GÖROGLY EPOSYNA SÖZBAŞY
«Türkmen halky Göroglynyň üsti bilen özüni talap, gul etmek islän ähli şalaryň, hanlaryň,begleriň hem beýleki wagşylar bilen söweşde arkadagy— hemaýatçysy, goragçysy bolan gahraymanyň obrazyny döredipdir. Görogly halk bilen berk baglydyr, halk bilen Göroglynyň arasyny üzmek mümkin däl».
Gündogarşynas alym Ý. E. Bertels'iň Görogly barada aýdan bu sözleri örän ýerlikli. Keseki ýurt basybalyjylaryň garşysyna gaýduwsyz göreşýän halk üçin elmydama parasatlylyk bilen ýolbaşçlyk eder ýaly, her bir tarapdan gözli, ukyply hem öz şahsy hereketleri bilen görelde bolup bilýän ýolbaşçy—serdar zerur bolupdyr. Türkmen halkynyň arasynda giňden ýaýran «Baş bolmasa, göwre läş» diýen parasatly nakyl ençeme wakalaryň netijesinde döräpdir. Taryhdan belli bolşy ýaly, Türkmen halky köp sanly basybalyjylaryň garşysyna asyrlaryň dowamynda göreşip gelipdir. Şol zerarly halk köpçüligi ähli zadyny, özüni hem erkinligini goranmaga uýgunlaşdyrypdyr. Her bir Türkmen balasyna sallançakdan başlap at, ýarag, batyrlyk, duşmana gaýtawul bermek, il-güne, ýurda wepalylyk ýaly, gerekli terbiýe berlip başlanýar:
Meniň oglum han ýigit,
Eker bagynda çigit,
Atlanyp awa gitse,
Ýanynda segsen ýigit.
Segsen ýigidiň serdary,
Öz iliniň gurbany.
Ýaş ýigit goýun-guzy kökermegi, atlara, düýelere öz diýenini etdirmegi başarmaly. Eger durmuş talap etse, daýhan bolmaly, çarwa bolmaly, zerur bolsa ata çykmaly, özgelere ýolbaşçylyk etmeli. Atlansa hana meňzär, Düşse daýhana meňzär, Köwlenip at sürüşi, 1Aşgabat neşrindäki bu sözbaşyny gysgaldylyp aldyk, sebäbi A.Bekmyradowyň makalasynda Göroglynyň döwri hakynda giýňişleýin maglumat berilýär.
Edermen hana meňzär. Türkmen topragynda watan goragynda söweşýän ýigide mynasyp, kowsa ýetýän, gaçsa gutarýan Türkmen atlary döredilipdir. Halkyň çeper edebiýaty-da, folklory-da durmuş talaplaryna tabyn ýagdaýda döräp, gaýduwsyz ýigitleri, il ogullaryny terbiýeläp ýetişdirmekde ägirt uly rol oýnapdyr. Geçmiş taryhymyza ser salsaň, ençeme legendar, ýarym legendar hem durmuşda hakyky bolan gahrymanlary görýärsiň: Oguzhan, Salyr Gazan, seljuklar nebersinden bolan gahrymanlar. Gorkut Ata, Alp Arslan, Garahan, Körhan, Salyr Baba, Keýmir kör, Aba Serdar... Bular ýaly batyrlar, serdarlar aldym-berdimli söweş günleri döreýär. Geçmişdäki gahrymanlar hakda halk arasynda ençeme rowaýatlar, dessanlar döräpdir. Bu eserler öz nobatynda halk arasyna ýarap, toý-meýlisiň bezegi bolupdyr, bu eserleriň edermen gahrymanlarynyň nusgasynda halkyň arasyndan ýene täze gahrymanlar döräpdir. Ol eserler öz nobatynda dilden-dile, asyrdan-asyra geçip, terbiýeçilyk rollaryny oýnaýarlar. Arly-namysly goç ýigitler şu hili oňaýly eserlerden nusga hem ylham alypdyrlar. Sowatly adamlaryň çäkli bolan ýurtlarynda ýatdan aýdylýan halk dessanlary, gahrymançylykly eposlar has hem giň ýaýraýar. Her bir oturyşykda, toýda-meýlisde olar şol meýlisiň bezegi bolup, kinonyň, radionyň, telewizornyň roluny oýnapdyrlar. Käbir eserler möçber taýdan önjeýli bolany üçin birnäçe gijäniň dowamynda aýdylypdyr. «Görogly» ýaly eposlar diňe bir geçmiş zamanlarda höwes bilen diňlenmän, biziň döwrümizde hem birnäçe ýerlerde uly şöhrata eýedir. «Görogly» eposyndaky ulanylýan ýaraglaryň we beýleki käbir zatlaryň biziň döwrümiz üçin ähmiýeti ýok, ýöne «Görogludaky» watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, şahandazlyk, açyk göwünlilik, ile-dosta wepalylyk ýaly häsiýetler bilen zamanamyzyň ýigitlerne-de ylham berýär, göwünlerini göterýär, hyjuwlaryny artdyrýar, watana söýgi, duşmana ýigrenç döredýär. Gyzykly bir waka. 2-nji jahan urşy ýyllarynda ençeme Türkmen esgerleri seňňerlerde söweşlerde, hatda hüjüm edilýän pursatlarda-da öz söýgüli kitaplaryny (Magtymgulyny, Göroglyny...) ýanlaryndan aýyrmandyrlar. Azajyk pursat tapsalar, ýeke-ýekelikde ýa-da köpçülik bolup okandyklary barada frontdan gaýdyp gelen zehinli edebiýatçy Ata Kerim neresse gürrüň beripdi. Häzir şu setirleri ýazýan adamyň şahsy kitaphanasynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda (II dünýä söweşi. A.G) sowet esgeriniň iň ýakyn söweşjeň ýoldaşy bolup, ençeme wakalaryň şaýady bolan «Görogly» kitaby saklanýar. (Elbetde, ol kitap orän köp okalan, elden-ele geçen hem köp ýerleri gezeni üçin eleşan ýagdaýda.) Bu kitap Türkmenistanyň günbatar sebitlerinden bolan ýigit Gulnazar Penaýew diýen
esgeriň söýgüli ýoldaşy bolupdyr. Kitabyň hatsyz ak ýerlerinde Gulnazaryň eli bilen ýazylan köp dürli bellikler bar. Ol ýigit ilki söweşýän goşun hataryndýa bolupdyr, soňra ýaralanyp, hospitallarda ýatyp, ýarasyny bejerdipdir. Gulnazar ýene fronta gidýär, emma bizniňkileriň hüjüme geçen döwri bolany üçin Gulnazaryň, öz bolýan bölümi eýýäm ýerinde ýokdy. Soňra ol Krymda duşmanyň garşysyna söweşýän partizan otrýadlarynyň birine goşulýar, uly abraý gazanýar. Emma 1944-njy ýylyň 28-nji fewralynda bir söweşde ol gahrymanlarça gurban bolýar. Kitabyň ahyryndaky boşrak sahypada onuň söweşdeş ýoldaşlary şeýle ýazypdyrlar: «Gulnazaryň ata-eneleri, size salam! Siziň ogluňyz Gulnazaryň 1944-nji ýylyň 28-nji fewralynda nemes (Alman. A.G) bandalaryna garşy bolan uruşlaryň birinde Watan ugrunda söweşip gurban bolandygyny habar berýäris. Ol Krymda, Maýak diýen obanyň ýakynynda, jaýlandy. Biz urşujylar, ofiserler öz söweşdeş ýoldaşymyz, siziň ogluňyz Gulnazaryň ömri üçin zalym faşistlerden öç aljagymyza onuň gubrunyň öňunde kasam etdik. Näme soragyňyz bolsa ýazyň. Meniň adresim P-P 4401 «Ýe» Warzer Nikolaý Nikolaýewiç. Size hormat bilen frontçular». 1.3.1944 ýyl. Sowet edebiýaty žurnalynyň 1944-nji ýyldaky sanlarynyň birinde bolsa şeýle ýazgy bar: «Ýakyn günleriň birinde Günorta-günbatar frontdan aragatnaşyk goşunynyň st. leýtenanty Gafurow Moskwa dolanyp gelende, biziň bölümimiz hüjüm eden wagtynda gurban bolan türkmen esgeriniň jesediniň kemerine gysdyrylap içinden ok geçen «Görogly» kitabyny bize görkezdi». Biziň eşidişimeze görä, içinden ok geçen şol «Görogly» kitaby Moskwadaky harby muzeýde saklanýar. Gadymy döwürden başlap, tä biziň günlerimize çenli Türkmen sährasynyň dürli künjeklerinde aýdylýan rowaýatlara, aýdymlara, nakyllara goz aýlasak, Göroglynyň, onuň gahryman ýigitleriniň, eserde gatnaşan gelin-gyzlaryň görüm-göreldeleri soňky nesillere tälim alarlyk nusga bolupdyr. Biziň adamlarymyz Göroglynyň ugurtapyjylygyndan, uruş tälimlerinden, batyrlygyndan, adamkärçilik sypatlaryndan ugur alyp, durmuşda, söweşde şoňa mynasyp bolmaga ýykgyn edipdirler. Türkmen şahyrlary bolsa Göroglynyň häsiýetine mahsus obrazlar döredipdirler. Göroglynyň, legendar Gyratyna kibapdaş bedew atlar ösdürip ýetişdiripdirler. Ol bedewleriň, tarypy edilipdir (Magrupy — «Başym ata gurban», Seýdi — «Üsti bedewiň», Mätäji — «Bedew», Öwezşahyr — «Jana bedew» we başgalar). Türkmen edebiýatyyň beýik halypasy Magtymguly özüniň ölmez-ýitmez eserlerinde häli-şindi Görogla ýüzlanýär. Halk köpçüligi «Görogly» eserini çyn ýürekden söýýär.
Şonuň üçin-de ol eposyň dürli nusgalary bagşylar, dessançylar, kyssaçylar tarapyndan toýlarda, meýlislerde uly joşgun bilen aýdylýar, köpçülik ony höwes bilen diňleýär. Häzir Türkmenistanyň dürli ýerlerinden ýygnalan bu ajaýyp eposyň şahalary elläaltmyşa ýakynlaşýar. Şolardan 1941 -nji ýylda 13 şahasy çap edildi (çapa taýýarlan Ata Gowşudow, redaktory M. Kösäýew), 1958-nji ýylda 14 şahasy kitap bolup çykdy (çapa taýýarlanlar Baýrammuhammet Ahundow 3, N. Kürräýew, A. Taýymow, redaktory Nagym Aşyrow). Çowdurlaryň halk döredijiligi bilen meşgullanýan Ata Rahmanow Daşhowuz sebitlerinde «Görogly» eposynyň şahalaryndan köp nusgalaryny ele salypdyr. Olaryň köpüsi öň okyjylar köpçüligine mälim bolmadyk şahalardyr. Çowdurlar «Göroglynyň her bir bölümine şahamça diýýärler. Göroglynyň ady barada Ata Rahmanow şeýle gürrüň ýygnapdyr: «Gadym wagtda türkmenler arasynda «Göraman» atlandyrylan uly ýerasty gowak bolupdyr. Duşman howpy abananda, ähli jemagat bütin maşgalasy bilen şol gowaga girer eken. Görogly hem şol gowakda doglupdyr, şonuň üçin oňa Görogly diýen at galypdyr». Türkmenleriň köp uruglary arasynda aýdylýan gürrüňlere görä, gazaba çykan Hüňkär özüniň at seýsi Jygaly begiň gulagyna gurşun guýdurýar, ol ker bolýar, şoňa göre onuň agtygynyň ady Ker-ogly bolup galýar. Şol sebäpli tekeler arasynda onuň Kerogly ady has ýörgünli. Türkmen sowet edebiýatynyň klassygy merhum Berdi Myradowiç Kerbabaýew hem şu pikiri tassyklaýardy. Ýene bir rowaýata görä, Hüňkär Jygaly begiň gözüni oýdurýar, şol zerarly onuň agtygynyň ady Kör-ogly bolup galýar. Gyzyletrek sebitlerinde ýerleşýän Dehistan düzündäki gadymy şäher Maşadimisseirýanda Göroglynyň, Gyratynyň suraty bar, onuň gubry hem şol töwerekde diýen rowaýat aýdylýar. Bu rowaýat özbek alymlarynyň hem dykgatyny özüne çekipdir: «Şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanda, Balkan dagynyň sebitlerinde halkyň keramatly öwlüýasy hökmünde zyýarat ediliýär, diýlip ýörlen Göroglynyň legendar mazarynyň bardygyny bellemek gyzyklylyr.» 4Käbir ýaşulular bolsa Göroglynyň ýaşan ýerini Garrygala bilen baglanyşdyrýarlar. Dogrudan-da, Garrygala sebitlerinde eposda Garrygalanyň töwerek-daşynyň daglar bilan gurşalyp durşy Çardagly Çandybili ýadyňa salýar. 1959-njy ýylyň bir ylmy syýahaty wagtynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy 80 ýaşly Muhy bagşy bilen duşuşmak miýesser boldy. Ol pahyr 5bilen gadymy Sarahsyň erkiniň/galasynyň üstüne çykdyk, şonda ol «Meniň bu ýere çykmagym, belki, iň soňky sapar bolmagy mümkin diýdi-de, gündogar tarapa elini uzadyp, Buldur gassabyň, Weýeňňam şäheriniň bolan ýerini bize görkezdi. 1842-nji ýylda Görogly eposyny Londonda iňlis dilinde çap etdiren alym A. Hodzko «Röwşen (Kerogly) demirgazyk horasanly at seýsi bolan garyp Türkmen Murzeserraf ýa Aly diýen adamyň ogludyr» diýip ýazýar. Türkmen halk döredijiliginiň başga birtopar eserlerinde bolşy ýaly «Görogly» eposynda-da yslam dininiň täsiri onçakly güýçli däl. Gaýta eposda diniň gadagan eden ýa-da halamaýan zatlary gahrymanyň özi hem onuň ýigitleri tarapyndan gaýtalanýar. Görogly ýörite meýhana saklaýar, şerap içýärler, çilim çekýärler. Eserde agzy orazady, täret gylýardy, namaz okaýardy... diýen ýaly her bir musulmana berjaý etmeklik hökman bolan yslam dininiň şertleri ýerne ýetirilmeýär. Eserde gatnaşýan gelin-gyzlaryň ýaşmagy, bürenjegi ýok, olar ýigitler, erkek adamlar bilen açyk gepleşýärler, söýýärler, söýüşýärler. Ýene bir bellemeli zat öýlenmekde ýa durmuşa çykmakda millet aýratynlygy ýok, galyň tölemek, halat-serpaý ýaly zatler ýok. Gelin-gyzlar durmuşda aktiw hereket edýärler, eger gerek bolsa, olar ellerine ýarag alyp, göreş meýdanyna çykmakdan-da gaýtmaýarlar. Dostluk messlesinde-de millet aýratynlygy göz öňünde tutulmaýar. Eserde ýoldaşyna wepalylyk, garyp-gasarlara kömek etmek her bir meseläni geňeşli çözmek, ula hormat etmek, myhmanparazlyk... ýaly halkyň oňat görümgöreldeleri örän berk saklanýar. Eposda mert ýigitleriň söweş ýoldaşy oňat bedewleri ýetişdirmeklige uly üns berilýär, seýisçilik ýörite bir hünär hökmünde görülýär. Geljekki gahrymany hem-de onuň söweş ýoldaşy Gyraty ösdürip ýetişdiren parasatly terbiýeçi Jygaly beg ajaýyp hünärler ulanýar. Hatda, ol atlaryň reňkine garap, olaryň häsiýetlerini kesgitlemegi başarýar. «Görogly» eposynda baş gahrymany has öňe saýlap görkezmek, tapawutlandyrmak maksady bilen onuň ýigitleriniň nogsanly taraplary köp görkezilýär. Şeýle-de bolsa ol ýigitleriň oňaýsyz taraplary, hatda baş gahrymanyň goýberen ýalňyşlary-da birin-birin görkezilýer.
«Görogly» dessanlarynyň gurluşy sada, wakalar düşnükli, goşgular we ýörite dessanlara has bolan äheňde hiňlenip aýdylýar ýa-da aýdym görnüşinde aýdylýar. Geçen asyryň ortalarynda (1763) Orta Aziýa syýahat eden wenger/Majar alymy A.Wamberi şeýle ýazýar: «Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Aman-mollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy Türkmen üçin gowy hezillikdir. Toýtomguda ýa-da ýönekeý bir üýşmeleňde... aýdýan wagtyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda hiç haçan ýitmejek täsir galdyrdy. Biz Etrekdekäk şonuň ýaly bagşylaryň biri biziň gapdalymyzda öz çadyryny gurdy. Günlerde bir gün ol özüniň dutary bilen agşamara biziňkä geldi. Az wagtyň içinde ýaş ýigitleriň bir topary onuň töweregine üýşeni üçin haýsy-da bolsa bir gahrymançylykly eserleriň birini aýtmaly boldy. Ol ilkibada dutaryň tarlaryna ýuwaş hem sallamly kakyp, bogazyna salyp hiňlenmäge başlady. onuň bu sesi aýdyma däl-de birhili hürrüldä meňzeýärdi. Emna tamdyrasy-da, özi-de gyzandan soň tamdyra örän şabram kakyp, sesi-de batlanyp, çasly çykmaga başlady. Aýdymda tarypy edilýän söweş gazaplaşdygyça, bagşynyňam, töweregiňdäki diňläp oturan ýigitleriňem hyjuwlary göterilip başlady. Soňra ýaş çarwalar haşlaşyp, telpeklerini-de ýere çalyp, guduz açan ýaly saçlaryny penjeläp, öz-özleri bilen söweşe giren ýaly boldular». 6 «Görogly» dessanlaryndaky goşgularyň hemmesiniň diýen ýaly aýdym edilip aýdylmagynyň ýene ýir sebäbi, ol goşgular sada hem ýeňil, akgynly, kapyýalary ýerliýerinde bolup, halk köpçüligine düşnüksiz bolan arap, pars sözleriniň azlygydyr. Galyberse-de eserdäki goşgular bogun ölçeginde bolup, heňe, saza, aýdyma laýyk gelýänligidir. Eposyň dili halk gepleýşine, ylaýta-da Pälwan bagşynyň aýdyş stiline ýakyn. Şonuň üçnn düzüjiler mümkin boldugyça bagşynyň öz aýdyş stilini, dilini saklamaga çalyşdylar. Şu saparky neşirde 1941-nji ýylda latyn harpy bilen çykan Görogla giren şahalar bilen birlikde «Serwijan», «Ärhasan hem Gülaýym» diýen şahalar artdyryldy.
MÄTI KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri, professor.
Edebi makalalar