20:34 Eýranly lukmanlar depressiýada: Lukmanlaryñ arasynda öz janyna kast etmeler köpelýär | |
EÝRANLY LUKMANLAR DEPRESSIÝADA: LUKMANLARYÑ ARASYNDA ÖZ JANYNA KAST ETMELER KÖPELÝÄR
Publisistika
Eýranyñ saglygy goraýyş sistemasynda uly boşluk bar Eýranly lukmanlaryñ we assistentleriñ (şepagat uýalarynyñ) arasynda barha artýan öz janyna kast etme wakalary täzeden üns merkezine girdi. Lurystan welaýatynda ýürek we gan-damar keselleri boýunça hünärmen Bresto Bahşiniñ öz janyna kast etmeginden bir aý geçensoñ Tährandaky "Şeriati" hassahansynda ýaş romatolog Samira es-Saidiniñ öz janyna kast edendigi barada habar ýaýrady. Eýrandaky birnäçe gazet lukmanlaryñ öz janyna kast edýändikleri baradaky meseläniñ üstünde durup geçen bolsa, "Donya-e Eqtesad" gazeti 28-nji apreldäki sanynda Fatima Ali Esgaryñ taýýarlan "Lukmanlaryñ öz janyna kast etmegi täze howpuñ abanýandygyny habar berýär" atly habaryny çap etdi. Esgar habarynda şeýle diýýär: "Doktor Samira es-Saidiniñ öz janyna kast edendigi hakdaky habar sarsgyna salyjy we gynandyryjydy. Sebäp Samira bu derejä ýetmek üçin kän zähmet çekipdi, emma mundan artyk çydap bilmedi we ahyrynda bir ogluñ enesi bolan Samira aprel aýynda öz janyna kast etdi. Statistiki görkezijiler erkek lukmanlaryñ arasynda öz janyna kast edýänleriñ 40%, aýal lukmanlaryñ arasynda bolsa 130% artandygyny görkezýär. Bu diýseñ howatyrlandyryjy ýagdaý. AHR-niñ statistiki maglumatlaryna görä öz janyna kast edýänleriñ sany soñky ýyllarda bäş esse artypdyr. • Saglygy goraýyş işgärleriniñ göçhä-göçlügi we öz janyna kast etmeler tolkuny Eýranyñ Medisina Geñeşiniñ (IRIMC) Sosial işler boýunça geñeşçisi Muhammet Mirhani "Dunya-e Eqtesad" gazetine beren interwýusynda: "Lukmanlaryñ we şepagat uýalarynyñ öz janyna kast etmeleri artýar. Eýran ýakynda dünýäde iñ köp öz janyna kast edýän lukmanlaryñ ýurduna öwrülip biler. Ýurduñ saglygy goraýyş sistemasy ençeme ýyldan bäri ýaramaz döwlet dolandyryşy zerarly işden çykmalary, göçhä-göçlügi we öz janyna kast etmeleri başdan geçirýär. Eger saglygy goraýyş ulgamyndaky meseleler içgin öwrenilmese, bu ýagdaý entekler dowam eder. Reformalara däl-de, döwlet derejesinde öwrülişik programmasyna mätäçligimiz bar" diýdi. Statistiki görkezijiler erkek lukmanlaryñ arasynda öz janyna kast edýänleriñ 40%, aýal lukmanlaryñ arasynda bolsa 130% artandygyny görkezýär. Şeýle-de Mirhani: "2023-nji ýylda 16 lukmanyñ öz janyna kast edendigini anykladyk. Emma hakyky san mundan has köp. Çünki köplenç ýagdaýda öz janyna kast eden lukmanlaryñ hossarlary ölüm sebäbini aýdanok we şu meselede dymanlaryny gowy görýärler. Şepagat uýalarynyñam köpüsi sistematiki kemsidilmä sezewar bolýarlar. Ýurtda medisina ugrundan okamak öñler ýetdirgisiz derejedi, çünki lukmançylyk Eýrandaky iñ ýokary aýlykly kärleriñ biridi. Lukmanlara uly hormat goýulýardy. Emma soñky birnäçe onýyllykda artýan maliýe problemalary we kynçylyklar sebäpli ýagdaýlar üýtgedi. Lukmanlar, şepagat uýalary, kömekçi lukmanlar aýratynam näsagyñ ölen ýa-da saglyk ýagdaýynyñ erbetleşen ýagdaýynda örän agyr iş şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Käbir näsaglar ýa-da olaryñ hossarlary tarapyndan uly basyşlara, nälaýyk we agressiw hereketlere duçar bolýarlar. Näsagy aradan çykan maşgalalaryñ köpüsi merhumyñ ölümi üçin lukmany ýa-da şepagat uýasyny günäkärleýär. Lukmanlara garşy pyçakly topulmaga çenli baryp ýetýän hülgentçilikli hereketlere şaýatlyk edýäris. Eýranda lukmanlar soñky ýyllarda özlerini arkaýyn duýman başladylar" diýdi. • "Lukmanlar kyn şertlerde işleýärler" Muhammet Mirhani sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Lukmanlar, aýratynam kömekçi lukmanlar köplenç 72 sagatlap uklap bolmaýan garnizonlara meñzeş hassahanalarda kyn şertlerde işleýärler. Bular ýaly şertler olara zyýan edýär, birnäçesi depressiýany başdan geçirip, bejergi almaly bolýar. Medisina Geñeşiniñ Halk bilen gatnaşyklar we Halkara gatnaşyklary departamentiniñ jogapkär işgäri Ali Silahşor şepagat uýalarynyñ we ýaş lukmanlaryñ arasynda depressiýanyñ giñden ýaýrandygy barada öñ hem duýdirypdy. Silahşor depressiýa wakalaryndaky ýokary artyşa "öñ görlüp-eşdilmedik ýagdaý" hökmünde baha berdi. "Dunya-e Eqtesad" gazeti ýurtdaky medisina boýunça ýokary bilim berýän okuw jaýlarynda kömekçi lukmanlaryñ saglyk we psihologiki ýagdaýlaryna degişli 2021-nji ýylda geçirilen barlagyñ netijelerine salgylandy. Gazetiñ salgylanan barlagy kömekçi lukmanlaryñ 23%-niñ agyr psihologiki depressiýadan we örän agyr depressiýa nobatçylygyndan, 25%-niñ güýçli howatyrlanmadan we 34%-e golaýynyñam güýçli stresden ejir çekýändigini görkezdi. Tährandaky hassahana Mirhani kömekçi lukmanlaryñ (şepagat uýalarynyñ) saglygy goraýyş ulgamynyñ gurluşyna laýyklykda köp işledilýändigini, reallykdan gaçma mümkinçilikleriniñ ýokdugyny we başlyklary tarapyndan özlerine buýrulan işleriñ azaldylmagyny talap edip bilmeýändikleri üçin sistematiki taýdan kemsidilmä duçar bolýandyklaryny aýtdy. Mirhani kömekçi lukmanlaryñ maliýe şertnamasyny baglaşyp, iş şertlerini kabul edýändiklerini-de sözüniñ üstüne goşýar. Köp kömekçi lukmanyñ iş stažlary wagtynda maşgalasyndan uzakda, örän dar umumyýaşaýyş jaýlarynyñ otagynda köplük bolup ýaşaýandygyny we bu ýagdaýyñ olaryñ ruhy saglyklarynyñ bozulmagyna täsirini ýetirip biljekdigini aýdýan Mirhani "Lukmanlar öñ ýokary sylag-hormata we at-abraýa eýedi, adamlar olary çakdanaşa sylaýardylar. Emma indi olaryñ abraýy, sylag-hormaty gaçdy. Saglygy goraýyş sistemasynyñ gurluşy sebäpli lukmanlar bilen näsaglaryñ we myhmanlaryñ arasyndaky gatnaşyklar bozuldy. Saglygyñy bejertmek üçin çykdajynyñ aşa köp bolmagy we köp keseliñ saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşyñ çägine girmezligi näsag bilen lukmany biri-biriniñ garşysyna dikýär. • Düýpli kemçilikler "KayhanLondon" habarlar saýty tarapyndan 27-nji aprelde çap edilen "Öz janyña kast etme tolkuny, saglygy goraýyş işgärleriniñ göçhä-göçlügi, çöküşiñ içindäki hassahanalar, krizisdäki saglygy goraýyş ulgamy we Saglygy goraýyş ministrliginiñ ýalñyşlyklary" atly habarynda Saglygy goraýyş ministri Behram Aýnullahiniñ Eýranyñ sebitdäki iñ güýçli saglygy goraýyş ulgamyna eýedigi baradaky beýanatlaryna ýüzlenip: "Bu beýanatlar bilen Eýranyñ saglygy goraýyş ulgamynyñ harap