19:20 Magtymgulynyň ýaşy hakynda | |
MAGTYMGULYNYŇ ÝAŞY HAKYNDA
Magtymgulyny öwreniş
Oktýabr rewolýusiýasyndan öň türkmenlerde nika, dogluş we ölüm-ýitim barada hiç hili ýazgy-dokument bolmandyr aýry-aýry wakalar türkmenleriň çarwaçylyk “kalendar hasaby” bilen bellenipdir. Sowuklyk gyş, çekirtgelik ýyl, syçanlyk ýyl, näz basgysy, gajar basgysy, galmyk gelen ýyly... we şuňa meňzeş umumy türkmen “kalendary” bilen bir hatarda, Öwez jöweniň düýeden ýykylyp, eli döwlen ýyly, Mamagül ejäniň gaýdyp gelen ýyly, pylanjanyň dogan ýyly... diýen ýaly her tiräniň-de, her maşgalanyň-da öz ýöredýän hasaplary bolupdyr. Şoňa görä-de bu “kalendar hasabyna” esaslanyp, Keýmir kör, Çowdur han, Boz Polat, Söýeg batyr, Çopan kir ýaly türkmen halkynyň bähbidi ugrunda janlaryny gurban eden ýigitleriň, Şeýdaýy, Körseýit, Wepaýy, Ötäýi... ýaly şahyrlaryň dogan ýyllaryny, olaryň aradan çykan wagtlaryny kesgitlemegiň çetinligi öz-özünden bellidir. Dogry, bu hasapdan başga-da gündogar ýurtlarynyň galapynynda “Müçe ýyllary” diýip atlandyrylýan hasap hem ýöredilipdir. Elbetde, bu hasap ýokarka garanda hasa amatly bolupdyr. Meselem, Magtymguly öz kakasy Döwletmämmet Azadynyň ölmüne bagyşlap ýazan “Atamyň” adyndaky elegiýasynda: “Altmyş ýaşda, nowruz güni, luw ýyly, Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň; Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli! Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň!” - diýip başlaýan başky bendinde onuň luw ýylynda aradan çykanlygyny beýan edýär. Bu taryhy wakany ýörite shema esasynda hasaplap görsek, onda Azadynyň 1173-nji hijri ýylynyň 4-nji şaban (meret) aýynda, ýagny 1760-njy milady ýylynyň 22-nji martynda aradan çykanlygyny takyklap bileris. Ýene bir mysal. Zehinli şahyr Şabende özüniň “Gül-Bilbil” dessanyny haçan ýazanlygy barada şu hili maglumat berýär: “Muny gören barmy Şamu Yrakda, Görüp nusga etdim parsy warakda. Müň iki ýüz on dört boldy taryhda, Bijin ýyly ýazdym kyssany, begler”. Şu hasaba esaslansak, bu dessanyň 1799-1800-nji ýyllarda ýazylandygyny anyklap bileris. Emma bu müçe hasaby bile hem taryhy wakalar örän selçeň görkezilipdir. Galyberse-de, bu hasabyň hem “ýyndamlygy samanhana barýança” diýen ýaly, munuň bilen hem köp ýyllary hasap etmek kyn. Sebäbi, müçe ýyllarynda bir gelýän ýyl her 12 ýyldan ýene gaýtalanýar, her bri asyrda müçe ýyllarynyň atlary 9-10 gezek gelýär. Ine, şu ýagdaýlar hem şahyrlaryň ömürlerini kesgitlemek meselesinde, käwagtlar myş-myşlara-da eýermäge mejbur edýär. Anyk mysallara geçerliň. Tä soňky wagtlara çenli “Magtymguly 1733-nji ýylda doglup, 1782-nji ýylda hem aradan çykypdyr” diýip ýazylýar. Eger şu hasap dogry bolsa, onda Magtymguly 49 ýaşynda dünýäden ötýär. Nämä esaslanyp Magtymguly 1782-nji ýylda aradan çykypdyr diýilýär? Wenger alymy A.Wamberi 1863-nji ýylda Orta Aziýa syýahat edipdir. Ol özüniň 1865-nji Sankt-Peterburgda çap edilen “Orta Aziýa syýahat” atly meşhur kitabynyň 159-njy sahypasynda Magtymgulynyň ölmi hakynda şeýle maglumat berýär: “Gyzyl ahunyň aýtmagyna görä, Magtymguly mundan 80 ýyl töweregi öň ölüpdir”. Ine, wamberiniň gelen wagtyndan (1862-63) 80 ýyly aýyrsaň, şahyryň ölmi 1782-83-nji ýyla düşýär. Bu tassyklamalaryň takmyn bilendigi görnüp durýar. Sebäbi, Gyzyl ahun hem çak bilen aýdypdyr, professor Wamberi hem “80 ýyl töweregi” diýip belleýär. Başga bir tutaryk ýa ynamly dokumentiň bolmasa, elbetde, şular ýaly maglumatlara-da daýanmaly bolýar. Beýik şahyryň dogulmagynyň 225 ýyllyk ýubileýine güýçli taýýarlyk görülýän wagtlarda köp materiallaryň üsti açyldy, ençeme jedelli meseleler anyklanyldy. Ine şolar bilen bir hatarda şahyryň ömri barada hem indi has anyk we ynamly dokumentler tapyldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halk döredijilik eserleri, edebi miraslary hem şahyrlar hakyndaky maglumatlar köplenç halatlarda bagşylaryň, dessançylaryň üsti bilen ýygnalýar. Şu hili maglumatlary berýän ýaşulylaryň köpüsi – Magtymguly 70-80-den agan adam bolupdyr – diýip tassyklaýar. Dogrudan-da, Magtymgulynyň elli ýaşa hem barman aradan çykanlygyna ynanasyň gelmeýär. Şahyryň öz eserlerini okanymyzda hem onuň altmyşdan aňryk agandygyna göz ýetirmek bolýar. Magtymguly özüniň “Bagtym garadyr” diýen goşgusynda: “Sarwanym azaşdy dargady malym, Ykbalym keç turdy, gitdi hyýalym. Altmyşa azm urdy gartaşan salym, Rehm eden bolmady, bagtym garadyr” - diýip, ýaşynyň altmyşyň çetinden girip ugrandygyny beýan edýär. Magtymguly ýene-de: “Başyma gelendir garrylyk gyşy, Hiç aýrylmaz aýlar bile, ýyl bile: Döküldi dahandan hak beren dişi, Ýokdur hoşum süýji sözli til bile”. - diýen bent bile başlanýan “Ýyl bile” atly goşgusynyň 4-nji bendindäki: “Dolanyp daşyma baky gerdişi, Ýatsam-tursam çykmaz dünýäniň işi, Dat eýläp çekerem ança käýişi, Ömrüm geçip baryr altmyş sal bile” - ýaly setirler şahyryň başyna garrylyk gyşynyň düşüp, altmyşynyň duşundan ötüp baryşyny aňladýar. Galyberse-de, türkmen ýaşulylarynyň Magtymgulynyň ýaşy barada gaýtalaýan pikirlerini hamana tassyklaýan ýaly, ol özüniň “Belli” goşgusynda: “Hars uruban ganlar dökdüň ellikde, Gel, ne iş bitirdiň segsen ýyllykda?” - diýip, öz ýaşynyň sekizinji onuň çetinden girip ugrandygyny habar berýär. Magtymgulynyň 80 ýaşap aradan çykanlygyny Türkmenistanyň meşhur edebiýat taryhçysy Ahundow-Gürgenliniň kitaphanasyndan ýazyp alan şu maglumatymyz hem tassyklaýar: - 1935-nji ýylda 70 ýaşlarynda bolan Esenguly obaly Baýry Gazi (Baýry Kary bolsa gerek – M.K.) diýen adam şeýle aýdýar: “1913-nji ýylda haja gitmek üçin gökleňden Esengula gelen Gyzylbaba atly gökleňiň diýmegine görä, Magtymgulynyň çowlugy Annagurban şu 1913-nji ýylda Magtymgulynyň guburynyň üstünde sadaka berdi. Şol sadaka berilen wagtda (1913-nji ýyl) Magtymgulynyň ölmüne 100 ýyl doldy”. Ýene Baýry Gazi “Magtymgulynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň guburlary bir-birlerine ýanaşyk (Magtymguly gündogar, atasy günbatar tarapynda) bolup, Etrek çaýy bile Soňudagy arasynda “Garry molla” diýen gonamçylykdadyr” – diýip aýdýar. Diýmek, şahyryň doglan wagty 1733-ň üstüne 80 ýaşy goşsak, onuň ölmi 1813-nji ýyla düşýär. Şonda onuň çowlugy Annagurbanyň 1913-nji ýylda Magtymgulynyň öleninden bäri ýüz ýyl geçipdir diýenine gabat gelýär. Eger-de bardy-geldi şu maglumatlar hakykata dogry bolup çykaýsa, onda Magtymgulynyň: “Gel, ne iş bitirdiň segsen ýyllykda?” diýen setirinde agzalan 80 ýaşyň dogrudygyny tassyklar. Ine, ýokarky getirilen deliller we şahyryň täze tapylan eserlerinde görkezilen seneler Magtymgulynyň aradan çykan wagtynyň 1782-nji ýyl däldigini, bu hasaby ondan ep-esli yza süýşürmegiň zerurdygyny görkezýär. Arap elipbiýiniň nastalik hatynda, buhar (ýüpek) kagyzynda Magtymgulynyň örän sowatly adam tarapyndan ýazylan 131 sahypadan ybarat täze tapylan bir elýazmasynda onuň Zenuby diýen şahyr bilen aýdyşan goşgusy ýerleşdirilipdir. Bu aýdyşyk (sowal-jogap) goşgusy 88 setirden ybarat bolup, ol Magtymgulynyň: “Ol ne göwher anyk bolsun beýany, Ýa mugallym, bize mundan habar ber; Ne sandykdyr anyň menzil-mekany? Ussat bolsaň, bize mundan habar ber” - diýen setirleri bilen başlanýar. Şu aýdyşyk-goşgy Zenuby şahyr tarapyndan aýdylýan: “Resul gündür, imdi hasap tutaly, Müň iki ýüz in bir ýyldyr biteli, Ajal – köpri, gel didara öteli, Zenuby diýr, bizden habar beýledir” diýen setirler bilen gutarylyp, bu goşgynyň aýdyşylan wagtynyň 1211-nji hijri ýylydygyny habar berýär. Hijri senesini häzirki ulanýan milady hasabymyza geçirsek, ol 1796-97-nji ýyllara gabat gelýär. Ine şuňa esaslanyp, Magtymgulynyň 1797-nji ýylda diri bolup, şahyrlar bilen goşgy aýdyşyp ýören adam bolandygyny açyk aýdyp bileris. Ine şu ýagdaý Magtymgulynyň döredijiliginiň güýçli ýyllarynyň ýurtda ganly çaknyşyklaryň häkimlik üstünde özara söweşleriň möwç urýan döwrüne, gajarlar dinastiýasynyň dikelip, özüniň zalymlygy bilen “dünýäniň haramzadasy” adyny alan Agamuhammet hanyň häkimligi öz eline alan döwrüne gabat gelýär. Ýene has köp öwrenmeli bu gowgaly döwürde beýik şahyryň ýurduň garaşsyzlygy ugrunda söweşe, hüjüme, erkinlige, gahrymanlyga, gaýduwsyzlyga çagyrýan sosial-tankydy häsiýetdäki ajaýyp eserleri ägirt uly çagyryş hökmünde belent ýaňlanýar. Mäti KÖSÄÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1959 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |