ORTA ASYRDA TÜRKMENLERIÑ ÝURT DOLANDYRYŞY
Türkmenleriñ akyldar serkerdesi Uzynesen (Uzyn Hasan -t.b.) Eýran-Turany, Araby hem Ajamy öz golastyna geçirip, patyşalyk süren döwründe, döwrebap ösen ýurtlaryñ derejesindäki ýöriteleşdirilen döwlet dolandyryş däplerini has berkidipdir.
Ol döwürde döwletiñ golastyndaky ilat, esasan, iki bölege bölünipdir: türkmenleriñ özünden ybarat bolan höküm ýöredýän goşun serkerdeleri hem esgerler, beýleki bir topary bolsa daýhanlar, işewürler, senetçiler we alym-ýazyjylar bolupdyr.
Minorskiý şeýle ýazýar:
"Parahat eýranlylar üçin bu täze dörän hökmürowanlar hem edil ata-babalary, ýagny seljuklar, mongollar, timuritler we garagoýunlylar ýaly keseki hasaplanýardylar. Şu iki aralykda ýerli ilat san boýunça bu hökmürowan taýpalara garanyñda köplükdi. Şonuñ üçin bu täze türkmen hökümdarlary hem kem-kemden eýranlaruñ içinde ýoýlup başladylar".
Uzyneseniñ ogly soltan Ýakubyñ döwründe Gazy Seýfetdin Isa Sawuçbulagy wezir-agzam (baş wezir) ornunda oturypdyr. Sebäbi Uzunesen ony Mustowfi el-Memalik Hoja Şükrüllanyñ maslahaty boýunça şazada Ýakubyñ mugallymy hökmünde köşkde saklaýar. Ol soltan Ýakup patyşalyk tagtyna çykanda, diñe mugallym däl-de, eýsem wezirlik derejesine çenli wekil hökmünde ýokary çekilýär. Soltan Uzyneseniñ döwründe kürt diýlip çaklanylýan şyh Alybeýk diýlen bir kişi soltanyñ möhürdary bolupdyr. Mirýahury (goşunyñ atlaryna gözegçilik edýän seýisleriñ başlygy) bolsa öz türkmenlerinden bolupdyr.
Şol asyrda türkmenleriñ uly döwlet hökmünde ýurt dolandyran wagty, maliýe işleri boýunça özboluşly ýöriteleşdirilen maliýe dolanyşygy bolupdyr. Puluñ uly görnüşi tümen ýörgünli rowaç alan şaýylyk hasaplanypdyr. Elbetde, onuñ takyk möçberini takyklamak añsat däl. Ýöne 1575-nji ýylda dukat möçberinde çaklanypdyr. Şol wagtdan ýüz ýyl öñ bir uly emeldaryñ ýa-da emiriñ bir ýylda 1.000 tümen aýlyk alandygyny aýtsak, tümmeniñ gymmatyny göz öñüne getirmek kyn bolmasa gerek.
Garagoýunly hökümdarlaryñ, esasan hem Jahanşanyñ döwründe ýer-mülkden alynýan maliýe salgytlarynyñ möçberi köp bolupdyr. Şol sebäpli Akgoýunly hökümdarlar tarapyndan beýle salgytlara ortaça seredipdirler. Olar bu dolanyşykda "tagdyl", ýagny "adalat" döredipdirler. Şonuñ üçin Uzyneseniñ hut özi oturymly ilatyñ salgyt şertlerini kanunlaşdyrmak üçin ýörite düzgünnama çykarypdyr. Bu maliýe düzgüni "Kanunnamaýe Hasanbeýgi" diýen at bilen meşhur bolupdyr. Bu düzgünnama şeýle bir ýiti hem paýhasly düzüleni üçin onuñ höküm ýöreden ýurtlarynyñ ählisinde XVI asyra çenli (Sefewileriñ döwrüne çenli) öz güýjüni saklapdyr.
1478-nji ýyl Soltan Halyl tagta çykan wagty Eýranyñ gurply welaýaty bolan Fars welaýatyndan abadanlyk işleri üçin 5.000 töwriz tümenini almak isläpdir. Emma dogany Ýakup soltan onuñ ornunda oturandan soñ, bu salgydy azaltmaga çalyşýar. Ol 1479-njy ýylda Yspyhanyñ merkezi bolan Yrak we Ajam ýurdundan galan ýer-mülk salgytlaryny alman, olary bagyşlapdyr. Maliýeçiler bu salgydyñ möçberini, takmynan 70.000 tümen diýip hasaplapdyrlar. 1487-nji ýyl Soltan Ýakup Gilan welaýatynyñ salgydyny taýyn etmeli bolanda, iñ ortaça deñligi saklap, bu welaýata 1.200 tümen salgyr salnypdyr.
Türkmenleriñ Akgoýunly döwletinde ýer-mülk salgydy, ýagny hyraç salgydyndan başga-da, tütjarlar we işewürler üçin tamuga (tagma) diýlen salgyt hem bolupdyr. Şeýle salgyt tatarlaryñ butparazlyk eýýamyna baryp ýetýän Timuritleriñ wagtyndan galan mirasdyr. Tamuga yslam dininiñ ýaýran ýerlerinde şerigata garşy däpleriñ biri hasaplanypdyr. Şonuñ üçin käbir hökümdarlar ulamalaryñ we ruhanylaryñ göwnüni tapmak üçin kähalatlarda bu salgydy goýbolsun edipdirler, ýöne uzakly-gysgaly möhletleriñ içinde ýene-de ony ýöredipdirler. 1460-njy ýylda Abusagyt Timury Samarkantda we Buharada tamuga salgydyny almak düzgünini ýatyrýar.
Uzynesen we onuñ yzyny tutan ogullarynyñ patyşalyk eden döwründe täjirlik we işewürlik üçin maliýe salgydy alnypdyr. Sebäbi 1486-njy ýylda Soltan Ýakubyñ Mekge zyýaraty baradaky çykaran permany bu salgyt hakdaky meseläni doly aýdyñlaşdyrýar. Patyşanyñ köşk taryhçysy Fazlallanyñ düzen nyşan (yglan) atly salgydy, Akgoýunlylaryñ ýurdunyñ üstünden ötýän kerwenlere aşakdaky karar boýunça salnypdyr:
a). Söwda we işewürlik salgydy (tamuga);
b). Gümrükhana döwlet girdejisi (Baç);
w). Ýol-ulag döwlet girdejisi (duzbulak - rahdary).
Netijede bu hakda diñe häkimlere, hökümdarlara, goşun serkerdelerine, patyşanyñ döwlet maliýe gözegçilerine däl-de, eýsem ýörite edaralaşan tagmahanalara, täjirlerden salgyt döwlet işgärlerine (tagmaçylara) hem-de gümrükhana işgärlerine (baçdarlara), ýol-ulag döwlet girdejisi, ýagny duzbulak girdejisini alýan rahdarlara, galyberse-de, ýol hem gala garawullaryna çenli buýruk-permanlary ýetirilip durlupdyr.
Wenesiýadan gelen täjiriñ aýtmagyna görä:
"1510-njy ýylyñ wakalarynda, Şa Ysmaýylyñ döwründe-de tagma bolupdyr. Şeýle biderek däp bu ýurtlarda köpden bäri ýöräp durupdyr. Töwriz şäherinde bazarda dükany bolan her bir käsipden (söwdagärden) günde ikiden-alta çenli sper (dukatdan kiçi möçberdäki pul birligi), kähalatda bolda bir dukat algyt alnypdyr". Şeýle hem her käriñ hünärmentlerine we ussalaryna öz iş derejesiniñ şertine görä, belli bir möçberde salgyt salnypdyr. Ýatlanan täjiriñ bellemegine görä: "Gümrük tarifi (baç), hristianlar üçin 10%, emma musulmanlar üçin 5% bolupdyr. Eger getirilýän ýük başga bir çet ýurda alnyp barylýan bolsa, onda ýol haky, ýagny duzbulak girdejisi birneme az möçberde bolupdyr".
IX-XV asyrlardaky türkmen patyşalyklarynyñ pul dolanyşygyna degişli dürli maglumatlar bar. Seljuklaryñ döwründe Togrul bege degişli teññeler Atabegler, Akgoýunly we Garagoýunly serkerde patyşalarynyñ hersi tarapyndan özlerine mahsus bolan möhürleri boýunça altyn, kümüş we bürünç ýaly metallardan zikgelenen bolupdyr. Teññeler häzir Britan, Luwr, Pariž ýaly dünýäniñ belli ylmy-taryhy döwlet muzeýinde saklanylýar.
Hangeldi OWNUK.
Taryhy makalalar