bolan hassahana binalary, öz janyna kast etmeler, arzasyny ýazyp işden gitmeler, göçhä-göçlük zerarly saglygy goraýyş işgärleriniñ düýpli kynçylyklary başdan geçirýän döwründe çykyş edildi" diýilýär. Şepagat uýalaryna edilýän uly basyşlar üsti basyrylýan duýdansyz ölümlere sebäp bolýar. Habarda şeýle diýilýär: "Romatolog lukman Samira es-Saidi 35 ýaşly kardiolog lukman Bresto Bahşiniñ öz janyna kast etmeginden soñ bir aý geçmänkä öz janyna kast etdi. Bulam saglygy goraýyş işgärleriniñ arasyndaky öz janyna kast etme tolkunyna Saglygy goraýyş ministrliginiñ biperwaýlyk bilen garaýandygy hakdaky pikiriñ döremegine getirýär. Eýranda assistent lukmanlaryñ we hünärmen kömekçileriniñ arasyndaky öz janyna kast etmeleriñ sany jemgyýetiñ galan bölegindäki öz janyna kast etmelerden on esse köp. Geçen ýanwar aýynda saglygy goraýyş işgärleriniñ arasynda bir hepdäniñ içinde üç sany öz janyna kast etme wakasy bolup geçdi. Bularyñ biri göz lukmany, biri psihiatrist, biri-de ýaş diş lukmanydy. Saglygy goraýyş işgärleriniñ arasyndaky göçhä-göçlük tolkuny we şepagat uýalarynyñ öz arzalaryny ýazyp işden çykmagy Eýranyñ saglygy goraýyş sistemasy üçin howp jañlaryny kakýar, emma Saglygy goraýyş ministrligi ýöredýän halkdan üzñe nädogry syýasaty sebäpli bu ýagdaýa üns bermelidirem öýdenok". • Meýletin işden gitmeler yzly-yzyna bolup geçdi Habarda Esewan ediş öýüniñ müdiri Muhammet Şerifi Mukaddemiñ "Şüheda Tajriş" hassahanasynyñ işgärleriniñ köpçülikleýin işden gitmesi hakda "saglygy goraýyş ulgamyndaky şertleriñ betbagtçylykdanam erbetdiginibwe şertleriñ gowulandyrylmagynyñ mümkin däl ýaly bolup görünýändigini" aýdandygy barada habar berilýär. Köpçülimleýin işden giden lukmanlaryñ biri "Tejarat News" habarlar saýtyna beren beýanatynda: "Meselelerimiziñ başynda aýlyklaryñ we hak-heşdeklerimiziñ wagtly-wagtynda berilmeýändigi bar. Iş wagtyndan artyk mejbury iş we berilýän örän az goşmaça sosial kömekler çekip-çydar ýaly bolmady. Talaplarymyzy aýdyp, telim gezek ýagdaýy düzetdirmegiñ ugruna çykdyk. Emma halys kelebiñ ujuny ýitirdik. Asyl indi bizi diñlejek bolýan ýok. Şonuñ üçinem işden çykanymyzy gowy gördük" diýdi. Eýranyñ günorta-gündogaryndaky Zahidan şäherinde 2023-nji ýylda geçirilen protest demonstrasiýasyndan / Fotosurat: AFP Muhammet Şerifi Mukaddemiñ aýdyşyndan, resmi görkezijiler ýurtdaky şepagat uýalarynyñ 15%-niñ, ýagny jemi 150 müñ şepagat uýasyndan 20 müñüniñ işden çykandygyny habar berýär. Işgär ýetmezçiligi sebäpli şepagat uýalarynyñ iş wagtyndan artyk işlemäge mejbur bolýandyklaryny, bu ýagdaýyñam säwlikleriñ artmagyna we hyzmat ediş hiliniñ peselmegine getirýändigini aýdýan Muladdem "Bir şepagat uýasynyñ hiç hili säwlige ýol bermän yzly-yzyna üç smende işlemegine garaşyp bilerismi?" diýip sorady. Mukaddem sözüniñ soñunda şeýle diýdi: "Şepagat uýalarynyñ üstündäki uly basyşlar üsti basyrylýan duýdansyz ölümleriñ ýany bilen has gowy zähmet we ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek umydynyñ ýitirilmegi zerarly öz janyna kast etmelere getirip bilýär. Hannan AZIZI. "Al Majalla" žurnaly, 28.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |