nalañy, ýürek-bagryñy Siñdirip nesliñe goýan şygryñy Okanynda endiremez haýsy daş? Men gödek slawýan, dökmedim gözýaş, Emma düşünýärin baryna aýan, Ilden, günden närza bir gaýry birýan, Ýüzüm salyk geldim ýatan ýurduña. Bir wagtlar gamgyn öten ýurduña. Seniñ pikri-hyýalyña berip jan, Aýdymlarñy gaýtaladym örän kän. Gamgyn suratlara ýüregim berdim, Emma boş hyýaldan ýüzüm öwürdim. Gamly gije gara örän kän bakan Göze sürgünligiñ täsiri ýokan Munda asman uzak ýagtylyp durýar, Emma gyş gazaby az şalyk sürýär. Skif kenaryna soñ göçüp gelen Üzüm lowurdaýar al reñk bilen. Rus dekabry döküp ak garyn, Örtendir ol ýerde meýdanyñ baryn, Onda sowuk gyşyñ tüýs diýen wagty; Munda al-asmandan gün salýar ýagty: Gök salýar çemenler solsa-da ozal, Dörýär boş meýdanyñ göwsünu azal; Agşamara sowap, össe ýeljagaz, Ýuka gatlak bilen doñup köljagaz, Syrça buza gözüm düşen badyna, Gowşak tejribäñi saldym ýadyma. Ylhamyñ bat alyp, gelip gurbana, Gyşda doñan ädimleriñ zarbyna Ynandyrjak bolup sen ilkibada, Emma özüñ düşünmediñ hiç zada... Täze buz üstünde, göwnüme meniñ Edil taýyp barýar suratyñ seniñ. Aýralygyñ argyn agysy kimin Uzakda eşdildi owazyñ gamgyn. Köşeş, Owidiýniñ güli solanok! Köpçülikde ýitip giden bagşy dek. Täze nesle ýat men, düşmerin dile, Gamly durmuş bile hem nalyş bile Öler bu zehinim sargaryp-solup... Soñky össürimler men hakda bilip, Gözlemäge geler bu uzak ülkä. Şöhratly mazaryñ ýanynda, belkä, Yzlasalar meniñ ýalñyz yzymy, Minnetdar men ýatlasalar özümi, Bu ýatlama maña ýakymly bolar. Gymmatly wesýetler saklanyp galar: Seniñ ýaly şum takdyra berdim ten, Şöhrat däl, kysmatym boldy señkä deñ. Dunaýyñ boýunda rehimdar grek Erkinlige çagyrýardy, şonuñ dek Munda demirgazyk tüýdügin çalyp, Men hem gezdim çölde sergezdan bolup. Hiç bir dostum bu jahanda özüme Gulak asyp, düşünmedi sazyma; Ýat baýyr, çöl, jeññel, ol zaman maña, Asuda aýdymlar mähriban maña. ■ ALAMATLAR Synlamana çalşgyn her dürli alamaty: Çopan, daýhan ýaşlykdan höwesjeñ bolar gaty, Synlap görüñ asmany ýa günbatar şapagyn, Biler olar ýel turjakmy ýa-da ýagjakmy ýagyn. Maý ýagşynyñ meýdana bilýär göwher ekjegin, Akrap sowgy üzümiñ gök ýapragyn kakjagyn. Suw ýüzünde ak guwlar ganatlaryn çarpyşyp, Saña habar gatsalar, asmana suw serpişip, Görseñ ýa-da asmanda Günüñ gulaklanany, Ertir ýagyş oýaryp seniñ mähribanyñy, Penjiräñizi doly başlar batly kakmaga, Milti ýokdur daýhanyñ orak alyp çykmaga, Gulak asyp daşaryñ gaýly harasatyna, Ýatar gözün süzer-de, iş-güýç düşmez ýadyna. ■ NÄZENIN Edil saña Aneýse dek bigüman, Siz maña ynanyp bilermidiñiz? Haýsy bir romanda söýgä çydaman, Özün asyp öldüreni gördüñiz? Ýaşyñyz otuzdyr, siz gulak salyñ. Dogry otuz ýaşdyr, kän dälir onda, Ýigrimi ýaşymda; Hatyrjem bolup, Köp ýerleri gezip gördüm jahanda; Meniñ üçin kasam, gözýaş hem wada, Barysy biderek gülküdir, gülki. Wepasyz bolmaklyk diýiñ birbada Şeýle irizendir sizi-de, belki. Sowaşdyk ikimiz sowaşdy duýgy, Nämä gerek ony başlamak başdan. Biz bilýäs: aýdylýan ömürlik söýgi Üç hepdedir, sowar ýuwaş- ýuwaşdan. Ilkibada bolduk ikimizem hemdem, Emma gabanjañlyk, gör, ne ýaman zat... Mejnun ㅡ aşyk bolan bolupdym men hem, Siz utanjañsyran bolduñyz şol bat. Biz äht etdik ilki... soñundan weli, Soñ durmadyk biz şol ähtiñ yzynda. Kleony söýdüñiz degip yşk ýeli, Meñ göwnüm Nataşañ şol kenizinde. Goş paýlaşyk: emma şol güne ýetmän, Ýene öñki ýaly asuda, abat. Emma ol boljak däl! Şu gün hem irden, Beýle gyzmalygy tapdyñyz nirden? Geçen rysarlañ söýgüsin öwüp, Köne samab sowurdyñyz durduñyz. Olar hak aşyklar bolmaly diýip, Ýene-de gaýtadan öwüt berdiñiz. Bagyşlañ ol bolmaz, ol bolmaz ahyr, Men asla çaga däl, bolsam-da şahyr. Ömrümiz barýarka ýaşmaga sary, Ýaş juwan joşgunyn galdyrýarys biz. Uly gyzyñyza galdyrsañyz siz, Menden hem inime galjakdyr bary: Olar durmuş bilen oýun etse bolar, Çydam edip bilerem gözýaşyma. Olara söýüşmek zamany geler, Biz dil ýetirmäli söýgi işine. Terjime eden: Çary AŞYR. | |
|
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |