13:22 Eziz Nesiniñ gijä galmankañyz hökmany okamaly on iki kitaby | |
EZIZ NESINIÑ GIJÄ GALMANKAÑYZ HÖKMANY OKAMALY ON IKI KITABY
Edebiýat täzelikleri
Eziz Nesin çeper edebiýatyñ hemme žanrynda diýen ýaly eser döreden ýazyjydyr. Satiriki hekaýa, roman, şygyr, pýesa, ýol ýazgylary, ýatlama žanrlarynda öndümli işlän ýazyjy çagalar edebiýatynda-da ajaýyp eserleri döredipdir. Öndümli döredijiligi sagdyn konsepsiýalara esaslanýan beýik ýazyjynyñ dünýägaraýşy we jemgyýeti iñ ownuk aýratynlygyna çenli seljerip bilşi, döwrüñ syýasy režimleriniñ garşysyndaky pozisiýasyny kesgitläpdir. Eziz Nesin ýaşan döwründe hiç wagt dogry sözi, öz sözüni aýtmakdan çekinmändir, oppozisioner pozisiýasyna ýañsylaýjy satirany-da ýugrup, dogrudygyna ynanýan hakykatlarynyñ arkasynda durupdyr. Eziz Nesini Eziz Nesin eden esasy faktorlaryñ biri-de şudur. Eserlerinde janlandyran obrazlary ýazylan döwründen garaşsyz ýagdaýda her bir döwürde-de bar bolan we garşymyza dürli wezipelerde çykýan hem-de çykyp biläýjek real obrazlardyr. Aşakdaky sanaw Eziz Nesiniñ hiç haçanam gymmatyny ýitirmejek kitaplarynyñ diñe bir ülşüdir. • SÜPÜK ("Zübük") "Süpük" Eziz Nesiniñ 1961-nji ýylda neşir edilen romanydyr. Bu romanyñ esasynda 1981-nji ýylda çeper kinofilm surata düşürildi we baş rolda Şaban ady bilen tanalýan belli aktýor Kemal Sunal oýnady. 1992-nji ýylda bolsa, Siriýanyñ bir teleýaýlymynda 20 bölümlik teleserial görnüşinde ekranlaşdyryldy. Roman gara ýumoryñ iñ ajaýyp nusgalarynyñ biridir. • HAÝSY PARTIÝA ÜSTÜN ÇYKARKA? ("Hangi Parti Kazanacak?") Satiriki hekaýalaryñ ýygyndysy. Jemi on dokuz hekaýadan ybarat ýygyndy Eziz Nesiniñ iñ belli eserleriniñ biridir. • GÖR, GALKYNYŞYMYZY! ("Nah Kalkınırız") 1988-nji ýylda neşir edilen kitap satiriki hekaýalaryñ ýygyndysydyr. Jemgyýet nogsanlyklary ýygyndynyñ esasy üstünde duran meselesidir. • WAH, BIZ EŞEKLER! ("Ah Biz Eşekler") 1960-njy ýylda çap edilen kitaba girizilen satiriki hekaýalaryñ baş temasy jemgyýet nogsanlyklarydyr. • KÜRSI NÄDIP AGDARYLÝAR? ("Bir Koltuk nadil devrilir?") 1961-nji ýylda çap edilen kitap esasan syýasy satira agram berýär. Kitaba girizilen satiriki hekaýalardan Eziz Nesiniñ satiriki özboluşlylygyny anyk aýyl-saýyl etse bolýar. • DÄLILER BOŞADY ("Deliler Boşandı") Eziz Nesiniñ satiriki hekaýalardan ybarat ýygyndylarynyñ biri. • ÝAŞAR NE ÝAŞAR, NE ÝAŞAMAZ ("Yaşar Ne Yaşar Ne Yaşamaz") Eziz Nesiniñ 1977-nji ýylda neşir edilen romanyñ baş temasy býurokratiýany tankyt topuna topuna tutmakdyr. • WAH, BIZ GORKAK INTELLIGENTLER! ("Ah Biz Ödlek Aydınlar") Ilkinji gezek 1985-nji ýylda neşir edilen kitabyñ baş temasyny döwrüñ intellegensiýasynyñ düşünjeleri we gozgaýan meseleleri boýunça çözgütleri şekillendirýär. • ÝÜZ LIRE BIR DÄLI ("Yüz Liraya Bir Deli") 1961-nji ýylda neşir edilen kitabyñ agramly bölegini satiriki hekaýalar düzýär. • GORKUDAN GORKMAK ("Korkudan Korkmak") 1988-nji ýylda neşir edilen satiriki hekaýalaryñ ýygyndysy şol bir at bilen teatr sahnasynda hem goýuldy. • HAÝSYDYR BIR ÝURTDA ("Memleketin Birinde") Eziz Nesiniñ satiriki hekaýalardan düzülen kitaby. • BIZ ADAM BOLMARYS ("Biz Adam Olmayız") 1962-njy ýylda çap edilen "Biz adam bolmarys" kitabyndaky ussat ýazyjynyñ galamyndan çykan ajaýyp satiriki hekaýalarda işlenen temalar häli-häzirem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Eziz Nesiniñ aýdan sözleri-de, edil onuñ döreden eserleri ýaly diýseñ gowy görülýär we nesilden nesile dilden düşmän gelýär. Semih ÖZTÜRK. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |