18:10 Eýranyñ prezidenti Reisiniñ ölümi we režimiñ üç maskasy | |
EÝRANYÑ PREZIDENTI REISINIÑ ÖLÜMI we REŽIMIÑ ÜÇ MASKASY
Publisistika
Reisiniñ ölümi Eýranda hem sebitde öwrülişik sepgidi boldy. Tähranda prezident Ibrahim Reisiniñ ölüm habaryny okaýan eýranly raýat / Foyosurat: AFP Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisi, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Töwriziñ Jumga metjidiniñ ymamy aýatolla Ali Haşim, Gündogar Azerbaýjanyñ häkimi Mälik Rahmeti dagynyñ münen wertolýoty Azerbaýjandan ýurduñ demirgazygyndaky Gündogar Azerbaýjan welaýatyna gaýdyp gelýän wagty awariýa uçrandygy zerarly ady agzalan ýoldaşlar aradan çykdy. Bu hadysa Eýranyñ içerki syýasy arenasynda halk köpçüligi bilen we sebitleýin-halkara arenasyndaky gatnaşyklarda öwrülişik sepgidini döreder. Eýrandaky jemgyýetçilik durmuşynyñ hakykatlary, şertleri, formasy boýunça dürli yşaratlary özünde saklaýan hadysa içerdenmi ýa daşardan gurnalan "dildüwşük" bilen amala aşyrylan bilkastlaýyn hereketmi, ýa bolmasa jemgyýetçilik hyzmatlaryndaky hemişe bolup duran tradision şowsuzlygyñ başgaça ýüze çykmasy hökmünde diñe tehniki näsazlykmy diýen ýaly sorag alamatlarynyñ döremegine getirdi. Bütin bular bilen birlikde hadysanyñ Eýrandaky syýasy deñagramlylyklar we režimiñ ýokary wezipeli işgärleriniñ, edaralaryñ we güýç merkezleriniñ arasyndaky ikitaraplaýyn ynama ýetirýän täsirleri boýunça has uly sorag alamaty orta çykdy. Turuwbaşdan eýranly ygtyýarlylaryñ alyp barjak derñew işleriniñ biri sebitleýin, beýlekisi ýerli bolan biri-birine utgaşýan iki derejede dartgynlylyk emele getirjekdigi belli. Awariýa uçran wertolýot Azerbaýjanyñ Ysraýyl bilen guran strategiki ýaranlygyndan gelip çykan sebäpler ötri Eýran bulen syýasy we howpsuzlyk gatnaşyklary soñky dört ýyl bäri düýpli dartgynlylygyñ bolup geçen ýeri Azerbaýjandan howalanypdy. Azerbaýjan Eýranyñ sethedine golaý ýerde harby baza gurdy. Eýranyñ howpsuzlyk gulluklary Azerbaýjany Eýranyñ içinde içalyçylyk işini ýola goýmakda, teraktlara we bombaly hüjümlere işjeñ gatnaşmakda, hatda ýurduñ ähli ýadro arhiwiniñ ogurlanmagyna we Ysraýyla berilmegine gatnaşmakda aýyplady. Azerbaýjan şol bir wagtyñ özünde Eýranyñ ýarany Ermenistana strategiki geosyýasy zarba uran we sebitde güýçlenen türk täsiriniñem biçüwlendiriji parçasydy. Azerbaýjan Ermenistanyñ gözegçiligi astyndaky Daglyk Garabag oblastynyñ ýarsyny 2020-nji ýylyñ güýzünde bary-ýogy 13 güne çeken uruş bilen almagy başardy. Ermenistan tradision taýdan alanda Eýranyñ iñ ýakyn goñşusy we Kawkazdaky iñ ygtybarly ýarany. Eýran muny diñe höwessiz kabul etmeli boldy. Şu uruş wagtynda azeri-türk ilatynyñ Eýranyñ içindäki azerilere edýän içerki täsirleri Eýrany geñ galdyrdy. Eýranda ilatyñ 25%-den gowragyny düzýän azeriler ýurduñ iñ köplük etniki toparyny emele getirýär. Şeýle bolsa, bu iki ýagdaý göz öñüne tutulanda, iki ýurduñ arasyndaky derñew we hyzmatdaşlyk mehanizmi bökdençsiz işläp bilermikä? Azerbaýjan hadysa "dahyllylygyny" ýüze çykaryp biläýjek açyk derñewe rugsat berermi ýa bermez? Bu ýagdaý iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklaryñ hilini we yzyndan Eýranyñ "guk ýanyndaky" goñşusy Türkiýe we onuñ ýarany bolan güýçler bilen gatnaşyklaryna näderejede täsirini ýetirer? Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisi (çepde) Azerbaýjanyñ prezidenti Ylham Alyýew bilen iki ýurduñ arasynda ýerleşen bendiñ açylyş dabarasynda pikir alyşýar / Fotosurat: Reuters Derñewleriñ sebäp bolup biljek ýene bir dartgynlylygy bolsa howpsuzlyk we harby edaralary bilen bularyñ ýurduñ içindäki syýasy howandarlarynyñ arasyndaky bäsdeşlik bilen baglanyşykly. Şonsuzam derñewleri kimiñ alyp barjakdygy, nähili alnyp baryljakdygy we haýsydyr bir netijä gelinen ýagdaýynda nähili kararlaryñ kabul ediljekdigi babatda dil tapyşyp bilenoklar. Netijede Eýran biri-birinden garaşsyz we biri-biriniñ ýetmezini doldyrýan, gowy kesgitlenen edaralardan we gulluklardan ybarat döwlet däl. Nyzamly goşun, Rewolýusion Gwardiýa (RG), kontrrazwedka gulluklary we RG-nyñ daşary ýurtdaky şahasy "Kuddus güýji" ýaly ýörite harby toparlaryñ hemmesi biri-birlerine meñzeş we utgaşykly rollara eýe hem-de Eýranyñ Dini lideri Ali Hamaneýiñ gözegçiligi astynda. Emma islendik totalitar döwletiñ tradision lideri ýaly Hamaneýiñ esasy strategiýasy-da dürli hadysalaryñ bolup geçýän wagtynda aralaryndaky basdaşlygyñ we düşünişmezligiñ aç-açan belli bolýan bu gulluklarynyñ arasynda çaprazlygyñ we ynamsyzlygyñ döremegine getirýär. Şunuñ bilen baglylykda Hamaneýiñ "režimiñ merkezine" täsirini ýetirýän hadysa boýunça derñew işlerini alyp barmagy ynanjak gullugy häkiýetdäki howpsyzlyk sistemasynyñ içindäki beýleki gulluklar üçin ynjalyksyzlygyñ duýulmagyna sebäp bolar. Munuñam agzalan gulluklaryñ hemem olaryñ syýasy howandarlarynyñ arasynda has beter dartgynlylygy döretmegi mümkin. Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisi we onuñ bilen bir wertolýoda münen Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, 21.11.2021 ý. / Fotosurat: AFP Eýranyñ Konstitusiýasyna laýyklykda prezidentiñ birinji orunbasaryndan (Muhammet Mihbir), Mejlisiñ başlygyndan (Muhammet Bakir Galibaf), Suduñ başlygyndan (Gulamhüseýin Muhsin Ejeýi) ybarat komitet elli günüñ dowamynda täze prezident saýlawlarynyñ saýlanjak wagtyna çenli Hamaneýiñ gözegçiliginde prezidentiñ wezipesini ýerine ýetirer. Netijede Eýran biri-birinden garaşsyz we biri-biriniñ ýetmezini doldyrýan, gowy kesgitlenen edaralardan we gulluklardan ybarat döwlet däl. Nyzamly goşun, Rewolýusion Gwardiýa (RG), kontrrazwedka gulluklary we RG-nyñ daşary ýurtdaky şahasy "Kuddus güýji" ýaly ýörite harby toparlaryñ hemmesi biri-birlerine meñzeş we utgaşykly rollara eýe. Emma işler şolar ýalam añsat däl. "Al-Majalla" habarlar gullugynyñ berýän habaryna görä, Eýranyñ içerki syýasy sahnasynyñ jikme-jiklikliklerine agalyk edýän syýasy çeşmesiniñ berýän beýanatynda aýdyşy ýaly, Hamaneýiñ ýurtdaky jemgyýetçilik durmuşyna esewan edýän dolandyryş komitetiniñ wezipe ygtyýarlygynyñ möhletini uzaldyp-uzaltmajakdygy, öñümizdäki prezident saýlawlarynyñ nähili geçiriljekdigi ee Hamaneý bilen oña tabyn organlaryñ şu geçen döwürde kabul edip biljek ýörite kararlarynyñ Eýranyñ içerki işlerine ýetirjek täsirleri, adatdan daşary döwürde güýç merkezleriniñ oýnajak roly we hatda hadysanyñ bolup geçiş ýagdaýy hakda köp zatlar aýdylar. "Al-Majalla" habarlar gullugyna interwýu beren çeşme sözlerini şeýle dowam etdirdi: Prezident Ibrahim Reisiniñ Dini lider Ali Hamaneýe ýakyndygy, onuñ içerde-de, daşarda-da Hamaneýiñ syýasy ugrunyñ daşyna çykmandygy we şoña amal edendigi dogru. Emma Eýranda işler beýle añsat däl. Muhammet Hatemi ýaly iñ reformistinden başlap Ahmedinejad ýaly iñ berk pozisiýadaky konserwatiwine çenli Eýranyñ ähli öñki prezidentleri klassyky taýdan dini lider Ali Hamaneýiñ sferasyndan çykypdylar we onuñ garaýyşlaryna, taglymatyna wepalydyklaryny yglan edipdiler. Emma biraz wagt geçýärem welin, olaryñ hemmesi-de "gara nebis" (ýa-da wezipeparazlyk) diýip boljak prosesden geçýärdiler. Dini ýolgörkezijiniñ buýruklaryny kabul edip we bulara boýun egip işe başlaýarlar, yzyndanam ellerindäki giñ wezipe ygtyýarlygyna arkalanyp az wagtyñ içinde "gara nebisleri" otukýar, gönüden-göni dini ýolgörkezijä bolmasa-da, iñ bolmanda onuñ ýakyn adamlaryna garanda has köp ygtyyarlyk talap edýärler we basdaşlyga girýärler. Togsanynjy ýyllardan bäri prezident Haşimi Rafsanjaniden prezident Ruhanä çenli biri-biriniñ yzyndan gelen ähli prezidentlerde şeýle ýagdaý gaýtalandy. Hemmesi-de Hamaneý bilen arasyna tow düşenden soñ gitmeli boldy. Munuñ bilen bir hatarda olaryñ hemmesi-de Homeýninden soñ ýurduñ dini lideri bolan Hamaneýiñ ýolundan ýöräp, onuñ ýerine geçmegiñ arzuwyndadylar. Çeşme sözüni şeýle dowam etdirdi: Prezident Ibrahim Reisi hiç bir ýagdaýda şeýle dartgynly halkanyñ daşynda däldi. Režimiñ kanun çykaryjy, sud, ideologiki edaralarynyñ agzasy hökmünde dowam etdiren karýerasynda Eýranda "Maşat halkasy" diýilýän halkanyñ içindäki pozisiýasy arkaly ösdi. Reisiniñ ýany bilen soñky prezident saýlawlarynda Reisiniñ peýdasyna kandidatlykdan çekilen Mejlisiñ başlygy Muhammet Bakir Kalibaf hem "Maşat halkasynyñ" hatarynda ýer alýar. Olaryñ ikisi-de ýurduñ demirgazygyndaky Maşat şäherinden gelen režimiñ öñbaşçy liderleriniñ uly bölegi bilen birlikde özara hyzmatdaşlyk etmekde we Kum şäherinden ýa-da paýtagt Tährandan bolan režimdäki ýokary wezipeli işgärler ýaly başga güýç merkezi bilen basdaşlyk etmekde, hatda Eýranyñ täsirli maşgalalaryndan Larijani maşgalasynyñ we Hamaneýiñ ogly Müjteba Hamaneýiñ töweregini gurşap alan sebitleýin möçberdäki täsir halkasyny döretmäge synanyşmakda aýyplanýarlar. Öñümizdäki prezident saýlawlarynyñ nähili ýagdaýda geçiriljekdigi we Hamaneý bilen oña garaşly organlaryñ geçen döwürde kabul edip biljek ýörite kararlary barada köp zatlar aýdylar. Çeşme agzalan güýç merkezleriniñ öz aralarynda ýiti bäsdeşlikdedigini aýdýar. Hamaneýiñ täsiri we bäsdeşligiñ ritmini kontrollyga almakdaky kanundan daşary güýji sebäpli bu bäsdeşlik barada köpçüligiñ öñünde dil ýarylmaýar. Şeýle bäsdeşligi görmezlige salmaýanyñ we muny köplenç ýagdaýda režimiñ durnuklylygy üçin oñyn ýagdaý hasaplaýanyñ Hamaneýdigini aýdan çeşme soñky bolup geçen hadysa ýaly hadysanyñ iki tarapyñ arasyndaky ynamsyzlygy hasam artdyrjakdygyny we režimiñ gurluşynda has öñ gizlenip ýatan gaty köp zady ýüze çykarjakdygyny aýtdy. Bu ýagdaý Hamaneýi "pozitiwligi" bilen tanalýan öñki prezident Hasan Ruhani ýaly has "oýlanyşykly" öñki işgärleri wezipä çagyrmaga we ýurduñ syýasy arenasyna asudalyk getirmek we düzgüni ýola goýmak üçin Ruhanini täzeden saýlamaga iterip biler. Bu hadysa derñewleriñ we içerki çaknyşyklaryñ añyrsynda eýran režiminiñ we dolandyryş organynyñ çürbaşyna çenli häkimiýet edaralarynyñ gowşak ýagdaýdadygyny-da ýüze çykardy. Prezident we ýurduñ ýokary wezipeli ýolbaşçylary tarapyndan ulanylýan wertolýotyñ kysymy, Eýranyñ aýratynam harby tehnologiýalar pudagynda görlüp-eşdilmedik ylmy öñegidişlikleri gazanandygyny aýdýan döwründe daşarky dünýä garşy tehnologiýa pudagynda aslyýetinde näderejede yzagalandygyny-da görkezdi. Prezidenti we onuñ ýanyndaky ýolbaşçylary alyp barýan wertoltotyñ awariýa düşmegi Eýranyñ howa we guryýer transporty, nebit senagaty, saglygy goraýyş hyzmatlary, infrastruktura we jemgyýetçilik ulgamynda bolup geçen bozulmalaryñ, Eýrany daşarky dünýäden tehniki we ylmy üýtgeşmelerden yza galdyran ABŞ-dyr halkara taraplaryñ girizen sanksiýalarynyñ netijesi bolan şuña meñzeş awariýalaryñ diñe biridi. Sanksiýalaryñ täsiri paýtagt Tährandaky birugsat gurulan arzan jaýlarda ýaşaýan raýatlardan başlap döwletiñ çürbaşynda oturanlara çenli uzaýan, ýaşaýyş-durmuş derejesinde we jemgyýetçilik hyzmatlarynda bozulmalara getirdi. Heläkçiligiñ yzysüre Eýranyñ gözleg we halas ediş toparynyñ işleri, çalt kömege ýetmek işindäki şowsuzlugy, harby we tehnologiki taýdan öñdedigini aýdýan birnäçe ýurtlaryndan kömek soramakdaky ýaýdanmaçlygy-da gözden sypmady. Dünýäniñ ünsüniñ Eýrana gönügen bütin gününiñ dowamynda eýran hökümeti we habar beriş serişdeleri haýal-ýagallyga ýol berdi. Şeýle-de, režimiñ iñ ýokarky organlarynyñ arasyndaky köp sanly çeşmelerden gapma-garşylykly habarlaryñ gekmegi we bassyr-bussyrlygyñ edilýändigi bilen birlikse bularyñ barsy režimiñ içinde strukturalaýyn haos bardygyny ýüze çykardy. Bularyñ barsy bilen baglanyşyklylykda syýasat arenasynda hem-de halk köpçüliginiñ arasynda "Ýagdaý şeýle bolsa eýran režimi tarapyndan oñlanýan tutuş şu sebitleýin we global garşydaş syýasatlaryñ maksady we netijesi näme? Bu syýasatlardan kim peýdalanýar?" soraglary orta atylýar. Rüstem MAHMUD, žurnalist. @rustummahmoud Sişenbe, 21.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |