08:47 Eýranda iki oruntutaryñ saýlanmagyndaky bökdençlik: Pozitiwlik we ekstremistik oýun | |
EÝRANDA IKI ORUNTUTARYÑ SAÝLANMAGYNDAKY BÖKDENÇLIK: POZITIWLIK WE EKSTREMISTIK OÝUN
Publisistika
Ýurduñ içinde basyşa we berk gysyşa, sebitde bolsa haosa bil baglaýan režim ulamalaryñ we Rewolýusion gwardiýanyñ harbylarynyñ arasyndaky dürüşde režime öwrüldi. Rewolýusion Gwardiýa Reisiniñ oruntutarynyñ saýlanmagynda möhüm, Hamaneýiñ oruntutarynyñ saýlanmagynda bolsa has uly rol oýnaýar / Fotosurat Reuters Prezident Ibrahim Reisiniñ wertolýot heläkçiliginde ölmegi Eýrany aýgytlaýjy döwürde iki oruntutar krizisi bilen başa-baş goýdy. Birinjisi, wagtyndan öñ gelen prezident oruntutaryny tapma kynçylygy. Ikinjisi 1979-njy ýylda Yslam Rewolýusiýasynyñ oduny tutaşdyran Ymam Homeýniden has köp höküm süren Dini lider Ali Hamaneýiñ saglyk ýagdaýy sebäpli wagty golaýlaşýan oruntutaryny saýlama kynçylygy. Hamaneýiñ oruntutarynyñ radikal ulama boljakdygy belli we Reisi öñe saýlanyp duran kandidatdy. Hem Dini lider, hemem Dini lideriñ islän saýlawyna ses beren Hünärmenler geñeşiniñ töwereginde möhüm alternatiwady. Reisiniñ oruntutary meselesi bolsa, daşyndan göräýmäge Reisi, Ahmedinejad, Hatemi ýaly ekstremistik konserwatiw ýa-da Rafsanjani, Ruhani ýaly reformaçy we pozitiw biri boljak ulama ýa-da öñki gwardiýaçy ofiser alternatiwlerine açyk ýaly bolup görünýär. Sistemanyñ hakyky hasaplarynyñ arasynda hiç hili tapawut ýok. Hakyky güýç "hudaýtarapyn kanunylyga" eýe gaýyp we garaşylýan "wagtyñ eýesiniñ" (ýagny gelmegine garaşylýan Ymam Mätiniñ -t.b.) wekili bolan Dini lideriñ elinde. Haýsydyr bir dini režim ýaly gitdigiçe ekstremistleşmäge tarap gyşarmaga mejbur edilen režimde Dini lideriñ aşa konserwatie bolmagy tebigy zat. Teoretiki taýdan "halk kanunylygyna" wekilçilik edýän prezident wezipesi üçin konserwatiw ýa-da ylymly (pozitiw) kandidatlary saýlaýanam şonuñ özi. Saýlawlar ha içerki şertler bolsun, ha daşarky gatnaşyklaryñ görünýän ýüzi bolsun, režimiñ her tapgyrdaky mätäçliklerine baglydyr. Dünýäde Eýrandaky "reformaçy akymyñ" üstünligi boýunça oýnalýan lotoreýalaryñ baglanyşygynda edilen öñki we täze çekişmeler bolsa, belli bir derejede özüni aldaýar. Dini lideriñ erk-eradasy bolmazdan hiç bir reformaçy häkimiýet başyna geçip bilmeýär. Prezident Muhammet Hatemi, Hasan Ruhani we olardan öñ Ymam Homeýniniñ ölüminden soñ egindeşi Ali Hamaneýiñ Dini lider wezipesine gelmeginde möhüm rol oýnan Haşimi Rafsanjanide bolşy ýaly, häkimiýet başyna gelip, gyzyl çyzykdan geçmäge synanyşýan islendik reformaçy şahs izolirlenýär. Hamaneý "häzir ýurduñ düýp meselesiniñ ykdysadyýet we esasy gowşak ýeriniñem ykdysady meseledigini" pikir edýän bolsa, Reisiniñ oruntutary ykdysadyýete üns berip, adamlary ykdysady ýagdaýdan we girizilýän sosial çãklendirmeleriñ berkliginden gelip çykýan jemgyýetçilik ynjalyksyzlyklaryny azaltmaga ynandyrjak ylymly şahsyýet bolup biler. Emma munuñ tersine pikir edýänlerem bar. Bularyñ pikiriçe Reisiniñ Türkiýä, Müsüre, Saud Arabystanyna, BAE-ne, Katara we beýleki ýurtlara açylma babatda eden, emma ylymly (pozitiw) prezidentiniñ tersine seljerilmezden ýumşaklyk edip biljek zoñtar pikirli prezident tarapyndan edilip bilnerdi. Praktiki taýdan Hamaneýiñ elindäki açar kandidatlary ýykýan we Reisiniñ kandidat görkezilen wagtynda Ali Larijaniniñ bäsleşikden gyrakladylmagynda bolşy ýaly saýlanan kandidata howp abandyrýanlaryñ kandidatlygynyñ öñüni alýan Konstitusiýany Goramak Geñeşine sylag hökmünde berilýär. Geñeş öñki prezidenti Ruhaniniñem uzak wagt bäri öz agzasydygyna garamazdan, Hünärmenler geñeşine agza bolmaga mynasyp däl hasaplady. Munuñ sebäbi, Ymam Homeýniniñ turuwbaşdan Yslam Respublikasynyñ öñe tutýan iñ ýokary prinsiplerini kesgitlän bolmagydyr we bulardan iñ öñe çykanlary iki sanydyr. Birinjisi, "Yslam hökümeti welaýat bilen imanyñ ekiztaýydyr we düzgüni ýola goýmak wezipe borjudyr". Ikinjisi bolsa, "rewolýusiýany daşyna ýaýmak, çünki rekim ýapyk şertde galsa, hökman ýeñliş bilen ýüzleşmeli bolar". Arap ýurtlaryndaky şaýy milisiýa otrýadlaryna "maýa goýumlarynyñ" goýulmagy we Palestina kartyny edinmäge synanyşylmagy-da şundandyr. Munuñ hiç bir sebitleýin güýçde öñ görlüp-eşdilmedik praktiki ýerine ýetirilişi bolsa Liwanda "Hizbullah", Yrakda "Haşdi Şabi", aýratynam "Hizbillah brigadalary", "Seýit el-Şuhada" brigadasy, "Kaýs el-Hazali" hereketi, Siriýada owganlardan düzülen "Fatimiýýun" brigadasy bilen päkistanlylardan düzülen "Zeýnebiýýun" brigadasy ýaly ýaragly mezhepçi ideologiki toparlaryñ döredilmegi, Ýemende "Ensarullahyñ" (Husiler), Gazada "Hamasyñ" we "Yslamy jihadyñ" goldanmagydyr. Eýranyñ hiç zat etmezden üstün çykmagyny üpjün edýänem şudur. Wekilçilik bilen gazanýar, wekilçilik bilen söweşýär, wekilçilik bilenem ylalaşyga gelýär. Brukings institutynyñ başlygynyñ orunbasary we Daşary syýasat programmasynyñ direktory Susan Maloneýiñ aýdyşy ýaly, Tähranyñ sebitde bijä giren zady haos sistemasydyr. Maloneý Eýranyñ strategiýasyny "güýçli duşmanlaryna, aýratynam ABŞ-na garşy artykmaçlyk gazanmagyñ ykdysady taýdan iñ arzan ýoly hökmünde assimetrik urşa maýa goýumyny goýmak" hökmünde baha berýär. Arena örän çylşyrymly we Sowet Soýuzynda bolup geçen hem-de onuñ dargamagyna getiren ýagdaýa meñzeýär: içerde ykdysady gowşaklyk, daşarda güýçli täsir we uly çykdajylaryñ edilýän harby güýji. Hamaneýiñ 2003-nji ýylda eýran penjiresinden görşi ýaly sebitdäki sahna şeýledi: Waşington täze Ýakyn Gündogary emele getirme boýunça doly şowsuzlyga uçrady. Sebitiñ geosyýasy kartasynda düýpli üýtgeşmeleriñ bolup geçýändigi dogry, emma bu ABŞ-nyñ däl-de, goranyş frontynyñ peýdasyna bolýan üýtgeşme. Hawa, Günbatar Aziýanyñ geosyýasy kartasy üýtgedi, emma goranyşyñ peýdasyna boljak görnüşde üýtgedi. Degişli sahna barada aýdanda bolsa, agyr ykdysady ýagdaýdan duýulýan nägilelik sebäpli halkyñ saýlawlara gatnaşmaga höwesi ýok. Aýal-gyzlara bürenjegiñ zor bilen geýdirilmegine, sosial gatnaşyklaryñ we geýinmegiñ üstündäki çäklendirmeleriñ ýygylaşdyrylmagyna garşy çykyşlar edilýär. Soñky parlament saýlawlarynda saýlawçylaryñ bary-ýogy 41%-i gatnaşdy. Paýtagt Tähranda bu görkeziji zordan 19%-e ýetdi. Türk syýasy analitigi Murat Ýetkin "Eýran režimi uzak aralyga atýan raketalary öndürip bilýär, emma prezident Reisiniñ uçarynyñ ýerini doly anyklap bilenok" diýende, hiç bir babatda öte geçenokdy. Aslynda Eýranyñ wertolýotynyñ ýere düşüş kyssasy häzirem kemter aýdylýar. Has takygy, hakyky sebäpleri, tehniki näsazluk sebäplimi ýa-da ümür-dumandan boldumy, ýa bolmasa sabotaž netijesijde boldumy diýen ýaly soraglar jogapsyz galjak derejede boşluklar bilen doly. Kartina anyk däl: Prezidentiñ wertolýoty awariýa uçranda, oña ýoldaşlyk edýän iki wertolýot nädip Töwrize gaýdyp barýan ýoluny dowam etdirip bildi? Reisiniñ dini lider wezipesine ýetmeginiñ öñüni almak üçin kimdir biri duzak gurdumy? Jynaza üýşmeleñlerinde şaýylygyñ pöwhe gygyryşmalary orta atylýan soraglary gülkünç ýagdaýa saljak bolmaga synanyşykmy? Totalitar režimlerde hakykaty tapmak kyn bolýar. Emma içerde basyşa we berk gysyşa, sebitde bolsa haosa bil baglaýan režim ulamalaryñ we Rewolýusion gwardiýanyñ harbylarynyñ arasyndaky dürüşde režime öwrüldi. Rewolýusion Gwardiýanyñ harbylary Reisiniñ oruntutarynyñ saýlanmagynda möhüm, Hamaneýiñ oruntutarynyñ saýlanmagynda bolsa has uly rol oýnaýar. Refik HURI. Şenbe, 25.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |