00:27 Filologiýamyz barada söz | |
FILOLOGIÝAMYZ BARADA SÖZ.
Edebiýaty öwreniş
Türkmen halk döredijiligini we klassyk edebiýaty öwreniji professor Mäti Kösäýew öz ömrüniň dowamynda (1906-1984 ýý) türkmen halkynyň öňünde köp hyzmatlary bitirdi. Ýöne ol iki gezek ýerliksiz günälemeleriň şarpygyny hem datdy. Bu gün belli pedagog Mäti Kösäýewiň heniz hiç ýerde çap edilmedik işini – 1966-nji ýylda, özüniň 60 ýyllyk ýubileý dabarasynda sözlän sözüniň tekstini, okyjylara hödürlemegi makul bildik. Biz Mäti aganyň bitiren uly hyzmatlary üçin onuň öňunde bergidardyrys. Goý, şu iş hem şol bergimiziň bir bölegini üzmäge synanyşyk bolup hyzmat etsin. Allamyrat Esenow. * * * Adat boýunça ýaş toýy bellenende öñi bilen biografik materiala ýapyşylýar. Bir hasapdan, şol ýubileýi belleýän adamyñ biografiýasynda diňleýjä, ylaýta-da ýaş nesillerimize nusga alarlyk bir zat bar bolsa, onda şol ýodadan biz hem ýöräbersek bolardy. Ýöne weli, emma weli, aý nätjek, bu ýerde bir topar weliler, emmalar gelip, adamyny iňkise goýarlar. Birinji welis-ä, özüň hakda gürrüň etmegiň çetinligi. Sebäbi durmuşda, dünýäde özi üçin bagt, baýlyk, goşa öküz we ş.m. ýüzlerçe, hatda müňlerçe zatlary arzuw eden, dilän adamlar köp bolupdur, emma Adam atadyr How eneden bäri ýaşan adamlaryň arasynda görk-görmek bilen akyl dilän bolmanmyşyn. Bu bolsa her kiminň öz görküne hem akylyna göwni ýetýändigini aňladýar. Ine, görşümiz ýaly, her kim özünden (göwni) bitin bolýan bolsa, ol adamyň özüni ýamanlamajagy belli zat, onuň üstesine-de biziň halkymyzda öwünmek adaty hem selçeň. Ikinji welisi, ýonekeý bir daýhan maşgalasyndan çykan adamyň biografiýasynda nusga alarlyk bir zat tapyljakmy ýokmy diýen mesele. Näme-de bolsa, bu ýerde öňden nysak bolup gelýän däbi äsgermezlik etmeli däl diýýarler, şonuň üçin biz hem gyzyksyz hem bolsa biografiýadan başlamakçy bolyarys. Eger öňden gelýan däbi bozmasyz bolsa, onda men 1926-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri mugallymçylyk edýän. Ine şu 40 ýylyň içinde her bir gürrüňe başlamda, 45 minutlap gürrüň etmegi öwrenipdirin. Mahlasy, Siz sabyr edip diňläp bilseňiz ine biz hem başlaýarys. Adam balasy ýaş wagtynda köp zatlar bilen gyzyklanýar, käbiri belli-belli zatlara ukyply bolýar. Bularyň üstesine ata-eneler hem öz perzentleriniň belli bir hünär öwrenmegini arzuw edýärler. Meniňem hossarlarlarym: “Seniň at dakylanym Mämmetnepes-Mätik örän ýiti sazandady, sen hem şonuň yzyny ýoretmelisiň” – diýip, maňa dutar äberdiler. Emma näçe jan etsem-de, meniň “şirin-şeker” diýip çalanym “zäher-zakkun” boldy, “Nar agajy” diýip çalanym “Gyzgan agajy” bolup çykdy. Öňde bir meniň ýaly saz öwrenjek bolýan şelpe kakýan eline üns berse, perde tutýan eli bir ýerde durmyş. Aýaly oňa: - Iller dutar çalanlarynda ellerini aşak-ýokaryk süýşürýärler, sen bolsa bir ýerde dursyň-la? – diýende ol: - Il tutmaly ýerini tapman, aýlanyp ýörendir – diýip, jogap berýär. Şol adamyň “emelini” men hem başdan geçirdim, ýöne onda çykýan owaz heň däl-de, “turuň gidiň – turuň gidiň bolup durýar. Her halda ejem pahyr meniň adymy “ bagşyjan” diýip tutýardy. Geçmişde sazy, sesi ýürege düşgüç bir bagşy bolanmyş, ol aýdym aýtmaga gaty höwesek eken, emma sesi ýakymsyz bolansoň, bir ýigit oňa: “Bagşy aga, hemişe bir nas atyp hezil beräýmaň bardyla!” – diýipdir. Ýöne başga ýerden umyt gapysy açyldy. Şykky palçykldan, gyrmançadan, agaçdan dürli zatlar, suratlar çekmäge usullydym, hatda kädiniň ýüzüne keşde-de çekip bilýärdim 1922-nji ýylda biziñ obamyzda ilkinji sowet mekdebi açyldy, mugallymyñ adyna Agaly Akmämmet diýýärdiler. Ol bir tagta kagyzyñ ýüzüne elipbiý ýazyp berdi, birki sany marş öwretdi. Mekdep garaja öýdedi, içinde oturgýja beýlede dursun, hiç hilek düşek hem ýokdy. Ýöne mekdebe ilki baran günümiz içine şeker atýlan şüle bişirip berdiler, hem her kime bir laý çitden köýnek balak berdiler. Näme sebäpdendir mekdebimiz bir hepdeden soñ ýapyldy. Ýöne düşünsek düşünmesek, mugallymymyzyñ şol ýazyp beren harplarynýñ suratyny çekýärdik. Emma ol wagyt kagyz gytdy, şonuñ üçin sygyr ýa düýe bakyp ýören ýerimizde köplenç çägäniñ ýüzüne ýazardyk. Meniñ elime bir köne kitap düşdi (“Meşrep diwan” - A.E) men oña düşünmesemde setirlerini göçürýärdim. 1925-nji ýylda biziñ obamyzda ilkinji gezek mekdep açyldy, mugallymymyzyñ adyna Aga Hudaýberdi diýýärdiler. Bu mekdepde bir klas bardy, şol klasda 8 ýaşlyda, 12 ýaşlyda, 20 ýaşlyda, birlikde okaýardyk. Edil şol ýyl obamyzda komsomol ýaçeýkasy guraldy, meni ilkinji guramanýñ, ilkinji sekretary edip saýladylar. Biz köplenç ýygnanyşygymyzda marş aýdyşardyk, ýowar edip, mekdebimiziñ töweregini arassalardyk. Mekdebi gutardyk, raýkomsomol iki sany oglany Marydaky pedkursa okuwa iberdi. 1926-njy ýylyñ birinji sentýabrinden soñ, özümiz hem mugallymçylyga başladyk, gündizine oglanlary, agşamyna, bolsa ululary okadýardyk, oña likbez diýip at berilýärdi. 1928-nji ýylda meni Tejen internatyna işe aldylar. 1929-njy ýylda bolsa raýmagaryf bölüminiñ inspektory edip bellediler. 1930-njy ýylda-da partiýa hataryna kabul edip, sol ýylyñ özünde partiýanýñ rayon komitetiniñ agitasiýa be propaganda bölüminiñ müdüri edip bellediler. Emma kanselýariýada oturmak kän bir miesser bolmaýardy. Partiýanyñ, hökümetiñ geçirýän çärelerini amala aşyrmak üçin raýon wekili hökmünde köplenç at üstünde, obalarda bolardyk. Oba sowetlerine saýlawlar geçirerdik, galla, pagta taýýarlamagy ýola goýardyk, garyplar guramalaryny düzerdik, kolhozlar gurardyk, ekiş kompaniýalaryny geçirerdik. Sowet häkimiýeti tarapyndan obada geçirilýän çäreleriñ garşysyna päsgel bermek üçin baý – kulaklar, ruhanylar ellerinden gelen pyssy-pyjurlyklar edýärdiler, oba aktiwistlerini öldürýärdiler. Ahyrda bolsa käbir daşary yurt buržuaz dowletleriniñ meçew bermekleri zerarly, olar ýaraga ýapyşdylar, topar-topar bolup, obada ýykgynçylyk edip ugradylar, kolhozyñ mallaryny daşary ýurtlara sürüp äkidýärdiler, kooperatiw magazinlerini talaýardylar. Bular halys göze başa düşip ugransoñlar, oba raýon aktiwleri meýletin gyzyl taýaklylar we meýletin kommunistik otrýadlar gurap galtamanlaryñ garşysyna çykmaly boldylar. Ine şol tende guralan komotrýada goşulup, bir wzwodyñ syýasy ýolbaşçysy bolup işlemek meniñ paýyma düşdi, beýleki wzwotda bolsa Türkmenistanyñ iñ talantly artistleriniñ biri, Beýik Watançylyk urşynda gurban bolan Bäşim Durdyew ýolbaşçylyk edýärdi. Tejeniñ Magallak kanalynyñ aýagyndaky Atgyrlandepe, Pygamdepe, Dolyhan, Utamyş kanalynyñ aýagyndaky Kert çuññul, Taýzy, Jylabyñ bendi sebitlerinde galtamanlaryñ üç sany otrýady bilen bolan aldym-berdimli söweşler heniz-heniz gözümiñ öñünden gidenok. 1931-nji ýylda raýkomyñ bürosy meniñ okuwa gitmek hakdaky arzamy kanagatlandyryp, şol ýyl Aşgabatda açylan Komwuza iberdi, emma meniñ halk döredijiligine, edebiyata bolan çäksiz söýgim meni pedwuza itekläp eltdi. Ilki biziñ klasymyzda 31 adam bardy, emma tötänden girenler, wagtlaýyn kynçylyga çydamadyklar kem-kemden syrylyp, ahyrda 1934-nji ýylda 9 adam bolup, Aşgabat döwlet pedagogik institutyny oñat bahalar bilen tamamladyk. Biz merhum Şaja Batyrow, Maşan Hamzaew dagy bilen bile okapdyk. Türkmen taryhynda ýokarý mekdebiñ önümi bolanymyz üçin, bizi durşumyz bilen Moskwa, Leningrada syýahata iberdiler. Oñat gutaranlaryñ arasynda Şaja neresse ikimizi institutyñ özünde alyp galdylar. Kadr meselesi onçakly bolluk bolmany üçin maña hem-ä ruslary türkmençe okatmagy, türkmen toparlarynda ene dili, halk döredijiligi klassyk edebiýaty hem gadymy türkmen ýazuwyny okatmaga tabşyrdylar. Programmasy, okuw kitaby bolmadyk bir topar sapaklar käwagt auditoriýa girjek bolanyñda gözüñi tegeledýärdi. Ýöne Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý ýaly rus alymlary ýerli kadrlara irmän-arman kömek edýärdiler, goldaýardylar,ýola gönükdirýärdiler. Işiñ gapdaly bilen aspiranturada okadyk. Uruş başlady. Moskwanyñ Lomonosow adyndaky döwlet uniwerisiteti Aşgabada, Odessanyñ Döwlet uniwersiteti bolsa Baýramala göçüp geldi. Bu Uniwersitetler ýerli kadrlaryñ dissertasiýa goramaklygyna uly kömek etdiler. Men hem Odessa uniwersitetiniñ alymlar sowetinde üstünlik bilen dissertasiýa goradym. Bir topar predmetleriñ başyny agyrtmaga, bir-ä kadr ýetmezçiligi sebäp bolýardy, bir-de şol predmetlere bolan çäksiz söygi sebäp bolýar. Mysal üçin, türkmen dilini alyp göreliñ birinjiden-ä, türkmen dili örän gadymy hem bay dil. Muña ähli türki kowumlaryñ dili, mongol dili, arap dili, pars dili we başga-da ençeme diller gelip goşulypdyr, onuñ üstüsine işlenmedi dil bolany üçin eliñi uran ýeriñ tarpdy. Halk döredijiligine bir syn edeliñ. Ýe. E. Bertels pahyr: - Az sanly türkmen halky köp sanly feodal döwletleriñ garşysyna göreşmeli bolupdyr. Şonuñ üçin türkmen halky özüniñ halk döredijilik eserlerini-de, edebiýatyny-da goranmaga utgaşdyrypdyr, köp sanly gahrymançylykly eposlar, dessanlar, aýdýmlar döräpdir - diýip aýdardy. Epos hem dessanlarda gatnaşýan Göroly başlyklaýyn Sapar köse, Handan batyr Ärhasan, Gülaýym, Döwletýarbeg, Ýusupbeg, Aşyrbeg serdar, Kamarylzaman, Moýsepit serdar, Şäbähram, Salabeg, Zelili… ýaly gahrymanlary bir ýatlañ. Ol ajaýyp obrazlar “At salanda doñuz kimin topulyp, aýy kimin asylýan” türkmen ýigitlerini terbiýeläp ýetişdirmekde ägirt uly rol oýnapdyrlar. Ya-da ýazuw edebiýatymyza bir nazar salyñ. Ol edebiýat Orhon, Eniseý derýalaryndan başlap, Mawerannähr, Nurgarabaýyr, Müñgyşlak, Ustýurt, Garagum sebitlerinde kemala gelip, özüniñ mähnet gazanynda gaýnap joşyp, onýñ erñeginden daşa çykyp, bir ujy Hindistana, bir ujy Bagdada, bir ujy Kawkaza baryp ýetipdir. Daşarý yurtly alymlardan Ignas Kunoş 1893-nji ýylda özüniñ “…..,, (ady görkezilmändir - A.E.) diýen işinde: “Gadymy zamanlarda goşgy bilen ýa kyssa bilen ýazylan halk kitaplary döräpdir. Bu kitap türkmenleriñ batyrlyk baradaky rowaýatlary bolup, olar Eýran (hem) türk ýerlerine düşip, sünnilik ýa şygalyk reñkini alýarlar. Şeýlelikde türkmen legendalary, azerbaýjanlara, ol ýerden bolsa Kiçi Aziýalý taýpalara Anadoli tirelerine geçipdir” diýip ýazýar. Daşary ýurtlara ýaýran şahyr hem ýazyjylardan Burhaneddin Siwasly, Baýram han,onuñ ogly Abdyrahym, Ýolguly Anisi ýaly dine sanlyja adamlaryñ atlaryny bilýäris. Emma iñ gadymy döwürlerde, Gaznawiler hem-de saltyklar döwründe ýüzlerçe şahyrlar, alymlar döräpdir. Onuñ üstesine-de Timuriler dinastiýasyna çenli bir topar antik edebiýatlar bolupdyr Sowet häkimiýeti ýyllarynda filologiýa barada ep-esli işler edildi. Köp şahyrlaryñ eserleri toplanyp, çap edilip çykaryldy, programmalar, okuw kitaplary döredildi. Ýöne entek etmeli işler örän kän. Ylaýta-da XVIII asyra çenli bolan türkmen edebiýatynyñ taryhyny döretmek zerur. Munuñ üçin ýörite sektorlar açyp, türkmen ýazyjy-şahýrlarýñ gadymy türkmen dilinde ýazanlaryny, pars hem arap dilinde bolanlaryny birin-birin öwrenmeli. Şu hili edilse, türkmen edebiýatynyñ ösüş etaplaryny anyk kesgitlemek bolar. Halkda “Türmen göçi dura-bara düzeler” diýen nakyl bar. Emma biz kosmos zamanasynda ýaşaýanlygymyz üçin, “türkmen goşunyñ dura-bara düzelerine” garaşyp otyrman, ony has çaltlandyrmagymyz zerur. Mäti KÖSÄÝEW, 17. 05. 1966 ýyl. "Mugallymlar gazeti", 14.12.1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |