GADYMY GÜNDOGAR MEDENIÝETI
Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklaryndan oňa girizilen eksponatlar daşary ýurtda ilkinji gezek görkezildi. Türkmen topragynda peýda bolan siwilizasiýanyň ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýän gadymy gymmatlyklaryň ýüzlerçesini özünde jemleýän «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi türkmen halkynyň baý döredijilik däplerini, gadymky ussatlaryň örän inçe sungatyny açyp görkezýär. Bu serginiň güýzde bolsa Germaniýanyň beýleki şäherleri bolan Gamburgda we Mengeýmde dowam etjekdigi baradaky habar bolsa türkmen halkymyzy has hem buýsandyrdy.
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde, Germaniýada geçýän «Margiana — Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyrynyň şalygy» diýen sergi üçin nemes we türkmen hünärmenleri tarapyndan ýörite taýýarlanylan neşiriň tanyşydyrylyş dabarasynyň gurnalmagy, halkymyzyň baý taryhy mirasyny dünýä jemgyýetçiligine tanatmak jähtinden örän möhümdir. Ady rowaýata öwrülen Margiana ýurdunyň gadymy gymmatlyklaryny beýan edýän ylmy-populýar makalalary özünde jemleýän kitabyň çap edilmegi türkmen halkyny begendiren wakalaryň biri boldy.
Marguş siwilizasiýasyny açmakda meşhur arheolog, taryh ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Gresiýanyň antropolgiýa jemgyýetiniň hormatly agzasy W.I.Sarianidiniň uly goşandy bardyr. 1972-nji ýylda W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky «Margiana» ekspedisiýasy Garagum çölüniň takyrlarynyň we gum baýyrlarynyň arasynda ýitip giden syrly Marguş ýurduny gözläp başladylar. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy W.I.Sarianidiniň 2009-njy ýylda Aşgabat şäherinde «Marguş — Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi» ady bilen üç dilde çap edilen eserinde şeýle maglumat berlipdir:
«... Bu ýurt öň diňe ahemenid patyşasy Dariniň Behistun gaýasynda galdyran ýazgysyndaky (biziň eýýamymyzdan ozalky I müňýyllygyň ortasy) ýatlamalar arkaly mälimdi. Aleksandr Makedonskiniň gündogar ýörişi mahalynda özleri üçin Merkezi Aziýany açan grek taryhçylary grek dilinde aýtmak ýeňil bolar ýaly, bu ýurdy Margiana diýip atlandyryp başlapdyrlar. Orta asyrlarda arap diliniň täsiri astynda bu territoriýany Merw diýip atlandyrýarlar, häzir bolsa ol Türkmenistanyň Mary welaýatydyr. Bu atlaryň ählisi Marg ýa-da Murg düýp sözünden gelip çykýar. Hut şol düýp sözi Murgap (terjimesi — „Murguň suwy“) derýasynyň adynyň esasyny düzýär. Gürrüňini edýän ýurdumyz şol derýanyň jülgesinde ýerleşipdir. Otparazlaryň mukaddes kitaby Awestada (Widewdatyň birinji fragardynda) otparazlaryň ýerleriniň arasynda Mouru atly ýurt ýatlanylyp geçilýär. Alymlar ony Marguş bilen deň hasaplaýarlar.»
Marguş şalygy ýaşaýyş oazisleriniň ençemesini öz içine alýan giň çäklere eýe bolupdyr.
Murgap derýasynyň köne hanasynyň aşaky akymynda ýaşan gadymy oturymly halk barasynda alymlaryň ozalky garaýşyny düýpli özgerden we bu ýerde Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda gadymy gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkeziniň bolandygyny äşgär subut edýän maglumatlaryň esasy toplumy Goňurdepede geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden 65 km. töweregi demirgazykda, Murgabyň köne hanasynyň şahalara bölünýän ýeriniň ýakynynda ýerleşýän Goňurdepede, 1974-nji ýylda başlanan gazuw-agtaryş işleriniň ilkinji möwsümi täsin maglumatlary ýüze çykardy. Alnyp barlan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýadygarligiň üsti doly açyldy we bu ýerde özboluşly binagärlik usulynda gurlan gadymy şäheriň ýerleşendigi ýüze çykaryldy. Bu şäheriň öz döwründe tutulýan hakyky adynyň entek anyklanylmanlygy sebäpli ol Goňur diýlip atlandyryldy we şol at bilen hem ylmy edebiýata girizildi. Alymlar şäheriň merkezinde ýerleşen ymaratyň hökümdaryň rezidensiýasy bolupdyr diýen netijä gelipdirler. Şoňa görä-de ony Goňruň Kremli — «Şa köşgi» diýip atlandyrypdyrlar. Goňurdepedäki köşk häzire çenli Merkezi Aziýada üsti açylan şeýle ymaratlaryň iň ulusydyr we iň gadymysydyr.
Alymlar tarapyndan Marguş ýurdunyň paýtagty diýlip çaklanylýan ilkinji şäherleriň biri bolan Goňurdepe ýadygärligi iki esasy toplumdan, ýagny köşk we ondan günortada aýratyn ýerleşýän ybadathana toplumlaryndan ybaratdyr. Şeýle hem bu toplumlaryň töwereginde ilatyň ýaşaýyş bina toplumlary ýerleşipdir. Goňurdepe Marguş ýurdunyň dolandyryş we dini merkezi bolupdyr.
Gazuw-barlag işleriniň dowamynda köşkden dürli görnüşli gap-çanaklar, bezeg şaýlary, möhürler, misden, bürünçden, daşdan süňkden ýasalan köpsanly önümler tapyldy. W.Sarianidi 2008-nji ýylda Aşgabat şäherinde üç dilde çap edilen «Goňurdepe — Şalaryň we hudaýlaryň şäheri» atly eserinde tapylan tapyndylar barada şeýle ýazypdyr: «Bize patyşa mazarlar toplumyny açmak bagty miýesser etdi. Şol mazarlarda jaýlanan merhumlaryň ýanynda hökümdarlygyň möhüm nyşanlary: gadymy dünýäde häkimiýet nyşany bolup hyzmat eden daşdan naýzalar, bürgütleriň altyn örtükli şekilleri, altyn we kümüş gap-gaçlar, gurban edilen zatlaryň yzlary, diwar mozaikasy we bütin Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk arabalar tapyldy. Mundan başga-da adaty tapyndylaryň arasynda gadymy zergärçilik sungatynyň hakyky nusgalarynyň käbiri has tapawutlanýar. Ilki bilen, bu jereniň altyndan ýasalan kinniwanja heykeljigi hem-de pöwrize daşyndan ýonulyp ýasalan ýolbarsjygyň şekiljigidir. Olaryň göwrümi 1 santimetrden hem kiçidir, ýöne ulaldýan aýna bilen seredeniňde, Türkmenistanyň gadymy ussalarynyň Ginnesiň „Täsinlikler“ kitabyna girizäýmeli haýran galdyryjy nepis şekillerini görmek bolýar.»
Arheolog W.Sarianidi «Goňurdepe — Şalaryň we hudaýlaryň şäheri» atly eserinde Marguşyň gadymy dünýäniň ýurtlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygyny ýazypdyr. Şeýle-de alym Marguşyň yzagalak ýurt bolman, Gündogaryň Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý ýaly öňdebaryjy merkezleri bilen deň derejede ösendigini nygtapdyr.
■ Eýsem siwilizasiýa näme?
Bu bir söz bilen jogap bererden has giň düşünjedir. W.Sarianidi «Marguş — Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi» atly eserinde bu söze şeýle düşündiriş beripdir:
«... XX asyryň meşhur arheologlarynyň biri, London uniwersitetiniň professory Wir Gordon Çaýid siwilizasiýanyň on sany kesgitlemesini teklip etdi: 1) şäherleriň bolmagy, 2) monumental jemgyýetçilik desgalarynyň bolmagy, 3) salgytlar we paç, 4) intensiw ykdysadyýet, 5) senetçileriň — hünärmenleriň öňe saýlanmagy, 6) hat-ýazuw we 7) ylmyň başlangyjy, 8) ösen sungat, 9) aýratyn hukukly synplar we 10) döwlet. Biraz soň onuň kärdeşi K. Klakholm olary has umumy häsiýetleriň üçüsinde jemlemegi teklip etdi: 1) monumental arhitektura, 2) şäherler, 3) hat-ýazuw.»
Alym Saranidi eserinde sanalan alamatlaryň ählisinin Marguşda bardygyny nygtapdyr.
2006-njy ýylda ýurdumyzda geçirilen «Gadymy Marguş dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi» atly Halkara ylmy maslahata dünýäniň çar künjeginden gelen alymlar gatnaşdylar. Olar Goňurdepede gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerine baryp gördüler. Olar meşhur arheolog W.Sarianidiniň we Goňurdepedäki arheologik işlere gatnaşan beýleki alymlaryň ylmy subutnamalaryny diňläp we ara alyp maslahatlaşyp, Marguş — Günorta Türkmenistan gadymy dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi diyen umumy netijä gelipdirler.
Meşhur barlagçylaryň baha bermegine görä, belli arheolog W.Sarianidi tarapyndan üsti açylan Margiana ýurdy Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň biri bolup durýandyr. Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepe öz döwrüniň iri şäheri bolupdyr, onuň mirasdüşeri Merw bolsa Gündogaryň medeni we ylmy merkezi hökmünde şöhratlanypdyr. Baý kitaphanalary bilen meşhur bolan şäherde dürli döwürde alymlar, şahyrlar ýaşapdyrlar we işläpdirler. Olardan lukmançylyk ylmynyň esasyny goýan Abu Ali ibn Ibn Sinany, şahyr hem-de akyldar Omar Haýýamy, astronom Ahmad ibn Abdallah al- Merwezini, Soltan Sanjaryň köşk şahyry Enwerini, «yşk mülküniň şasy» hasaplanylýan nusgawy şahyrymyz Mollanepesi belläp geçmek bolýar.
Ýurdumyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary bilen geçýän şu ýylda Germaniýada «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly serginiň dowam etmegi we ýörite neşiriň çap edilmegi, abraýly alymlar tarapyndan ykrar edilen dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolup durýän Margiana ýurduny dünýä tanatmak jähtinden örän möhümdir.
Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh institutynyň uly ylmy işgäri.
# turkmendili_2018
Taryhy makalalar