10:39 Turan aksakaly | |
TURAN AKSAKALY
Edebi makalalar
(Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanýar) Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda Turan diýen bir welaýat bar eken. Ýogsa-da, çagalar, hem at seýsi, hem sazanda, hem 174 ýyl mundan öň aradan çykan klassyk şahyrymyz Abdylla Şabendäni hem onuň «Gül-Bilbil» diýen dessanynam bilýänsiňiz. Eger, ýadyňyza düşýän bolsa, şol kitabyň başynda «...bu dünýäde iki sany uly ýurt bardyr, birine Eýran diýerler, beýlekisine Turan diýerler...» diýen ýaly sözlemler bar. Seredip otursak, şu biziň ýaşaýan ýerimize Turan diýer ekenler. Çagalar, Turan diýen welaýata diňe bir biziň Türkmenistanymyz girmän, muňa Özbegistan, Garagalpagystan, Gyrgyzystan, Gazagystan ýurtlarynda ýaşaýan doganlyk halklarymyz hem girýär. Şu ýokarda atlary sanalan halklaryň hormatlap, sarpasyny tutýan bir ýaşulysy bar, olaryň hemmesi ol adama «Biziň Berdi agamyz!» — diýip, onuň adyny mähir bilen tutýarlar. Dogrudanam, ol Turanyň aksakaly, ählihalk ýaşulysy! Çagalar, entek ertekiniň yzyna gulak asyň. Turanyň bir bölegine Horasan welaýaty diýer ekenler. Ol Mary-şahy-jahandan başlap, ýokarlygyna — gadymy Gazna, Hyrat (Heri) şäherlerine çenli, ilerligine bolsa gadymy Saragt, Mäne, Ebuwert (Kaka), Bagabad (Änew), Nusaý, Şähryslam (Bäherdeniň golaýynda), Paraw (Gyzylarbat), Maşady-Misserian (Dehistan) şäherlerine çenli uzap gidýär. Ine, şu Horasanyň uly derýalarynyň birine Herirud diýilýär. Sebäbi ol Heri (Hyrat) şäheriniň üstünden geçýär, rud bolsa parsça derýa diýmekdir. Diýmek, Tejen derýasynyň ady Herirud (Geriruddyr). Tejen sözüni kim-ä «tijen» diýip düşündirýär, A. Wamberi diýen bir syýahatçy bolsa Teýkent — aşaky oba diýip düşündirýär. Biler bolsaňyz, biziň ertekimiziň gahrymany Turan aksakaly hem şu Tejen diýen ýerde önüp ösüpdir. Tejende bir oba Amaşagapan diýer ekenler. Şonuň gapanlar toparynda Ker aga diýen bir adam bolupdyr. Ol Tejeniň boýun egmezek mele suwunyň, aňňat-aňňat ýýerleriniň abyny-tabyny gowy bilýän mirap bolanmyş. Ol türkmen ýaşulularyna mahsus bolan kiçeňräk sary telpekli, uzynagrak, peşeneli, bugdaýreňk, perişde ýaly adam bolupdyr... Bir ýyl Tejeniň suwy mes gelip, bentden agyp, gum içlerine urup gidýär. Şonda Ker aga gumda sepme gawun-garpyz, künji ekmegi maslahat berýär, hem basymrak çümüp, tiz gögerer ýaly çigitleri göjegiň içine salyp at bilen ony ýeke-ýeke taşlamagy (ekmegi) öwredýär. Ine şo ýyla sepmelik ýyl diýerdiler. Şol ýyl gawun-garpyz gaty zor bolupdyr. Ker aga özüniň ikinji oglunyň adyna Myratberdi dakýar. Soň deň-duşlary oňa Berdi diýýärler. Ol oglanjyk örän düşbüje bolansoň, Ker aga ony molla etmek maksady bilen obadaky mekdebe, soň Haknazar ahunlara, ahyrynam Ahaldaky, Buharadaky medreselerde okadýar. Berdi okamagy, ýazmagy öwrenip başlandan, Magtymgulynyň we beýleki şahyrlaryň goşgularyny, «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Hüýrlukga-Hemra»... ýaly dessanlary köp okapdyr. Şonlukda onda edebiýata bolan höwes has ir oýanyp başlaýar. ... «Awrora» gämisiniň üstündäki toplar gümmürdäp başlaýar. Bu gümmürdi Russiýanyň tokaýlyklaryndan, Gazagystanyň çöllüklerinden hem aşyp, Türkmenistana ýetýär. Russiýada Lenin diýen adam döräp, ähli garyp-gasarlara howandar bolýar. Onuň ýolbaşçylygy bilen patyşa hökümetini — şalary, hanlary, emirleri agdaryp, ýerine işçi-daýhan hökümetini gurýarlar. Ähli halkymyz bilen birlikde biziň ertekimiziň gahrymany hem täze döwre gadam basýar. Ol birtopar medeni-magaryf edaralarynda işläp, öz halkynyň täze ýaşaýyş, täze medeniýet gurmagy ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýär. Ol onlarça kitap ýazýar, ol kitaplary döwrümize zerur bolan goşgulardan, aýdymlardan, hekaýalardan, poemalardan, romanlardan, pýesalardan dolduryp halkyna bagyşlaýar. Ýaşajyk dostlar, biziň ertekimiziň gahrymany bolan Turan aksakaly siziň üçin has hem mähremdir, ol körpeleri oňat görýär. Ol siziň üçin şeýle bir köp zatlar ýazypdyr, hatda olaryň hemmesi birbada meniň ýadyma-da düşjek däl. Hany bir synanyp göreliň, ýöne sizem kömekleşiň! «Jonnuk batyr», «Syçan bilen gurbaga», «Nalajy dost», «Baýram», «Myrat», «Kyrk ýalan», «Japbaklar», «Hilegärje serçejik», «Kim bilmeşek?»... Aý, entekler-ä köpdür, iň gowusy spisok düzmegi başga bir wagta goýalyň-da, onuň döreden gahrymanlarynyň käbiri bilen duşuşalyň... Hanha bir gara çatma, oraça... Üç-dört sany ýyrtyk-ýirik eleşan eşikli, ýeserje oglanlar. Bular aryny hiç kime gidermeýän şol Japbaklar öýdýän. Hanha, gör olary! Ol wagtlar okuw-aladalary bolmansoň, biri-birilerine «gyssama, aýagyny çaşdyrarsyň» diýip, ala-galmagal bolşup, pyşdyl ýaryşdyrýarlar... Ana, oglanlar gurruk guýa sallanýarlar, olar bir-birleriniň aýaklaryndan tutup, kepderi çagasyny almakçy bolýarlar, emma iň ýokarkysynyň eli ýadap, «elime tüýküreýin» diýip, elini aýyrýar, şobada hemmesi aşak gaçýar... Hanha, patyşanyň şertini ýerine ýetirmek üçin kyrk ýalana başlan çopan: — Atam, enemi almanka, men enemden bolmankam, ölüp-ölüp dört bolduk. Günlerde bir gün awa gitdik, gögermedik ýowşanyň düýbündäki dogmadyk towşany kör agam gördi, goly golak agam ýaý bilen atyp urdy, ýalaňaç agam hem goltugyna saldy... Çagalar, iň gowusy, men ertekini paýawlaýyn welin, eserleriň galanlaryny özüňiz okaň. Özem hökman okamaly, sebäbi olar hakdaky söhbetimizi siziň bilen soň ara alyp maslahatlaşjakdyrys. Ýogsa-da, men nirede galdym-a? Hä, ýadyma düşdi. Ana, şol ertekimiziň gahrymany, siziň üçin hem, ulular üçin hem ummasyz kän kitaplary döreden Turanyň aksakaly — Berdi agamyz bu gün segsen ýaşynyň toýuny toýlaýar. Bütin ýurdumyz bu şöhratly toýy şu üstümizdäki baharda uly dabara bilen toýlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, SSSR-iň hem Türkmenistan SSR-niň Döwlet baýraklarynyň laureaty, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Sowetiniň deputaty, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Türkmen döwlet uniwersitetinň edebiýat kafedrasynyň hormatly professory Berdi agamyz, goý, Göroglynyň ýaşynyýaşasyn. Özüniň köp sanly ajaýyp edebi mirasy bilen progressiw adamzadyň altyn fonduna önjeýli goşant goşan Berdi agamyzyň çäjine bereket! Mäti KÖSÄÝEW, professor. «Mydam taýýar» gazeti, 1974-nji ýylyň 15-nji marty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |