16:19 "Gorkut ata" eposynyñ daşary ýurtlardaky nusgasy | |
«GORKUT ATA» EPOSYNYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY NUSGASY
Edebi makalalar
XV asyryň taryhçylarynyň biriniň aýtmagyna görä, «Muhammet pygamberiň zamanyna ýakyn bir döwürde oguzlaryň arasynda Däde Gorkut atly bir şahsyýet döräp, oguzlaryň dilinde bir kitap ýazypdyr. Ol kitabyň adyna «Kitaby däde Gorkut» diýip at berilýär.» Baryp Muhammet pygamberiň döwrüne ýakyn edilip goýulan «Gorkut atanyň» eposy ençeme asyrlary başdan geçirip, syrly döwürleriň içinde döräp, köp wakalardan, gahrymançylyklardan, edermenliklerden, arassa ahlak sypatlaryndan habar berýär. Bu epos esasan XIV-XV asyrlarda ýazga geçip, döwrüň köp alymlarynyň ünsüni özüne çekipdir. S.Demidowyň barlag etmegine görä, XV-XVI asyrda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalan Yhsan şeýh Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen külli Söýünhan türkmenleriniň meşhur oguznamaçysy bolupdyr. Ýagny ol «Gorkut ata» dessanyny ozan bagşy hökmünde rowaýat edipdir. Bu epos 1900-nji ýylda W.W.Bartold, Ýe.E.Bertels tarapyndan işlenilýär. Kitap 1915-nji ýylda ilki Stambulda çap edilipdir. Görnükli alym W.W.Bartold «Türkmen halkynyň taryhyndan oçerkler» atly VII eserinde XIV-XV asyrlarda dörän «Ak goýunly», «Gara goýunly» türkmenleriň dinastiýalary barada gürrüň açyp, «Gorkut ata» hakynda şu zatlary ýazýar: «Bagşy we ýaşuly, halk parasatlylygyny beýan ediji, saklaýjy Gorkudyň ady bilen baglanyşykly bolan hekaýalaryň topary belki-de Akgoýunly türkmenleriň döwründe ýüze çykandyr. Bu hekaýada ähli oguzlaryň baştutany Baýandar handyr». Bu eser akgoýunlylaryň döwründe ürç edilip köşkde hem goşun serkerdeleriniň huzurynda ýörüte ýerine ýetirilipdir. «Gorkut ata» barada öňki SSSR döwründe Türkmenistanda birinji gezek 1950-nji ýylda professor Mäti Kösäýew bu eposy özbaşdak kitap görnüşinde çapa taýýarlady. Ondan tapawutlylykda çowdur hem igdir wariantlary barada folklorçy Ata Rahmanow 16 bölümden ybarat hekaýalaryny ýygnapdyr. Umuman, «Gorkut ata» eposynyň döreýiş prosesi barada oýlananyňda onuň babatynda Türk Kaganatlar imperiýasyna degişli bolandygyna ünsüň gidýär. Bu eser, ýagny «Kitaby dädem Gorkut» Akgoýunly dinastiýasynyň güýçlenen döwründe Ýewropadan gelen ilçiler hem syýahatçylarynyň üsti bilen Ýewropa patyşalarynyň eline düşýär. Onuň nähili bolup Ýewropa düşeni hakda anyk maglumat ýok, ýöne welin Akgoýuly türkmenleriň serkerde patyşasy Uzynesen Wenesiýadaky patyşalar bilen ýakyn diplomatik aragatnaşykda bolup durupdyr. Uzynesen Baýandar Wenesiýadan täze harby enjamlary almak isleýärdi. Şol mahal Hajymämmet atly ilçisini ol ýere wekil saýlap ýollaýar. Wenesiýanyň patyşasy bu islege laýyk jogap berýär. Onuň soňy bilen Katrino Zino atly Italýan ilçisi Wenesiýadan iberilen 99 gämi enjamlar bilen Eýranyň patyşasy bolup oturan Uzynesen Akgoýunlynyň huzuryna gelýär». Şeýle aragatnaşyklaryň esasynda «Gorkut ata» kitaby Ýewropa ýurtlaryna-da äkidilýär. Sebäbi şol bir wagtyň özünde renessans özgerişleri ýewropalylaryň ünsüni Gündogaryň edebiýatyny hem taryhyny öwrenmäge ykjam edilipdir. Bu hekaýalarda ähli oguzlaryň baştutany Akgoýunly türkmenleriň ata-babasy, Uzyneseniň (Uzyn Hasan Türkmen -t.b.) arkasy Baýandar han hasaplanýar. «Gorkut ata» eposy XIV-XV asyrlarda türkmen patyşalyklarynyň üsti bilen Yraga, Azerbaýjana hem Osmanly türkmenleriň arasyna çenli ýaýrapdyr. «Gorkut atanyň» 1915-nji ýyldaky Stambulda çykan wariantynda esasan Germaniýadaky Drezden muzeýindäki hem Watikan nusgalary peýdalanylyp ýazylypdyr. Professor Mäti Kösäýewiň belleýşi ýaly, ondaky käbir sözler hem dil şiweleri nakys hem kähalatda ýoýulyp gidýär». Ikinji bir tarapdan, Drezden hem Watikan wariantlary esasan azerbaýjan wariantlaryndan gelip çykýar diýip aýtmaga esas bar. Sebäbi XIV asyryň birinji ýarymyndan bäri, ilki Yrakdaky Diýarbekir şäheri, onsoň Azerbaýjanda Töwriz şäheri Akgoýunly Baýandar türkmenleriniň paýtagty bolup durýar. Şol döwürde Ýewropa ilçileri köplenç Töwriz şäherine gelip gider ekenler. «Gorkut atanyň» kitaby Mäherrem Ergin tarapyndan üç gezek gaýtadan çap edilýär. Birinji çap 1958-nji ýylda, ikinji çap 1964-nji ýylda, eseriň üçünji çapy bolsa 1986-njy ýylda köpçülige hödürlenýär. «Gorkut atanyň» bu çykarylan kitaplary hem şol ýatlanan nusgalardan alynýar. Eseriň sözbaşynda şeýle diýilýär: «Elimizdäki «Däde Gorkut» kitabynyň metinleri /tekstleri/ Azerbaýjan şahasynyň täsirleridir.» Munuň içindäki hekaýalar san boýunça Türkiýeden-Türküstana çenli, bütin türk ülkeleriň eskiden galan bir şekildäki ýaýrap, ýaşap gaýdan eseridir. Ýagny «Däde Gorkut» bütin türk ýurtlarynyň hem-de ähli türk dünýäsiniň milli ortak medeniýetiniň hakydasydyr. Şonuň üçin bu eser diňe Azerbaýjan ýa-da diňe Türkiýe halklaryna degişli bolman, eýsem onuň ähmiýeti bütin türk äleminiň milli medeniýeti nukdaýy nazaryndan olary biri-birine ýakyndan ilteşdirýän bir eserdir.» «Gorkut ata» dessanynyň Watikandaky warianty diňe 6 sany bölümden ybarat bolupdyr. Ýöne Drezden wariantynda bolsa 12 bölüm göçürilipdir. Türkiýeli ýazyjy professor doktor Mäherrem Ergin 1986-njy ýyldaky çykaran «Däde Gorkut kitaby» eserinde onuň iki wariantyny hem ylmy taýdan deňeşdirip, ony ýörüte nomerler bilen bellik edip işläpdir. Professor Ergin özüniň taýýarlan bu işi barasynda şeýle diýýär: «Däde Gorkut kitaby» atly dessan Oguz hekaýalarynyň mejmugasydyr, ýagny ýygyndysydyr. Uzak wagtlap şekillenen we asyrlar arasynda ýaşap gelen bu dessanlar XV asyryň soňlary bilen XVI asyryň başlarynda ýazga geçirilip elimizdäki tekst meýdana gelipdir.» Professor Ergin onuň ýazga geçirilen wagty hökmünde şol Akgoýunly türkmenleriň döwrüni göz öňünde tutýar. Ýöne welin professor Mäti Kösäýewiň pikirine görä, ol ondan irki döwürlerde hem ýazgyda duran eserdigi mälim edilýär. «Gorkut ata» eposy birinji gezek Stambulda «Türk dil kurumy» neştçylary tarapyndan neşir edilende II tomluk görnüşinde çap edilipdir (1958-1963). «Türk dil kurumy» neşirýaty tarapyndan goýberilen bu iki tomluk eseriň birinji tomy giriş, hekaýalar boýlary hem Drezden warianty bilen Watikan wariantyny deňeşdirme tematikasy boýunça neşir edilipdir. Kitabyň ikinji tomy bolsa, indeks hem grammatika boýunça usullandyrylypdyr. «Gorkut atanyň» 1958-nji ýyldaky esasy hekaýalary özünde jemlän birinji tomy şol bir wagtyň özünde okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Şeýlelik bilen, bu eposy köpçüligiň talabyna görä, ýene bir sapar neşir edilmek zerurlygy ýüze çykýar. Ikinji gezekde kitap gerekli ýerlerine täzeden düzediş girizme hem iki nusganyň tapawutlyklaryny we sahypa belliklerini görkezmek esasynda, täzeden neşir edilýär. Öňküden tapawutlylykda «Gorkut atanyň» hekaýalary öňküden içgin we şekil babatdan gelşikli hem maksada laýyk görnüşde edilip çykarylýar. Esasan hem kitabyň ikinji bölüminiň soňunda düşündirişli sözlük berilipdir. Bu bolsa öz gezeginde eseri has düşnükli edipdir. «Gorkut atanyň» eseri 1964-nji ýylda Ankarada «Türk Kulturynyň Araşdyrma Instituty» tarapyndan ikinji gezek neşir edilenden soň, ýene-de okyjylaryň talap etmegi bilen 1986-njy ýylda üçünji gezek neşir edilýär. Bu neşirde hem nusga tapawutlyklary çykarylýar. «Gorkut atanyň» eposyny Türkiýede ikinji gezek işlenende-de onuň esasy nusgasy hökmünde Drezden warianty esas tutulyp, Watikan nusgasy bolsa ýardam beriji nusga hökmünde ulanylypdyr. Esasy tekst bolan Drezden nusgasy sahypa hem setir nomerleri ýerli-ýerinde berilýär. Gerekli tekstleriň zerurlygyna görä, gerekli ýerinde nusga tapawutlyklarynyň ýanynda Drezden nusgasynyňky «D» harpy hem sahypa nomerleri bilen, Watikan nusgasynyňky «V» harpy hem sahypa nomerleri bilen berilipdir. Bu tertipleýiş usulda «D» nusgasynyň sahypa nomerleri original halatda tekst içindäki 1,2,3, ...nomerler setirleriň deregine görkezilýär. Emma «V» nusganyň sahypa başlary bolsa tekstiň içinde we «V» harpy bilen sahypa nomerleri berilip çyzgylar bilen görkezilýär. Tekstiň içindäki san belgili nomerler Drezden nusgasynyň setir nomerleridir. Golýazmanyň her sahypasy 13 setirden ybarat bolany üçin sahypalaryň hemmesi 1-den 13-ýe çenli dowam edip gaýdýar. Drezden nusgasynda bolmadyk tekstler Watikan nusgasyndan alnypdyr. Türk edebiýatynyň iň görnükli alymlarynyň biri Fuad Köprüliniň sapaklarynda nygtaýan bir mahsus sözi bolup, ol: « - Bütin türk edebiýatyny tereziniň bir gözünde we «Gorkut atanyň» dessanyny ol bir gözünde goýsaňyz, ýene-de «Gorkut ata» agyr basar» - diýýär. «Gorkut atanyň» eposy hakda we onuň türk halklarynyň arasynda näderejede ähmiýetiniň bardygy barada professor Fuad Köprüliniň aýdan sözünden ýokary baha bermek mümkin däl. Şeýle gadymylygy hem müdümiligi özünde saklap gaýdan «Gorkut ata» dessany türkmen edebiýatynyň belent hakydasy hem türk dilleriniň iň gözel eserleriniň naýbaşysy bolup durýar. 1979-1981-nji ýyllarda Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan welaýatlarynda «Däde Gorgud» adynda ýörite žurnal çykaryldy. Ýöne soňabaka bu žurnal gynansak-da ýatyryldy. «Gorkut ata» dessanynyň ägirt uly gymmaty onuň içki dünýäsiniň tebigy bir netijesidir. Bu dessan gürrüňsiz milli häsiýete eýedir. Milli dessanlar bolsa her bir halkyň taryhynda, dil we edebiýatynda hemişe görnükli bir oruna eýe bolýar. Professor Fuad Köprüliniň aýtmagyna görä: «... Bu sebäpler üçin «Däde Gorkut» kitabynyň türk dünýäsiniň çagalarynyň ruhybelentligini, başyny dik tutup buýsanmaklaryny, umuman, olaryň ahlak häsiýetlerini arassalamak babatda ummasyz täsirli roly bardyr». Bu kitaby okap düşünen her bir kişiniň aňsatlyk bilen ýol urdurmajakdygyny ikuçsyz aýdyp bolar. Hangeldi OWNUK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |