05:25 Eýran türkmenleriniñ taryhy -2 / dowamy | |
TÄZE TARYH
Taryhy makalalar
▶ EÝRAN TÜRKMENLERINIÑ MEDENIÝETINIÑ TARYHY - 2. (dowamy)... Şondan soñ Osman Ahun Eỳran bilen Türkmenleriñ arasyndaky serhet meselesine aỳratyn üns berỳär. Ol araçäk meselesinde Eỳran patyşasy bilen ylalaşyga gelipdir we şol şertnama Eỳran patyşalygy tarapyndan gol çekilipdir. (Şol şertnama esasyndaky serhet çäkleriniñ bellik edilen protokolynyñ asyl nusgasynyñ bir sanysy Gürgen türkmenleriniñ ỳaşulylarynyñ birisiniñ elinde saklanyp galanlygy hakynda maglumat bar). Ýöne, öñki rus imperiỳasy bilen iñlis imperiỳasynyñ arasyndaky söwda gatnaşyklarynyñ ähli türkmenleri ikä bölmegi bu haýyrly işiñ köküne palta urỳar. Eỳran patyşasy iñlisleriñ goldaw bermegi bilen güỳçlenip, serhet baradaky karary aỳak aşagyna oklaỳarlar. Gurultaỳdan soñ, birinji ýylyñ dowamynda türkmenleriñ erkin Garaşsyz guramasynyñ üstüne çozulyp, bu täze döredilen we ugrugyp başlan häkimiỳet dargadylỳar. Onuñ halk tarapyndan saỳlanan ýolbaşçylary yzarlanyp, ỳurdy terk etmäge mejbur bolupdyrlar. Olar pena isläp, gaýraky Türkmenistana özlerini atýarlar. …1978-nji ýylda Eýranda ýaşaýan halklar imperializme garşy, azatlyk we demokratiỳa üçin göreşe galkynỳarlar. Muhammet Ryza Pählewiniñ merkezleşen hökümetine garşy dürli demonstrasiỳalarynyñ möwç urmagy bilen, Eỳran türkmenleriniñ arasynda hem depelenen hukugy gaỳtaryp almak ugrunda hereketler we syỳasy güỳçler ỳüze çykỳar. 1979-njy ỳylda Eýranda Pählewiler patyşalygynyñ şasy ỳykylyp, Eýran Amerikanyñ imperialistik kolonial ekspluatiýasyndan azat bolỳar. Şol döwürde türkmenleriñ öz ykbalyñy özüñ çözmek, elden giden hukugyñy (ýer, suw, medeni-syýasy …) gaýtaryp almak hakdaky pikirleri we hereketleri taryhda ỳene bir gezek galkynyş etabyna çykýar. Şonuñ bilen birlikde, halky türkmen dilinde sowatly etmek işleri hem ör boỳuna galỳar. “Oba şuralaryny, daỳhan şuralaryny döretmeli!”, “Okuw gerek, hat gerek, türkmençe mekdep gerek, elden giden ỳerleri gaỳtadan almak gerek!” diỳlen şygyrlar bilen köçelerde demonstrasiỳa hereketleri emele gelýär. 1980-nji ỳylyñ başyndaky türkmenler bilen täzeden güỳç alan fundamental guramalar arasynda bolup geçen Kümmethowuz şäherindäki çaknyşykda ýene bir gezek özbaşdak awtonomiýa berilmegi talap edildi. Öñki geçirilen serhet şertnamasy goldalynyp, serhedi täzeden dikeltmek barada karara gelmegi halk we onuñ syýasy guramasy tarapyndan talap edildi. Şol döwürde Eỳran türkmenleriniñ alan awtonomiỳasy bir ỳyldan gowrak wagt dowam etdi. Ähli ýer, suw, ekerançylyk (umuman ykdysadyỳet), medeni reformalar türkmenleriñ merkezleşdirilen “Sytad”[6] guramasynyñ tagallasy bilen ỳöriteleşdirildi. 1981-nji ỳylda ýeri paýlanan käbir gaçgak baýlar Eýranda täze forma tapan hökümetiñ kömegi bilen halka garşy täze bir çaknyşyk guraýarlar. Şeýlelikde türkmenleriñ merkezi bolan Kümmethowuz şäherinde geçip duran ylalaşykly mitingi hökümetiñ ýöriteleşdirilen (pasdar) atly harby güỳji, oka tutup, erkinlik ỳene-de bir gezek wagşylarça basylyp ỳatyrylýar. Şeýle ỳagdaýda, serhet meselesi ỳene-de yzarlanman galỳar. Şu ỳerde terriroriýa babatda XVIII-XIX asyrlarda dörän käbir ỳagdaýlary nygtap geçmek zerurlygy ỳüze çykỳar. Şol döwürlerde türkmenleriñ halkynyñ belli bir merkezleşen häkimeti bolmandygy zerarly, olar etrapdaky uly döwletleriñ tabynlygynda bolupdyr. Meselem: Maññyşlak, ỳa-da Horezm türkmenleri Hywa häkimiỳetine, Çärjew, Kerki, türkmenleri Buhara häkimine, Pendi, Mary, Tejen, Saragt, Ahal, Gyzylarbat türkmenleri Eỳran, Hywa, Buhara hanlyklaryna, Etrek Gürgen türkmenleri bolsa Eýran, Hywa häkimlerine tabyn bolmagy mejbur edilipdir. [7] Syýasy galkynyş esasynda şol döwürde ähli türkmenleriñ arasynda özbaşdaklyk, milli, ruhy medeniýetleriñ garaşsyzlygy baradaky pikirleri rejeli ỳöredipdirler. Şol döwürde ähli türkmen halkynyñ arasynda bolşy ỳaly, Eýran türkmenleriniñ arasynda hem köne ỳazuwda her kim özi üçin öwrenip-ỳazypdyr. Emma esasy okuw gurply maşgalalar üçin bolupdyr. Häzirki döwürde okuw-ýazuw diñe pars dilindedir. XIX asyrdaky medeni-edebi esaslar barada aỳdylanda, magaryf ỳagdaỳlaryna aỳratyn ser salmak gerek. Şol döwürde-de okuwlar arap-pars dilinde alnyp barylypdyr. Türkmen dili ünsden düşürilipdir. Mekdeplerde “Gurhan” arap dilinde ỳat tutulypdyr, harplar öwredilenden soñ, yslam diliniñ taglymatlary, däp-dessurlary ündelipdir. Esasan “Sopy Allaýar”, “Rownakyl yslam” we dini hukuklar hakyndaky “Çar kitap” öwredilipdir. Maglumat we taglymat esasynda däl-de, eỳsem pars we arap dillerine türgenleşmegiñ hatyrasyna Nowaỳynyñ, Fuzulynyñ, Hafyzyñ we Bidiliñ käbir eserleri-de okalypdyr. Beýle okuw düzgüni 2-nji jahan urşundan soñ Eýran patyşalygynyñ ỳörite düzgününe öwrülỳär. Ikinji jahan urşyndaky soñky bolan özgerişikler, umuman dünỳä möçberinde bolşy ỳaly, Eỳranyñ çäklerinde-de düýpli we esasy syỳasy reformalar ABŞ-nyñ prezidenti Riçard Niksonyñ Eỳranyñ şasyna görkezmesi bilen ỳerine ýetirilýär. Terbiýe we okuw düzgüni bolsa, şol syỳasatyñ esasynda ỳöredilip başlanỳar. [8]- [9] Soñky 20 ỳyllykda okuw düzgüni Fransiỳanyñ okuw sistemasy boỳunça düzülỳär. Emma Pählewiler dinastiỳasynda bolşy ỳaly häzirki döwre çenli hem türkmen dilinde hiç hili okuw ýola goýulmaýar. Şonda-da Eỳran türkmenleri zamanyñ çylşyrymly öwrümlerine garamazdan, ruhy medeniỳetiñ öz hakyky häsiỳetini saklajak bolup alada edỳär. Orta Aziýada yslam dini agalyk ediji ideologiỳa bolan döwri käbir görnükli alymlar we ýazyjylar döräp, meşhur ylmy merkezlerde öz döwrüniñ progressiw bilimini alyp, türkmen sähralaryna dini taglymatlaryñ täsirini hem yzygiderli ỳetirip durupdyr. Emma taryhy we ykdysady şertlere görä, halkyñ köp bölegi beỳle zatlary kabul etmäge taỳỳar bolmandyr. Şonuñ üçin käbir ýagdaýlarda diñe biperwaý garalypdyr. Bu ýagdaý Ýewropa syýahatçylarynyñ tiz gözüne ilipdir. XIX asyryñ birinji ýarymynda bu barada, A.Býorns şeýle ýazýar: “Türkmenlerde metjit ýok. Olar öz namazlaryny garaöỳde ýa-da açyk ýalazy ýerde okaỳarlar. Olaryñ mollasynyñ sany köp däl, ruhanylara, umuman, az hormat goỳulỳar” [10] XIX asyryñ ikinji ỳarymynda A. Wamberi hem bu ỳagdaỳ barada şeỳle ýazýar: “Türkmenlerde diniñ täsiri diñe aýratyn ýagdaýlarda ýüze çykỳar. Fanatik Buharadan geçen din, köpleriñ pikir edişi ýaly, olarda (türkmenlerde ) onçakly täsirli däl.” [11] Soñky döwürlerde halkyñ ruhy baỳlyklarynyñ uly bölegi bolan çeper döredijilik (edebiỳat, sungat) diỳlen zady her hili ỳollar bilen aradan aỳyryp, assimilleşdiriljek bolunsa-da, şowinistik syỳasatlar bu maksadyna ỳetip bilmän gelỳär. Gaỳtam, 1979-njy ỳyldan beỳläk halk edil özüni ỳitirip tapan ỳaly ỳagdaỳda, syỳasy-medeni hereketleri güỳçlendirip ugrady. Soñky 30 ỳyldan bäri Eỳran türkmenleriniñ arasynda, her näme-de bolsa, türkmen dilinde ỳazylan käbir kitaplar çykyp başlady. Magtymgulynyñ goşgular diwany häzir üçünji gezek çap edildi. Şeýle hem soñky ỳyllaryñ dowamynda “Ýusup-Züleýha”, “Saýatly-Hemra”, “Zöhre-Tahyr”, “Misgingylyjyñ diwany”, “Emir Hemze”, “Zeýnelarap”, “Mätäjiniñ diwany”, “Görogly”, “Seỳdi Hoja”, “Gül-Bilbil”, “Türkmen diliniñ gysga sözlügi”, “Hüỳrlukga-Hemra”, “Mirhaýdar Hoja we Mirsöýün Hoja”, "Mämmet şahyr we Meret şahyr"... ş.m kitaplar çykyp, halk arasynda höwes bilen okalyp gelinýär. (dowamy bar)... © Dr. Hangeldi OWNUK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |