12:35 Eýran türkmenleriniñ taryhy -1 / ylmy-taryhy monografiýa / dissertasion iş | |
TÄZE TARYH
Taryhy makalalar
▶ EÝRAN TÜRKMENLERINIÑ MEDENIÝETINIÑ TARYHY - 1. Beýik Tañrynyñ ady bilen! “Eýran türkmenleriniñ medeniỳetiniñ taryhy" ady bilen goýberiljek dissertasiýa, 1991-nji ỳyldan başlanyp 1996-njy ýylyñ yanwar aỳynda Türkmenistanyñ ylymlar Akademỳasynyñ Ş.Batyrow adyndaky Taryh institutynda, Türkmenistanyñ akademigi, professor Myrat Annanepesoviñ ylmy ýolbaşçylygynda, Turkmenistanyñ ylymlar Akademyasynyñ Ş.Batyrow adyndaky Taryh institutynyñ direktory Nury Weliýewiç Atamammedowyñ direktorlygy hem ýolbaşçylygynda, Türkmenistanyñ Bilim ministri we Türkmenistan Ylymlar Akademyasynyñ Yokary Attestasion komissyasynyñ yolbaşçy agzasy Rejepdurdy Karaýewiç Karayewiñ alyp barmagynda we Türkmenistanyñ Ỳokary Ylmy Sowet agzalary hem beỳleki alymlar; filologiỳa we edebiỳat ylymlarynyñ professory Aşyrpur Meredow, Eỳran türkmenleriniñ lideri Welimuhammet Ahun Arzaneş ... huzurynda, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyñ Ş. Batyrow adyndaky taryh institutynyñ ylmy işgäri saýskatel Hangeldi Ownuk Arazgeldi ogly tarapyndan ylymlaryñ kandidaty diýen derejesini almak üçin goraldy. Şu ylmy işi başdan – ayak yzygiderli makala görnüşde goyberip durarys. مـو ضـوع پا یا ن نـا مـه د وره نا مـــزد ی عـلـوم د کتر خــا نـگلـــد ی ا و نـــق که د ر آ ینـده بصـورت کتا ب مـــنــتـشـــر خــــو ا هـــــد شـــــد . عـشـق آ بـا د – ۱۹۹۵/ م ♣ G I R I Ş Öz gözbaşyny asyrlaryñ jümmüşünden we taryhy wakalaryñ içinden alyp gaỳdan däp-dessurlar her halkyñ durmuşynda, gylyk-häsiỳetine psihologiỳasyna görä, emele gelipdir. Şeỳle aỳratynlyk Eỳran türkmenlerine hem özboluşly häsiỳetde degişli bolup, bu türkmenleriñ hem özüne mahsus bolan ruhy medeniỳeti bardyr. XIX asyr türkmen halkynyñ ruhy medeniỳeti we edebiỳaty ondan öñki türkmen medeniýetiniñ dowamydyr. Onuñ mazmunydyr formasyndaky aỳry-aỳry alamatlar bu asyrda döräp kemala geldi. XIX asyrdaky türkmen halkynyñ ruhy medeniỳet we edebiỳat özüniñ taryhlygy hem anyklygy bilen tapawutlanỳar. Jemgyýetde, durmuşda bolan özgerişler ruhy medeniỳetde özboluşly aỳratynlyga eỳe boldy. Ruhy medeniỳete anyk göz ỳetirmek üçin, ilkinji nobatda şol döwürdäki türkmenleriñ ỳaşan ỳerlerine, döwletara araçäklerine gysgaça ekskursiýa etmek gerek. XIX asyrda türkmenleriñ eỳelän ỳurt- meỳdanlary günbatarda: Hazar deñizi, günortada: Gürgen derỳasynyñ ileri meýdanlary şeỳle hem Köpetdag hem Parapamiz dag gerişleri, gündogarda: Amyderỳanyñ sag kenaryndaky çöllükler we sähralar, şeỳle hem Horezm еtraplary, garagalpak we özbek raýonlary, Demirgazykda: Üst ỳurt we onuñ demirgazyk kerti bilen çäklenỳärdi.[1] Etregiñ gündogar territoriỳasynda ỳerleşen Deşdi Gürgen (Türkmensähra) ilerde Elbrus daglyklarynyñ jeññellik eteklerine çenli (Elbrus daglarynyñ gündogar ujy) dowam edip, gündogar serhedi bolsa Horasanyñ daglyklaryna çenli baryp ỳetỳär. Eỳrandaky türkmen welaỳatlary bolsa Horasan welaỳatynyñ Goçan, Büjnürt we Sarahs etraplaryndaky günbatar- demirgazyk daglyk we düzlüklerinde şeỳle hem Mazenderan welaỳatynyñ gündogarynda ỳerleşen Deşti Gürgeniñ (Türkmensähra) territoriỳalarynda ỳerleşỳär. Munuñ meỳdany 20 müñ kwadrat kilometre barabardyr. Eýranda esasan ýomutlar, gökleñler, tekeler we nohurlar ỳaşaỳarlar. Ýomutlar, esasan, Türkmensährada, ỳagny Kaspi deñziniñ gündogar kenaryndan başlap, Kümmetkowus we onuñ demirgazyk etraby bolan Marawdepe we Gazangaỳa çenli aralykda ỳaşaỳarlar. Ýomutlar Japarbaỳ we atabaỳ diỳen iki uly şaha bölünỳ ärler. [2] Biziñ elimizdäki maglumatlara görä, häzirki döwürde Eỳranda 1,5 million türkmen ỳaşaỳar. ( 1358-nji hij.şemsi ỳyldan öñki hasabaty boỳunça “ H.Ownuk”) [3]. Häzirki döwürde ỳagny 2006-nji ýyla çenli, “2.5 million türkmen ỳaşaỳar”- diỳip hasabat berilỳar. 1871-nji, 1881-nji ỳyllarda Rus-Eỳran ç aknyşyklarynyñ netijesine Eỳranda Gajarlar dinastiỳasynyñ patyşalary bilen russiya patyşalarynyñ arasynda serhet çekmek meselesinde şertnamalar emele gelỳär. Şol esasda “ Türkmençaỳ”, “Gülüstan”, “Ahal-Teke”, “Güljemal han” … diỳilip atlandyrylan şertnamalarda Eỳran patyşalygy bilen rus patyşalygynyñ arasyndaky serhetleri anyklamak we çekmek taỳỳar edilỳär. Häzirki özbaşdak türkmenistan bilen serhetden añyrky Türkmensä hranyñ demirgazyk sernetleri hem şol şertnama esasynda taỳỳar edilen araçäk bolup galỳar. Soñ rus patyşalygy ỳykylyp, SSSR döredilenden soñra hem bu araçäk öñküligine galypdyr. Görnüp duran faktlar boýunça türkmenler (Türkmenistan) bilen Eỳran patyşalygynyñ araçägi häzirki Etrek derýasy däl-de, eýsem ondan 70 kilometr ilerde Gürgen derỳasyndan- da añyrdaky Garasuw derỳasynyñ añry çäkleridir. Ýazyjy Walentin Rybin “Horezmiñ ỳedi çöli” atly eserinde: “Eỳran bilen türkmenleriñ serhedi bolan “Garasuw” derỳasynyñ gyralarynda uly derỳa döräpdir” diỳip, türkmenleriñ tebigy serhediniñ dogrusynda anyk maglumat berỳär. [4] Rus syỳahatçysy G.S.Karelin 1839-njy ýylda bu barada şeỳle ỳazdy: “Türkmenleriñ ỳomut taýpasy Garasuw, Gürgen we Etrek derỳalarynyñ suwlary bilen suwarylỳan hasylly ỳerlerde oturỳarlar. Garasuw derỳasy ỳomutlary Eỳrandan bölỳär, astrabatlylar hem ony hakyky araçäk hasap edỳärler. Sebäbi Garasuwyñ sag kenarynda ỳekeje-de pars obasy ỳok.”. [5] Emma Eýran patyşalary iñlisleriñ goldamagy bilen serhedi Etrekden çekmegi başardy. 1924-nji ỳylda ilkinji gezek Eỳran türkmenleriniñ ähli taỳpa-tireleri ýygnanyp, Omçaly şäherinde türkmenleriñ Buharada ỳokary bilimini tamamlap gelen ruhany şahsyýet Osman Ahuny ähli türkmenleriñ birinji prezidenti edip saýlaýarlar. (dowamy bar)... © Dr. Hangeldi OWNUK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |